TERJIMEHAL
«Ýehowa janym-tenim bilen gulluk etmek isledim»
BIZ Surinamyň gür tokaýa bürenip oturan Granbur obasynda ýaşaýan dogan-uýalary idemäge bardyk. Ine-de hoşlaşmaly pursadymyz gelip ýetdi. Biz agaçdan ýasalan gaýyga mündük we elimizi galgadyp dogan-uýalar bilen hoşlaşyp, Tapanahon derýasynyň ugry bilen ýüzüp başladyk. Biz derýanyň akymynyň güýçlenen ýerine gelenimizde, gaýygyň motory daşa degip, burny suwa çümdi welin, gaýyk suwdan dolup başlady. Şonda gorkudan ýaňa ýüregim ýarylara geldi. Men ençeme ýyl bäri toparlary idemek üçin derýalarda gaýykly ýüzsem-de, özüm suwda ýüzüp bilemokdym.
Men bu wakanyň näme bilen tamamlanandygyny soň aýdyp bererin. Häzir bolsa uzak wagtly gulluga nädip başlandygymy gürrüň bereýin.
Men 1942-nji ýylda owadan Karib deňziniň Kýurasao adasynda dünýä indim. Kakam bolsa Surinamda dünýä inipdir. Ol şu ada işlemek üçin göçüp gelipdir. Kakam Kýurasaodaky a ilkinji Ýehowanyň Şaýady. Ol men dünýä inmezimden birnäçe ýyl öň Ýehowa özüni bagyş edipdir. Kakam her hepde bizi daşyna üýşürip, Mukaddes Kitapdan okuw geçerdi, biziň bolsa okasymyz gelmeýärdi. Biz bäş dogandyk! Men 14 ýaşymda wagtym Surinama göçdük, sebäbi eneme kömek gerekdi.
DOSTLARYMYŇ GÖRELDESI
Men Surinamda Ýehowany ýürekden söýýän we yhlasly wagyz edýän ýaş dogan-uýalar bilen tanyşdym. Olar menden ulurakdy, emma pioner bolup gulluk edýärdiler. Olar wagyzda bolan wakalary şatlanyp gürrüň berýärdiler. Biz ýygnakdan soňra Mukaddes Kitapdaky gyzykly wakalary biri-birimize gürrüň berýärdik. Käte dostlarym bilen Aý aýdyň gije ýagty saçyp duran ýyldyzlary synlap hezil ederdik. «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, men hem dostlarym ýaly Ýehowa janym-tenim bilen gulluk etmek isledim. Şol sebäpli 16 ýaşymda Ýehowa özümi bagyş edip suwa çümdürildim we 18 ýaşymda pioner gullugyna başladym.
KÖP ZATLARY ÖWRENDIM
Men pioner bolup gulluk edip köp tejribe topladym. Meniň öwrenen zatlarym uzak wagtly gulluga başlanymda-da kömek etdi. Meselem, dogan-uýalara tälim bermegiň wajypdygyna düşündim. Sebäbi maňa-da pioner gullugyna başlanymda missioner dogan Willem wan Seýel köp zatlary öwretdi b. Men dogandan ýygnakdaky borçlarymy yhlasly ýerine ýetirmegi öwrendim. Tiz wagtdan öwrenen zatlarymy durmuşymda ulanaryn diýip pikir hem etmändim. Bir ýyldan soň meni ýörite pioner edip bellediler we uzak ýerlerde ýaşaýan dogan-uýalara kömek etmek üçin iberdiler. Doganlaryň tüýs wagtynda beren tälimi üçin örän minnetdar! Men hem olaryň göreldesine eýermäge we her bir mümkinçilikden peýdalanyp dogan-uýalara tälim bermäge jan edýärin.
Men puly tygşytly sowmagy we baryňa kaýyl bolup ýaşamagy öwrendim. Meniň bilen bile bir ýörite pioner dogan ýaşaýardy. Biz aýyň başynda çykdajylary hasaplaýardyk we her hepde näçe pul sowmalydygyny anyklaýardyk. Soňra biziň birimiz gerek-ýarak zatlarymyzy satyn almak üçin paýtagta gidýärdik. Alan zatlarymyz bir aýa ýeter ýaly ulanýardyk. Birden satyn alan zatlarymyz gutaraýsa, ýaşaýan ýerimizden olary tapmak aňsat däldi. Men ýaşlygymdan baryma kaýyl bolup ýaşamagy we ähli etmeli zatlary öňünden planlaşdyrmagy öwrendim. Şol sebäpli Ýehowa bütin ömrüme gulluk etmäge hiç zat päsgel berip bilmedi.
Men ýene bir zada göz ýetirdim, adamlara öz ene dilinde hoş habary wagyz etseň, olaryň ýüregine güýçli täsir edýän ekeni. Surinamda ýaşaýan adamlar niderland, iňlis, papýamento we sranan-tongo dillerinde gepleýärdiler. Men hem çagalygymdan şol dillerde gepläp bilýärdim. Jeňňelde ýaşaýan adamlara ene dilinde hoş habary wagyz edeniňde höwes bilen diňleýändiklerine göz ýetirdim. Maňa käbir dillerde geplemek aňsat düşmeýärdi. Meselem, saramakkan dilinde sesiň tizligini we batlylygyny üýtgedip durmaly. Ýerli dili öwrenmek eden tagallaňa degýär, sebäbi köp adamlara hakykata düşünmäge kömek edip bolýar.
Elbetde, gyzykly wakalar hem bolýardy. Şu wakany hiç haçan unutmaryn: biz bir gelne Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdik. Ol saramakkan dilinde gepleýärdi. Bir gün onuň aşgazany agyrýar. Men oňa: «Ýagdaýlaryň gowumy? — diýmegiň deregine — sen göwrelimi?» diýip sorapdyryn. Onuň utanjyndan ýaňa ýüzi gyp-gyzyl boldy. Şeýle kynçylyklara garamazdan, men adamlara ene dilinde hoş habary wagyz etmäge jan edýärdim.
GOŞMAÇA BORÇLAR
1970-nji ýylda meni etrap gözegçisi edip bellediler. Şol ýyl men çet obalarda ýaşaýan dogan-uýalary ideg etdim. Men olar üçin «Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasyna syýahat» atly suratly wideolary taýýarladym. Doganlar bilen şol obalara barmak üçin agaçdan ýasalan uzyn gaýyklarda ýüzdük. Biz tok generatoryny, benzin, kerosin bilen ýanýan çyra we suratly wideolary görkezmek üçin gerekli zatlary alýardyk. Soňra biz gaýykdan düşüp, gür tokaýyň içi bilen agyr ýüklerimizi göterip, şol obalara pyýadalap barardyk. Meniň kynçylyklar däl,
suratly wideolary gören adamlaryň şatlykly ýüz keşbi göz öňümden gidenok. Men olara Ýehowa bilen dostlaşyp, halkynyň arasyna goşulmaga kömek edendigime begenýärin. Ýehowanyň berýän bereketleri hakda oýlananyňda, islendik zatdan geçmäge, böwetleri böwsüp ötmäge taýýar bolýarsyň.ÜÇ ÖRÜLEN ÝÜP
Hawa, sallah wagtyň Ýehowa üçin köp işleri edip bolýar. Ýöne meniň öýlenesim geldi. Şol sebäpli «Ýehowa, meni taýyma duşur!» diýip, doga edip başladym. Şeýle-de çet ýerlere gidip, uzak wagtly gulluk edip biljek uýa duşurmagyny soradym. Şondan bir ýyldan gowrak wagt geçenden soňra men janaýamaz Etel uýa bilen duşuşyp başladym. Ol ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Ol ýetginjek wagtyndan Pawlus resulyň göreldesine eýerip, yhlasly wagyz etmegi arzuw edipdir. Şeýlelikde, biz 1971-nji ýylyň sentýabr aýynda toý tutduk we aýalym bilen etrap gözegçisi bolup gulluk edip başladyk.
Etel çagalygyndan baryna kaýyl bolup ýaşamagy öwrenensoň, etrap gözegçi gullugyna tiz öwrenişdi. Meselem, biz çet ýerlerdäki obalara barmak üçin köp goş-golam almazdyk, derýada suwa düşerdik, egin-eşiklerimizi ýuwardyk. Bizi myhman alan dogan-uýalaryň tokaýdan ýa-da derýadan tutan jandarlaryndan bişiren naharyny gaşymyzy çytman iýerdik. Eger gap-gaç bolmasa, nahary bananyň ýapraklaryna salardyk, çemçe bolmasa, elimiz bilen nahar iýerdik. Mukaddes Kitapda «üç örüm ýüp çalt üzülmez» diýlişi ýaly, biz hem kynçylyklara duşanymyzda Ýehowanyň goldawyny duýýardyk (Nes. 4:12). Şeýle durmuşy hiç zada çalyşmarys!
Geliň, indi size başda aýdan wakamy gürrüň bereýin. Biz çet ýerlerde ýaşaýan dogan-uýalar bilen hoşlaşdyk we gaýyga münüp ýüzüp başladyk. Soňra derýanyň
akymynyň güýçlenen ýerine gelenimizde gaýyk suwdan dolup başlady. Hudaýa şükür, bize hiç zat bolmady! Biziň egnimizde halas ediş gursakçamyz bardy. Biz iýip-içer ýaly alyp gaýdan zatlarymyzyň hemmesini derýa döküp, gap-gaçlary boşatdyk.Soňra gaýykdaky suwy daşyna döküp başladyk. Indi biziň iýer-içere zadymyz bolmansoň derýadan balyk tutjak bolduk welin, başarmadyk, ýekeje balyk hem tutup bilmedik. Şol sebäpli Ýehowa: «Şu günki iýjek çöregimizi tapyp beräý!» diýip ýalbardyk. Doga edip bolan badymyza doganlaryň biri çeňňegini derýa atdy we ullakan balyk düşdi. Bir balykdan üç sany erkek kişi, iki aýal maşgala gerk-gäbe doýdy.
ÄR, KAKA WE ETRAP GÖZEGÇISI
Men aýalym bilen bäş ýyllap etrap gözegçisi bolup gulluk etdim. Birden garaşylmadyk täzelik eşitdim. Men tizden kaka bolmaly ekenim! Elbetde, men begendim, ýöne kalbymda bir zat biynjalyk edýärdi. Etel hem, men hem uzak wagtly gullugy dowam edesimiz gelýärdi. 1976-njy ýylda nowbahar oglum dünýä indi. Onuň adyna Etniel dakdyk. Iki ýarym ýyldan soňra ýene bir oglum boldy, oňa Gofanni dakdyk.
Surinamda ýaşaýan dogan-uýalara kömek gerek bolandygy üçin filialdan etrap gözegçi gullugymy dowam edip bilýändigim barada hat geldi. Emma çagalarym ulalýança kiçiräk etraba bellediler. Men aýda iki-üç hepde ýygnaklary ideýärdim, galan wagty bellenen ýygnagymda pioner bolup gulluk edýärdim. Eger öýümize golaý ýerdäki ýygnaklary idemeli bolsa, Eteli we ogullarymy ýanym bilen alyp giderdim. Ýöne çet ýerlere gitmeli bolsam ýa-da kongres geçirmeli bolsam, olar öýde galardylar.
Men hem maşgalamyň aladasyny etmelidim, hem ýygnaga kömek etmelidim. Şol sebäpli ähli zady öňünden planlaşdyrmalydym. Men her hepde maşgala okuwyny geçirmek üçin jan edýärdim. Çet ýerlerdäki ýygnaklary idemäge gidenimde bolsa, maşgala okuwyny Etel geçirerdi. Meniň jogapkärçiligim kän bolsa-da, köp wagtymy maşgalam bilen geçirjek bolýardym. Biz çagalarymyz bilen oýnardyk, tebigata dynç almaga giderdik. Gijäniň ýaryna çenli bolsa, maňa bellenen etrabyň işlerini edýärdim. Etel meniň sag elimdi! Nakyllar 31:15-däki taryplanýan gelin ýaly, Etel gaýratly gelindi. Ol her gün irden ertirlik taýýarlaýardy. Şol sebäpli ogullarymyz okuwa gitmänkä hem ertirlik edinip, hem her günki aýady okap ýetişýärdik. Maňa borçlarymy ýerine ýetirmäge kömek edýän gaýratly gelin berendigine, Ýehowa Atama müňdebir şükür edýärin!
Biz çagalaryň ýaş kalbynda Ýehowa bolan söýgini döretmek we yhlasly wagyz etmekleri üçin elimizde baryny etdik. Elbetde, biz ogullarymyzyň uzak wagtly gulluk etmeklerini isleýärdik, emma biziň göwnümizden turmak üçin däl-de, özleri Ýehowany söýüp gulluk etmeklerine garaşýardyk. Biz çagalarymyza uzak wagtly gullugyň şatlyk berýändigi hakda gürrüň bererdik. Şeýle-de olara Ýehowanyň bize kömek edişi we bol bereket berendigi hakda ýekän-ýekän aýdyp bererdik. Biz ogullarymyza Ýehowany söýýän we Oňa sežde etmegi birinji ýerde goýýan dogan-uýalar bilen dostlaşmaga kömek etdik.
Ogullarymyz ulalýança, Ýehowa biziň aladamyzy etdi. Men maşgalabaşy borjumy gowy ýerine ýetirmek üçin elimde baryny edýärdim. Men ýörite pioner bolup gulluk eden döwrüm puly tygşytly sowmagy öwrendim. Şol döwürleri toplan tejribäm häzir hem kömek edýär. Biz näçe tygşytly sowsak-da, käte iň gerekli zadymyzy hem alyp bilmeýärdik. Ýöne şeýle ýagdaýda Ýehowanyň kömek etjekdigine asla şübhelenmeýärdik. Meselem, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda we 1990-njy ýyllaryň başynda Surinamda raýatlyk urşy başlandy. Şol wagtlar iň gerek zatlaryňy hem tapmak kyn boldy. Emma Ýehowa bizi zada zar etmedi. Ýehowa meni bütin ömrüme goldady! (Mat. 6:32).
YZYMA SER SALANYMDA
Biz bagtly ýaşaýarys. Ýehowa bize çagalary terbiýelemek borjuny ynandy. Biz hem çagalara ýaşlykdan Ýehowany söýmegi öwretdik. Biz ogullarymyza guwanýarys! Sebäbi olar ömrüni Ýehowa bagyş edip, uzak wagtly gulluga başladylar. Etniel we Gofanni Hoş habarçylar mekdebinde okadylar. Häzir olar gelinleri bilen Surinamdaky filialda gulluk edýärler.
Etel bilen men garrylyk çagyna ýetdik. Emma biz Ýehowa yhlasly gulluk edýäris. Meniň şeýle bir işim köp welin, entek hem ýüzmegi öwrenmedim. Men yzyma ser salanymda, ýaşlygymdan uzak wagtly gulluk edip başlanyma hiç haçan ökünmeýärin. Men şundan gowy karara gelip bilmezdim!
a 2002-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitabynyň» (rus.) 70-nji sahypasyny okap bilersiňiz.
b Willem wan Seýel barada köpräk bilmek üçin «Garaşanymdan hem artyk aldym» diýen makalany okap bilersiňiz (g99-U 8/10).