Ýüz ýyl mundan öň (1922)
«HUDAÝ... Isa Mesih arkaly... ýeňiş gazanmaga kömek edýär» (1 Kor. 15:57). Şu aýat 1922-nji ýylyň aýady hökmünde saýlandy we Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň imanyny berkitdi. Ýehowa olaryň ynamyny ödäp wagyz işine ak pata berdi. Şol ýyl olar kitap çap edip başladylar we radioda Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdiler. Ýehowanyň halkyna bereket berýändigi 1922-nji ýylyň ahyrynda has aýdyň göründi. Mukaddes Kitaby öwrenýänler Sidar-Poýntda (Ogaýo ştaty) kongres geçirdiler. Kongres Hudaýyň halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.
«GOWY TEKLIP!»
Wagyz işi uly depginde alnyp barylýandygy üçin paýlanylýan edebiýatlar ýetmän başlady. Bruklindäki Beýtelde žurnallary çap edýärdiler. Ýöne kitaplar çaphanalara hakyny töläp çap etdirilýärdi. Olaryň çap edýän kitaplary azlyk edýärdi. Şol sebäpli Ruterford dogan Robert Martinden: «Kitaplary özümiz çap edip bilmerismi?» diýip sorady. Martin dogan guramanyň çaphanasyna gözegçilik edýärdi.
Martin dogan şeýle ýatlaýar: «Ruterford gowy teklip aýtdy». Biz kitap çap etmek üçin gerekli enjamlary satyn almalydyk. Doganlar Bruklinden (Konkord-strit, 18) bir binany kireýne aldy we çap etmek üçin enjamlary satyn aldy.
Biziň kitap çap etmegimiz hemmelere ýaramady. Kitap çap edip berýän kärhananyň başlygy çaphanamyza gelip: «Gowy enjamlar-a satyn alypsyňyz, ýöne hiç biriňiziň başyňyz çykanok. Alty aýa ýetmän bularyň hiç birinden derek galmaz» diýdi.
Martin dogan şeýle diýýär: «Onuň aýdýanynyň jany bar, ýöne biz ähli zady Ýehowa tabşyrdyk, olam bizi goldady». Martin doganyň aýdyşy ýaly-da boldy. Tizden her gün 2 000 kitap çap edilip başlandy.
RADIO ARKALY WAGYZ EDÝÄRIS
Biz diňe bir kitap çap etmän, radioda-da hoş habary wagyz edip başladyk. 1922-nji ýylyň 26-njy fewralynda ýekşenbe güni öýlän Ruterford dogan Los-Anjeles şäherindäki bir radio stansiýasynda ilkinji sapar nutuk bilen çykyş etdi. Nutugynyň
ady: «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!»Nutugy 25 000 adam diňledi. Olaryň käbiri minnetdarlyk hatyny hem ýazdy. Santa-Ana şäheriniň (Kaliforniýa ştaty) ýaşaýjysy Wilword Aşfort Ruterford dogana gyzykly we täsirli nutugy üçin sag bolsun aýtdy. Ol şeýle ýazýar: «Biziň öýümizde üç sany hassa bar. Biz öýden çykyp bilemizok. Eger siz goňşymyza gelip, nutuk aýdan bolsaňyz-da diňläp bilmezdik».
Radioda ýene-de köp nutuklar aýdyldy. «Garawul diňinde» aýdylmagyna görä, 1922-nji ýylyň ahyryna çenli hoş habary radio arkaly 300 000-den gowrak adam eşitdi.
Şeýlelikde, Mukaddes Kitaby öwrenýänler Brukliniň golaýyndaky Staten adasynda radio stansiýa gurmak islediler. Şondan soň WBBR radio stansiýasy arkaly hoş habary köp adam eşitdi.
«ADV»
1922-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda 5—13-nji sentýabr aralygynda kongresiň geçjekdigi bildiriş edildi. Dogan-uýalar bildirişi eşidip begendiler. Olar Sidar Poýnta (Ogaýo ştaty) kongrese baranlarynda şatlygynyň çägi bolmady.
Ruterford dogan birinji nutugynda şeýle diýdi: «Halypamyzyň şu kongrese ak pata berjekdigine we hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz ediljekdigine ynanýaryn». Kongresde çykyş eden nutukçylar-da dogan-uýalary hoş habary yhlasly wagyz etmäge höweslendirdiler.
Sekizinji sentýabrda anna güni Ruterford doganyň nutugyny diňlemäge 8 000 adam geldi. Olar doganyň «ADV» harplarynyň manysyny düşündirjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Belki, oturanlaryň käbiri sahnada düýrlenip asylgy
duran zada üns berendir. Talsa şäherinde (Oklahoma ştaty) ýaşaýan Artur Klaus kongrese geldi. Ol aýdylýan pikirleri gowy eşitmek üçin öňdäki hatarda oturdy. Sebäbi şol döwür mikrofon we sesi güýçlendirýän enjamlar ýokdy.«Biz nutugyň ýekeje sözüni hem gaçyrmak islemeýärdik»
Kongresi alyp barýan dogan diňleýjileriň ünsi bölünmez ýaly binadan çykanlaryň yzyna goýberilmejekdigini aýtdy. Ruterford dogan 9:30-da Isanyň Matta 4:17-däki: «Gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy» diýen sözler bilen nutuga başlady. Ol hoş habaryň adamlara nädip wagyz ediljekdigini şeýle düşündirdi: «Isa soňky günlerde hasyl işine gatnaşjakdygyny we akýürekli, wepaly adamlary özüniň ýygnajakdygyny aýtdy».
Artur dogan şeýle diýýär: «Biz nutugy ünsli diňleýärdik». Birdenkä Artur dogan özüni erbet duýup başlaýar. Ol nutugyň yzyny diňläp bilmejekdigine gynansa-da, binadan çykyp gitmeli bolýar.
Biraz wagtdan ol yzyna dolanyp gelende, binadaky adamlaryň el çarpýandyklaryny eşidýär we näme bolandygyny bilesi gelýär. Şol sebäpli ol binanyň üçegine çykyp nutugyň yzyny diňläýsemmikäm diýip oýlanyp başlaýar. Şol wagt Artur dogan 23 ýaşlaryndady. Ol binanyň üçegine çykýar. Üçegiň aýnasy açyk eken, nutukçynyň sesi hem gowy eşidilýärdi.
Üçekde başga-da doganlar bardy. Frank dogan Arturyň ýanyna ylgap gelip: «Pyçagyň barmy?» diýip soraýar.
Arturam: «Hawa, bar!» diýýär.
Frank Artura: «Ýehowa dogamyza jogap berdi. Biz Hudaýa pyçak tapmaga kömek et diýip doga etdik. Şol düýrlenen a ünsli diňle. Ol: „Wagyz ediň, wagyz ediň!“ diýende dört ýüpi hem kes» diýýär.
matany görýäňmi? KazynyArtur we ýanyndaky doganlar yşarat edilmegine garaşýardylar. Tizden Ruterford doganyň nutugynyň tolgundyryjy ýeri-de geldi. Ol joşup batly ses bilen şeýle diýdi: «Halypamyzyň wepaly we hakyky şaýady boluň! Beýik Wawilon ýok edilýänçä gaýduwsyz göreş alyp baryň! Wagyz ediň! Bütin dünýä Ýehowanyň hak Hudaýdygyny we Isa Mesihiň patyşalaryň Patyşasydygyny, hökümdarlaryň Hökümdarydygyny hökman bilmeli. Biz taryhda hiç haçan gaýtalanmajak döwürde ýaşaýarys. Ynha, Patyşa höküm sürýär, siz onuň jarçylary. Şonuň üçin Patyşany we Patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň!»
Doganlar ýüpleri kesenlerinde mata ýazylyp gidýär. Onuň ýüzünde «Patyşany we Patyşalygyny wagyz ediň!» diýen ýazgy bardy. Şonda oturanlar «ADV» harplarynyň manysyna düşündiler. «ADV» harplary iňlis dilinde «wagyz etmek» diýen sözüniň ilkinji üç harpydy.
WAGYZ ETMEK BAGTLY EDÝÄR
Sidar-Poýntda geçirilen kongres dogan-uýalara Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmegi birinji orunda goýmaga höweslendirdi. Yhlasly wagyzçylar şeýle wajyp işe goşandyny goşup bilýändigine örän begenýärdiler. Oklahomada ýaşaýan kitap paýlaýan dogan (şol wagt pionerler şeýle atlandyrylýardy) şeýle diýýär: «Biz kömür gazylyp alynýan welaýatda wagyz edýärdik. Ol ýerdäki adamlar juda garyp ýaşaýardy. Biz „Altyn asyr“ žurnalyndaky göwünlik beriji habary okap berenimizde, olar tolgunyp gözýaşyny saklap bilmeýärdi. Umytsyz adamlaryň azajyk hem bolsa ýüküni ýeňletmek şatlyk berýär».
Isanyň Luka 10:2-däki: «Hasyl bol ýöne işçi az» diýen sözleri Mukaddes Kitaby öwrenýänlere şeýle bir täsir etdi welin, olar Hudaýyň Patyşalygy hakda has-da yhlasly wagyz etmegi ýüregine düwdüler.
a Ruterford dogan Missuri ştatynda (ABŞ) aklawçy we kazy bolup işländigi üçin, oňa «kazy» hem diýýärdiler.