Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

46-NJY MAKALA

49-NJY AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň

Doganlar, hyzmatçy bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?

Doganlar, hyzmatçy bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?

«Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Res. 20:35).

ESASY PIKIR

Doganlar, ýygnak hyzmatçysy bolmagy maksat goýuň.

1. Pawlus hyzmatçy doganlaryň gadyryny bilýändigini nädip görkezdi?

 HYZMATÇY DOGANLAR ýygnakda köp işleri edýärler. Pawlus resul şeýle doganlaryň gadyryny bilýärdi. Ol Filipidäki mesihçilere hat ýazanda diňe bir ýaşululary däl, ýygnak hyzmatçylaryny hem ýatlap, olara-da salam ýollaýar (Flp. 1:1).

2. Luka dogan-uýalara hyzmat etmek hakda näme diýýär?

2 Ýaş bolsun, garry bolsun, hyzmatçy doganlar ýygnak üçin köp işleri edip bilýändigine begenýärler. Dewan atly dogan 18 ýaşynda, Luka atly dogan bolsa 50 ýaşdan geçensoň ýygnak hyzmatçysy bellenýär. Luka dogan-uýalara hyzmat edip şatlanýandygy hakda şeýle diýýär: «Ýygnak hyzmatçysy bolmak uly hormat. Dogan-uýalaryň maňa edýän ýagşylygy hakda oýlananymda, olara has köp hyzmat edesim gelýär». Lukanyň sözlerine hyzmatçy doganlar goşulýan bolsa gerek.

3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Doganlar, siz suwa çümdürilen bolsaňyz ýygnak hyzmatçysy bolmagy maksat goýarsyňyzmy? Maksadyňyza ýetmek üçin näme etmeli? Mukaddes Kitapda ýygnak hyzmatçysy bolmak isleýän doganlardan näme talap edilýär? Biz makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Ilki bilen hyzmatçy doganlaryň ýygnakda nähili işleri edýändigi barada gürrüň ederis.

HYZMATÇYLAR NÄHILI IŞLERI EDÝÄR?

4. Hyzmatçylar ýygnakda nähili işleri edýärler? (Surata serediň).

4 Suwa çümdürilen doganlar mukaddes ruh arkaly ýygnak hyzmatçysy bellenýär. Olar ýaşulularyň sag eli, ýygnakda köp işleri edýärler. Käbir hyzmatçylar dogan-uýalara meýdança we wagyzda ulanmak üçin edebiýat paýlaýar. Käbirleri bolsa Ýygnak jaýyny arassalamaga we ony abat saklamaga kömek edýär. Şeýle-de hyzmatçylar ýygnaga gelýänleri garşy alýar, tertip-düzgüne seredýär we audio-wideo enjamlaryna gözegçilik edýär. Ýygnak hyzmatçylary diňe bir işeňňir däl, olaryň imany berk, Ýehowany söýýär we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar. Şeýle-de olar dogan-uýalary jany-teni bilen söýýär (Mat. 22:37—39). Doganlar ýygnakda hyzmatçy bellenmek üçin näme etmeli?

Hyzmatçy doganlar Isa pygamberiň göreldesine eýerip, arman-ýadaman zähmet çekýär (4-nji abzasa serediň).


5. Hyzmatçy bolmak üçin näme etmeli?

5 Mukaddes Kitapda hyzmatçy doganlaryň nähili talaplara laýyk gelmelidigi aýdylýar (1 Tim. 3:8—10, 12, 13). Eger sen hyzmatçy bolmak isleýän bolsaň, şol talaplary öwren we olara eýermäge jan et. Ýöne ilki bilen näme üçin ýygnak hyzmatçysy bolmak isleýändigiň hakda oýlan.

HYZMATÇY BOLMAGA NÄME HÖWESLENDIRMELI?

6. Doganlary hyzmatçy bolmaga näme höweslendirmeli? (Matta 20:28; surata serediň).

6 Isa pygamber adamlara hyzmat edip, ajaýyp görelde galdyrdy. Ol atasy Ýehowany we adamlary söýýärdi. Şonuň üçin arman-ýadaman zähmet çekdi, hatda adamlaryň pes hasaplaýan işlerini hem höwes bilen etdi (Matta 20:28-i okaň; Ýah. 13:5, 14, 15). Eger senem Ýehowany we adamlary söýseň, maksadyňa ýetip, ýygnak hyzmatçysy bolup bilersiň (1 Kor. 16:14; 1 Pet. 5:5).

Isa pygamber adamlara hyzmat edip ajaýyp görelde galdyrdy. Ol şägirtlerine wezipä kowalaşman, pesgöwünli bolmagy öwretdi (6-njy abzasa serediň).


7. Hyzmatçy bolmak isleýän dogan näme üçin at-abraýa çapmaly däl?

7 Şu dünýäde köplenç atly-abraýly, wezipeli adamlary sylaýarlar. Ýöne Ýehowanyň guramasynda beýle däl. Isanyň göreldesine eýerýän doganlar başgalardan beýik boljak bolmaýar ýa-da özüni elýetmez adam edip görkezmeýär. Eger at-abraýa, wezipä gyzýan dogan ýygnakda ýaşuly ýa-da hyzmatçy bellense, ol pes hasaplanýan, göze ilmeýän işleri edesi gelmez. Sebäbi ol «şeýle işler meniň mertebämi peselder, abraýdan düşürer» diýip pikir etmegi mümkin (Ýah. 10:12). Ýöne şol işleri edýän dogan Ýehowanyň guzujyklarynyň aladasyny edip bilýär. Ýehowa tekepbir, öz peýdasyna çapýan adamyň işini hiç haçan ugruna etmez (1 Kor. 10:24, 33; 13:4, 5).

8. Isa şägirtlerine nähili maslahat berdi?

8 Käte Isanyň jana-jan dostlary hem at-abraýa gyzypdyr. Bir gezek Ýakup bilen Ýahýa Isadan Patyşalygynda özleri üçin aýratyn orun soraýarlar. Şonda Isa olary öwmedi, gaýtam olaryň nädogry garaýşyny düzetdi. Isa 12 şägirdine şeýle diýdi: «Araňyzda uly bolmak isleýän beýlekilere hyzmat etmeli. Araňyzda uly wezipäni eýelemek isleýän hemmeleriň guly bolmaly» (Mar. 10:35—37, 43, 44). Ýagşy niýet bilen hyzmatçy bolmak isleýänler ýygnakda köp işleri edip bilerler (1 Sel. 2:8).

HYZMATÇY BOLMAGA HÖWESIŇ BOLMASA NÄME ETMELI?

9. Hyzmatçylara tabşyrylýan işleri edesiň gelmese näme etmeli?

9 Sen Ýehowany janyň-teniň bilen söýýänsiň, dogan-uýalaryň aladasyny etmek isleýänsiň. Ýöne käte hyzmatçylara tabşyrylýan işleri edesiň gelýän däldir. Emma dogan-uýalara hyzmat etseň begenjiň çägi bolmaz. Isa-da: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Res. 20:35). Isa şu sözleri diňe bir aýtman, şoňa görä-de ýaşady. Ol adamlara ýagşylyk etmegi gowy görýärdi. Eger senem dogan-uýalara hyzmat etseň özüňi bagtly duýarsyň.

10. Isa adamlara hyzmat edip şatlanýandygyny nädip görkezdi? (Markus 6:31—34).

10 Geliň, Isanyň durmuşynda bolan bir waka seredeliň. Şol waka Isanyň adamlara hyzmat etmegi gowy görýändigini görkezýär (Markus 6:31—34-nji aýatlary okaň). Bir gezek Isa bilen şägirtleri gaty ýadady. Olar dynç almak üçin çola ýere gitdiler. Ýöne märeke olaryň özlerinden hem öň şol ýere bardy. Sebäbi olar Isany diňläp, ondan köp zat öwrenesi gelýärdi. Isa bilen şägirtleriniň hatda nahar iýmäge-de wagtlary ýokdy. Şonuň üçin Isa märekä hiç zat öwretmän ýa-da birki zat öwredip, öýüne goýberip bilerdi. Ýöne ol adamlary gowy görýändigi üçin olara «köp zatlary öwredip başlady», wagtam bir çene barypdy (Mar. 6:35). Isa özüni borçly duýýandygy üçin däl-de, adamlara «ýüregi awaýandygy» üçin ýagşylyk etdi. Isa adamlary söýýärdi. Şonuň üçin olara öwretmek isledi. Adamlara hyzmat etmek Isanyň şatlygyna şatlyk goşýardy.

11. Isa ýanyna gelen adamlara nädip hyzmat etdi? (Surata serediň).

11 Isa ýanyna gelen märekä diňe bir Hudaý barada öwretmän, olaryň aladasyny hem etdi. Ol gudrat arkaly märekä iýip-içer ýaly zat berdi we şägirtlerine olary paýlamagy tabşyrdy (Mar. 6:41). Şeýdip, Isa şägirtlerine adamlara hyzmat etmegi öwretdi. Şeýle-de olara tabşyrylan ýumşa sowuk-sala garamaly däldigine düşünmäge kömek etdi. Hyzmatçylara-da ýygnakda köp işler tabşyrylýar. Şägirtler «adamlaryň iýip doýandygyny» görenlerinde, Isa iýmit paýlamaga kömek edendiklerine örän begenendirler (Mar. 6:42). Isa diňe şol gezek däl, köp gezek adamlaryň aladasyny edipdi (Mat. 4:23; 8:16). Ol bütin ömrüni adamlara hyzmat etmäge bagyş etdi. Isa adamlara Hudaý barada höwes bilen öwredýärdi we olaryň arman-ýadaman aladasyny edýärdi. Eger senem dogan-uýalaryň ak ýürekden aladasyny etseň, kalbyň şatlykdan püre-pür bolar.

Ýehowany söýseň, dogan-uýalara hyzmat etmek isleseň, ýygnakda islendik işi höwes bilen edersiň (11-nji abzasa serediň) a.


12. Näme üçin «dogan-uýalara hyzmat eder ýaly ukybym ýok» diýip pikir etmeli däl?

12 Belki-de, sen «mende üýtgeşik ukyp-başarnyk ýok» diýip, ruhdan düşýänsiň. Ýöne ýatdan çykarma, sende dogan-uýalara hyzmat etmek üçin gerekli häsiýetler bar. 1 Korinfliler 12:12—30-njy aýatlardaky Pawlusyň sözleri hakda oýlan we olara eýerer ýaly Ýehowadan kömek sora. Pawlusyň sözlerinden görşümiz ýaly, ýygnakda her bir dogan-uýanyň, şol sanda seniňem öz ornuň bar. Eger sen häzir ýygnak hyzmatçysy bolmaga taýyn däl bolsaň, käbir zatlaryň üstünde işlemeli bolsaň, onda ýan berme. Ýehowa we dogan-uýalara hyzmat etmek üçin başarýan zatlaryňy et. Ýaşulularam seniň ukyp-başarnyklaryňa üns berer we ýygnakda edip biljek ýumuşlaryňy tabşyrar (Rim. 12:4—8).

13. Ýygnak hyzmatçysy bolmak näme üçin kyn däl?

13 Eger sen ýygnakda hyzmatçy bolmak isleýän bolsaň, onda şu hakda oýlan: Mukaddes Kitapdaky hyzmatçylardan edilýän talaplaryň köpüsine mesihçileriň ählisi eýermeli. Meselem, biziň hemmämiz Ýehowa bilen dostlaşmaly, adamlara ýagşylyk etmeli we Hudaýy razy edip ýaşamaly. Belki, sende-de ýygnak hyzmatçylaryna mahsus häsiýetleriň eýýäm köpüsi bardyr. Geliň, ýygnak hyzmatçysy bolmak isleýän doganlardan edilýän talaplar hakda gürrüň edeliň.

MAKSADYŇA ÝETMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

14. «Jogapkärli bolmaly» diýmek nämäni aňladýar? (1 Timoteos 3:8—10, 12).

14 Geliň, 1 Timoteos 3:8—10, 12-nji aýatlardaky (okaň) käbir talaplara seredeliň. Ýygnak hyzmatçysy «jogapkärli bolmaly». Jogapkärli diýen söz «hormata mynasyp», «sylanýan» diýip hem terjime edilýär. Elbetde, bu onuň gülmeli ýa-da degişmeli däldigini aňlatmaýar (Nes. 3:1, 4). Gaýtam tabşyrylan işe sowuk-sala garamaly däldigini aňladýar. Eger sen ynamdar bolsaň, dogan-uýalaryň hormatyny gazanarsyň.

15. «Ikiýüzli bolmaly däl» we «açgözlük bilen haram gazanç etmeli däl» diýen jümleler nämäni aňladýar?

15 «Ikiýüzli bolmaly däl» diýen jümle akýürekli, dogruçyl we hakykaty aýdýan diýmegi aňladýar. Beren sözüňde dur we adamlary aldama! (Nak. 3:32). Hyzmatçy bolmak isleýän adam «açgözlük bilen haram gazanç» etmeli däl. Diýmek, ol söwda-satyk we pul meselesinde dogruçyl bolmaly. Açgözlük bilen pul gazanmak üçin dogan-uýalardan peýdalanmaly däl.

16. a) «Köp şerap içmeli däl» diýen jümle nämäni aňladýar? b) «Päk ynsaply bolmaly» diýen jümle nämäni aňladýar?

16 «Hyzmatçy köp şerap içmeli däl». Diýmek, ol çendenaşa köp içmeli däl ýa-da içegen diýip tanalmaly däl. «Päk ynsaply bolmaly» diýen jümle Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagy aňladýar. Bikämil bolsa-da, şeýle adam Ýehowa bilen ýakyn dost bolýar we kalby rahat bolýar.

17. Hyzmatçy bolmak isleýän dogan tabşyrylan ýumuşlara näme üçin sowuk-sala garamaly däl? (1 Timoteos 3:10; surata serediň).

17 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, doganlary ýygnak hyzmatçysy bellemezden öň, olary «barlap görmeli». Ýaşulular seniň tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirişiňe üns berer. Şonuň üçin ýaşulular ýumuş tabşyranda olaryň aýdyşy ýaly et we guramanyň berýän görkezmesine eýer. Tabşyrylan ýumşa doly düşün we ony näçe wagtda etmelidigini anykla. Eger sen ýaşulularyň tabşyran işini höwes bilen etseň, dogan-uýalar gadyryňy biler we minnetdar bolar. Ýaşulular, suwa çümdürilen doganlara tälim beriň (1 Timoteos 3:10-y okaň). Siziň ýygnagyňyzda 10—14 ýaşly ýa-da ondan kiçi suwa çümdürilen doganlar barmy? Olar yzygiderli şahsy okuwyny geçirýärmi, ýygnaklara taýýarlanýarmy, her ýygnakda jogap berýärmi we wagza çykýarmy? Eger şeýle bolsa, olara ýaşyna görä ýumuş tabşyryň. Şeýdip, olaryň hyzmatçy bolmaga taýynmy ýa-da taýyn däldigini barlap bilersiňiz. Olar 17 ýaşyna ýetende bolsa, ýygnak hyzmatçysy edip belläp bolar.

Ýaşulular suwa çümdürilen doganlara iş tabşyryp, olary «barlap» biler (17-nji abzasa serediň).


18. «Hiç kim ýazgarmaly däl» diýen jümle nämäni aňladýar?

18 Hyzmatçy bolmak isleýän dogany «hiç kim ýazgarmaly däl». Ol erbet işleri etmekde ýa-da Hudaýyň kanunyny bozmakda aýyplanmaly däl. Elbetde, mesihçilere köplenç sebäpsiz ýere töhmet atýarlar. Isa-da birnäçe gezek töhmet atypdylar. Ol şägirtlerine-de töhmet atyljakdygyny aýdypdy (Ýah. 15:20). Ýöne şonda-da Isa ýaly halal, dogruçyl ýaşasaň ýygnakda ýagşy adyň bolar (Mat. 11:19).

19. Hyzmatçynyň «bir aýaly bolmaly» diýlende näme göz öňünde tutulýar?

19 Hyzmatçynyň «bir aýaly bolmaly». Ýehowa erkegi hem aýaly ýaradyp ilkinji maşgalany döretdi. Ýehowanyň niýetine görä, äriň bir aýaly, aýalyň hem bir äri bolmaly (Mat. 19:3—9). Ähli mesihçilerem Ýehowanyň şu tabşyrygyna eýermeli. Mesihçi ahlaksyzlykdan gaça durmaly (Ýew. 13:4). Onsoňam, dogan aýalyna wepaly bolmaly we başga gelin-gyzlar bilen göz-gaş kakyşmaly däl (Eýp. 31:1).

20. Maşgalaň hakda «gowy alada etmek» nämäni aňladýar?

20 «Ol maşgalasy, esasan-da, çagalary hakda gowy alada edýän adam bolmaly». Eger sen maşgalabaşy bolsaň köp zatda jogapkärdigiňi unutma. Her hepde maşgala okuwyny geçir, aýalyň, çagalaryň bilen wagza çyk. Çagalaryňa Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek et (Efes. 6:4). Aýalynyň we çagalarynyň gowy aladasyny edýän adam ýygnakdaky dogan-uýalaryňam aladasyny edip biler (1 Timoteos 3:5-i deňeşdiriň).

21. Ýygnak hyzmatçysy bolmak isleýän doganlar näme edip biler?

21 Gadyrly doganlar, eger siz ýygnakda hyzmatçy bolmak isleýän bolsaňyz onda şu makaladaky pikirleri ünsli okaň we Ýehowa doga edip kömek soraň. Hyzmatçylardan edilýän talaplary birin-birin öwreniň we olara eýermek üçin jan ediň. Ýehowany we dogan-uýalary ýürekden söýüň (1 Pet. 4:8, 10). Olara näme üçin hyzmat etmek isleýändigiňiz hakda oýlanyň. Ýygnak hyzmatçysy bolmaga jan ediň. Dogan-uýalara ýagşylyk etseňiz, sizden bagtly adam bolmaz. Ýehowa-da edýän her bir tagallaňyzy hökman sylaglar (Flp. 2:13).

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

a SURAT: Isa pygamber şägirtlerine pesgöwünlilik bilen hyzmat edýär (çepde). Hyzmatçy dogan ýaşuly dogana kömek edýär (sagda).