Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

47-NJI MAKALA

Sizi Ýehowadan hiç zat aýra salmasyn

Sizi Ýehowadan hiç zat aýra salmasyn

«Eý Ýehowa, saňa bil baglaýaryn!» (Zeb. 31:14).

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

MAZMUNY a

1. Ýehowanyň biziň bilen dostlaşmak isleýändigini nireden bilýäris?

 SÖÝGÜDEN DOLY Ýehowa Hudaý biziň bilen dostlaşmak isleýär we bizi ogul-gyzy hasaplaýar (Ýak. 4:8). Ol biziň doga-dileglerimize jogap berýär we kynçylyk başymyza düşende goldaýar. Şeýle-de Ol guramasy arkaly bize tälim berýär we goraýar. Biz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?

2. Biz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?

2 Biz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin doga-dileg etmeli, her gün Mukaddes Kitaby okamaly we okan aýatlarymyz hakda oýlanmaly. Şonda Ýehowany razy edip ýaşarys we her gün Oňa alkyş aýdarys. Sebäbi Ýehowa şöhraty we hormaty almaga mynasypdyr (Ylh 4:11). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da oňa berk iman ederis we guramasyna ýürekden ynanarys.

3. Şeýtan bizi Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin näme edýär we onuň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli? (Zebur 31:13, 14).

3 Şeýtan dürli kynçylyklar arkaly Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar. Ol nähili usullary ulanýar? Şeýtan Ýehowa bolan imanymyzy ýuwaş-ýuwaşdan gowşadyp, guramasyna ynamymyzy gaçyrjak bolýar. Emma biz Ýehowa berk iman etmeli we Oňa bil baglamaly. Şonda hak Hudaýdan we guramasyndan ýüz öwürmeris (Zebur 31:13, 14-nji aýatlary okaň).

4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Şu makalada Ýehowa iman etmeýän adamlar tarapyndan döreýän üç kynçylyk hakda gürrüň ederis. Olar Ýehowa imanymyzy gowşadyp, guramasyna bolan ynamymyzy gaçyryp biler. Şol kynçylyklar Ýehowadan nädip daşlaşdyrýar? Biz Şeýtanyň hüjümlerine garşy durmak üçin näme etmeli?

KYNÇYLYK BAŞYMYZA INENDE

5. Ýehowa berk iman etmäge we guramasyna ynanmaga näme päsgel berýär?

5 Ýehowa iman edýändigimiz üçin bizi käte işden çykarýarlar ýa-da dogan-garyndaşlarymyz garşy çykýar. Şeýle ýagdaýlar Ýehowa bolan imanymyzy gowşadyp, guramasyna ynamymyzy gaçyryp bilermi? Kynçylyklaryň yzy üzülmese, özümizi hiç kime gereksiz duýup, göwnüçökgünlige düşüp bileris. Şeýtan hem pursatdan peýdalanyp, Ýehowa imanymyzy gowşatmak we guramasyna ynamymyzy gaçyrjak bolýar. Şeýle ýagdaý gadymy döwürde ýaşan käbir ysraýyllar bilen bolupdy. Olar Ýehowanyň Musa bilen Haruny iberendigine we Müsür gulçulygyndan azat etjekdigine ynanýardylar (2 Mus. 4:29—31). Emma olar faraonyň zorluk-sütemine çydaman, Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Siz sebäpli faraona-da, hyzmatkärlerine-de ýigrenji bolduk. Näme, bizi öldürtjek bolýaňyzmy?» diýdiler (2 Mus. 5:19—21). Olar Allatagalanyň pygamberine garşy çykyp gaty ýalňyşdylar. Siziň hem kynçylyklardan gözüňiz açylmasa, Ýehowa berk iman etmäge we guramasyna ynanmaga näme kömek eder?

6. Habakuk pygamber kynçylyga uçranda näme etdi we biz ondan näme öwrenýäris? (Habakuk 3:17—19).

6 Ýehowa ýüregiňizi döküň we goldaw berşini görüň. Habakuk pygamber köp kynçylyklary başdan geçirdi. Hatda ol Ýehowanyň aladaçyl Hudaýdygyna şübhelenip başlady. Şol sebäpli ol: «Eý Ýehowa, haçana çenli jogap bermersiň? Zulum-süteme näme üçin seredip durýarsyň?» diýip, biynjalyk edýän zatlaryny aýtdy (Hab. 1:2, 3). Ýehowa Habakuk pygamberiň doga-dilegine jogap berdi (Hab. 2:2, 3). Pygamber Ýehowanyň halkyna ençeme sapar pena bolandygy hakda oýlananda, gaýgysy şatlyga öwrüldi. Habakuk Allatagalanyň islendik ýagdaýda aladasyny etjekdigine we kynçylyklarda goldajakdygyna göz ýetirdi (Habakuk 3:17—19-njy aýatlary okaň). Biz ondan näme öwrenýäris? Kynçylyklardan halys ýadanymyzda Ýehowa doga-dileg edeliň we dert-aladamyzy gürrüň bereliň. Oňa doly bil baglalyň we güýç-kuwwat berjekdigine ýürekden ynanalyň. Ýehowanyň berýän kömegini görenimizde imanymyz has-da berkär.

7. Şirli uýa nähili kynçylyklar bilen göreşdi we oňa imanda berk durmaga näme kömek etdi?

7 Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýuň. Geliň, Papua-Täze Gwineýada ýaşaýan Şirli b uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň maşgalasy garyp ýaşaýardy, käte iýere çörek tapmaýardylar. Uýanyň dogan-garyndaşlary azar ýamanyny berýärdi. Bir garyndaşy: «Sen Hudaýyň mukaddes ruhy kömek edýär diýerdiň. Kömegini göremizok, iýere çöregiň ýok. Sen wagyz edip, bar wagtyňy biderek geçirýärsiň» diýýär. Şirli şeýle gürrüň berýär: «Men: „Ýehowa aladamy etmeýärmikä?“ diýip oýlandym. Soňra Ýehowa doga edip gaýgy-aladamy gürrüň berdim. Mukaddes Kitaby, edebiýatlary okaýardym, yhlasly wagyz edýärdim we ýygnak duşuşyklaryndan galmaýardym». Ol Ýehowanyň goldaw berşini gördi. Ýehowa Şirlini zada zar etmedi, maşgalasyny hor etmedi. Uýa: «Ýehowa meniň doga-dileglerime jogap berdi» diýýär (1 Tim. 6:6—8). Eger siz hem Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýsaňyz, hiç bir kynçylyk sizi Ondan aýra salyp bilmez.

JOGAPKÄR DOGANLARY YZARLANLARYNDA

8. Jogapkär doganlar nähili kynçylyklara duş gelýärler?

8 Ýehowa iman etmeýän adamlar internet, telegepleşikler arkaly ýalan zatlary ýaýradýarlar we jogapkär doganlara töhmet atýarlar (Zeb. 31:13). Hatda käbir doganlary jenaýatçy hasaplap azatlykdan mahrum edýärler. I asyrda-da şeýle ýagdaý bolupdy. Pawlus resuly günäkärläp tussag edýärler. Şonda dogan-uýalar näme etdiler?

9. Pawlus resul tussag edilende käbir mesihçiler näme etdi?

9 Pawlus resul Rimde tussaglykda wagty käbir dogan-uýalar ony taşlap gitdiler (2 Tim. 1:8, 15). Näme üçin? Belki, olar Pawlusy jenaýatçy hökmünde tussag edendikleri üçin utanandyrlar (2 Tim. 2:8, 9). Ýa-da bizi-de yzarlaýmasynlar diýip gorkandyrlar. Pawlusyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Ol imandaşlary üçin köp kynçylyklary başdan geçirdi, hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy (Res. 20:18—21; 2 Kor. 1:8). Elbetde, biz goldawa mätäç wagty Pawlusy taşlap giden mesihçilere meňzemeris! Biz jogapkär doganlary yzarlanlarynda näme edip bileris?

10. Jogapkär doganlary näme üçin yzarlaýarlar we biz nämäni unutmaly däl?

10 Bizi näme üçin yzarlaýandyklaryny unutmaň. 2 Timoteos 3:12-de: «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar» diýilýär. Şu sözlerden görnüşi ýaly, Şeýtanyň jogapkär doganlary yzarlamagy geň galdyrmaýar. Ol doganlaryň Ýehowa bolan imanyny gowşadyp, bizi howsala salmak isleýär (1 Pet. 5:8).

Onisifor tussaglykda oturan Pawlus resula batyrgaýlyk bilen kömek etdi. Suratdan görnüşi ýaly, şu günler hem dogan-uýalar türmä basyljak imandaşyny goldamak üçin gelýärler (11, 12-nji abzaslara serediň).

11. Biz Onisiforyň göreldesine nädip eýerip bileris? (2 Timoteos 1:16—18).

11 Doganlaryň daýanjy boluň (2 Timoteos 1:16—18-nji aýatlary okaň). Geliň, I asyrda ýaşan Onisifor hakda gürrüň edeliň. Pawlus resul: «Ol meniň... türmede oturandygyma utanmady» diýýär. Hemmeler Pawlus resuly taşlap gitdiler, emma Onisifor ony gözläp tapdy, goldady we ruhlandyrdy. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz yzarlanýan doganlary goldamak üçin şirin janymyzdan geçmäge taýýar bolmaly. Sebäbi olar biziň goldawymyza mätäç (Nak. 17:17). Geliň, doganlaryň daýanjy bolalyň, hemişe olara goldaw bereliň!

12. Biz Russiýadaky dogan-uýalaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

12 Geliň, Russiýadaky dogan-uýalar hakda gürrüň edeliň. Olar tussag edilen imandaşlaryny goldap, bize gowy görelde görkezýärler. Hatda olar agyr synagy başdan geçirýän dogan-uýalary goldamak üçin kazyýete bardylar. Jogapkär doganlary yzarlasalar, azatlykdan mahrum etseler, biz howsala düşmeli däl, gaýtam olar üçin Ýehowa doga-dileg etmeli we maşgala agzalaryna kömek etmeli. Şonda olary goldaýandygymyzy subut ederis (Res. 12:5; 2 Kor. 1:10, 11).

ÜSTÜMIZDEN GÜLENLERINDE

13. Näme zatlar Ýehowa we guramasyna şübhe döredýär?

13 Biz wagyz edýäris we Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýarys. Şol sebäpli dogan-garyndaşlarymyz, işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyz üstümizden gülýärler (1 Pet. 4:4). Belki, olar şeýle diýer: «Sen gowy adam, emma dinim diýip durmuşdan yza galýarsyň». Ýygnak gatnaşygyndan kesilenleri tanaýan käbir dogan-garyndaşlarymyz bolsa bize: «Seniň doganymy söýýärin diýmäge neneň diliň barýar» diýmekleri mümkin. Şeýle adamlary diňlesek aňymyzy zäherläris we şübhelenip başlarys. Biz: «Ýehowa öte talapkär Hudaý. Guramanyň berýän görkezmeleri erkinligiňi eliňden alyp, ýüpsüz baglaýar» diýmegimiz mümkin. Sizde-de şeýle pikirler döreýärmi? Size Ýehowa bil baglamaga we guramasyna ynanmaga näme kömek eder?

Eýýup pygamberiň dostlary üstünden güldüler we ýalan sözlediler. Emma Eýýup olara: «Soňky demime çenli (Hudaýa) wepaly bolaryn!» diýdi (14-nji abzasa serediň).

14. Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygymyz üçin üstümizden gülseler näme etmeli? (Zebur 119:50—52).

14 Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaga hiç zat päsgel bermesin. Eýýup pygamber Ýehowany razy edip ýaşasa-da, dostlary onuň üstünden güldüler. Olaryň biri: «Hudaýa wepaly bolmakdan ne peýda? Gudratygüýçli dogruçyldygyňy görýärmikä?» diýdi (Eýp. 4:17, 18; 22:3). Emma Eýýup pygamber olara özüni aldatmady. Ol Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyny bilýärdi we olara eýerip ýaşamagy berk ýüregine düwüpdi. Eýýup pygamber dostlaryna: «Siziň aýdanlaryňyz bilen asla razylaşmaryn. Soňky demime çenli (Hudaýa) wepaly bolaryn!» diýdi (Eýp. 27:5, 6). Biz pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Biziň üstümizden gülseler-de, Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamagy bes etmäliň. Biz Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna we bagtly edýändigine ençeme sapar göz ýetirdik. Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça görkezme berýän guramadan yza galmalyň. Biziň üstümizden gülseler-de, töhmet atsalar-da, Ýehowadan ýüz öwürmäliň (Zebur 119:50—52-nji aýatlary okaň).

15. Brijit uýa näme üçin azar ýamanyny berdiler?

15 Geliň, hindistanly Brijit uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň dogan-garyndaşlary Ýehowa iman edýändigi üçin azar ýamanyny berýärler. Ol 1997-nji ýylda suwa çümdürilýär. Şondan köp wagt geçip-geçmänkä uýanyň ärini işden çykarýarlar. Ol gelni we çagalary bilen başga şähere, ýagny kakasynyň öýünde ýaşamaga gidýär. Emma uýanyň kynçylygy munuň bilen gutarmaýar. Äri iş tapmansoň uýa maşgalasyny eklemek üçin uzakly gün işlemeli bolýar. Iň golaýdaky ýygnak 350 kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Üstesine-de, Ýehowa iman edýändigi üçin gaýynlary oňa gün bermeýärdi. Şol sebäpli olar ýene-de göçmeli bolýarlar. Gynansak-da, uýanyň äri tarpa-taýyn aradan çykýar. Soňra 12 ýaşly gyzy rak keselinden ölýär. Brijit uýanyň dogan-garyndaşlary: «Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bolsaň, seniň başyňa şu bela-beterler inmezdi» diýip, ony günäkärläp ýarasyna duz sepýärler. Emma uýa Ýehowa bil baglady we guramadan daşlaşmady.

16. Brijit uýa Ýehowa bil baglandygy we guramasynyň berýän görkezmesine eýerendigi üçin nähili bereket aldy?

16 Bilşimiz ýaly, Brijit uýa ýygnakdan uzakda ýaşaýardy. Şol sebäpli etrap gözegçisi oňa ýaşaýan ýerindäki adamlara wagyz etmegi we ýygnak duşuşygyny öýünde geçirmegi maslahat berýär. Ilkibada uýa maslahata gulak asmak kyn bolup görünýär. Emma ol goňşy-golamlaryna yhlasly wagyz edýär, gyzlary bilen her hepde maşgala okuwyny we ýygnak duşuşyklaryny geçirýär. Uýa maslahata gulak asyp nähili bereket aldy? Ol köp adamlar bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýär we olaryň käbiri suwa çümdürilýär. Uýa 2005-nji ýylda pioner gullugyna başlaýar. Hawa, Brijit uýa Ýehowa bil baglandygy we guramasynyň berýän görkezmesine eýerendigi üçin köp bereket aldy. Gyzlary Ýehowa wepaly gulluk edýärler we olaryň ýaşaýan ýerinde häzir iki sany ýygnak bar. Brijit dogan-garyndaşlarynyň garşylyklaryna garamazdan, Ýehowanyň kömegi bilen imanda berk durdy.

ÝEHOWA WEPALY BOLUŇ WE GURAMASYNA YNANYŇ

17. Biz näme etmegi ýüregimize berk düwmeli?

17 Biziň kynçylyk başymyza düşende, Şeýtan Ýehowanyň bizi taşlandygyna we guramasyndan hiç hili kömegiň bolmajakdygyna ynandyrmak isleýär. Ol jogapkär doganlara töhmet atanlarynda, yzarlanlarynda we tussag edenlerinde bizi howsala saljak bolýar. Şeýle-de ol Ýehowanyň ýokary ahlak kadalaryna şübhe döredip, guramasyna ynamymyzy gaçyrjak bolýar (2 Kor. 2:11). Emma biz Şeýtanyň gurýan duzaklaryna düşmeris, sebäbi onuň ýalançydygyny bilýäris. Geliň, Ýehowa wepaly bolalyň we guramasyna ýürekden ynanalyň! Unutmaň, Ýehowa bizi hiç haçan taşlamaz! (Zeb. 28:7). Goý, hiç zat sizi Ýehowadan aýra salmasyn! (Rim. 8:35—39).

18. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

18 Biz şu makalada Ýehowa iman etmeýän adamlaryň döredýän kynçylyklary hakda gürrüň etdik. Emma biziň Ýehowa imanymyz we guramasyna ynamymyz ýygnakda hem synalyp biler. Şeýle ýagdaýda imanda berk durmaga näme kömek eder? Şu soragyň jogabyny indiki makalada bileris.

118-NJI AÝDYM Berk iman ber

a Şeýtan Iblis biziň Hudaýa bolan imanymyzy gowşatmak isleýär. Biz dünýäniň soňuna çenli Ýehowa wepaly bolar ýaly, Oňa berk iman etmeli we guramasyna ýürekden ynanmaly. Şu makalada Şeýtanyň ulanýan üç usulyna garşy durmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

b Käbir atlar üýtgedildi.