Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÖZLEG GEÇIRIŇ

Asuda ýeri saýlaň

Asuda ýeri saýlaň

Siz şahsy okuwyny gowy edip geçirmek isleýärsiňizmi? Onda aşakdaky maslahatlar size kömek eder.

  •  Oňaýly ýer saýlaň. Mümkin bolsa, otagyň içi arassa, tertipli we ýagty bolsun. Siz öýde oturgyçda oturyp ýa-da seýilgähde rahat ýerde okap bilersiňiz.

  •  Adamsyz ýerde okaň. Isa pygamber doga etmek üçin «daň atmanka turup... çola ýere gitdi» (Mar. 1:35). Eger şeýle etmäge mümkinçiligiňiz bolmasa, onda maşgala agzalaryňyza şahsy okuwyny geçirjek wagtyňyzy öňünden aýdyň. Şonda olar sizi bimaza etmezler.

  •  Ünsüňizi jemläň. Goý, hiç zat ünsüňizi bölmesin. Eger telefondan ýa-da planşetden okaýan bolsaňyz, sesini öçüriň ýa-da uçar tertibine geçiriň. Eger şahsy okuwyny geçirýän wagtyňyz etmeli işleriňiz ýadyňyza düşse, olary soňrak eder ýaly belläp alyň. Eger ünsüňizi şonda-da jemläp bilmeseňiz, gezmeläň ýa-da biraz dynç alyň.