Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ysraýyllar çölde manna bilen bedene guşundan başga näme iýdiler?

Ysraýyllar 40 ýyllap çölde sergezdan gezdiler. Şonda hak Alla olary gudrat arkaly manna bilen doýurdy (2 Mus. 16:35). Şeýle-de Ýehowa olara iki sapar iýere bedene guşuny berdi (2 Mus. 16:12, 13; 4 Mus. 11:31). Ysraýyllaryň mannadan we bedene guşundan başga-da iýere zatlary bardy.

Ýehowa çölde sergezdan bolan halkynyň gowy ýerde düşlemeginiň hem aladasyny edipdir (4 Mus. 10:33). Günlerde bir gün ysraýyllar Elime baryp düşleýärler. «Ol ýerde 12 sany çeşme bilen 70 palma agajy bardy» (2 Mus. 15:27). Palma agaçlary hurma miwesini berýärdi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Palma agajy dürli ýerlerde ösüp bilýär. Çarwa halky onuň miwesinden iýýär. Millionlarça adamlar ondan ýag alýar we şahalaryndan çatma ýasaýar».

Şu günler Feran oazisi köp syýahatçylaryň barýan ýerine öwrüldi. Ol Feran jülgesinde ýerleşýär a. Belki, ysraýyllar hem Feran oazisinde düşlän bolmaly. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Feran jülgesi 130 km uzalyp gidýär. Ol Sinaýyň iň uzyn, iň owadan jülgeleriniň biridir. Jülgäniň başlanýan ýerinden 45 km ýöräp gitseň Feran oazisine baryp bolýar. Ol takmynan 5 km ýeri öz içine alýar we deňiz derejesinde 610 m beýiklikde ýerleşýär. Feran oazisi şeýle bir owadan welin, oňa „Sinaýyň Erem bagy“ diýýärler. Bu oazisde müňlerçe hurma bitýän palma agaçlary al-ýaşyl öwsüp otyr. Ol ýer gadymy döwürden bäri köp adamlaryň gowy görýän mekanyna öwrüldi».

Feran oazisdäki hurma bitýän palma agaçlary

Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda ýanlary bilen hamyr alyp gaýdýarlar. Belki, olar däne we ýag hem alan bolmaly. Şeýle-de süri-süri mal-gara hem alyp gaýdýarlar (2 Mus. 12:34—39). Megerem, ymgyr çölde olaryň köp mal-garalary gyrlandyr ýa-da käbirini soýup iýendirler. Käbirlerini bolsa gurbanlyk beren bolmaly, hatda ýalan taňrylara bagyş edendirler b (Res. 7:39—43). Ýöne şonda-da ysraýyllar mal-gara saklan bolmaly. Muny Ýehowanyň biwepa halkyna aýdan şu sözleri subut edýär: «Ogullaryňyz çölde 40 ýyllap çopançylyk eder» (4 Mus. 14:33). Belki-de, ysraýyllar mal-garalaryndan süýt alandyrlar, soýup etini iýendirler. Emma 40 ýylyň dowamynda üç million adam etden gerk-gäbe doýan däldir c.

Ysraýyllar çölde mal-garalaryna oty nireden tapýarlar? Olary nädip suwa ýakarýarlar? d Şol döwürler çölde ýygy-ýygydan çabga, ýagyş ýagýan eken. Şol sebäpli mal-garalar iýer ýaly ot-çöp bolupdyr. «Ýazgylara düşünmek» kitabynda: «Ysraýyllaryň 3 500 ýyl mundan öň gezen ymgyr çölünde şu günlere garanyňda suwuň bol bolandygy» hakda ýazylan. Diýmek, şol döwri şeýle bir köp ýagyş ýagypdyr welin, derýalardan joşup suw akypdyr. Häzir bolsa şol ýerler takrap ýatyr (5 Mus. 8:14—16). Nähili bolaýanda-da, ymgyr çölde suw tapmak aňsat däldi. Eger Ýehowa gudrat bilen suw bermedik bolsa, ysraýyllar gyrlyp ýok bolardy, mal-garalary haram ölerdi (2 Mus. 15:22—25; 17:1—6; 4 Mus. 20:2, 11).

Musa pygamber Ýehowanyň ysraýyl halkyny manna bilen ekländigi hakda ýazdy. Sebäbi Ýehowa halkyna «pesgöwünli bolmagy öwretdi». Şeýle-de «adamyň diňe çörek bilen däl, eýsem Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandygyny düşündirdi» (5 Mus. 8:3).

a «Garawul diňi» žurnalyny okap bilersiňiz (w92-U 1/5 sah. 24, 25).

b Mukaddes Kitapda ysraýyllaryň çölde Ýehowa üçin iki sapar mal gurbanlygyny berendigi ýazylan: 1) ruhanylar bellenende, 2) Pasha gurbanlygy berlende. Şu wakalaryň ikisi hem ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýdanlaryndan bir ýyl geçensoň, ýagny b. e. öň 1512-nji ýylda boldy (3 Mus. 8:14—9:24; 4 Mus. 9:1—5).

c Ysraýyllar 40 ýylyň ahyrynda duşmanlaryny ýeňip, ýüz müňlerçe mal-garalary olja aldylar (4 Mus. 31:32—34). Ýöne olar Wada edilen ýurda girýänçäler manna iýdiler (Ýuşa 5:10—12).

d Belki-de, mal-garalar manna iýen däldirler. Sebäbi Ýehowa adamlara: «Her kim iýip biljegini ýygnasyn» diýip tabşyryk berdi (2 Mus. 16:15, 16).