Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

43-NJI MAKALA

Ýehowa güýç-kuwwat berer

Ýehowa güýç-kuwwat berer

«Hudaý size doly tälim berer, berkider, güýç berer we çydamly eder» (1 Pet. 5:10).

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer

MAZMUNY a

1. Hudaýhon adamlar nädip güýç-kuwwatly boldular?

 MUKADDES KITAPDA hudaýhon adamlaryň güýç-kuwwatlydygy ýazylan. Emma käte güýçli pälwanlar hem ejizleýär. Bir gezek Dawut pygamber «dag ýaly güýçlüdim» diýýär. Başga bir gezek bolsa «örän gorkdum» diýýär (Zeb. 30:7). Şimşon serdar Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly güýç-kuwwatly bolup, adaty ynsanlaryň başarmajak işlerini etdi. Ýöne ol Hudaýyň mukaddes ruhundan mahrum bolansoň güýç-kuwwatdan gaçyp, «beýleki adamlar ýaly boldy» (Ser. 14:5, 6; 16:17). Diýmek, hudaýhon adamlar Allatagalanyň goldawy bilen güýç-kuwwatly bolupdyrlar.

2. Pawlus resul näme üçin «ejiz wagtym güýçlüdirin» diýdi? (2 Korinfliler 12:9, 10).

2 Pawlus resul Ýehowanyň berýän güýç-kuwwaty bolmasa hiç zady başarmajakdygyna düşünýärdi (2 Korinfliler 12:9, 10-njy aýatlary okaň). Ol käte ýaramansoň ejizleýärdi (Gal. 4:13, 14). Käte bolsa Pawlus resula ýagşy işleri etmek kyn bolýardy (Rim. 7:18, 19). Şeýle-de ol gelejegini alada edip ruhdan düşýärdi (2 Kor. 1:8, 9). Emma Pawlus «ejiz wagtym güýçlüdirin» diýdi, sebäbi Ýehowa wepaly bendesine güýç-kuwwat berip goldaýar.

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýehowa bize güýç-kuwwat berjekdigini wada berýär (1 Pet. 5:10). Ýöne biz Ýehowadan güýç-kuwwat almak üçin öz tarapymyzdan käbir ädimleri ätmeli. Meselem, ulagyň motory bolmasa, ol işlemeýär. Emma motory bolaýanda-da, sürüji ulagy hereketlendirýän pedala basmasa, ulag ýöremez. Şonuň ýaly Ýehowanyň berýän güýjüni almak üçin tagalla etmeli. Ýehowa bize haýsy ýollar arkaly güýç berýär? Biz onuň berýän güýjüni almak üçin näme etmeli? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Şeýle-de Ýunus pygamber, Isanyň ejesi Merýem we Pawlus resul hakda gürrüň ederis. Soňra Ýehowanyň şu günler wepaly bendelerine nädip güýç-kuwwat berýändigini bileris.

HUDAÝA DOGA EDIŇ WE ŞAHSY OKUW GEÇIRIŇ

4. Ýehowadan güýç-kuwwat almak üçin näme etmeli?

4 Biz Ýehowadan güýç sorap doga etmeli. Şonda Ol dilegimize jogap berer we bizi kuwwatly eder (2 Kor. 4:7). Şeýle-de biz Hudaýyň Sözüni okamaly we oýlanmaly (Zeb. 86:11). Mukaddes Kitapdaky teselli beriji aýatlar güýjümize güýç goşar (Ýew. 4:12). Biz Hudaýa doga etsek we Mukaddes Kitaby okasak, Ýehowa bize kynçylyklara döz gelmäge, şatlyk bilen gulluk etmäge, kyn ýumuşlary ýerine ýetirmäge güýç berer. Geliň, Ýehowanyň Ýunus pygambere nädip güýç-kuwwat berendigi hakda gürrüň edeliň.

5. Ýunus pygambere näme üçin güýç gerekdi?

5 Bir gezek Ýunus pygamber gaty gorkýar, sebäbi Ýehowa oňa kyn ýumuş tabşyrýar. Ol Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmän, başga ýurda gaçyp gidýär. Ol deňizde gämili barýarka güýçli tupan turýar. Şeýlelikde, Ýunus hem özüni, hem deňizçileri howply ýagdaýa salýar. Deňizçiler Ýunusy deňze taşlaýar we ony uly balyk ýuwudýar. Ýunus balygyň garnynda özüni nähili duýduka? Ol ölümini boýun aldymyka? Ýunus «Ýehowa meni terk etdi» diýip oýlandymyka? Hawa, Ýunus şol wagt örän ejizleýär.

Ýunus pygamber ýaly kyn ýagdaýlara döz gelmek üçin näme etmeli? (6—9-njy abzaslara serediň).

6. Ýunus pygamber balygyň garnyndaka nädip güýç-kuwwat aldy? (Ýunus 2:1, 2, 7).

6 Ýunus pygamber balygyň garnynda wagty nädip güýç-kuwwat aldy? Birinjiden, ol Ýehowa doga etdi (Ýunus 2:1, 2, 7-nji aýatlary okaň). Ýunus başda Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmeýär. Emma ol hak Allanyň pesgöwünli we toba edýän adamlaryň dilegine jogap berjegine ynanýar. Şeýle-de Ýunus Mukaddes Kitabyň aýatlary hakda hem oýlanýar. Muny nireden bilýäris? Ýunus kitabynyň 2-nji babynda pygamberiň eden dogasy ýazylan. Ol Zebur kitabyndaky birnäçe aýatlara salgylanyp doga edipdir (Ýunus 2:2, 5-nji aýatlary Zebur 69:1 we 86:7-nji aýatlar bilen deňeşdiriň). Diýmek, Ýunus pygamber Mukaddes Kitabyň aýatlaryny ýatdan bilen bolmaly. Göwünlik berýän aýatlar onuň imanyny has-da berkidýär. Soňra Allatagalanyň emri bilen Ýunus balygyň garnyndan halas bolýar we Ýehowanyň tabşyran her bir ýumşuny ýerine ýetirmegi ýüregine düwýär (Ýun. 2:10—3:4).

7, 8. Zimin dogan kyn ýagdaýlara döz gelmek üçin näme etdi?

7 Biz agyr günleri başdan geçirenimizde, Ýunus pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Taýwanda ýaşaýan Zimin b dogan agyr keselden kösenýär. Üstesine-de, Ýehowa iman edýändigi üçin maşgala agzalary azar berýär. Ýöne Hudaýa doga edenden we şahsy okuw geçirenden soňra onuň güýjüne güýç goşulýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Käte men kynçylyklardan ýaňa ejizleýärin, howsala düşýärin. Şahsy okuwyny geçirmäge-de güýjüm bolmaýar». Emma Zimin ýan bermeýär. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men ilki bilen Ýehowa dileg edýärin. Soňra guramamyzyň aýdymlaryny diňleýärin we şol aýdymlara ýuwaşjadan hiňlenýärin. Şeýdip, men köşeşýärin we şahsy okuwyny geçirýärin».

8 Zimine şahsy okuw geçirmegi duýdansyz kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Zimin agyr operasiýany sag-aman geçirýär. Emma operasiýadan soň lukman oňa bedenindäki gyzyl gan öýjükleriniň azalandygyny, şonuň üçin gan goýbermelidigini aýdýar. Zimin operasiýanyň öň ýanyndaky gijesi bir uýanyň terjimehalyny okapdy. Uýa hem agyr operasiýany başdan geçiripdi we onuň gyzyl gan öýjükleri Zimin doganyňkydan has-da azdy. Ýöne uýa gan goýbertmeýär we agyr derdinden sag-aman gutulýar. Uýanyň göreldesi Zimine Hudaýa wepaly bolmaga kömek etdi.

9. Agyr günleri başdan geçirenimizde Hudaýdan güýç-kuwwat almak üçin näme etmeli? (Surata serediň).

9 Agyr günleri başdan geçireniňizde duýgularyňyzy Ýehowa açyk aýtmaga ýa-da şahsy okuwyny geçirmäge güýjüňiz bolýan däldir. Emma gökdäki Atamyzyň siziň ýagdaýyňyza düşünýändigini unutmaň. Siz gysgajyk bolsa-da Ýehowa doga etseňiz, onuň size gerekli güýç-kuwwat berjegine ynamly bolup bilersiňiz (Efes. 3:20). Keselçilik ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli şahsy okuwyny geçirmäge güýjüňiz bolmasa näme etmeli? Siz Mukaddes Kitabyň we edebiýatlaryň ses ýazgysyny diňläň, jw.org saýtyndan wideolary görüň, aýdymlary diňläň. Hawa, Ýehowa doga etseňiz we edebiýatlardan şahsy okuwyny geçirseňiz, gökdäki Atamyz siziň güýjüňize güýç goşar.

IMANDAŞLARYŇ KÖMEGINI KABUL EDIŇ

10. Dogan-uýalar bize nädip kömek edýär?

10 Ýehowa imandaşlarymyz arkaly güýjümize güýç goşýar. Dogan-uýalar agyr güne düşenimizde we kyn ýumşy ýerine ýetirenimizde «köp göwünlik berýärler» (Kol. 4:10, 11). Esasan-da, olar «aladaly günümizde dadymyza ýetişýär» (Nak. 17:17). Olar biziň iýjek-içjegimizi ýetirýärler, göwnüçökgünlige düşenimizde ruhlandyrýarlar we Ýehowa berk iman etmäge kömek edýärler. Geliň, Isa pygamberiň ejesi Merýeme kimleriň goldaw berendigini bileliň.

11. Hudaýyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmäge Merýeme näme üçin güýç-kuwwat gerekdi?

11 Merýeme Ýehowanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin güýç-kuwwat gerekdi. Merýem Jebraýyl perişdäniň habaryny eşidende ör-gökden gelendir, sebäbi ol durmuşa çykmasa-da göwreli bolmalydy. Onuň dünýä indermeli çagasy ýöne-möne çaga däldi, Hudaýyň wada eden Mesihidi. Ol Hudaýyň Ogluna terbiýe bermelidi we kemala getirmelidi. Üstesine-de, Merýem adaglysy Ýusuba göwreli bolandygyny aýtmalydy (Luka 1:26—33).

12. Luka 1:39—45-nji aýatlara görä, Merýeme kimler güýç-kuwwat berdi?

12 Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirmek üçin näme etdi? Ol başgalardan kömek sorady. Meselem, Merýem Hudaýyň tabşyran ýumşy hakda Jebraýyl perişdeden görkezme soraýar (Luka 1:34). Şeýle-de ol «Ýahudanyň daglarynda ýerleşýän şäherde» ýaşaýan garyndaşy Elizabetlere gidýär. Ol Merýemi öwýär we onuň göwresindäki Mesih hakda Hudaýyň ylhamy bilen pygamberlik sözlerini aýdýar (Luka 1:39—45-nji aýatlary okaň). Şonda Merýem örän ruhlanýar we Ýehowa alkyş aýdyp: «Ol güýçli gollary bilen uly işleri etdi» diýýär (Luka 1:46—51). Hawa, hak Alla Jebraýyl perişde we Elizabet arkaly Merýem gyzyna güýç-kuwwat berýär.

13. Dogan-uýalar Boliwiýada ýaşaýan uýa nädip kömek etdiler?

13 Merýemi goldaýyşlary ýaly, dogan-uýalar bizi hem goldaýar. Geliň, Boliwiýada ýaşaýan Dasuri uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň kakasy agyr keselleýär we hassahana düşýär. Dasuri kakasynyň aladasyny edýär (1 Tim. 5:4). Ýöne oňa aňsat bolmaýar. Dasuri şeýle gürrüň berýär: «Men güýçden gaçyp, ençeme sapar mundan artyk çydamok diýdim». Ol dogan-uýalardan kömek soradymy? Ýok. Dasuri şeýle gürrüň berýär: «Meniň imandaşlaryma ýük bolasym gelmedi, Ýehowanyň goldawy bilen döz gelerin öýtdüm. Emma ýeke özümiň kyn ýagdaýa döz gelip bilmejekdigime göz ýetirdim» (Nak. 18:1). Dasuri dostlaryndan kömek sorap hat ýazýar we kyn ýagdaýyny düşündirýär. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Dogan-uýalaryň beren goldawyny söz bilen beýan edip bilmeýärin. Olar hassahana iýer-içer ýaly zat getirdiler, ruhlandyryjy aýatlary aýtdylar. Kyn günüňde goldaýan dostlaryň bardygyny bilmek göwnüňi göterýär. Men Ýehowanyň agzybir halkynyň agzasydygyma örän buýsanýaryn. Imandaşlarym kyn günümde gerekli kömegi berýärler, meniň bilen aglaýarlar, meniň derdimi öz dertleri saýýarlar».

14. Biz ýaşulularyň kömegini näme üçin kabul etmeli?

14 Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly biziň güýjümize güýç goşýar. Ýaşuly doganlar bize göwünlik berýär, ruhlandyrýar we aladamyzy edýär (Işa. 32:1, 2). Şol sebäpli gaýgy-aladaňyzy we biynjalyk edýän zatlaryňyzy ýaşululara gürrüň beriň. Olaryň maslahatyny minnetdarlyk bilen kabul ediň. Eziz Atamyz ýaşuly doganlar arkaly siziň derdiňize derman bolar.

UMYDYŇYZ HAKDA OÝLANYŇ

15. Gelejege bolan umyt mesihçilere nädip güýç berýär?

15 Mukaddes Kitabyň wadalaryna bolan umydymyz güýjümize güýç goşýar (Rim. 4:3, 18—20). Mesihçileriň köpüsi ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler, az sanlysy bolsa gökdäki Patyşalykda höküm sürmäge umyt edýärler. Biziň umydymyz kynçylyklara döz gelmäge, hoş habary wagyz etmäge we ýygnakdaky borçlarymyzy ýerine ýetirmäge güýç berýär (1 Sel. 1:3). Pawlus resula-da umydy kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek etdi.

16. Pawlus resula näme üçin güýç-kuwwat gerekdi?

16 Pawlus resula gullugyny birkemsiz ýerine ýetirer ýaly güýç-kuwwat gerekdi. Ol Korinflilere ýazan hatynda özüni toýun gaba meňzedýär. Pawlusy «her tarapdan gysyp-gowurdylar», «aljyraňňy ýagdaýa» saldylar, «yzarladylar», «urup-ýençdiler», hatda ol «ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy» (2 Kor. 4:8—10). Pawlus Korinfdäki mesihçilere şu hatyny üçünji wagyz syýahatynda ýazypdy. Ol şol wagt özüne has uly kynçylyklaryň garaşýanyndan bihabardy. Biraz wagtdan soňra talaňçylar Pawlusa topuldylar, ony tussag etdiler, gämi heläkçiligine uçrady we türmede oturdy.

17. 2 Korinfliler 4:16—18-nji aýatlara görä, Pawlus resula agyr ýagdaýlara döz gelmäge näme kömek etdi?

17 Pawlus resul umydy hakda oýlanyp kynçylyklara döz geldi (2 Korinfliler 4:16—18-nji aýatlary okaň). Ol Korinflilere ýazan hatynda «beden garrasa-da, içki dünýäsiniň günsaýyn täzelenýändigini», ýagny ruhdan düşmeýändigini aýtdy. Pawlus gelejekde aljak sylagy hakda oýlanýardy. Ol gökdäki Patyşalykda höküm sürmelidi. Onuň aljak sylagynyň ýanynda häzirki görýän «kynçylyklary wagtlaýyn hem ýeňildi». Pawlus resul umydy hakda oýlananda «içki dünýäsi günsaýyn täzelenýärdi».

18. Tihomire gelejege bolan umyt nädip güýç berýär?

18 Bolgariýada ýaşaýan Tihomir dogana direlişe bolan umyt ajy hasrata döz gelmäge kömek etdi. Birnäçe ýyl mundan öň onuň inisi Zdrawka ýol heläkçiliginde aradan çykýar. Şonda Tihomir ajy aýralyk sebäpli hasrat çekýär. Ol aýaly we ogly bilen inisiniň gelejekde direljekdigini göz öňüne getirýär. Tihomir şeýle gürrüň berýär: «Biz maşgala okuwynda Zdrawkany garşy alşymyz, oňa nähili nahar bişirjekdigimiz, onuň şanyna gurnalan oturylyşyga kimleri çagyrjakdygymyz we soňky günlerde haýsy wakalaryň bolandygyny gürrüň berjekdigimiz hakda pikir alyşýarys». Tihomire we onuň maşgalasyna direlişe bolan umyt ajy aýralyga döz gelmäge we Ýehowanyň bellän wagtyna çenli sabyrly garaşmaga kömek edýär.

Siz özüňizi Jennetde göz öňüne getirýärsiňizmi? (19-njy abzasa serediň) c.

19. Jennetiň boljakdygyna umyt eder ýaly näme etmeli? (Surata serediň).

19 Gelejege bolan umydymyz nädip güýjümize güýç goşýar? Eger siz ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän bolsaňyz, onda Mukaddes Kitapdan Jennet hakdaky aýatlary okap oýlanyň (Işa. 25:8; 32:16—18). Gelejekde durmuşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň. Siz aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyzy Jennetde bagryňyza basarsyňyz. Gadym döwürde ýaşan Hudaýa wepaly pygamberler bilen görşersiňiz. Arassa tebigatdan lezzet alarsyňyz. Guşlaryň şirin owazy göwnüňizi galkyndyrar. Siz edebiýatlarda Jennet hakynda çekilen suratlary görüň. Şeýle-de «Täze dünýä ýetip gelýär», «Täze dünýä ýakyn» we «Hökman görersiň» diýen şekilli aýdymlary diňläň. Şonda siziň gelejege bolan umydyňyz has-da berkär we häzirki «kynçylyklaryňyzyň wagtlaýyn hem ýeňildigine» düşünersiňiz (2 Kor. 4:17). Hawa, Ýehowa Atamyz gelejege bolan umyt arkaly güýjümize güýç goşýar.

20. Biz ruhdan düşenimizde Ýehowa nädip güýjümize güýç goşýar?

20 Biz ruhdan düşsek «Hudaýymyz güýç-kuwwat berer» (Zeb. 108:13). Eziz Atamyz biziň güýç-kuwwat almak üçin näme etmelidigimizi Mukaddes Kitaba ýazdyrypdyr. Biz Hudaýa ýürekden doga etmeli, edebiýatlardan gözleg geçirmeli, imandaşlarymyzyň berýän goldawyny minnetdarlyk bilen kabul etmeli we ajaýyp gelejegiň boljagyna umyt etmeli. Şonda biz borçlarymyzy gowy ýerine ýetireris, kynçylyklara döz geleris we Hudaýa şatlyk bilen gulluk ederis. Biz «onuň (Hudaýyň) gudratly güýji arkaly berkäris we sabyrly bolup, ähli zada şatlyk bilen döz geleris» (Kol. 1:11).

33-NJI AÝDYM Ýüküňi Ýehowa tabşyr

a Şu makaladaky maslahatlar agyr günleri başdan geçirýänlere we ýygnakda kyn ýumuşlary ýerine ýetirýänlere kömek eder. Şeýle-de Ýehowanyň berýän güýç-kuwwatyny almak üçin näme etmelidigini bileris.

b Käbir atlar üýtgedildi.

c SURAT: ker we lal uýa Mukaddes Kitapdaky wadalar hakda oýlanýar, şekilli aýdymy görýär we Jennetde saz çalşyny göz öňüne getirýär.