Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

42-NJI MAKALA

Ýehowa wepaly adam bagtlydyr!

Ýehowa wepaly adam bagtlydyr!

«Ýehowa Hudaýa wepaly adam, kanunyny berjaý edýän adam bagtlydyr!» (Zeb. 119:1).

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

MAZMUNY a

Ýehowanyň hökümdarlygyny goldan dogan-uýalar türmede oturdylar. Käbiri bolsa häzir hem türmede otyrlar (1, 2-nji abzaslara serediň).

1, 2. a) Käbir döwlet işgärleri Hudaýyň halkyna nädip garşy çykýarlar? b) Yzarlamalara döz gelýän dogan-uýalaryň şatlygynyň syry nämede? (Daşky sahypadaky surata serediň).

 ŞU GÜNLER Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi 30-dan gowrak döwletde çäklendirildi ýa-da gadagan edildi. Käbir döwlet işgärleri bolsa dogan-uýalary türmä basýarlar. Olar näme etdiler? Olar Mukaddes Kitaby okaýarlar, iman edýän zatlary barada adamlara gürrüň berýärler we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarlar. Şeýle-de olar syýasata goşulmaýarlar. Emma olar hiç hili erbet zat etmeýärler. Gaýtam garşylyklara garamazdan Ýehowa wepaly b bolýarlar. Olar agyr synaglarda berk durup bilendikleri üçin örän begenýärler.

2 Siz agyr synaglara döz gelýän dogan-uýalaryň ýylgyryp düşen suratlaryny gördüňizmi? Olaryň şatlygynyň syry nämede? Olar synaglarda Ýehowa wepaly bolandyklaryna begenýärler (1 Tar. 29:17a). Isa pygamber şeýle diýdi: «Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr. . . Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökdäki sylagyňyz uludyr» (Mat. 5:10—12).

BIZE GÖRELDE BOLANLAR

Petrus bilen Ýahýanyň göreldesine eýerip, kazyýetde imanymyz barada gürrüň berip bilýäris (3, 4-nji abzaslar).

3. Resullara wagyz etmegi gadagan edenlerinde näme etdiler we näme üçin? (Resullar 4:19, 20).

3 Şu günler dogan-uýalary I asyrdaky resullar ýaly Isanyň ady hakda wagyz edýändikleri üçin yzarlaýarlar. I asyrda Mejlisiň agzalary resullara «Isanyň ady hakda wagyz etmezligi» gaýta-gaýta tabşyrdylar (Res. 4:18; 5:27, 28, 40). Resullar näme etdiler? (Resullar 4:19, 20-nji aýatlary okaň). Olar Isanyň ady hakda wagyz etmegi has ygtyýarly biriniň tabşyrandygyna düşünýärdiler (Res. 10:42). Petrus bilen Ýahýa Mejlisdäki kazylara Hudaýa gulak asyp, Isanyň ady hakda wagyz etjekdiklerini batyrgaýlyk bilen aýtdylar. Olar hamala «siziň hudaýa däl-de, özüňize gulak as diýmäge neneň diliňiz barýar» diýen ýaly boldy.

4. Biz resullaryň göreldesine nädip eýerip bileris? (Resullar 5:27—29).

4 Resullar adamlara däl-de, «Hökümdar Hudaýa gulak asmak» babatda gowy görelde galdyrdy (Resullar 5:27—29-njy aýatlary okaň). «Şägirtler Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna begenip, Mejlisden çykyp gaýtdylar». Olary gamçylap ursalar-da Hudaýa wepaly boldular we hoş habary yhlasly wagyz etdiler (Res. 5:40—42).

5. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

5 Resullar bilen bolan waka hakda oýlananymyzda käbir soraglar döreýär. Meselem, olar adamlara däl-de, «Hökümdar Hudaýa gulak asmalydygyny» aýtdy. Onda biz Mukaddes Kitapdaky «ýokary häkimiýetlere tabyn boluň» diýen görkezmä eýermeli dälmi? (Rim. 13:1). Pawlus resul ýokary «häkimiýetlere tabyn boluň» diýdi. Biz Hudaýyň kada-kanunlaryny bozman nädip ýokary häkimiýetlere tabyn bolup bileris? (Tit. 3:1).

«ÝOKARY HÄKIMIÝETLER»

6. a) Rimliler 13:1-däki «ýokary häkimiýetler» kimleri aňladýar we olara näme üçin hormat goýmaly? b) Döwlet işgärleriniň erk-ygtyýarynyň çäklidigini nireden bilýäris?

6 Rimliler 13:1-i okaň. Aýatdaky «ýokary häkimiýetler» diýen jümle erk-ygtyýarly döwlet işgärlerini aňladýar. Mesihçiler olara tabyn bolmaly, sebäbi olar parahatlygyň bolmagyna we kanunyň berjaý edilmegine gözegçilik edýärler. Käte Hudaýyň halkyny hem goraýarlar (Ylh. 12:16). Biz olara salgyt tölemeli, hormat goýmaly we sylamaly (Rim. 13:7). Hudaý döwlet işgärlerine ygtyýar berendigi üçin, olar hökümdarlyk edýärler. Rim häkimi Pontius Pilatus Isany azat etmäge-de, öldürmäge-de hakynyň bardygyny aýdýar. Isa hem oňa: «Hudaý saňa ygtyýar bermedik bolsa, maňa höküm çykaryp bilmezdiň» diýip jogap berýär (Ýah. 19:11). Şu günler hem döwlet işgärleriniň erk-ygtyýary çäklidir.

7. Biz haýsy ýagdaýlarda döwlet işgärlerine tabyn bolmaly däl we olar nämä düşünmeli?

7 Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelmese, biz döwletiň kada-kanunlaryna tabyn bolmaly. Emma döwlet işgärleri Hudaýyň ýigrenýän zatlaryny etdirjek bolsalar, biz Ýehowa tabyn bolmaly. Meselem, ýaş doganlardan eline ýarag alyp söweşmegi talap etmekleri mümkin c. Ýa-da Mukaddes Kitaby, edebiýatlarymyzy, wagyz etmegi we ýygnak duşuşyklaryna barmagy gadagan etmekleri mümkin. Olar wezipesinden hyýanatçylykly peýdalansalar we dogan-uýalary yzarlasalar, Hudaýyň öňünde jogap bermeli bolarlar. Sebäbi Ýehowa hemme zady görýär (Nes. 5:8).

8. Ynsan hökümetleri bilen Ýehowanyň hökümdarlygynyň arasynda nähili tapawut bar we muny bilmek näme üçin wajyp?

8 Aýatdaky «ýokary» diýen söz «beýik» diýmegi hem aňladýar. Ýöne «hemmelerden beýik» diýen ady ýekeje şahsyýet göterip bilýär. Mukaddes Kitapda döwlet işgärlerine «ýokary häkimiýetler» diýilse-de, olardan has beýik biri bar. «Danyýar» kitabynda Ýehowa dört gezek «Hemmelerden Beýik» diýilýär (Dan. 7:18, 22, 25, 27). Ýehowanyň erk-ygtyýarynyň çägi ýok!

HUDAÝ — «HEMMELERDEN BEÝIK»

9. Danyýar pygamber nähili görnüş gördi?

9 Danyýar pygamberiň gören görnüşi Ýehowanyň ähli ynsan häkimiýetlerinden has beýikdigine düşünmäge kömek edýär. Danyýar dört sany wagşy haýwany görýär. Olar dünýäniň üstünden agalyk eden Wawilony, Midiýa-Pars patyşalygyny, Gresiýany we Rimi aňladýar. Dördünji wagşy haýwandan çykan şah bolsa Angliýa-Amerikany aňladýar (Dan. 7:1—3, 17). Danyýar Ýehowanyň gökdäki tagtynda kazylyk etmek üçin oturandygyny hem görýär (Dan. 7:9, 10). Danyýar pygamberiň şondan soňky gören zatlary, häzirki ynsan hökümetleri üçin duýduryş boldy.

10. Danyýar 7:13, 14, 27-nji aýatlara görä, Ýehowa ynsan hökümetleriniň erk-ygtyýaryny kimlere berer we mundan nämäni bilse bolýar?

10 Danyýar 7:13, 14, 27-nji aýatlary okaň. Hudaý ynsan hökümetleriniň erk-ygtyýaryny elinden alar. Ony «ynsan ogluna meňzeş» Isa Mesihe we «Hemmelerden Beýigiň mukaddes halkyna», ýagny 144 000 saýlanan mesihçilere berer. Olaryň hökümdarlygy ebedilik dowam eder (Dan. 7:18). Dogrudan-da, muny diňe «Hemmelerden Beýik» Ýehowa Hudaý başarar.

11. Danyýar Ýehowanyň «Hemmelerden Beýikdigi» hakda ýene näme diýdi?

11 Danyýar pygamber görnüş görmezinden öň şeýle sözleri aýtdy: «Gögüň Hudaýy... patyşalary tagtdan düşürýär, tagta çykarýar». Şeýle-de ol: «Ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagala höküm sürýär, patyşalygy islän adamyna berýär» diýdi (Dan. 2:19—21; 4:17). Hawa, taryha ser salanymyzda Ýehowanyň käbir patyşalary tagtdan düşürendigini we käbirini tagtda oturdandygyny görýäris.

Ýehowa Belşazaryň patyşalygyny elinden alyp, Midiýa-Pars şalygyna berýär (12-nji abzas).

12. Geçmişde Ýehowanyň patyşalary tagtdan düşürendigini gürrüň beriň (Surata serediň).

12 Ýehowa ynsan hökümetlerinden has beýikdigini ençeme sapar subut etdi. Geliň, üç mysala seredeliň. Müsür faraony Hudaýyň halkyny gul etdi we azatlyga çykarmakdan boýun gaçyrdy. Emma Ýehowa halkyny azatlyga çykardy we Müsür faraonyny Gyzyl deňzinde gark etdi (2 Mus. 14:26—28; Zeb. 136:15). Wawilon patyşasy Belşazar meýlis gurap, «özüni gögüň Eýesinden ýokary tutdy» we Ýehowa däl-de, «altyndan, kümüşden... ýasalan taňrylaryna alkyş» aýtdy (Dan. 5:22, 23). Ýehowa ulumsy patyşany tagtdan agdarýar. Belşazar şol gije öldürilýär we patyşalygy Midiýa-Pars şalygynyň eline geçýär (Dan. 5:28, 30, 31). Palestinanyň patyşasy Hirodes Agrippa I Ýakuby öldürdýär we Petrusy öldürmek üçin türmä salýar. Emma Ýehowa Hirodesiň maksadyny puja çykarýar. Ýehowanyň perişdesi oňa «jeza berýär» we Hirodesiň endam-jany gurtlap ölýär (Res. 12:1—5, 21—23).

13. Ýehowa halkyna garşy çykan patyşalara näme etdi?

13 Ençeme patyşalar bilelikde Ýehowanyň halkyna garşy aýaga galýar. Şonda Ýehowa Hemmelerden Beýikdigini subut edýär. Meselem, Ol Kenganyň 31 hanyny ýok edip, Wada edilen ýurdy halkyna berýär (Ýuşa 11:4—6, 20; 12:1, 7, 24). Şeýle-de Ýehowa ysraýyllara garşy çykan Benhadat bilen 32 sany Siriýa patyşasyny derbi-dagyn edýär (1 Pat. 20:1, 26—29).

14, 15. a) Nawuhodonosor we Dariý Ýehowa hakda näme diýýär? b) Mezmurçy Ýehowa we onuň halky barada näme diýýär?

14 Ýehowa Hemmelerden Beýikdigini gaýta-gaýta subut etdi. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Ýehowany şöhratlandyrmagyň deregine, şan-şöhratyna we güýç-kuwwatyna buýsanýar. Ýehowa hem onuň akylyny üýtgedýär. Patyşa akylyna aýlananda Allatagala alkyş aýdyp: «Onuň patyşalygy ebedilik patyşalykdyr... Hiç kim ony saklap bilmez» diýýär (Dan. 4:30, 33—35). Danyýar pygamber hem agyr synagyň öňünde durmaly bolýar. Emma ol hak Hudaýa wepaly bolýar, Ýehowa hem ony ýolbarslaryň penjesinden halas edýär. Soňra Dariý patyşa şeýle perman çykarýar: «Adamlar Danyýaryň Hudaýyndan gorksunlar, hormat goýsunlar. Sebäbi ol Biribardyr, baky ýaşaýandyr. Onuň patyşalygy hiç haçan ýok edilmez, ebedi höküm sürer» (Dan. 6:7—10, 19—22, 26, 27).

15 Mezmurçy: «Ýehowa halklaryň niýetini puç etdi, milletleriň maksat-myradyny bozdy» diýýär. Şeýle-de ol: «Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr! Allanyň seçip-saýlan halky bagtlydyr!» diýýär (Zeb. 33:10, 12). Hemmelerden Beýik Ýehowa Hudaýa gulluk etmek uly hormat!

SOŇKY SÖWEŞ

Milletleriň üýşmegi Ýehowanyň gökdäki goşunynyň öňünde durup bilmez (16, 17-nji abzaslar).

16. «Uly betbagtçylykda» nämä ynamly bolup bileris we näme üçin? (Surata serediň).

16 Biz geçmişde Ýehowanyň nämeleri edendigini bildik. Gelejekde nämeler eder? Biz Ýehowanyň wepaly bendelerini «uly betbagtçylykda» halas etjekdigini bilýäris (Mat. 24:21; Dan. 12:1). Mäjit ýurdundaky Äjit, ýagny milletleriň üýşmegi Ýehowanyň wepaly bendelerine topular. Birleşen Milletler Guramasyna degişli 193 döwlet Hudaýyň halkyna garşy aýaga galsa-da, Hemmeden Beýigiň we onuň goşunynyň öňünde durup bilmez. Ýehowa şeýle wada berýär: «Men köp milletleriň öňünde özümi tanadaryn. Meniň şöhratly we mukaddes Hudaýdygymy görerler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler» (Hyz. 38:14—16, 23; Zeb. 46:10).

17. Tizden ýer ýüzüniň patyşalaryna we Ýehowa wepaly adamlara näme bolar?

17 Äjit Hudaýyň halkyna topulanda Armageddon söweşi başlar we Hudaý «ýer ýüzüniň patyşalaryny» ýok eder (Ylh. 16:14, 16; 19:19—21). «Ýer ýüzünde dogruçyl, Hudaýa wepaly adamlar ýaşar» (Nak. 2:21).

ÝEHOWA WEPALY BOLALYŇ!

18. Geçmişde Hudaýyň halky näme etdi we näme üçin? (Danyýar 3:28).

18 Asyrlaryň dowamynda Hudaýyň halky azatlykdan mahrum ediljekdigini bilseler-de, ölüm howpy abansa-da Ýehowa we onuň hökümdarlygyna wepaly boldular. Sebäbi olar Ýehowany ýürekden söýýärdiler. Olar üç ýewreý ýigidi ýaly Ýehowa wepaly boldular we imandan dänmediler (Danyýar 3:28-i okaň).

19. Ýehowa wepaly bolmagyň nähili peýdasy bar we biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Dawut pygamber Hudaýa wepaly bolmagyň wajypdygy barada şeýle diýdi: «Ýehowa halkyny höküm eder. Eý Ýehowa, maňa adyl höküm çykar, dogruçyl, wepaly bolanymy unutma» (Zeb. 7:8). Şeýle-de ol: «Wepadarlygym, dogruçyllygym gorag bolsun» diýdi (Zeb. 25:21). Biz agyr synaglara duş gelsek hem Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düwmeli. Şonda biz şu sözlere goşularys: «Ýehowa Hudaýa wepaly adam, kanunyny berjaý edýän adam bagtlydyr!» (Zeb. 119:1).

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

a Mukaddes Kitapda mesihçilere ýokary häkimiýetlere tabyn bolmalydygy aýdylýar. Ýöne käbir döwlet işgärleri Ýehowa we onuň halkyna garşy çykýar. Biz nädip Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozman, döwlet işgärlerine tabyn bolup bileris?

b DÜŞÜNDIRILIŞ: Ýehowa wepaly adam imandan dänmeýär. Hatda agyr synaglarda Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolýar.

c Žurnalyň şu sanyndaky «Gadymy döwürde ysraýyllar söweşýärler, emma biz näme üçin söweşmeýäris?» diýen makalany okap bilersiňiz.