Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

48-NJI MAKALA

Ýehowa wepaly bolmak üçin sagdyn pikirleniň

Ýehowa wepaly bolmak üçin sagdyn pikirleniň

«Ähli zatda sagdyn pikirlen» (2 Tim. 4:5).

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

MAZMUNY a

1. «Sagdyn pikirlenmek» nämäni aňladýar? (2 Timoteos 4:5).

 KYNÇYLYK başymyza düşende Ýehowa wepaly bolmak we guramasyna ynanmak aňsat bolmaýar. Kynçylygy ýeňmäge näme kömek eder? Biz sagdyn pikirlenmeli, oýa bolmaly we «imanda berk durmaly» (2 Timoteos 4:5-i okaň). Sagdyn pikirlenmek islendik ýagdaýda parahatlygy saklamagy, dury pikirlenmegi we kynçylyga Ýehowa ýaly garamagy aňladýar. Eger sagdyn pikirlensek, duýgularymyzyň ýesiri bolmarys.

2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Geçen makalada Ýehowa iman etmeýän adamlaryň döredýän üç sany kynçylygy hakda gürrüň edipdik. Şu makalada ýygnakda döreýän üç sany kynçylyk hakda bileris. 1) Imandaşymyz bize adalatsyzlyk edende, 2) maslahat berenlerinde we 3) guramada özgerişlik bolanda Ýehowa wepalylygymyz synalyp biler. Şeýle kynçylyklarda sagdyn pikirlenip, Ýehowa wepaly bolmaga we guramasyna ynanmaga näme kömek eder?

ADALATSYZLYK EDILENDE

3. Dogan-uýalar göwnümize degse, bize nähili täsir edýär?

3 Dogan-uýalaryň biri siziň göwnüňize degip gördümi? Belki, ol ýaşuly bolup gulluk edýändir. Aslynda, ol siziň göwnüňize degjek bolan däldir (Rim. 3:23; Ýak. 3:2). Emma onuň aýdan sözleri ýüregiňize pyçak bolup sanjyldy. Bolan ýagdaý barada oýlanyp, gijelerine gözüňize uky gelmeýär. Siz: «Eger guramanyň bellän doganlary şeýle edýän bolsa, muňa Hudaýyň guramasy diýip bolarmy?» diýip oýlanýarsyňyz. Şeýtanyň bizi duzaga düşürjek bolýandygyny ýadymyzdan çykarmalyň (2 Kor. 2:11). Erbet pikirlere erk etmesek, Ýehowadan ýüz öwrüp, guramasyna ynamymyz gaçyp biler. Dogan-uýalar göwnümize degende öýkelemän, sagdyn pikirlenmäge näme kömek eder?

4. Agalary adalatsyzlyk edenlerinde Ýusup nädip sagdyn pikirlenip bildi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? (1 Musa 50:19—21).

4 Öýkelemäň. Ýusup ýetginjek wagty doganlary oňa adalatsyzlyk etdiler, ony ýigrendiler, hatda käbirleri öldürjek boldular (1 Mus. 37:4, 18—22). Agalary inisini şeýle bir ýigrendiler welin, ony gul edip satdylar. Ýusup ýat ýurtda 13 ýyllap görgi baryny gördi. Ol: «Ýehowa meni söýmeýär, meni taşlady» diýip, pikir edip bilerdi. Emma Ýusup erbet pikirleriň duzagyna düşmän, kalbynda rahatlygy saklady we sagdyn pikirlendi. Agalaryndan ar almaga mümkinçilik dörese-de, olary bagyşlady (1 Mus. 45:4, 5). Ýusup başyna düşen kynçylyklar barada däl-de, Ýehowanyň nähili Hudaýdygy hakda oýlandy, sagdyn pikirlendi (1 Musa 50:19—21-nji aýatlary okaň). Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Bize adalatsyzlyk edenlerinde «Ýehowa menden ýüz öwürdi» diýip öýkelemegiň deregine, kynçylyklarda goldandygy hakda oýlanalyň. Dogan-uýalary ýürekden söýsek olaryň ýekeje ýalňyşyna däl-de, eden ýagşylyklaryna üns bereris (1 Pet. 4:8).

5. Mikias dogana adalatsyzlyk edenlerinde sagdyn pikirlenmäge näme kömek etdi?

5 Geliň, Günorta Amerikada ýaşaýan ýaşuly dogan Mikias b barada gürrüň edeliň. Ol jogapkär doganlardan öýkeleýär. Olar adalatsyzlyk eden ýaly duýýar. Mikias dogan şeýle diýýär: «Öň hiç kim şeýdip göwnüme degmändi. Men gaty ejizledim, gözlerime uky gelmedi. Hiç zat ýok ýerden doganlaryň göwnüme degendigi barada oýlanyp aglaýardym». Emma Mikias dogan sagdyn pikirlenip, gaharyna erk edip bildi. Ol: «Ýehowa, mukaddes ruhuň arkaly çydamaga güýç ber» diýip doga etdi. Şeýle-de edebiýatlardan gözleg geçirdi. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Eger dogan-uýalardan gaty görseňiz göwnüňizi giň tutuň, gaharlanmaň. Belki, siz ýagdaýy doly bilýän dälsiňiz. Şol sebäpli gaýgy-aladaňyzy Ýehowa gürrüň beriň we imandaşyňyzyň ýagdaýyna düşünip biler ýaly akyldarlyk soraň. Şonda doganyň ýa-da uýanyň erbetlik etmek niýetiniň ýokdugyna göz ýetirip, ony ýürekden bagyşlarsyňyz (Nak. 19:11). Unutmaň, Ýehowa ähli zady görýär! Ol size döz gelip biler ýaly güýç-kuwwat berer (2 Tar. 16:9; Nes. 5:8).

TEMMI BERLENDE

6. Temmi berlende nämäni unutmaly däl? (Ýewreýler 12:5, 6, 11).

6 Bize temmi berlende agyr degýär. Eger biz: «Men hiç zat etmedim-ä!» diýip özümizi aklasak, maslahata eýermek kyn bolup biler. Şeýlelikde, biz Ýehowanyň söýýän adamyna terbiýe berýändigini unudarys (Ýewreýler 12:5, 6, 11-nji aýatlary okaň). Hawa, gahar-gazaba, öýke-kinä ýol bersek, Şeýtanyň duzagyna düşüp bileris. Şeýtan biziň maslahata gulak asmazlygymyzy, Ýehowadan daşlaşmagymyzy we guramasyndan ýüz öwürmegimizi isleýär. Size maslahat berenlerinde sagdyn pikirlenmäge näme kömek eder?

Petrus resul berlen maslahaty, temmini pesgöwünlik bilen kabul etdi we Ýehowa oňa köp borçlary ynandy (7-nji abzasa serediň).

7. a) Petrus temmini kabul edip nähili bereket aldy? (Surata seredip jogap beriň). b) Biz Petrusyň göreldesine nädip eýerip bileris?

7 Maslahaty kabul ediň we durmuşda ulanyň. Bir güni Isa pygamber hemme resullaryň öňünde Petrusa käýedi (Mar. 8:33; Luka 22:31—34). Petrus oňaýsyz ýagdaýa düşendir. Emma ol Isa pygambere wepaly boldy. Petrus temmini kabul edip, ýalňyşyndan sapak edindi. Ýehowa-da oňa ýygnakda köp jogapkärli borçlary ynandy we eden işi ugruna boldy (Ýah. 21:15—17; Res. 10:24—33; 1 Pet. 1:1). Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Bizem temmi berenlerinde özümizi aklaman, düzedişi kabul etsek dogan-uýalar begener, özümize-de peýdaly bolar. Şonda Ýehowa bize guramasynda köp işleri ynanar.

8, 9. Bernardo temmi berlende özüni nähili duýdy we oňa dogry garaýyşda bolmaga näme kömek etdi?

8 Geliň, Mozambikde ýaşaýan Bernardo dogan hakda gürrüň edeliň. Ony ýaşululykdan aýyrýarlar. Bernardo dogan özüni nähili duýdy? Ol şeýle diýýär: «Men öýkeledim, sebäbi temmi berer ýaly hiç zat etmedim. Men „Indi dogan-uýalar maňa nähili gararka?“ diýip, alada edip başladym. Emma birnäçe aý geçenden soň garaýşymy düzedip Ýehowa bil bagladym we guramasyna ynamymy artdyrdym». Bernardo dogana dogry garaýyşda bolmaga näme kömek etdi?

9 Bernardo şeýle gürrüň berýär: «Men dogan-uýalara Ýehowanyň temmisini kabul etmäge kömek etmek üçin Ýewreýler 12:7-ni okap berýärdim. Men aýatdaky sözleriň diňe dogan-uýalara däl, özüme-de degişlidigi barada oýlandym». Bernardo dogan Ýehowa bil baglamak we guramasyna ynamyny artdyrmak üçin aýgytly ädimleri ätdi. Ol her gün Mukaddes Kitaby okady we oýlandy. «Dogan-uýalar maňa nähili garar?» diýip alada etse-de, olar bilen wagyz etdi we ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşdy. Biraz wagtdan Bernardo dogany ýene-de ýaşuly bellediler. Eger size-de temmi berseler öýkelemän, maslahaty kabul ediň we durmuşda ulanyň c (Nak. 8:33; 22:4). Ýehowa bil baglap, guramasyna ynansaňyz, ol sizi hökman sylaglar.

ÖZGERIŞLIKLERI KABUL ETMEK KYN BOLANDA

10. Käbir ysraýyllaryň Hudaýa wepalylygy haçan synaldy?

10 Ýehowanyň guramasynda özgerişlik bolanda hem imanymyz synalyp bilner. Eger oýa bolmasak, Ýehowadan daşlaşmagymyz mümkin. Geliň, Musa pygambere berlen kanunyň ysraýyllara nähili täsir edendigi hakda gürrüň edeliň. Musanyň kanuny berilmänkä, maşgalabaşylar gurbanlyk ojagyny gurup, hojalygy üçin Ýehowa gurbanlyk berýärdi, olaryň hersi öz maşgalasynyň ruhanysydy (1 Mus. 8:20, 21; 12:7; 26:25; 35:1, 6, 7; Eýp. 1:5). Emma Musanyň kanuny berlensoň, gurbanlygy maşgalabaşylar däl-de, Harunyň neslinden bellenen ruhanylar bermelidi. Harunyň neslinden bolmadyk maşgalabaşylar gurbanlyk berse, ölüme höküm edilmelidi (3 Mus. 17:3—6, 8, 9) d. Belki, Karun, Datan, Abyram we 250 baştutan şol kanuna tabyn bolmak islemän, Musa bilen Haruna garşy çykandyr (4 Mus. 16:1—3). Biz şol wagt näme bolandygyny jikme-jik bilmeýäris. Ýöne bir zady anyk bilýäris: Karun bilen tarapdarlary Ýehowa wepaly bolmadylar. Guramada özgerişlik bolanda Ýehowa wepaly bolmaga bize näme kömek eder?

Kohatlar öňki borçlaryndan aýrylsalar-da, höwes bilen aýdymçy, derwezeban we ammarlara baştutan boldular (11-nji abzasa serediň).

11. Biz kohatlaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

11 Ýehowanyň guramasynda bolýan özgerişlikleri ýürekden goldaň. Ysraýyllar çölde ýaşaýarka kohatlaryň hormatly borjy bardy. Her gezek ysraýyllar ýola düşende, kohatlar äht sandygyny göterip, halkyň öňünden ýöremelidi (4 Mus. 3:29, 31; 10:33; Ýuşa 3:2—4). Gör, nähili uly hormat! Emma ysraýyllar Wada edilen ýurda girenden soňra olaryň borjy üýtgedi. Indi äht sandygyny başga ýere göçürmek gerek däldi. Şol sebäpli Süleýmanyň hökümdarlyk edýän döwründe käbir kohatlary aýdymçy edip bellediler, käbirleri derwezeban boldy, käbirlerini bolsa ammarlara baştutan edip bellediler (1 Tar. 6:31—33; 26:1, 24). Emma Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde olaryň nägile bolandygy ýa-da has jogapkärli borç almak isländigi aýdylmaýar. Biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Ýehowanyň guramasynda borjumyz bilen bagly özgerişlik bolanda, ýürekden kabul edeliň. Täze borjumyza yhlasly ýapyşalyň. Unutmaň, Ýehowa borjumyza däl-de, ýüregimize seredip baha berýär (1 Şam. 15:22).

12. Zarina uýa Beýtel gullugyny tamamlanda özüni nähili duýdy?

12 Geliň, Zarina uýa barada gürrüň edeliň. Ol 23 ýyl Beýtelde gulluk edýär. Bir gün oňa ýörite pioner bellenendigini aýdýarlar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ör gökden geldim. Beýle zada garaşmandym. Men özümi dereksiz duýdum. „Näme ýalňyşlyk goýberdimkäm?“ diýen pikir öz erkime goýanokdy». Üstesine-de, käbir dogan-uýalar onuň ýarasyna duz sepip: «Işiňi gowy eden bolsaň, Beýtelden gitmezdiň» diýýärdiler. Ol biraz wagt göwnüçökgünlige düşdi, gijelerini aglap geçirýärdi. Emma Zarina sagdyn pikirlendi. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowany söýýärdim, guramasyna ynanýardym». Zarina uýa sagdyn pikirlenmäge näme kömek etdi?

13. Zarina erbet pikirlerine erk etmäge näme kömek etdi?

13 Zarina uýa erbet pikirlerine erk edip bildi. Ol özüni ele alyp biler ýaly edebiýatlardan gözleg geçirdi. Zarina 2001-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Sen göwnüçökgünligi ýeňip bilersiň» diýen makala kömek etdi. Makalada hoş habarçy Markus hakda gürrüň edilýärdi. Markusyň hem borjy üýtgäpdi. Zarina uýa: «Markusyň göreldesi derdime derman boldy» diýýär. Ol özüni günäkärlemedi, derdini joralaryna gürrüň berdi, dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşip, yhlasly wagyz etdi. Zarina Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly doganlara dogry karara gelmäge kömek edýändigine ynandy. Şeýle-de ol Ýehowa gulak asmagyň ähli zatdan wajypdygyna düşündi.

14. Iwan dogana näme bilen ylalaşmak kyn düşdi we oňa garaýşyny düzetmäge näme kömek etdi?

14 Geliň, Sloweniýada ýaşaýan 73 ýaşly ýaşuly Iwan dogan barada gürrüň edeliň. Onuň ýygnagy başga ýygnak bilen birleşdirilýär we barýan Ýygnak jaýy ýapylýar. Iwan dogana guramada bolýan özgerişleri kabul etmek kyn bolýar. Ol şeýle diýýär: «Şeýle owadan Ýygnak jaýyny näme üçin ýapandyklaryna hiç akyl ýetirip bilemok. Ony ýaňy-ýakynda abatladyk ahyryn. Oturgyçlaryny öz ellerim bilen bejerdim. Guramadaky özgerişlik diňe maňa däl, meniň ýaşymdaky hemme dogan-uýalara-da agyr degdi». Iwan dogana guramadaky özgerişleri kabul etmäge näme kömek etdi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Ýehowanyň guramasynda bolýan özgerişleri kabul etseň, hemişe bereket alýarsyň. Olar bizi gelejekde boljak has uly özgerişlige taýýarlaýar». Size-de ýygnakda bolýan özgerişliklere, täze borçlara öwrenişmek kyn düşýärmi? Ýehowanyň siziň ýagdaýyňyza düşünýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Eger sizem guramada bolýan özgerişleri ýürekden goldasaňyz, Ýehowa wepaly bolsaňyz, onuň sylaglajakdygyna ynamly bolup bilersiňiz (Zeb. 18:25).

HEMIŞE SAGDYN PIKIRLENIŇ

15. Ýygnakda kynçylyk dörände sagdyn pikirlenýändigimizi nädip görkezip bileris?

15 Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, ýygnakda köp kynçylyklar bolup biler. Şonda Ýehowa wepalylygymyz synalmagy mümkin. Şol sebäpli biz sagdyn pikirlenmeli. Eger dogan-uýalardan biri göwnüňize degse, gaharlanmaň we göwnüňizi giň tutuň. Size temmi berenlerinde öýkelemäň, maslahaty kabul ediň we durmuşda ulanyň. Ýehowanyň guramasynda siziň borjuňyz bilen bagly özgerişlik bolanda ýürekden kabul ediň we doganlaryň görkezmesine tabyn boluň.

16. Ýehowa bil baglamaga we guramasyna ynanmaga näme kömek eder?

16 Görşümiz ýaly, Ýehowa bil baglap, guramasyna ynanyp bilýäris. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolmaly, rahatlygy saklamaly, dury pikirlenmeli we ýagdaýa Ýehowa ýaly garamaly. Şeýle-de Mukaddes Kitapdan gadymy döwürde siziňki ýaly ýagdaýlary başdan geçiren hudaýhon adamlar barada okap oýlanmaly. Gaýgy-aladamyz barada Ýehowa gürrüň bermeli we özümizi dogan-uýalardan çetde tutmaly däl. Şonda Şeýtan sizi Ýehowadan we guramasyndan aýra salyp bilmez (Ýak. 4:7).

126-NJY AÝDYM Oýa, berk hem batyr boluň!

a Dogan-uýalaryň arasynda ýa-da ýygnakda kynçylyk bolanda, Ýehowa wepaly bolmak we guramasyna ynanmak kyn bolup biler. Şu makalada muňa sebäp bolýan üç ýagdaý hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowa wepaly bolmak we guramasyna ynanmak üçin näme etmelidigini bileris.

b Käbir atlar üýtgedildi.

c Başga-da peýdaly maslahatlary «Siz ýene-de hormatly borç alyp bilersiňizmi?» diýen makaladan okap bilersiňiz (w09-U 15/8).

d Musanyň kanuny görä, maşgalabaşylar gurbanlyk berjek malyny mukaddes çadyra getirmelidi. Eger olar çadyrdan uzakda ýaşaýan bolsa, gurbanlygy islendik ýerde berip bilýärdiler (5 Mus. 12:21).