45-NJI MAKALA
Ýehowa yhlasly wagyz etmäge güýç-kuwwat berýär
«Olar... aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler» (Hyz. 2:5).
67-NJI AÝDYM «Hudaýyň Sözüni wagyz et»
MAZMUNY a
1. Biz garşylyklara duş gelenimizde nämä ynamly bolup bileris?
ŞU GÜNLER biz hoş habary yhlasly wagyz edýäris. Emma käbir adamlar bize garşy çykýar. Gelejekde garşy çykjaklar has-da köpeler (Dan. 11:44; 2 Tim. 3:12; Ylh. 16:21). Ýöne biz Ýehowanyň kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. Sebäbi Ýehowa geçmişde wepaly bendelerine ýumuş tabşyranda ýerine ýetirmäge kömek edýärdi. Geliň, Ýehowanyň Hyzkyl pygambere Wawilona sürgün edilen ýehudylara wagyz etmäge kömek edendigi hakda gürrüň edeliň.
2. Ýehowa Hyzkylyň wagyz etmeli adamlaryny nähili suratlandyrdy we makalada näme hakda gürrüň ederis? (Hyzkyl 2:3—6).
2 Hyzkyl nähili adamlara wagyz etdi? Ýehowa olara «özdiýenli», «doňýürek», «gozgalaňçy» halk diýdi. Şeýle-de Ýehowa olary tikenege we içýanlara meňzetdi. Ýöne Ýehowa pygambere: «Sen olardan... gorkma» diýip, gaýta-gaýta aýtdy (Hyzkyl 2:3—6-njy aýatlary okaň). Hyzkyl özüne tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirdi. Sebäbi 1) ony Ýehowa iberdi, 2) Hudaý ony mukaddes ruhy bilen goldady, 3) Hudaýyň sözi Hyzkylyň imanyny berkitdi. Şu üç zat Hyzkyla wagyz etmäge nädip kömek etdi? Bize nädip kömek eder?
HYZKYLY ÝEHOWA IBERÝÄR
3. Hyzkyl pygambere näme teselli berdi we ol Ýehowanyň goldajakdygyna näme üçin ynandy?
3 Ýehowa Hyzkyl pygambere: «Seni... halklaryň ýanyna iberýärin» diýdi (Hyz. 2:3, 4). Elbetde, bu sözler Hyzkyla teselli berendir. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowanyň Musa we Işaýa pygamberlere ýumuş tabşyranda şeýle sözleri aýdandygyny unutmandy (2 Mus. 3:10; Işa. 6:8). Hyzkyl Ýehowanyň şu iki pygamberi kyn ýagdaýlarda goldaýandygyny bilýärdi. Ýehowa Hyzkyla: «Seni... halklaryň ýanyna iberýärin» diýip, iki sapar aýdýar. Şonda pygamber Ýehowanyň goldajakdygyna has-da ynamly bolandyr. Muny Hyzkylyň birnäçe sapar: «Ýehowa maňa şeýle diýdi» diýen sözlerinden görse bolýar (Hyz. 3:16). Şeýle-de ol: «Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi» diýip, gaýta-gaýta aýtdy (Hyz. 6:1). Hawa, Hyzkyl pygamber Ýehowanyň goldajakdygyna ýürekden ynanýardy. Hyzkylyň kakasy ruhany bolup gulluk edýärdi. Belki, ol ogluna pygamberleri Ýehowanyň goldandygy barada gürrüň berendir. Meselem, Ýehowa Yshagy, Ýakuby we Ýermeýa pygamberi hemişe goldajakdygyny wada berdi (1 Mus. 26:24; 28:15; Ýer. 1:8).
4. Hyzkyl pygambere näme güýç-kuwwat berdi?
4 Ysraýyl halky Hyzkylyň habaryna nähili seslendi? Ýehowa şeýle diýdi: «Ysraýyl halky seni diňlemez, sebäbi olar meni diňlemek islemeýär» (Hyz. 3:7). Aslynda, Ysraýyl halky Hyzkyldan däl, Ýehowadan ýüz öwürýärdi. Adamlar Hyzkyl pygamberi diňlemese-de, Ýehowa ondan razydy. Sebäbi ol tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Ýehowa Hyzkyla: «Olar seni diňlesin, diňlemesin... aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler» diýdi (Hyz. 2:5; 33:33). Elbetde, şu sözler Hyzkyla tabşyrylan ýumşy doly ýerine ýetirmäge güýç-kuwwat berendir.
BIZI ÝEHOWA IBERÝÄR
5. Işaýa 44:8-e görä, biz näme üçin garşy çykýan adamlardan gorkmaly däl?
5 Şu günler Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Ýehowa: «Siz meniň şaýatlarym» diýýär (Işa. 43:10). Ýehowa barada şaýatlyk etmek uly hormat! Ýehowa Hyzkyl pygambere aýdyşy ýaly, bize-de: «Olardan gorkmaň!» diýýär. Biz garşy çykýan adamlardan näme üçin gorkmaly däl? Sebäbi bizi Ýehowa iberdi. Ol biziň Arkadagymyz (Işaýa 44:8-i okaň).
6. a) Ýehowa bize nämäni wada berdi? b) Bize yhlasly wagyz etmäge näme güýç-kuwwat berýär?
6 Ýehowa bizi hem goldajakdygyny aýdýar. Ol: «Suwdan geçeniňde seniň bilen bolaryn. Derýalardan geçeniňde gark bolmarsyň. Lowlaýan otdan geçeniňde ýanmarsyň. Alaw seni ýakmaz» diýýär (Işa. 43:2). Ýehowa şu sözleri «Siz meniň şaýatlarym» diýmezinden öň aýdýar. Bizem wagyz edenimizde suw kimin gark edip barýan kynçylyklara, ot kimin ýakyp-ýandyryp barýan synaglara duş gelýäris. Emma Ýehowa bize kynçylyklara döz gelip, wagyz etmäge kömek edýär (Işa. 41:13). Hyzkylyň günlerinde bolşy ýaly, şu günlerem adamlar hoş habary diňlemeýär. Ýöne adamlaryň diňlemeýändigi gowy wagyz edip bilmeýändigimizi aňlatmaýar. Biziň yhlasly wagyz edýändigimizi görüp Ýehowa guwanýar. Pawlus resul: «Hersi zähmetiniň hözirini görer» diýdi (1 Kor. 3:8; 4:1, 2). Köp ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýän uýa şeýle diýýär: «Ýehowanyň çekýän zähmetimizi sylaglajakdygyny bilmek bagtly edýär».
HYZKYLA HUDAÝYŇ MUKADDES RUHY GÜÝÇ BERÝÄR
7. Hyzkyla gören görnüşi nähili täsir etdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).
7 Ýehowa Hyzkyla görnüş arkaly ägirt uly güýjüni mälim edýär. Pygamber görnüşde Hudaýyň mukaddes ruhunyň jandarlary we äpet tigirleri ugrukdyrýandygyny görýär (Hyz. 1:20, 21). Hyzkyl gökde bolan zatlary görende gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykyldy (Hyz. 1:28). Ol görnüş barada köp oýlanýar. Şeýlelikde, Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly wagyz etmäge kömek etjekdigine has-da ynamy artýar.
8, 9. a) Hyzkyl pygambere näme güýç-kuwwat berdi? b) Ýehowa Hyzkyl pygambere boýnuýogyn we doňýürek halka wagyz etmäge nädip kömek etdi?
8 Ýehowa Hyzkyla: «Ynsan ogly, ýeriňden tur, seniň bilen gürleşjekdim» diýdi (Hyz. 2:1, 2). Ýehowanyň «mukaddes ruhy» Hyzkyl pygambere ýerinden turmaga güýç-kuwwat berdi. Hudaýyň mukaddes ruhy Hyzkyl pygamberi hemişe goldaýardy (Hyz. 3:22; 8:1; 33:22; 37:1; 40:1). Ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen «boýnuýogyn we doňýürek» halka mertlik bilen wagyz edip bildi (Hyz. 3:7). Ýehowa Hyzkyla şeýle diýdi: «Şonuň üçin ýüzüňi edil olaryňky ýaly galňadaryn, maňlaýyňy olaryňky ýaly gaty ederin. Maňlaýyň almaz daşy ýaly bolar, çakmakdaşyndan hem gaty bolar. Olardan gorkma, ýüz-gözünden heder etme» (Hyz. 3:8, 9). Ýehowa pygamberine: «Tekepbir adamlar sebäpli, işden eliňi sowatma. Mert bol!» diýen ýalydy.
9 Soňra Ýehowanyň mukaddes ruhy pygambere görnüş arkaly wagyz etmeli ýerlerini aýan edýär. Hyzkyl: «Ýehowanyň ruhy maňa güýçli täsir etdi» diýdi. Hyzkyla gören görnüşine düşünmäge we batyrgaýlyk bilen wagyz edip başlamaga bir hepde wagt gerek boldy (Hyz. 3:14, 15). Hyzkyl görnüşde jülgä gidýär we «Hudaýyň ruhy üstüne inýär» (Hyz. 3:23, 24). Hawa, Hyzkyl indi wagyz etmäge taýyndy.
BIZE HUDAÝYŇ MUKADDES RUHY GÜÝÇ BERÝÄR
10. Bize wagyz etmäge näme kömek edýär?
10 Bize wagyz etmäge näme kömek edýär? Geliň, Hyzkyl pygamber barada gürrüň edeliň. Ýadyňyzda bolsa Hyzkyl pygamber wagyz edip başlamanka, Hudaýyň mukaddes ruhy oňa güýç beripdi. Şu günlerem Ýehowa her bir dogan-uýa mukaddes ruhy arkaly güýç-kuwwat berýär. Sebäbi Şeýtan wagyz işini togtatmak üçin elinde baryny edýär (Ylh. 12:17). Köp adamlar: «Şeýtana garşy durup bolarmy?» diýip pikir edýärler. Elbetde, durup bolar! (Ylh. 12:9—11). Eger biz yhlasly wagyz etsek, Şeýtanyň hüjümlerinden gorkmaýandygymyzy görkezeris. Her sapar wagyz edenimizde ondan üstün çykýarys. Biz garşylyklara garamazdan näme üçin yhlasly wagyz edýäris? Sebäbi Ýehowanyň bizden razydygyny bilýäris we Onuň mukaddes ruhy bize güýç berýär (Mat. 5:10—12; 1 Pet. 4:14).
11. Biz näme hakda doga etmeli we näme üçin?
11 Ýehowanyň Hyzkyl pygamberiň «ýüzüni galňatmagy» we «maňlaýyny gatatmagy» nämäni aňladýar? Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen kynçylyklara garamazdan yhlasly wagyz edip biljekdigimizi görkezýär (2 Kor. 4:7—9). Hudaý bize mukaddes ruhuny berer ýaly näme etmeli? Biz Ýehowa ýalbaryp doga etmeli we dogalarymyza jogap berjekdigine şübhelenmeli däl. Isa Mesih şägirtlerine: «Gaýta-gaýta diläň... hemişe agtaryň... gaýta-gaýta kakyň» diýdi. Hawa, Ýehowa Atamyz dileýänlere mukaddes ruhuny berýär (Luka 11:9, 13; Res. 1:14; 2:4).
HUDAÝYŇ SÖZI HYZKYLYŇ IMANYNY BERKIDÝÄR
12. Golýazma nireden peýda boldy we onda näme ýazylandy? (Hyzkyl 2:9—3:3).
12 Hyzkyla diňe Hudaýyň mukaddes ruhy däl, Onuň sözi hem güýç-kuwwat berdi. Ol görnüşde eli golýazmaly birini görýär (Hyzkyl 2:9—3:3-nji aýatlary okaň). Golýazma nireden peýda boldy? Onda nämeler ýazylandy? Ol Hyzkyla nädip güýç-kuwwat berdi? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň. Golýazmany Hudaý iberipdi. Belki-de, Ýehowa Hyzkylyň görnüşde gören dört perişdesiniň birinden iberendir (Hyz. 1:8; 10:7, 20). Golýazmada Hyzkyl pygamberiň gozgalaňçy halka aýtmaly höküm habary bardy (Hyz. 2:7). Golýazmanyň iki tarapy ýazgydan doludy.
13. Ýehowa Hyzkyla näme üçin golýazmany iý diýdi we onuň süýji bolmagy näme aňladýar?
13 Ýehowa Hyzkyl pygambere: «Ynsan ogly, golýazmany iý-de, garnyňy doýur» diýdi. Pygamber hem golýazmany iýip başlady. Şu sözler nämäni aňladýar? Hyzkyl wagyz etmeli habaryna özi gowy düşünmelidi. Diňe şonda pygamber yhlasly wagyz edip bilerdi. Soňra geň-taň zat bolýar. Pygamber: «Golýazma bal ýaly süýjüdi» diýdi (Hyz. 3:3). Näme üçin? Hyzkyl Ýehowanyň wekili bolmagy uly hormat hasaplaýar (Zeb. 19:8—11). Ol Ýehowa pygamber edip saýlanyna örän minnetdar bolýar.
14. Hyzkyl pygambere tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmäge näme kömek etdi?
14 Ýehowa Hyzkyl pygambere: «Aýdýan sözlerimiň ählisini diňle, olary ýüregiň töründe sakla» diýdi (Hyz. 3:10). Hyzkyl pygamber sürgün edilen halka wagyz etmelidi. Şol sebäpli imanyny berkider ýaly, golýazmada ýazylan zatlary ýatda saklamalydy we olar barada oýlanmalydy (Hyz. 3:11). Hyzkyl pygamber Ýehowanyň tabşyran ýumşuny doly ýerine ýetirmek üçin, aýdýan habaryna gowy düşünmelidi (Zebur 19:14-i deňeşdiriň).
HUDAÝYŇ SÖZI BIZIŇ IMANYMYZY BERKIDÝÄR
15. Biz yhlasly wagyz eder ýaly näme etmeli?
15 Biz yhlasly wagyz eder ýaly, Hudaýyň Sözüni her gün okamaly. Biz hem Ýehowanyň aýdýan sözlerini «ýüregimiziň töründe» saklamaly. Şu günler Ýehowa biziň bilen Mukaddes Kitap arkaly gepleşýär. Hudaýyň Sözi garaýşymyza we oý-pikirimize täsir eder ýaly näme etmeli?
16. Hudaýyň Sözüne düşünmek üçin näme etmeli?
16 Adam sagdyn bolmak üçin wagtly-wagtynda iýip-içmeli bolýar. Ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin hem her gün Mukaddes Kitaby okamaly we oýlanmaly. Munuň şeýledigini Hyzkylyň golýazma barada gören görnüşi subut edýär. Ýehowa biziň Mukaddes Kitaby «iýmegimizi», ýagny Sözüne doly düşünmegimizi isleýär. Munuň üçin näme etmeli? Doga etmeli, okamaly we oýlanmaly. Biz Mukaddes Kitaby okap başlamankak: «Ýehowa, Sözüňe düşünmäge kömek et!» diýip doga edýäris. Soňra Mukaddes Kitaby okaýarys we okan zatlarymyz barada çuňňur oýlanýarys. Şeýle etmegiň nähili peýdasy bar? Biz oýlananymyzda Hudaýyň Sözüne ýüregimiziň töründen orun berýäris we imanymyz berkeýär.
17. Mukaddes Kitapdan okan zatlarymyz barada oýlanmak näme üçin wajyp?
17 Mukaddes Kitaby okamak we oýlanmak örän wajyp. Şonda biziň Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz etmäge güýç-kuwwatymyz bolar. Gelejekde bolsa höküm habaryny batyrgaýlyk bilen aýdyp bileris. Biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada oýlananymyzda, Onuň bilen ýakyndan dost bolýarys. Şeýlelikde, Hudaýyň Sözi dilimizde «bal ýaly süýji» bolar we kalbymyz rahatlyk tapar (Zeb. 119:103).
SOŇUNA ÇENLI WAGYZ EDELIŇ
18. Adamlar nämäni boýun almaly bolarlar we näme üçin?
18 Elbetde, Ýehowa bizi pygamber edip bellemedi. Emma biz Ýehowanyň Mukaddes Kitapda ýazdyran habaryny adamlara wagyz edýäris. Biz Ýehowa tä boldy diýýänçä wagyz ederis. Höküm güni gelende adamlar «biz eşitmedik, bize aýtmadylar» diýip bilmezler (Hyz. 3:19; 18:23). Şol gün olar Hudaýyň habaryny aýdandygymyzy boýun almaly bolarlar.
19. Bize dünýäniň soňuna çenli wagyz etmäge näme kömek eder?
19 Bize dünýäniň soňuna çenli wagyz etmäge näme güýç berýär? Hyzkyl pygambere güýç-kuwwat beren üç zat bize-de güýç berer. Bizi Ýehowa iberdi, ol mukaddes ruhy bilen goldaýar we Sözi arkaly imanymyzy berkidýär. Ýehowa bize «soňuna çenli» wagyz etmäge kömek eder (Mat. 24:13).
65-NJI AÝDYM Öňe git!
a Şu makalada Ýehowanyň Hyzkyl pygambere wagyz etmäge üç ýol arkaly kömek edendigini bileris. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň. Şonda Ýehowanyň bize-de yhlasly wagyz etmäge kömek etjekdigine ynamly bolup bileris.