Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

45-NJI MAKALA

138-NJI AÝDYM Agaran saçlar şöhrat täjidir

Hudaýhon gojalaryň öwüt-nesihaty

Hudaýhon gojalaryň öwüt-nesihaty

«Akyldarlyk garrylarda dälmi? Düşünje uzak ömürde dälmi?» (Eýp. 12:12).

ESASY PIKIR

Ýehowa gulak asýan adam häzirden köp bereket alýar, gelejekde bolsa ebedi ýaşar.

1. Biz näme üçin garry dogan-uýalaryň öwüt-ündewine gulak asmaly?

 DURMUŞDA ýalňyşmaz ýaly her birimize maslahat gerek bolýar. Biz gowy maslahaty ýaşululardan we ruhy taýdan ösen dogan-uýalardan alyp bileris. Elbetde, biz garry dogan-uýalaryň hem öwüt-ündewine gulak asmaly. Biz: «Indi döwür üýtgedi, garrylaryň maslahatynyň peýdasy ýok» diýip pikir etmeli däl. Ýehowa biziň garry dogan-uýalardan köp zat öwrenmegimizi isleýär. Sebäbi olar köpi gören, düşünjeli we paýhasly adamlar (Eýp. 12:12).

2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Geçmişde Ýehowa wepaly gojalar arkaly halkyny ruhlandyrypdyr we görkezme beripdir. Geliň, Musa, Dawut pygamber we Ýahýa resul hakda gürrüň edeliň. Olar dürli döwürde ýaşadylar we durmuşy hem biri-birinden tapawutlanýardy. Musa-da, Dawut pygamberem, Ýahýa resul hem ömrüniň ahyrynda ýaşlara öwüt-nesihat berdiler. Olar Ýehowa gulak asýan adamyň bagtly ýaşaýandygyny ýazdylar. Ýehowa hem olaryň aýdan sözlerini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Olaryň beren maslahaty ýaşlara-da, garrylara-da peýdaly (Rim. 15:4; 2 Tim. 3:16). Şu makalada olaryň nähili öwüt-nesihat berendigini we olaryň bize nähili peýdasynyň bardygyny bileris.

«SIZ UZAK ÝAŞARSYŇYZ»

3. Musa Ýehowanyň kömegi bilen nähili işleri etdi?

3 Musa bütin ömrüne Ýehowa wepaly boldy. Ol pygamber, kazy, baştutan we taryhçydy. Musa pygamber durmuşyň ajysynam, süýjüsinem dadypdy. Ol ysraýyl halkyny Müsürden çykardy we Ýehowanyň gudratlaryny gözi bilen görüpdi. Musa Mukaddes Kitabyň ilkinji bäş kitabyny we Zebur 90-njy baby ýazdy. Şeýle-de ol Zebur 91-nji baby we Eýýup kitabyny ýazan bolmaly.

4. Musa kimlere öwüt-nesihat berdi we näme üçin?

4 Musa pygamber ölüminiň öň ýanynda tutuş ysraýyl halkyny ýygnaýar. Sebäbi olara soňky gezek öwüt-nesihat bermek isleýär. Halkyň arasynda ýaş wagty Ýehowanyň gudratlarynyň we Müsüre çykaran höküminiň diri şaýady bolan adamlar hem bardy (2 Mus. 7:3, 4). Olar Gyzyl deňziniň ikä bölünişini, faraonyň goşunynyň derbi-dagyn bolşuny gözi bilen gördüler (2 Mus. 14:29—31). Ýehowa olary çölde howp-hatardan gorady, eliniň aýasynda saklady (5 Mus. 8:3, 4). Indi bolsa ysraýyl halky wada edilen ýurduň bosagasynda durdy. Musa-da olary soňky gezek ruhlandyrdy a.

5. Musa pygamberiň sözleri halky näme üçin ruhlandyrandyr? (5 Musa 30:19, 20).

5 Musa pygamber näme diýdi? (5 Musa 30:19, 20-nji aýatlary okaň). Ysraýyl halkyna ajaýyp durmuş garaşýardy. Ýehowa ysraýyllary süýt we bal akýan ýurtda uzak ýaşatmak isleýärdi. Ysraýyllaryň ýaşajak ýurduny, miweli agaçlaryny, mes toprakly ýerlerini görmäge göz gerekdi. Musa pygamber ol ýurdy taryplap şeýle diýdi: «Öz eliňiz bilen gurmasaňyz-da, uly, owadan şäherlerde ýaşarsyňyz, özüňiz gazanmasaňyz-da, öýüňiz zatdan doly bolar, gazmadyk guýularyňyzdan suw içersiňiz, ekmedik üzümleriňizi, zeýtunlaryňyzy hezil edip iýersiňiz» (5 Mus. 6:10, 11).

6. Hudaý näme üçin halkyny duşmanlaryň eline berdi?

6 Musa pygamber ysraýyllara duýduryş hem berdi. Olar süýt we bal akýan ýurtda uzak ýaşar ýaly, Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asmalydylar. Musa pygamber olara «ýaşaýşy saýlamalydygyny», «Ýehowa... gulak asyp, wepaly bolmalydygyny» aýtdy. Ýöne ysraýyl halky Ýehowadan ýüz öwürdi. Şonuň üçinem Hudaý ilki assiriýalylara, soňra wawilonlylara olaryň ýurduny basyp alyp, halkyny bolsa sürgün etmäge ýol berdi (2 Pat. 17:6—8, 13, 14; 2 Tar. 36:15—17, 20).

7. Musa pygamberiň sözlerinden biz näme öwrenýäris? (Surata serediň).

7 Biz näme öwrenýäris? Gulak asýan adamlar uzak ömür sürerler. Ysraýyllar ýaly bizem täze dünýäniň bosagasynda durus. Biz tizden bütin ýer ýüzüniň Jennete öwrülişini gözümiz bilen göreris (Işa. 35:1; Luka 23:43). Şonda Şeýtan, jynlar, adamlary Ýehowadan daşlaşdyrýan ýalan dinler we raýatlaryny ezýän, kemsidýän ynsan hökümetleri bolmaz (Ylh. 20:2, 3; 17:16; 19:19, 20). Şeýle-de Jennetde erbet adamlar asla bolmaz (Zeb. 37:10, 11). Ähli adamlar Ýehowanyň adalatly kada-kanunlaryna gulak asyp, agzybir we parahat ýaşar. Olar biri-birine ýagşylyk edip, dost-dogan bolup ýaşar (Işa. 11:9). Jennetde durmuş göz öňüne getirişimizden hem gowy bolar. Eger biz Ýehowa gulak assak, täze dünýäde ýüz ýyl däl, ebedi ýaşarys (Zeb. 37:29; Ýah. 3:16).

Biz Ýehowa gulak assak, täze dünýäde ýüz ýyl däl, ebedi ýaşarys (7-nji abzasa serediň).


8. Ýehowanyň wadasy missioner dogana nädip kömek etdi? (Ýahuda 20, 21).

8 Biz Ýehowanyň ebedi ýaşaýşy tizden berjekdigini ýatda saklasak, nähili kynçylyk bolsa-da, Oňa gulak asyp wepaly bolarys (Ýahuda 20, 21-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň berýän wadasy ejizliklerimizi ýeňmäge-de kömek edýär. Afrikada köp wagtlap missioner bolup gulluk eden dogan ejizligini ýeňmäge nämäniň kömek edendigini şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowany gynandyrýan işleri etsem ebedi ýaşaýyşdan mahrum boljakdygyma düşünýärdim. Şonuň üçin ejizligim bilen göreşmegi ýüregime düwdüm. Men aglap Ýehowa doga etdim. Ýehowa Atam maňa ejizligimi ýeňmäge kömek etdi».

«ÄHLI IŞIŇ UGRUNA BOLAR»

9. Dawut nähili kynçylyklary başdan geçirdi?

9 Dawut Ýehowanyň bellän patyşasydy. Ol sazanda, şahyr, serkerde we pygamberdi. Dawut durmuşyň gatysyny gören adamdy. Ol görip Şawul patyşadan birnäçe ýyllap gaçyp gezmeli boldy. Patyşa bolansoňam gowy günler görmedi. Ogly Abselim atasyna baş galdyryp, tagtyny eýelejek boldy. Şonuň üçin Dawut köşgi taşlap gitmeli boldy. Dawut köp kynçylyklary görse-de, ýalňyşlyk goýberse-de, ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly boldy. Ýehowa hem oňa: «Göwnüme ýaraýan adam» diýdi. Geliň, Dawut pygamberiň ýaşlara nähili öwüt-nesihat berendigini bileliň (Res. 13:22; 1 Pat. 15:5).

10. Dawut ogly Süleýmana näme üçin öwüt-nesihat berdi?

10 Geliň, Dawut patyşanyň ogluna, mirasdüşeri Süleýmana nähili öwüt-ündew berendigini bileliň. Süleýmany hem patyşa edip Ýehowa saýlapdy. Süleýman halk Ýehowa sežde eder ýaly ybadathana gurmalydy. Ýöne ol ýaşdy, etmeli işem köpdi (1 Tar. 22:5). Üstesine-de, her hili kynçylyklar ýüze çykyp bilýärdi. Dawut ogly Süleýmana nähili wesýet ederkä? Geliň, bileliň.

11. Dawut ogly Süleýmana nähili wesýet etdi we onuň aýdanlarynyň hakdygyny näme subut edýär? (1 Patyşalar 2:2, 3; surata serediň).

11 Dawut patyşa näme diýdi? (1 Patyşalar 2:2, 3-nji aýatlary okaň). Ol ogly Süleýmana Ýehowa gulak assa, eden işiniň ugruna boljakdygyny aýtdy (1 Tar. 29:23—25). Süleýman Ýehowanyň kömegi bilen köp işleri etdi. Ol beýik ybadathana gurdy, Mukaddes Kitabyň käbir kitaplaryny ýazdy. Şeýle-de onuň sözleri Mukaddes Kitabyň başga kitaplaryna-da goşuldy. Süleýmanyň akyldarlygy we baýlygy bütin dünýä ýaň saldy (1 Pat. 4:34). Dawudyň aýdyşy ýaly, Süleýman diňe Ýehowa gulak asanda eden işleri ugruna bolýardy. Gynansak-da, Süleýman garran çagy butlara sežde etdi. Şonda Ýehowa gaty gynandy. Indi ol Süleýmana öňki ýaly akyldarlyk we bereket bermeýärdi. Şonuň üçin Süleýman ýurduny adalatly dolandyryp bilmeýärdi (1 Pat. 11:9, 10; 12:4).

Dawut patyşanyň ogluna beren öwüt-ündewinden görşümiz ýaly, Ýehowa gulak assak paýhasly karara geleris (11, 12-nji abzaslara serediň) b.


12. Dawudyň öwüt-nesihatyndan näme öwrenýäris?

12 Biz näme öwrenýäris? Hudaýa gulak asýan adamyň eden işi ugruna bolýar (Zeb. 1:1—3). Elbetde, Ýehowa bize Süleýmanyňky ýaly baýlyk, şan-şöhrat bermeýär. Ýöne ol bize durmuşda ýalňyşmaz ýaly akyldarlyk berýär (Nak. 2:6, 7; Ýak. 1:5). Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşaýan adam işlemek, bilim almak, dynç almak we pul gazanmak meselesinde dogry karara gelýär. Ol Hudaý bilen dostlugyny bozýan zatlary etmeýär (Nak. 2:10, 11). Adamlar bilen oňşukly ýaşaýar, onuň maşgalasy agzybir we bagtly bolýar.

13. Karmen bagtly bolmagyň syryna nädip düşündi?

13 Mozambikde ýaşaýan Karmen atly gyz bagtly bolmak üçin ýokary bilim almalydyr öýdýärdi. Ol uniwersitete okuwa girýär we binagärlik fakultetinde okap başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men okuwymy gaty gowy görýärdim. Ýöne halys ýadaýardym, hiç zada ýetişmeýärdim. Men irden sagat 7:30-dan, agşam sagat 18:00-a çenli okaýardym. Ýygnaklara bir barsam, bir barmaýardym. Hudaýa imanym gün-günden gowşaýardy. Men iki hojaýyna hyzmat etjek bolýardym» (Mat. 6:24). Soňra Karmen Ýehowa içini döküp doga edýär we edebiýatlarymyzdan gözleg geçirýär. Ol şeýle diýýär: «Ýaşulular we ejem maslahat berensoň, men uniwersiteti taşladym, pioner gullugyna başladym. Şu meniň ömrümde gelen iň gowy kararym. Men şeýle karara gelenime hiç hili ökünmeýärin».

14. Pygamberleriň öwüt-nesihatynyň düýp manysy näme?

14 Musa pygamberem, Dawut patyşa-da Ýehowany gowy görýärdi we oňa hemişe gulak asýardy. Ömrüniň ahyrynda olar Hudaýa wepaly bolmagy maslahat berdiler. Olar Hudaýa gulak asmaýan adamyň Ýehowanyň berekedinden mahrum bolýandygyny hem aýtdylar. Olaryň öwüt-nesihatyna gulak assak köp peýda alarys. Birnäçe asyr geçensoň, goja Ýahýa resulam Ýehowa wepaly bolmagyň wajypdygyny nygtap geçdi.

«ŞATLYGYMYŇ ÇÄGI BOLMADY»

15. Ýahýa resulyň başdan geçirenlerini gürrüň beriň.

15 Ýahýa Isanyň gowy görýän dosty hem şägirdidi (Mat. 10:2; Ýah. 19:26). Ol Isa bilen şäher-şäher, oba-oba aýlanyp wagyz etdi, gudratlarynyň şaýady boldy. Kyn günlerde Isany taşlap gitmedi. Şeýle-de ol Isanyň höküm edilişini we direlişini gözi bilen gördi. Ýahýa resul I asyrda az sanly şägirtleriň köpelip uly ýygnaklaryň dörändigini, «hoş habaryň gök astyndaky ähli adamlara wagyz edilendigini» gördi (Kol. 1:23).

16. Ýahýanyň hatlary kimleri ruhlandyrýar?

16 Ýahýa resul Hudaýyň ylhamy bilen birnäçe kitaplary ýazdy. Ol mukaddes ruhuň kömegi bilen Ylham kitabyny ýazdy (Ylh. 1:1). Şeýle-de adyny göterýän Hoş habary we üç sany hat ýazdy. Ol üçünji hatyny Gaý atly şägirde ýazdy. Ýahýa resul ony ogly ýaly gowy görýärdi (3 Ýah. 1). Ol ýygnakdaky dogan-uýalaryň her birini ogul-gyzy ýaly söýýärdi. Goja Ýahýanyň hatlary şu günler bizi hem ruhlandyrýar.

17. 3 Ýahýa 4-e görä şatlanyp ýaşamak üçin näme etmeli?

17 Ýahýa resul näme ýazdy? (3 Ýahýa 4-i okaň). Ol Hudaýa gulak asýan adamlaryň şatlanyp ýaşaýandygyny ýazdy. Ýahýa üçünji hatyny ýazanda käbir adamlar ýygnakda ýalan taglymatlary öwredýärdi we bölünişik döredýärdi. Ýöne ýygnakda «hakykat ýolunda ýöreýänler» hem bardy. Olar Ýehowa gulak asyp, onuň tabşyryklaryny berjaý edip ýaşaýardylar (2 Ýah. 4, 6). Şol mesihçiler Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asyp diňe Ýahýany däl, Ýehowany hem begendirýärdi (Nak. 27:11).

18. Ýahýanyň sözlerinden näme öwrenýäris?

18 Biz näme öwrenýäris? Hudaýa wepaly adam şatlanyp ýaşaýar (1 Ýah. 5:3). Biz Ýehowany razy edýändigimize begenýäris. Ol biziň şu dünýä gyzman hakykaty kabul edendigimize guwanýar (Nak. 23:15). Muňa perişdeler hem şatlanýar (Luka 15:10). Biz dogan-uýalaryň kynçylyklara, synaglara garamazdan Hudaýa wepaly bolýandygyny görüp diýseň begenýäris. Tizden Şeýtanyň dünýäsi ýok ediler, biz Jennetde ebedi ýaşarys (2 Sel. 1:4). Şonda zalym dünýäniň soňunda Ýehowa wepaly bolandygymyza örän begeneris.

19. Reýçel uýa adamlara hakykaty wagyz etmegiň şatlyk berýändigini nädip düşündirýär? (Surata serediň).

19 Biz adamlara hakykaty wagyz edenimizde hasam şatlanýarys. Dominikan Respublikasynda ýaşaýan Reýçel adamlara hak Hudaýy tanatmagyň uly hormatdygyny aýdýar. Reýçel köp adamlara Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek etdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Okuw geçýän adamlarymyň Ýehowa bilen dostlaşýandygyny, oňa bil baglaýandygyny we Ýehowany razy etmek üçin durmuşyny üýtgedýändigini görenimde şatlygymyň çägi bolmaýar. Akýürekli adamlara Ýehowany tanatmak üçin tagalla edeniňe we köp zatdan geçeniňe degýär. Şeýle şatlygy başga hiç zat bermeýär».

Biz adamlara Ýehowa gulak asmagy öwredip şatlanýarys (19-njy abzasa serediň).


ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GARRYLAR GEREK

20. Biziň Musa, Dawut pygamberler we Ýahýa resul bilen nähili meňzeş tarapymyz bar?

20 Elbetde, biziň ýaşaýan döwrümiz Musa, Dawut pygamberleriň we Ýahýa resulyň günlerinden tapawutlanýar. Emma bizem olar ýaly hak Hudaýa gulluk edýäris, Ýehowa doga edýäris, bil baglaýarys we görkezme soraýarys. Üç hudaýhon adam ýaly bizem gulak asýan adamlara Ýehowanyň bereket berýändigine ynanýarys.

21. Üç wepaly gojanyň öwüt-nesihatyna gulak asýan adamlar nähili bereket alar?

21 Geliň, üç sany wepaly gojanyň beren öwüt-nesihatyna eýerip Ýehowa gulak asalyň. Şonda eden işimiz ugruna bolar, uzak ömür süreris, ýagny ebedi ýaşarys (5 Mus. 30:20). Şeýle-de Ýehowany razy edip ýürekden şatlanarys. Gökdäki Atamyz tizden wadasyny ýerine ýetirer, bize bol bereket berer. Jennetde durmuş göz öňüne getirişimizden hem gowy bolar (Efes. 3:20).

129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň

a Ýehowanyň Gyzyl deňzinde görkezen gudratlaryny gören ysraýyllaryň köpüsi wada edilen ýurda girip bilmediler (4 Mus. 14:22, 23). Sebäbi Ýehowa 20 ýaşdan uly ysraýyllaryň çölde öljekdigini aýdypdy (4 Mus. 14:29). Ýuşa, Kalep, wepaly lewiler we ýaş ysraýyllaryň köpüsi Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetişini gördüler. Olar Iordan derýasyndan geçip, Kengan topragyny miras aldylar (5 Mus. 1:24—40).

b SURAT: Dawut patyşa ogly Süleýmana öwüt-ündew berýär (çepde). Dogan-uýalar pionerler mekdebinde okaýar (sagda).