Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

44-NJI MAKALA

Gelejege bolan umydymyzy üzmäliň!

Gelejege bolan umydymyzy üzmäliň!

«Ýehowa umyt bagla» (Zeb. 27:14).

144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda sakla!

MAZMUNY a

1. Ýehowa nähili umyt berýär?

 ÝEHOWA bize edebi ýaşaýşy wada berýär. Käbir adamlar gökde baky ýaşamaga umyt edýärler (1 Kor. 15:50, 53). Köp adamlar bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Jennetde adamlar tut ýaly sagdyn bolar we durmuşdan lezzet alyp ýaşarlar (Ylh. 21:3, 4). Hawa, gökde ýa-da ýerde ýaşajak adamlaryň ählisi umydyny gymmat saýmaly.

2. Umyt edýän zatlarymyzyň boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris?

2 Mukaddes Kitapdaky «umyt» sözi gowy zada sabyrsyzlyk bilen garaşmagy aňladýar. Biz umyt edýän zatlarymyzyň boljakdygyna ynanyp bileris, sebäbi ony Ýehowa wada berýär (Rim. 15:13). Ol hemişe beren sözünde tapylýar (4 Mus. 23:19). Biz Hudaýyň sözünde durýandygyna we wadasyny ýerine ýetirmäge güýjüniň ýetýändigine ynanyp bileris. Biziň umyt edýän zatlarymyz gyzykly erteki ýa-da boş arzuw-hyýal däl, sebäbi Ýehowa asyrlarboýy wadasyny ýerine ýetirip gelýär.

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis? (Zebur 27:14).

3 Gökdäki Atamyz Ýehowa bizi ýürekden söýýär, biz oňa bil baglamaly (Zebur 27:14-i okaň). Ýehowa bil baglasak, umydymyz berk bolar. Nähili kynçylyk başymyza düşse-de, mertlik bilen döz geleris we şatlygymyzy ýitirmeris. Mukaddes Kitapda umyt labyra we tuwulga meňzedilýär. Geliň, umydyň nädip labyr hem-de tuwulga ýaly goraýandygy hakda gürrüň edeliň. Soňra gelejege umydymyzy berkitmek üçin näme etmelidigi hakda bileris.

UMYDYMYZ LABYR DEÝ BERK BOLSUN

4. Pawlus gelejege bolan umydymyzy näme üçin labyra meňzetdi? (Ýewreýler 6:19).

4 Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda umydy labyra meňzetdi (Ýewreýler 6:19-y okaň). Pawlus resul köplenç deňizde syýahat edýärdi. Labyryň gämini apy-tupanda berk saklaýandygyny bilýärdi. Bir gezek Pawlus gämide barýarka, apy-tupan turýar we gämi gaýa urulmaz ýaly deňizçileriň labyrlary deňze taşlandyklaryny görýär (Res. 27:29, 39—41). Gelejege bolan umyt durmuşymyzda «apy-tupan» tursa-da hakykat ýolundan sowulmazlyga kömek edýär. Isa pygamber biziň yzarlanjakdygymyzy aýtdy (Ýah. 15:20). Ýöne Ýehowa umyt baglasak, hemme zada döz gelip bileris. Ýehowanyň berjek bereketleri barada oýlansak, hakykat ýolundan sowulmarys.

5. Isa pygambere ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek etdi?

5 Geliň, Isa pygambere umydyň ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda Hudaýa wepaly bolmaga kömek edendigi hakda gürrüň edeliň. Petrus resul Isa pygamberiň gelejege umyt edendigi barada aýtdy. Ol b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isa pygamber barada «Zebur» kitabyna salgylanyp: «Men umyt edip ýaşaryn. Sen meni mazarda galdyrmarsyň, wepaly guluňy mazarda çüýretmersiň... huzuryňda ýüregimi şatlykdan doldurdyň» diýdi (Res. 2:25—28; Zeb. 16:8—11). Hawa, Isa pygamber gelejege berk umyt edýärdi. Ol ölse-de direljekdigine we Atasynyň ýanyna barjakdygyna ynanýardy (Ýew. 12:2, 3).

6. Leonard dogan umydy hakda näme diýdi?

6 Gelejege bolan umyt köp dogan-uýalara çydamly bolmaga kömek edýär. Geliň, Angliýada ýaşaýan Leonard Çin hakda gürrüň edeliň. Ol Birinji jahan urşy döwri harby gulluga gitmekden boýun gaçyrandygy üçin türmä basylýar. Ony iki aýlap bir adamlyk gözenekde saklaýarlar. Ondan soň agyr işlerde işledýärler. Ol şeýle gürrüň berýär: «Gelejege bolan umyt maňa synaglara döz gelmäge kömek etdi». Mukaddes Kitapda Isa Mesih, resullar, pygamberler we Hudaýyň wadalary hakda ýazylan. Olar bize gelejege umytly garap, synaglarda berk durmaga kömek edýär. Türme-de, gözenek-de Leonard doganyň gelejege bolan umydyny üzüp bilmedi. Geliň, biziňem umydymyz labyr deý berk bolsun!

7. Synaglar umydymyzy nädip berkidýär? (Rimliler 5:3—5; Ýakup 1:12).

7 Biz synaglara Ýehowanyň goldawy bilen döz gelsek, ony razy ederis we gelejege umydymyz berkär (Rimliler 5:3—5; Ýakup 1:12-nji aýatlary okaň). Hoş habary ilkinji sapar eşiden günümizden bäri gelejege umyt edip ýaşaýarys. Ýöne ol häzir has-da berkedi. Şeýtan bolsa biziň umydymyzy üzmek üçin dürli ýollar bilen synaýar. Emma biz Ýehowanyň goldawy bilen her bir synaga döz gelýäris.

UMYDYMYZ TUWULGA DEÝ GORASYN

8. Pawlus resul umydy näme üçin tuwulga meňzetdi? (1 Selanikliler 5:8).

8 Mukaddes Kitapda gelejege bolan umydymyz tuwulga hem meňzedilýär (1 Selanikliler 5:8-i okaň). Adatça, tuwulga esgeriň kellesini duşmanyň urgularyndan goraýar. Bizem Şeýtan bilen söweşýäris. Ol her dürli synaglar, erbet pikirler bilen aňymyzy zäherlejek bolýar. Tuwulganyň esgeriň kellesini goraýşy ýaly, gelejege bolan umydymyzam Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýär.

9. Gelejege umyt etmeýän adamlar nähili ýaşaýar?

9 Biziň umydymyz dogry karara gelmäge kömek edýär. Ýöne umydymyz üzülse, şu dünýäniň keýpi-sapasyna gyzygyp, Hudaýyň berjek ebedi ýaşaýşyndan mahrum bolup bileris. Geliň, Korinf şäherinde ýaşan mesihçiler hakda gürrüň edeliň. Olar Hudaýyň ölen adamlary direltjekdigi baradaky wadasyna ynanman başladylar (1 Kor. 15:12). Pawlus resul şol adamlaryň: «Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris» diýip, gelejege umyt etmeýändiklerini aýtdy (1 Kor. 15:32). Şu günlerem köp adamlar Hudaýyň wadalaryna ynanman keýpi-sapada ýaşaýarlar. Biz bolsa Allatagalanyň wadalaryna umyt edýäris. Gelejege bolan umydymyz aňymyzy erbet pikirlerden goraýar. Şonuň üçin biz Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýýarys (1 Kor. 15:33, 34).

10. Gelejege bolan umyt nähili pikirlerden goraýar?

10 Umydymyz edil tuwulga kimin «Ýehowany hiç haçan razy edip bilmerin» diýen pikirden goraýar. Belki-de, käbirleri: «Men ebedi ýaşamaga mynasyp däl. Men hiç haçan düzelmerin. Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap bilmerin» diýýändir. Eýýup pygamberiň dosty Alypaz hem şeýle sözleri aýdypdy: «Başy ölümli ynsan, heý-de, päk bolarmy? ...Hudaý perişdelerine-de ynanmaýar, gökler hem nazarynda arassa däldir» (Eýp. 15:14, 15). Bularyň bary ýalandy! Aslynda, Şeýtan ýalan sözleýär. Ol erbet pikirler bilen aňymyzy zäherlese, umydymyzyň üzüljekdigini bilýär. Geliň, Şeýtanyň ýalan sözlerine ynanman, Ýehowanyň wadalary hakda oýlanalyň. Ýehowanyň bizi ebedi ýaşaýşa mynasyp görýändigine we sylaglajakdygyna hiç haçan şübhelenmäliň (1 Tim. 2:3, 4).

UMYDYMYZY ÜZMÄLIŇ

11. Biz näme üçin sabyrly garaşmaly?

11 Gelejege umyt edip ýaşamak hemişe aňsat bolmaýar. Käte Hudaýyň wadalaryna sabyrly garaşmak kyn bolýar. Ýöne Hudaý ezelden ebedä çenli bar. Onuň göz öňünde «bir gün müň ýyl ýaly». Hudaýyň wagt hasaplaýşy adamlaryňkydan düýbünden tapawutlanýar (2 Pet. 3:8, 9). Emma biz Allatagalanyň ajaýyp wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşanymyzda umydymyzy berk saklamaly. Nädip? (Ýak. 5:7, 8).

12. Ýewreýler 11:1, 6-njy aýatlara görä, iman bilen umydyň nähili baglanyşygy bar?

12 Ýehowa bilen dostlaşsak umydymyz berk bolar, sebäbi diňe Ol umyt edýän zatlarymyzy amala aşyryp bilýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Özüni «ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidigi» aýdylýar. Görşümiz ýaly, umyt bilen iman berk baglanyşykly (Ýewreýler 11:1, 6-njy aýatlary okaň). Ýehowa doly bil baglasak, wadalaryny ýerine ýetirjekdigine ynamly bolup bileris. Geliň, Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýän käbir maslahatlar hakda gürrüň edeliň. Olar ebedi ýaşamak umydymyzy has-da berkider.

Doga etsek we oýlansak umydymyz üzülmez (13—15-nji abzaslara serediň) b.

13. Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?

13 Ýehowa doga-dileg ediň, Mukaddes Kitaby okaň. Elbetde, biz Ýehowany görüp bilmeýäris, ýöne onuň dosty bolup bilýäris. Nädip? Eger oňa doga-dileg etsek, onuň bizi diňlejekdigine şübhelenmän bileris (Ýer. 29:11, 12). Mukaddes Kitaby okap oýlananymyzda, biz Ýehowany diňleýäris. Hudaýyň gadymy döwürde wepaly bendeleriniň aladasyny edişi hakda okanymyzda bolsa, umydymyz has-da berkeýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy. Olar umyt berýär, çydamly bolmaga kömek edýär we göwünlik berýär» (Rim. 15:4).

14. Ýehowanyň wadalaryny ýerine ýetirýändigi hakda näme üçin oýlanmaly?

14 Ýehowanyň ýerine ýetiren wadalary hakda oýlanyň. Geliň, Allatagalanyň Ybraýym pygamber bilen Bibisara beren wadasy hakda gürrüň edeliň. Olaryň perzendi ýokdy. Emma Hudaý olaryň garran çagynda oglunyň boljakdygyny wada berdi (1 Mus. 18:10). Ybraýym pygamber Hudaýyň wadasyna nähili garady? Mukaddes Kitapda: «Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi» diýilýär (Rim. 4:18). Hawa, Allatagalanyň beren wadasy adamlar üçin mümkin däl ýaly bolsa-da, Ybraýym iman etdi. Ýehowa hem ony sylaglady (Rim. 4:19—21). Mukaddes Kitapdaky wakalar Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirmäge hiç zadyň päsgel berip bilmeýändigini görkezýär.

15. Ýehowanyň ýagşylyklary hakda näme üçin oýlanmaly?

15 Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanyň. Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetýändigini görüp, sizem begenýänsiňiz. Meselem, Isa pygamber Ýehowanyň wepaly bendelerini zada zar etmejekdigini aýtdy (Mat. 6:32, 33). Şeýle-de ol «Gökdäki Ataňyz dileýänlere mukaddes ruhuny berer» diýdi (Luka 11:13). Hawa, Ýehowa beren wadasynda hemişe durýar. Biz Hudaýyň başga-da wadalaryny ýerine ýetirjekdigine ynamly bolup bileris. Ol bizi bagyşlajakdygyny, göwünlik berjekdigini we ruhy taýdan iýmitlendirjekdigini söz berýär (Mat. 6:14; 24:45; 2 Kor. 1:3). Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlansak, umyt edýän zatlarymyzyň amala aşyrjakdygyna iman ederis.

«UMYT EDIP ŞATLANYŇ»

16. Gelejege bolan umydymyzy näme üçin berkitmeli?

16 Allatagala ebedi ýaşamaga umyt berdi. Biz sabyrsyzlyk bilen garaşýan eşretli durmuşymyza hökman ýeteris. Gelejege bolan umyt edil labyr ýaly synaglarda, yzarlamalarda, hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda-da hakykat ýolundan sowulman ýöremäge kömek edýär. Şeýle-de umydymyz tuwulga kimin aňymyzy erbet pikirlerden goraýar we zalymlygy ýigrenip, ýagşy işleri etmäge höweslendirýär. Gelejege umydymyz berk bolsa, Hudaý bilen dost bolarys we bizi ýürekden söýýändigini bileris. Biz ebedi ýaşamaga umydymyzy üzmesek köp bereketleri alarys.

17. Biz näme üçin şatlanýarys?

17 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda: «Umyt edip şatlanyň» diýdi (Rim. 12:12). Pawlusyň özem umyt edip şatlanýardy, sebäbi Hudaýa wepaly galsa, gökde baky ýaşaýşy aljakdygyny bilýärdi. Bizem umyt edip şatlanýarys, sebäbi Ýehowa beren wadasynda durýar. Mezmurçy: «Ýehowa Hudaýa umyt edýän adam bagtlydyr... Ol hemişe wepalydyr» diýdi (Zeb. 146:5, 6).

139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!

a Ýehowa bize ajaýyp gelejege umyt berdi. Umyt kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär. Ýehowanyň berýän umydy başymyza nähili kynçylyk düşse-de, wepaly bolmaga kömek edýär. Şeýle-de ol aňymyzy zäherli, erbet zatlardan goraýar. Şu makalada umydymyzy nädip berk saklap biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

b SURAT: tuwulga esgeriň kellesini urgulardan goraýar, labyr gämini berk saklaýar. Edil şonuň ýaly, gelejege bolan umydymyz hem erbet pikirlerden goraýar we kynçylyklarda hakykat ýolundan sowulmazlyga kömek edýär. Uýa ýürekden doga edýär. Dogan Hudaýyň Ybraýyma beren wadasyny ýerine ýetirendigi hakda oýlanýar. Başga bir dogan Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny ýatlaýar.