Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

44-NJI MAKALA

Hudaýyň Sözüniň «çuňlugyna» düşüniň

Hudaýyň Sözüniň «çuňlugyna» düşüniň

«Siz... hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz» (Efes. 3:18).

95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar

MAZMUNY a

1, 2. Mukaddes Kitaby nädip okasak peýdaly bolar? Mysal getiriň.

 AÝDALY, siz owadan jaý satyn aljak bolýarsyňyz. Şonda onuň diňe suratyny görüp satyn alarsyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz baryp jaýyň her bir otagyny gözden geçirersiňiz. Şeýle-de jaýyň düýbüniň berk tutulandygyny, abatlamaly ýerleriniň ýokdugyna göz ýetirersiňiz. Şeýdip, maşgalaňyz bilen ýaşajak jaýyňyzy başdan-aýak barlarsyňyz.

2 Mukaddes Kitaby ýüzleý däl-de, çuňňur okaýan adamy öýi satyn almazdan öň jikme-jik gözden geçirýän adama meňzetse bolýar. Bir alym Mukaddes Kitaby düýbi çuň tutulan, beýik sütünli köşge meňzedýär. Eger siz Mukaddes Kitaby ýüzleý okasaňyz diňe «esasy taglymatlaryny» bilersiňiz, emma çuňňur hakykatlara düşünmersiňiz (Ýew. 5:12). Şonuň üçin «öýe» giriň, «otaglaryny» gözden geçiriň. Mukaddes Kitapdaky wakalaryň biri-biri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny biljek boluň. Mukaddes Kitapdaky haýsy hakykatlara näme üçin ynanýandygyňyzy anyklajak boluň.

3. Pawlus resul imandaşlaryna näme maslahat berdi we näme üçin? (Efesliler 3:14—19).

3 Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin çuňňur gözleg geçirmeli. Pawlus resul hem imandaşlaryny «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünmäge» höweslendirdi. Şonda olaryň «imany kök urar we berk bolar» (Efesliler 3:14—19-njy aýatlary okaň). Bizem Pawlus resulyň maslahatyna eýermeli. Geliň, häzir Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň edeliň.

WAJYP HAKYKATLARY ÖWRENIŇ

4. Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmak üçin näme etmeli? Mysal getiriň.

4 Biz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlary bilen çäklenmän, «Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna-da düşünmeli» (1 Kor. 2:9, 10). Muňa Hudaýyň mukaddes ruhy kömek edýär. Eger biz çuňňur şahsy okuwyny geçirsek, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys. Meselem, siz gadymy döwürde Ýehowanyň wepaly adamlara nähili ýagşylyk edendigini, şu günler size nähili bereket berýändigi hakda oýlanyň. Ýa-da Ýehowanyň ysraýyllara sežde etmek bilen bagly beren düzgünleri we mesihçiler ýygnagynyň Ýehowa nädip sežde edýändigi hakda gözleg geçiriň hem-de olary deňeşdiriň. Şeýle-de Isa pygamberiň ömri we gullugy bilen bagly ýerine ýeten pygamberlikler hakda barlag geçiriň.

5. Siz haýsy temalar boýunça şahsy okuwy geçirmek isleýärsiňiz?

5 Mukaddes Kitap boýunça çuňňur gözleg geçirýän käbir dogan-uýalar haýsy temalar boýunça şahsy okuw geçirýändigini gürrüň berdiler. Siz olary « Şahsy okuw üçin tema» diýen çarçuwadan tapyp bilersiňiz. Şol temalar esasynda şahsy okuw geçirmäge «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» kömek eder. Siz çuňňur şahsy okuwyny geçirseňiz şatlygyňyz artar, Ýehowa imanyňyz berkär we Ony has gowy tanarsyňyz (Nak. 2:4, 5). Geliň, häzir Mukaddes Kitapdaky käbir wajyp hakykatlar esasynda nädip şahsy okuwyny geçirip bolýandygyny göreliň.

HUDAÝYŇ NIÝETI HAKDA OÝLANYŇ

6. a) Niýet bilen planyň arasynda nähili tapawut bar? b) Näme üçin Ýehowanyň niýetine «ebedi» diýse bolar? (Efesliler 3:11).

6 Geliň, Mukaddes Kitapda Hudaýyň niýeti barada näme aýdylýandygyny bileliň. Niýet bilen planyň arasynda uly tapawut bar. Aýdaly, iki adam uzak ýola düşýär. Olaryň ikisi hem barmaly ýerini bilýär. Olaryň biri haýsy ýoldan gitjegini anyk planlaşdyrýar. Soňra ony karta çyzýar. Ýöne barýarka ýoluň ýapykdygyny görýär we ähli plany puç bolýar. Ikinji adam bolsa, anyk haýsy ýoldan ýörejegini kesgitlemeýär. Birden onuň ýoly ýapyk bolsa, niýet eden ýerine barmak üçin başga ýoldan gidýär. Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna hiç zat päsgel bermeýär. Ol «ähli zady niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar» (Nak. 16:4). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň niýetiniň ebedidigi aýdylýar (Efes. 3:11). Näme üçin? Sebäbi onuň niýeti amala aşmagy üçin ençeme asyr geçmelidi we peýdasy ebedilik dowam etmelidi. Ýehowa nämäni niýet etdi? Niýetine ýetmek üçin nähili özgerişlikler etdi?

7. Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy gozgalaň turzandan soň Ýehowa niýetinden dändimi? Düşündiriň. (Matta 25:34).

7 Ýehowa Adam ata bilen How enä ilkinji niýetini äşgär etdi. «Hudaý olara ak pata berip: „Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň... ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň“ diýdi» (1 Mus. 1:28). Ýöne Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy gozgalaň turuzdylar we nesline günäni miras goýdular. Emma Ýehowa şonda-da niýetinden el çekmedi. Ol niýetini amala aşyrmak üçin gökde Patyşalygyny berkarar etmegi wada berdi (Matta 25:34-i okaň). Ýehowa bellän wagtynda söwer ogly Isany ýer ýüzüne iberdi. Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi we adamlary günäden, ölümden azat etmek üçin şirin janyny gurban berdi. Soňra Ýehowa ony gökde tagtda oturtmak üçin direltdi. Hawa, Ýehowanyň niýeti barada gürrüň edere entek köp zat bar.

Hudaý gökdäki perişdeler bilen ýer ýüzündäki adamlaryň agzybirlikde Özüne wepaly gulluk etmegini isleýär (8-nji abzasa serediň).

8. a) Mukaddes Kitabyň esasy temasy näme? b) Efesliler 1:8—11-nji aýatlarda Hudaýyň niýeti barada ýene nämeler aýdylýar? (Daşky sahypadaky surata serediň).

8 Mukaddes Kitabyň esasy temasy şundan ybarat: Hudaý gökdäki Patyşalygy arkaly adyny aklar we ýer babatdaky niýetini amala aşyrar. Ýehowa hiç kim, hiç zat päsgel berip bilmez, ol maksadyna hökman ýeter, sebäbi niýetini amala aşyrjakdygyna «kepil geçýär» (Işa. 46:10, 11; Ýew. 6:17, 18). Tizden bütin ýer ýüzi Jennet bolar we Adam ata bilen How enäniň nesli «ebedi ömür sürer» (Zeb. 22:26). Ýöne Ýehowanyň niýeti munuň bilen çäklenmeýär. Hudaý gökdäki perişdeler bilen ýer ýüzündäki adamlaryň agzybirlikde Özüne wepaly gulluk etmegini isleýär (Efesliler 1:8—11-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň niýetini amala aşyrmak üçin eden işleri akylyňy haýran edýär.

GELEJEGE NAZAR SALYŇ

9. Mukaddes Kitapdaky pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin näçe wagt geçmelidi?

9 Ýehowa Erem bagynda ilkibaşdaky niýetini amala aşyrjagyny pygamberlik etdi. Şol pygamberlik 1 Musa 3:15-de ýazylan b. Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagy üçin müňlerçe ýyl geçmelidi we köp wakalar bolmalydy. Meselem, aýalyň neslinden Ybraýym pygamber doguldy. Ybraýym pygamberiň neslinden bolsa Mesih gelip çykmalydy (1 Mus. 22:15—18). B. e. 33-nji ýylynda «ýylan» Isa pygamberiň «dabanyndan çakýar» (Res. 3:13—15). Emma pygamberligiň soňunda Isa Mesih Şeýtanyň «kellesini mynjyradar». Munuň üçin bolsa azyndan 1 000 ýyl geçmelidi (Ylh. 20:7—10). Şeýle-de Mukaddes Kitapda Şeýtanyň tarapdarlary bilen Ýehowanyň guramasynyň arasynda duşmançylyk boljakdygy pygamberlik edildi.

10. a) Bize gelejekde nämeler garaşýar? b) Gelejekde boljak zatlara nädip taýýarlanyp bileris? (Çykgyda serediň).

10 Mukaddes Kitapda bütin ýer ýüzüni sarsdyrjak wakalaryň boljakdygy pygamberlik edildi. Birinjiden, milletler: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýip yglan eder (1 Sel. 5:2, 3). «Şol bada» uly betbagtçylyk başlar we milletler ýalan dini ýok etmek üçin aýaga galar (Ylh. 17:16). Belki-de, şondan soňra «Ynsan oglunyň asman bulutlarynyň içinden güýç we uly şöhrat bilen gelýäni» görner (Mat. 24:30). Isa adamlara höküm çykarar. «Çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, adamlary iki topara böler» (Mat. 25:31—33, 46). Ýöne Şeýtan gol gowşuryp oturmaz. Ol «Mäjit ýurdundaky Äjidi», ýagny milletleriň üýşmegini Hudaýyň halkyna garşy hüjüm etdirer (Hyz. 38:2, 10, 11). Şol döwür ýer ýüzünde ýaşaýan saýlanan mesihçileriň hemmesi göge alnar we Isa Mesihiň goşunynyň hataryna goşular. Soňra Armageddon söweşi başlar we uly betbagtçylyk tamamlanar c (Mat. 24:31; Ylh. 16:14, 16). Iň soňunda bolsa Isa Mesih ýer ýüzüniň üstünden Müňýyllyk hökümdarlyk edip başlar (Ylh. 20:6).

Milliardlarça ýyl Ýehowanyň häsiýetleri barada öwreneris we Ony has gowy tanarys (11-nji abzasa serediň).

11. Ebedi ýaşaýşy nähili göz öňüne getirýärsiňiz? (Surata serediň).

11 Geliň, Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygyndan soň boljak wakalar hakda gürrüň edeliň. Beýik Biribar «ynsanyň kalbyna ebedi ýaşamak islegini guýdy» (Nes. 3:11). Biz şol döwür Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys. «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) kitabynyň 319-njy sahypasynda şeýle diýilýär: «Göz öňüne getiriň, siz ýüzlerçe, müňlerçe, millionlarça, milliardlarça ýyl ýaşadyňyz. Ýehowa hakda has köp zatlary bildiňiz. Emma siziň ýene-de öwrenmeli zatlaryňyz köp. Siz Jennetde dürli-dürli janly-jandarlar barada öwrenip hezil edersiňiz. Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenip has-da şatlyk taparsyňyz». Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmekden başga ýene näme edip bilersiňiz?

GÖGE SYÝAHAT EDIŇ

12. Göklere syýahat etmek üçin näme etmeli?

12 Hudaýyň Sözünde Allatagalanyň «mekanynyň gökdedigi» ýazylan (Işa. 33:5). Mukaddes Kitaby okanymyzda Ýehowa we guramasynyň gökdäki bölegi hakynda köp zatlary bilýäris (Işa. 6:1—4; Dan. 7:9, 10; Ylh. 4:1—6). Meselem, Hyzkyl pygamber: «Gök açyldy we maňa Hudaýdan bir görnüş geldi» diýdi (Hyz. 1:1). Hyzkyl pygamberiň kitabyny okanymyzda bizem göklere syýahat eden ýaly bolýarys.

13. Ýewreýler 4:14—16-njy aýatlara görä, biz näme üçin Isa Mesihe minnetdar bolmaly?

13 Geliň, Isa pygamber hakda oýlanalyň. Ol häzir gökde hem Patyşa, hem baş ruhany. Isa pygamber arkaly biz Ýehowanyň «ýagşylyk tagtyna ýakynlaşyp» bilýäris we Ondan rehimdarlyk, kömek sorap bilýäris (Ýewreýler 4:14—16-njy aýatlary okaň). Geliň, her gün Ýehowanyň we Isa pygamberiň geçmişde, häzir edýän ýagşylyklary hakda oýlanalyň. Şonda ýüregimiz minnetdarlykdan dolar we Ýehowa yhlasly gulluk ederis (2 Kor. 5:14, 15).

Göz öňüne getiriň, siz Ýehowanyň Şaýady we Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek eden dostuňyz bilen Jennetde gezelenç edýärsiňiz (14-nji abzasa serediň).

14. Ýehowa bilen Isa pygambere minnetdarlyk bildirmek üçin näme etmeli? (Surata serediň).

14 Biz Ýehowa Hudaýa we Isa pygambere minnetdar bolmaly. Munuň üçin adamlara Ýehowanyň Şaýady we Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek etmeli (Mat. 28:19, 20). Pawlus resul Hudaýa we Isa pygambere örän minnetdardy. Ol Ýehowanyň «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýändigini» bilýärdi (1 Tim. 2:3, 4). Şonuň üçin hem ol köp «adamlary halas etmek üçin» janyny aýaman wagyz etdi (1 Kor. 9:22, 23).

ŞATLYGYŇ GÖZBAŞY — HUDAÝYŇ SÖZI

15. Zebur 1:2-ä görä, nähili adama bagtly diýse bolar?

15 Mezmurçy bagtly adam barada şeýle diýdi: «Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär. Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar... Ähli işinde üstünlik gazanýar» (Zeb. 1:1—3). Jozef Roterham alym «Mezmurlary öwrenmek» kitabynda şeýle ýazdy: «Hudaýyň kada-kanunyny söýýän adam, ony agtarýar, öwrenýär we oýlanýar. Ol Mukaddes Kitaby okamadyk gününi boş geçen gün hasaplaýar». Sizem Mukaddes Kitapdan çuňňur şahsy okuwyny geçirseňiz we wakalaryň biri-biri bilen baglanyşygyny görseňiz has-da şatlyk taparsyňyz. Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenseňiz şatlygyňyza şatlyk goşular!

16. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

16 Hudaýyň Sözündäki hakykatlara düşünmek kyn däl. Indiki makalada Ýehowanyň ruhy ybadathanasy hakynda gürrüň ederis. Pawlus resul bu barada Ýewreýlere ýazan hatynda agzapdy. Biz ruhy ybadathana hakynda öwrensek imanymyz has-da berkär.

94-NJI AÝDYM Sözüň üçin minnetdar

a Mukaddes Kitaby okasak özümizi bagty duýarys, ebedi peýda alarys we Ýehowa Atamyz bilen ýakyndan dostlaşarys. Şu makalada Hudaýyň Sözüniň «giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünmek» üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

b Siz «Imanyňy berkidýän pygamberlik» diýen makalany okap bilersiňiz (w22 07).

c Bütin ýer ýüzüni sarsdyrýan wakalary bilmek üçin «Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär» diýen kitabyň 230-njy sahypasyny okap bilersiňiz.