Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

46-NJY MAKALA

Ýehowa şatlanyp ýaşamagy öwredýär

Ýehowa şatlanyp ýaşamagy öwredýär

«Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşýar, size rehim etmek üçin ýerinden turar» (Işa. 30:18).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

MAZMUNY a

1, 2. a) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris? b) Ýehowanyň kömek etmäge howlugýandygyny nireden bilýäris?

 ÝEHOWA wepaly bendelerine kynçylyklara döz gelmäge we şatlanyp ýaşamaga kömek edýär. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Ýehowa nädip kömek edýär? Onuň berýän kömeginiň bize nähili peýdasy bar? Geliň, ilki bilen şu soragyň jogabyny bileliň: Ýehowa bize kömek etmek isleýärmi?

2 Pawlus resul Ýehowa hakda ýewreýlere ýazan hatynda şeýle diýdi: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?» (Ýew. 13:6). Mukaddes Kitabyň sözlüginde şu aýatda ulanylan «kömekçim» diýen sözüň kömek sorap gygyrýan adamyň dadyna ýetişmek üçin ylgap barmagy aňladýandygy aýdylýar. Göz öňüne getiriň, Ýehowa kynçylykdan kösenýän bendesiniň dadyna ýetişmek üçin ylgap barýar. Hawa, kömekçimiz Ýehowanyň ýykylan bendesini ýerinden galdyrmaga howlugýandygyna ynanyp bileris. Ýehowa ýanymyzda bolsa her bir kynçylyga döz geleris we şatlanyp ýaşarys.

3. Ýehowa haýsy üç usul arkaly kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär?

3 Ýehowa bize kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge nädip kömek edýär? Şu soraga «Işaýa» kitaby jogap berýär. Sebäbi ondaky pygamberlikleriň köpüsi biziň döwrümize degişli. Işaýanyň Ýehowa barada aýdan sözlerine aňsatlyk bilen düşünip bolýar. Muny «Işaýa» kitabynyň 30-njy baby subut edýär. Şol baby okanymyzda Ýehowanyň halkyna kömek edişi göz öňümizde janlanýar. «Işaýa» kitabynda Ýehowanyň 1) biziň doga-dileglerimizi diňleýändigi, jogap berýändigi, 2) bize görkezme berýändigi we 3) şu günler hem gelejekde bereket berjekdigi hakda ýazylan. Geliň, şular hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA ÜNSLI DIŇLEÝÄR

4. a) Ýehowa ýehudylar barada näme diýdi we olara näme boldy? b) Ýehowa wepaly bendelerine näme wada berdi? (Işaýa 30:18, 19).

4 Işaýa 30:1-de Ýehowa: «Boýnuýogyn halk... günä üstüne günä edýär» diýdi. 9-njy aýatda bolsa: «Gozgalaňçy halk... Ýehowanyň kanunyna gulak asmaýar» diýdi. Işaýa halkyň Ýehowa gulak asmaýandygy üçin başyna bela-beter injekdigi hakda pygamberlik etdi (Işa. 30:5, 17; Ýer. 25:8—11). Şol pygamberlik wawilonlylar ysraýyllary sürgün edende ýerine ýetdi. Sürgün edilenleriň arasynda Hudaýa wepaly adamlar hem bardy. Işaýa pygamber olara Ýehowanyň rehim edip, ýesirlikden azat etjekdigi baradaky umyt beriji habary aýtdy (Işaýa 30:18, 19-njy aýatlary okaň). Allatagala halkyny azat edende pygamberlik ýerine ýetdi. Emma Ýehowa pygamberlik ýerine ýetýänçä sabyrly garaşdy. Ysraýyllar ýesirlikden azat bolup, watanyna gelýänçä 70 ýyl geçdi (Işa. 10:21; Ýer. 29:10). Hawa, ysraýyllar gaýgy-hasratdan däl-de, şatlykdan ýaňa agladylar.

5. Işaýa 30:19-da nähili teselli beriji sözler ýazylan?

5 Işaýa 30:19-da: «Siz kömek sorap ýalbaranyňyzda, Ol rehim eder» diýilýär. Şu aýat bize teselli berýär. Ýehowa biziň doga-dileglerimizi ünsli diňleýär. Işaýa pygamber: «(Hudaý) sesiňizi eşiden badyna jogap berer» diýdi. Hawa, Ýehowa biziň ýalbaryp edýän doga-dileglerimizi eşidýär we kömek etmek üçin howlugýar. Muny bilmek kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär.

6. Ýehowanyň her birimiziň doga-dileglerimizi diňleýändigini nireden bilýäris?

6 Işaýa 30:19-da ýene nähili göwünlik beriji sözler bar? Ýehowa her birimiziň doga-dileglerimizi aýratynlykda diňleýär. Näme üçin şeýle diýse bolar? «Işaýa» kitabynyň 30-njy babynyň ilkinji aýatlarynda Ýehowa tutuş halka ýüzlenýär. Işaýa 30:19-njy aýadynyň asyl nusgasynda «siz» at çalyşmasynyň deregine, «sen» at çalyşma ulanylan. Diýmek, 30-njy babyň 19-njy aýadyny şeýle okasa bolar: «Sen kömek sorap ýalbaranyňda, Ol rehim eder. Sesiňi eşiden badyna jogap berer». Söýgüden doly Ýehowa Hudaý ejizlän, ruhdan düşen bendesine: «Seret, doganyňa seret! Şonuň ýaly mert bol» diýmeýär. Gaýtam Ol biziň gadyr-gymmatymyzy bilýär we doga-dileglerimizi diňleýär (Zeb. 116:1; Işa. 57:15).

Işaýa pygamberiň: «Eý Ýehowany çagyrýanlar, dymyp durmaň!» diýen sözleri näme aňladýar? (7-nji abzasa serediň).

7. Işaýa we Isa pygamber Ýehowa doga etmek barada näme diýdi?

7 Biz gaýgy-aladadan ýaňa ýadap Ýehowa ýalbaryp doga etsek, Ol bize güýç-kuwwat berýär. Eger kynçylyk gutarmasa, Ýehowa gaýta-gaýta doga etmeli. Sebäbi Ýehowa biziň doga etmegimize garaşýar. Işaýa pygamber: «Eý Ýehowany çagyrýanlar, dymyp durmaň!» diýýär (Işa. 62:6). Diýmek, biz Ýehowa dogalarymyza jogap berýänçä, erjellik bilen dileg etmeli. Işaýa pygamberiň aýdan sözleri Isanyň doga barada aýdanlaryny ýatladýar. Ol mukaddes ruhy gaýta-gaýta soramalydygyny we gaýta-gaýta dilemelidigini aýtdy (Luka 11:8—10, 13). Şeýle-de biz dogry karara gelmek üçin Ýehowadan görkezme sorap bilýäris.

ÝEHOWA GÖRKEZME BERÝÄR

8. Işaýa 30:20, 21-nji aýatlardaky pygamberlik gadymy döwürde nädip ýerine ýetdi?

8 Işaýa 30:20, 21-nji aýatlary okaň. Wawilonyň ägirt uly goşuny Iýerusalimi bir ýarym ýyllap gabawda saklaýar. Şonda halka gaty çörek, bir owurt suw tapmak hem kyn boldy. Olaryň kynçylykdan gözi açylmady. Emma 20, 21-nji aýatlardan görnüşi ýaly, halk günälerine ökünip toba etse, Ýehowa olary halas eder. Işaýa Ýehowa «Beýik Mugallym» diýýär we onuň halka arassa sežde etmegi öwretjekdigini aýdýar. Şu pygamberlik ýehudylar ýesirlikden azat bolanda berjaý boldy. Şeýlelikde, Ýehowa olaryň Beýik Mugallymy boldy. Halkyna görkezme berdi we arassa seždäni dikeltmäge kömek etdi. Biz Beýik Mugallym Ýehowa sežde edýändigimize örän begenýäris.

9. Ýehowa bize nädip görkezme berýär?

9 Işaýa pygamber aýatda Ýehowany mugallyma, bizi okuwça meňzetdi. Beýik Mugallym bize iki ýol bilen öwredýär. Birinjiden, Işaýa şeýle diýdi: «Siz Beýik Mugallymy gözüňiz bilen görersiňiz». Aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowa okuwçylarynyň öňünde durup öwredýän mugallyma meňzedilýär. Biz Beýik Mugallymdan öwrenmegi uly hormat hasaplaýarys. Ýehowa bize nädip öwredýär? Ol bize guramasy arkaly görkezme berýär, ýagny ýygnak duşuşyklary, kongresler, teleýaýlym we edebiýatlar arkaly öwredýär. Şu zatlar bize kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär.

10. Biz Hudaýyň sesini haýsy manyda yzymyzdan eşidýäris?

10 Ýehowa bize ýene-de nädip öwredýär? Işaýa pygamber: «Yzyňyzdan... ses eşidersiňiz» diýýär. Hawa, Ýehowa okuwçylary saga-sola sowulmaz ýaly, olaryň yzyndan ýöreýän mugallyma meňzeýär. Şu günler bizem Hudaýyň sesini eşidýäris. Mukaddes Kitabyň ýazylanyna ençeme asyrlar geçdi. Biz ony okanymyzda hamala Ýehowanyň sesini yzymyzdan eşiden ýaly bolýarys (Işa. 51:4).

11. Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge haýsy iki ädim kömek edýär? Düşündiriň.

11 Görşümiz ýaly, Ýehowa guramasy we Mukaddes Kitaby arkaly halkyna görkezme berýär. Munuň peýdasyna düşünmek üçin aýatdaky iki pikire üns bereliň. Birinjiden, «ine ýol», ikinjiden, «şu ýoldan ýöräň» (Işa. 30:21). Biz haýsy ýoldan ýöremelidigini bilip-de, ondan ýöremesek peýdasy bolmaz. Ýehowa Mukaddes Kitaby guramasy arkaly düşündirýär, şoňa görä ýaşamagy we hakyky ýoldan ýöremegi öwredýär. Ýehowa şatlanyp gulluk etmek üçin şu iki ädimi ätmeli. Şonda Ýehowa bize egsilmez bereket berer.

ÝEHOWA BEREKET BERÝÄR

12. Işaýa 30:23—26-njy aýatlara görä, Ýehowa halkyna nähili bereket berdi?

12 Işaýa 30:23—26-njy aýatlary okaň. Ýehudylar Wawilondan azat bolandan soňra pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Ýehowa halkyna bol bereket berdi. Olar hiç zada zar bolmadylar. Iň esasy zat bolsa Ýehowa olara arassa seždäni dikeltmäge kömek etdi. Olar Ýehowanyň kada-kanunlary bilen ýaşap, Onuň bilen ýakyndan dostlaşdylar. Halk şeýle berekedi hiç haçan görmändi. Ýehowa halkyna sözüne düşünmäge kömek etdi we olara ýedi esse bereket berdi (Işa. 60:2). Şeýlelikde, halk Ýehowa «ýürekden şatlanyp» sežde etdi (Işa. 65:14).

13. Arassa seždäni dikeltmek baradaky pygamberlik şu günler nädip ýerine ýetýär?

13 Arassa seždäniň dikeldilmegi baradaky pygamberlik şu günler ýerine ýetýärmi? Elbetde! 1919-njy ýylda millionlarça adamlar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat boldular. Ýehowa olara wada edilen ýurtdan hem has gowy ýeri ýagny, ruhy jenneti berdi (Işa. 51:3; 66:8). Ruhy jennet nämäni aňladýar?

14. Ruhy jennet nämäni aňladýar we onda kimler ýaşaýar? (Düşündirilişe serediň).

14 Saýlanan mesihçiler 1919-njy ýyldan bäri ruhy jennetde b ýaşaýarlar. Soňra olara ýer ýüzünde ebedi ýaşajak başga goýunlar hem goşuldy (Ýah. 10:16). Ýehowa olara şu günler bol bereket berýär (Işa. 25:6; 65:13).

15. Ruhy jennet nirede ýerleşýär?

15 Şu günler ruhy jennet nirede ýerleşýär? Ýehowanyň halky dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýar. Diýmek, ruhy jennet bütin ýer şaryny aňladýar. Eger biz arassa seždäni goldasak ruhy jennetde ýaşap bilýäris.

Biz ruhy jennetiň gözelligine görk goşar ýaly näme etmeli? (16, 17-nji abzaslara serediň).

16. Ruhy jennetiň gözelliginden lezzet almak üçin näme etmeli?

16 Biz dogan-uýalaryň gadyr-gymmatyny bilmeli. Ruhy jennetde ýaşaýan dogan-uýalaryň kemçiliklerine däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns bermeli (Ýah. 17:20, 21). Näme üçin? Aýdaly, siz seýilgähe gezelenç etmäge barýarsyňyz. Onda al-ýaşyl öwsüp oturan agaçlaryň owadanlygyny görüp haýran galýarsyňyz. Mukaddes Kitapda Hudaýyň halky owadan agaja meňzedilýär. Biziň ýaşaýan ruhy jennetimizde-de dürli häsiýetleri bilen tapawutlanýan dogan-uýalar bar. Olar jennetiň görküne görk goşýarlar (Işa. 44:4; 61:3). Seýilgähdäki agaçlaryň guran şahalary bolsa-da, biz tutuş bagyň gözelliginden lezzet alýarys. Edil şonuň ýaly, biz özümiziň ýa-da dogan-uýalaryň kemçiliklerine däl-de, bütindünýä doganlygy bezeýän agzybirlige üns bermeli.

17. Biz ýygnagyň agzybirlige nädip goşant goşup bileris?

17 Biz parahatlygy döredýän adam bolsak ýygnagyň agzybirligine goşant goşarys (Mat. 5:9; Rim. 12:18). Eger biz dogan-uýalar bilen oňşukly ýaşasak ruhy jennet has-da gülläp öser. Biz ruhy jennetde ýaşaýanlaryň her birini Ýehowanyň saýlandygyny unutmaly däl (Ýah. 6:44). Ýehowa biziň ruhy jennetiň agzybirligine, parahatlygyna goşant goşýandygymyzy görüp begenýändir (Işa. 26:3; Hag. 2:7).

18. Biz hemişe näme barada oýlanmaly we näme üçin?

18 Ýehowa halkyna bol bereket berýär. Biz Onuň berýän bereketlerini almak üçin Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okamaly we çuňňur oýlanmaly. Şonda biz Ýehowa ýaramly häsiýetleri ösdüreris, dogan-uýalary ýürekden söýeris we olaryň aladasyny ederis (Rim. 12:10). Eger biz alan bereketlerimiz hakda oýlansak, Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär. Ýehowanyň gelejekde berjek bereketleri hakda oýlansak, Ony ebedi razy edip ýaşamagy ýüregimize düweris. Şu zatlaryň ählisi Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär.

HEMIŞE ŞATLANYŇ!

19. a) Işaýa 30:18-e görä, biz nämä ynamly bolup bileris? b) Dünýäniň soňuna çenli şatlanyp ýaşamaga näme kömek eder?

19 Ýehowa zalym dünýäni ýok edende, bizi halas etmek üçin «ýerinden turar» (Işa. 30:18). Ýehowanyň «adalatly Alladygyna» ynamly bolup bileris. Ol Şeýtanyň dünýäsini ýok etmek üçin bellän wagtyndan ýekeje gün hem gijä galmaz (Işa. 25:9). Ýehowa hem, biz hem şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Geliň, gol gowşuryp oturmalyň, Ýehowa gaýta-gaýta doga edeliň. Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyz boýunça ýaşalyň we alan bereketlerimiz hakda oýlanalyň. Şonda Ýehowa bizden razy bolar we kynçylyklara garamazdan şatlanyp ýaşamaga kömek eder.

142-NJI AÝDYM Umyda berk ýapyşalyň

a Biz şu makalada Ýehowanyň wepaly bendelerine durmuşda bolýan kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge üç ýol arkaly kömek edýändigi hakda gürrüň ederis. Olar «Işaýa» kitabynyň 30-njy babynda ýazylan. Onda Ýehowa doga-dileg etmegiň, Sözüni okamagyň, häzir we gelejekde berýän bereketleri barada oýlanmagyň wajypdygy hakda ýazylan. Geliň, olara ýekän-ýekän seredeliň.

b DÜŞÜNDIRILIŞ: «ruhy jennet» Ýehowa arassa sežde edilýän islendik ýeri aňladýar. Ruhy jennetde ýalan dini düşünjelerden goraýan ruhy iýmit berilýär. Ruhy jennetde Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary ähli adamlar eşider ýaly köp işler edilýär. Biz Ýehowa bilen dostlugymyzyň berkdigine begenýäris we kyn günümizde goldaýan dogan-uýalar bilen agzybirlikde ýaşaýarys. Eger Ýehowanyň isleýşi ýaly sežde etsek we Ondan görelde alsak ruhy jennetiň raýaty bolup bileris.