Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şahsy okuwyny her hepde geçirmek üçin näme etmeli?

Şahsy okuwyny her hepde geçirmek üçin näme etmeli?

SIZE şahsy okuwyny yzygiderli we gyzykly edip geçirmek kyn bolýarmy? Käte hemmämizde-de şeýle bolýar. Ýöne her gün bir zady yzygiderli etmegiň peýdasy hakda oýlanyp görüň. Meselem, suwa düşenimizde özümizi şeýle gowy duýýarys welin, täzeden dünýä inen ýaly bolýarys. Mukaddes Kitapda-da «suw bilen, ýagny Hudaýyň sözi bilen ýuwlup päk» bolmalydygymyz aýdylýar (Efes. 5:26). Geliň, käbir peýdaly maslahatlara seredeliň.

  •  Wagt belläň. Şahsy okuwy biziň üçin «iň wajyp zatlaryň» biri bolmaly, oňa sowuk-sala garamaly däl (Flp. 1:10). Şahsy okuwynyň grafigini düzüp, ony göze görünýän ýerde, belki, sowadyjynyň gapysyna ýelmäp bilersiňiz. Ýa-da şahsy okuwynyň wagtyny ýatladar ýaly telefonyňyza jaňly duýduryjyny gurnap bilersiňiz.

  •  Özüňize haýsy gowy bolsa şony ediň. Käbirleri şahsy okuwyny uzak wagtlap geçirmegi gowy görýär. Käbirlerine bolsa, az-azdan geçirse aňsat düşýär. Ýöne siz öz ýagdaýyňyzy özüňiz gowy bilýärsiňiz, haýsysy gowy bolsa şony ediň. Emma şahsy okuwynyň wagty gelende okamak islemeseňiz näme? Onda siz şahsy okuwyna 10 minutjyk sarp edip bilersiňizmi? 10 minutda köp zatlary öwrenersiňiz. Siz şahsy okuwyna başlasaňyz «işdäňiz açylyp», has-da köp okasyňyz geler (Flp. 2:13).

  •  Temany öňünden saýlaň. Eger siz öwrenjek temaňyzy öňünden däl-de, şahsy okuwyny geçirjek wagtyňyz saýlasaňyz, «wagtyňyzy paýhasly ulanyp» bilmersiňiz (Efes. 5:16). Şonuň üçin sizi gyzyklandyrýan temalaryň sanawyny düzüň. Siz biynjalyk edýän soraglaryňyzy hem sanawa goşup bilersiňiz. Belki, siz şahsy okuwyny geçireniňizden soň başga-da gyzykly boljak temalary sanawa ýazyp bilersiňiz.

  •  Zerur bolsa üýtgetmäge taýyn boluň. Öte talapkär bolmaň. Eger gerek bolsa, şahsy okuwynyň grafigini, sarp etjek wagtyňyzy we temasyny üýtgediň. Elbetde, haçan, näçeräk we näme barada şahsy okuwyny geçirjekdigiňi çözmek wajyp. Ýöne her hepde geçirmek has-da wajyp.

Şahsy okuwyny yzygiderli geçirsek ruhlanarys, Ýehowa imanymyz has-da berkär we paýhasly karara geleris (Ýuşa 1:8).