Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

42-NJI MAKALA

Siz «gulak asmaga taýynmy?»

Siz «gulak asmaga taýynmy?»

«Gökden inýän akyldarlyk bolsa... gulak asmaga taýyndyr» (Ýak. 3:17).

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň

MAZMUNY a

1. Bize näme üçin gulak asmak kyn bolýar?

 SIZE gulak asmak kyn bolýarmy? Dawut patyşa Ýehowa ýalbaryp: «Mende saňa gulak asmaga isleg döret» diýip doga etdi (Zeb. 51:12). Dawut patyşa Ýehowany ýürekden söýse-de, käte Oňa gulak asmak kyn bolýardy. Käte bize-de gulak asmak kyn bolýar. Näme üçin? Birinjiden, biz bikämil bolandygymyz üçin gulak asmazlyk ganymyza siňen. Ikinjiden, Şeýtan Iblis özi ýaly bizi hem gozgalaňçy bolmaga iterýär (2 Kor. 11:3). Üçünjiden, gulak asmaýan adamlaryň garaýşy «howa» ýaly bütin dünýä ýaýran (Efes. 2:2). Biz diňe bir bikämillik bilen göreşmän, Şeýtan Iblise we bu dünýäniň täsirine garşy göreşmeli bolýarys. Şonuň üçin biz Ýehowa we onuň erk-ygtyýar beren adamlaryna gulak asmaga jan etmeli.

2. Ýakup 3:17-däki «gulak asmaga taýyn» diýen jümle nämäni aňladýar?

2 Ýakup 3:17-ni okaň. Ýakup şägirt paýhasly adamlaryň «gulak asmaga taýyn» bolýandygyny aýtdy. Biz Ýehowanyň erk-ygtyýar beren adamlaryna ýürekden gulak asmaly. Emma olar Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozmagy talap etseler näme? Onda biz olara däl-de, Ýehowa gulak asmaly (Res. 4:18—20).

3. Biz näme üçin Ýehowanyň erk-ygtyýar beren adamlaryna gulak asmaly?

3 Älem-jahany ýaradan Ýehowa gulak asmak aňsat, sebäbi Ol kämil Hudaý (Zeb. 19:7). Onuň her bir kada-kanunlary peýdaly. Emma bikämil adamlaryň goýýan düzgünlerine eýermek aňsat bolmaýar. Allatagala ene-atalara, döwlet işgärlerine we ýaşululara erk-ygtyýar berdi (Nak. 6:20; 1 Sel. 5:12; 1 Pet. 2:13, 14). Eger biz olara gulak assak, Ýehowa iman edýändigimizi görkezýäris. Geliň, häzir Ýehowanyň erk-ygtyýar beren adamlaryna kyn hem bolsa gulak asmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň edeliň.

ENE-ATAŇYZA GULAK ASYŇ

4. Şu günler ýaşlar näme üçin ene-atasyna gulak asmaýar?

4 Şu günler ýaşlara ene-atasyna gulak asmak kyn bolýar (2 Tim. 3:1, 2). Näme üçin? Sebäbi ýaşlar ene-atasyny ikiýüzli hasaplaýar. Käbir ene-atalar çagalaryna: «Ony et, muny et» diýýär, ýöne özleri etmeýär. Käbir çagalar bolsa ene-atasyny durmuşdan yza galan, gözýetimi dar we öte talapkär hasaplaýar. Ýaşlar, size-de gulak asmak kyn bolýarmy? Ýehowa Hudaý ýaşlara şeýle diýýär: «Hudaýyň isleýşi ýaly ene-ataňyza gulak asyň, sebäbi şeýle etmek dogrudyr» (Efes. 6:1). Ýaşlar, ene-ataňyza gulak asmaga näme kömek eder?

5. Isa ene-ataňa gulak asmakda nähili görelde galdyrdy? (Luka 2:46—52).

5 Ýaşlar, siz Isa pygamberiň göreldesine eýerip bilersiňiz (1 Pet. 2:21—24). Isa kämil bolsa-da, bikämil ene-atasyna gulak asdy. Isanyň ene-atasy ýalňyşýardy, oglunyň ýagdaýyna düşünmeýärdi (2 Mus. 20:12). Geliň, Isanyň 12 ýaşynda başdan geçiren wakasyny bileliň (Luka 2:46—52-nji aýatlary okaň). Bir güni Isa ene-atasy bilen Iýerusalime baýramçylyk bellemäge gidýär. Olar baýramçylyk geçirilenden soňra öýüne dolanýar. Ep-esli ýol sökenlerinden soňra, Ýusup bilen Merýem Isanyň ýokdugyny bilýär. Aslynda, Ýusup bilen Merýem Iýerusalimden gaýtmankalar çagalarynyň hemmesiniň ýanyndadygyny anyklamalydy. Emma olar beýle etmedi. Isany Iýerusalimden tapanlaryndan soňra, oňa käýediler. Isa bolsa olary ýazgarmagyň deregine, Iýerusalimde näme üçin galandygyny hormat bilen düşündirdi. Emma Ýusup bilen Merýem oňa düşünmedi. Isa şonda-da «olaryň aýdan-diýeninden çykmady».

6, 7. Ýaşlara ene-atasyna gulak asmaga näme kömek eder?

6 Ýaşlar, käte siz ene-ataňyzyň ýalňyşlaryny görýänsiňiz. Ýa-da olar siziň ýagdaýyňyza düşünýän däldir. Şonda olara gulak asmak kyn bolýandyr. Size näme kömek eder? Birinjiden, Ýehowa hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda: «Ene-ataňyza hemişe gulak asyň» diýilýär. Eger siz gulak assaňyz, Ýehowa we Isa pygamber begener (Kol. 3:20). Ýehowa siziň ýagdaýyňyza ene-ataňyzyň käte düşünmeýändigini ýa-da olaryň düzgünlerine eýermek kyn bolýandygyny bilýär. Emma siz şonda-da ene-ataňyza gulak assaňyz, Ýehowany begendirersiňiz.

7 Ikinjiden, ene-ataňyz hakda oýlanyň. Ýaşlar, siz ene-ataňyza gulak assaňyz, olary bagtly edersiňiz, ynamyny gazanarsyňyz we jana-jan dost bolarsyňyz (Nak. 23:22—25). Belgiýada ýaşaýan Aleksandr dogan şeýle gürrüň berýär: «Men ene-atama gulak asyp, olar bilen dostlaşdym we biz agzybir ýaşaýarys» b. Üçünjiden, ene-ataňa gulak asmagyň gelejekde berjek peýdasy hakda oýlanyň. Braziliýada ýaşaýan Pawlo şeýle gürrüň berýär: «Men ene-atama gulak asmagy öwrendim. Şeýlelikde, Ýehowa-da, döwlet işgärlerine-de gulak asmak aňsat boldy». Hudaýyň Sözünde ene-ataňa gulak asmagyň wajypdygy barada şeýle diýilýär: «Siz gowy günler görüp, uzak ýaşarsyňyz» (Efes. 6:2, 3).

8. Ýaşlaryň köpüsi näme üçin ene-atasyna gulak asýar?

8 Ýaşlaryň köpüsi ene-atasyna gulak asmagyň peýdalydygyna göz ýetirdiler. Braziliýada ýaşaýan Luiza uýa ene-atasynyň näme üçin telefon alyp bermeýändigine düşünmeýärdi. Sebäbi onuň deň-duşlarynyň hemmesinde telefon bardy. Soňra uýa ene-atasynyň howp-hatardan goramak üçin telefon alyp bermändigine göz ýetirýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ene-atamyň goýan düzgünleri el-aýagymy baglaýan gandal däl-de, janymy goraýan howpsuzlyk kemeri ekeni». ABŞ-da ýaşaýan Elizabet uýa hem ene-atasyna gulak asmak kyn bolýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ene-atamyň goýan düzgünlerine gulak asmak aňsat bolmaýar. Şonda olaryň öňki goýan düzgünleriniň köp zatlardan gorandygy hakda oýlanýaryn». Ermenistanda ýaşaýan Monika uýa şeýle gürrüň berýär: «Ene-atama gulak asanymda köp peýda alýandygym, gulak asmasam köp zyýan çekýändigim hakda oýlanýaryn».

DÖWLET IŞGÄRLERINE GULAK ASYŇ

9. Köp adamlar döwletiň kanunyna nähili garaýar?

9 Köp adamlar şeýle diýýärler: «Eger döwlet işgärleri kada-kanuna gözegçilik etmeseler, ýurtda bulam-bujarlyk bolardy. Şol sebäpli biz olara gulak asmaly» (Rim. 13:1). Şeýle-de olar: «Eger döwletiň kada-kanunlary bilen ylalaşmasak, onda ýerine ýetirmezlige-de hakymyz bar» diýýärler. Ýewropanyň bir ýurdunda salgyt tölemek babatda barlag geçirilýär. Şol ýurduň raýatlarynyň dörtden biri: «Eger döwletiň salgydyny aşa ýokary hasaplasaň, tölemän hem bolýar» diýýärler. Şeýlelikde, şol ýurduň raýatlary salgydyň diňe 65 göterimini töleýärler.

Ýusup bilen Merýemiň göreldesine nädip eýerip bileris? (10—12-nji abzaslara serediň) c.

10. Biz döwletiň kanunlary kyn hem bolsa näme üçin gulak asmaly?

10 Mukaddes Kitapda şu dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygy aýdylýar. Şeýtanyň golastyndaky ynsan hökümetleri adamlara zulum-sütem edýär. Şol sebäpli Ýehowa tizden ynsan hökümetlerini ýok eder (Zeb. 110:5, 6; Nes. 8:9; Luka 4:5, 6). Emma Mukaddes Kitapda: «Häkimiýete garşy çyksak, Hudaýyň goýan tertip-düzgünine garşy çykýarys» diýilýär. Ýehowa olara wagtlaýyn tertip-düzgüne gözegçilik etmäge ýol berdi. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda döwlet işgärlerine hormat goýmalydygy, gulak asmalydygy we salgytlary wagtly-wagtynda tölemelidigi aýdylýar (Rim. 13:1—7). Emma käte häkimiýetiň goýýan kada-kanunlary adalatsyz görünse, köp salgyt salynsa, tabyn bolmak kyn bolýar. Döwlet işgärlerine gulak assak, Ýehowa gulak asdygymyz bolar. Emma olar Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolsalar, biz olara däl-de, Ýehowa gulak asarys (Res. 5:29).

11, 12. Luka 2:1—6-njy aýatlara görä, Ýusup bilen Merýem amatly bolmasa-da patyşanyň permanyna nädip gulak asdy we netijesi nähili boldy? (Surata serediň).

11 Ýusup bilen Merýem patyşanyň çykaran permanyna gulak asyp gowy görelde galdyrdy (Luka 2:1—6-njy aýatlary okaň). Şol döwri Rim imperatory Awgust ilat ýazuwyny geçirmeli diýen perman çykarýar. Ýusup bilen Merýem 150 km ýol söküp, Beýtullahama barmalydy. Elbetde, aýy-güni dolup oturan Merýeme belentli-pesli uzak ýoly geçmek aňsat däldi. Birden Merýeme ýa-da göwresindäki çaga bir zat bolaýsa näme? Birden onuň burgusy tutsa näme? Merýem Hudaýyň wada eden Mesihini dünýä indermeli ahyryn. Ýusup bilen Merýem şu zatlary bahana edip, patyşanyň çykaran permanyna gulak asman bilerdi.

12 Ýusup bilen Merýem kyn hem bolsa patyşanyň permanyna gulak asdylar. Ýehowa-da olara ak pata berdi. Merýem sag-amanja Beýtullahama bardy. Sagdynja bäbejigi dünýä inderdi we Mukaddes Kitapdaky pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşdy (Mik. 5:2).

13. Biziň kanuna gulak asmagymyz imandaşlarymyza nädip kömek edip biler?

13 Döwletiň kada-kanunlaryna gulak asmaklyk köp peýda getirýär. Meselem, biz kanuny bozýan adamlara berilýän jezany çekmeris, jerime tölemeris (Rim. 13:4). Ýehowanyň Şaýatlarynyň abraýyny artdyrarys. Birnäçe ýyl mundan öň Nigeriýada esgerler Ýygnak jaýyna kürsäp girýärler. Olar salgyt tölemejek bolup gozgalaň turzan adamlary gözleýärdiler. Emma esgerleriň serkerdesi şeýle buýruk berýär: «Ýygnak jaýyndan çykyň! Ýehowanyň Şaýatlary salgydy wagtly-wagtynda töleýärler». Hawa, biz döwletiň kanunyna tabyn bolsak, Ýehowanyň halkynyň abraýyny artdyrarys. Belki-de, biziň ýagşy adymyz gelejekde imandaşlarymyzy gorar (Mat. 5:16).

14. Juanna döwlet işgärlerine gulak asmaga näme kömek etdi?

14 Dogan-uýalaryň käbirine döwlet işgärlerine tabyn bolmak kyn bolýar. ABŞ-da ýaşaýan Juanna şeýle diýýär: «Maňa döwlet işgärlerine gulak asmak kyndy. Sebäbi olar dogan-garyndaşlaryma köp ejir çekdirdiler». Emma Juanna hökümete gulak asmak üçin köp tagalla edýär. Birinjiden, ol syýasata degişli täzelikleri görmeýär, gazet-žurnallary okamaýar (Nak. 20:3). Ikinjiden, ol Ýehowa: «Ynsan hökümetlerini tizräk aýyr — diýip doga etmegiň deregine — saňa bil baglamaga kömek et» diýip doga edýär (Zeb. 9:9, 10). Üçünjiden, ol bitaraplygy saklamak baradaky makalalary okaýar (Ýah. 17:16). Juanna höwes bilen hökümete gulak asýar. Indi onuň ynsaby arassa, kalby rahat.

ÝAŞULULARA GULAK ASYŇ

15. Ýygnak ýaşulularyna näme üçin käte gulak asmak kyn bolýar?

15 Ýehowa bize: «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň we tabyn boluň» diýýär (Ýew. 13:17). Biziň Patyşamyz Isa kämil, emma ol bikämil adamlar arkaly ýygnaklara gözegçilik edýär. Eger ýaşulular biziň halamadyk zadymyzy talap etse, olara gulak asmak has-da kyn bolýar. Bir güni Petrus resulyň ýanyna Hudaýyň perişdesi gelip, Musanyň kanunynda haram hasaplanýan haýwanlaryň etini iýmegi tabşyrýar. Emma Petrus üç sapar iýmejekdigini aýdýar (Res. 10:9—16). Näme üçin? Sebäbi Petrus perişdäniň aýdanlary bilen razylaşyp bilmedi we haram haýwanyň etini agzyna-da almandy. Petrus resula hak Allanyň perişdesine gulak asmak kyn bolan bolsa, onda bize bikämil ýaşululara gulak asmak has-da kyn bolup biler.

16. Pawlus resul doganlaryň beren görkezmesine düşünmese-de näme etdi? (Resullar 21:23, 24, 26).

16 Pawlus resul doganlaryň beren görkezmesine düşünmese-de, olara ýürekden gulak asdy. Ýehudy mesihçileriň arasynda Pawlus resulyň «Musanyň kanunyna garşy gelýän zatlary öwredýärmiş» diýen gep-gürrüň ýaýraýar (Res. 21:21). Şonda Iýerusalimdäki ýaşulular Pawlus resula «dört adamy... ýanyna alyp, däp boýunça tämizlenmegi» we soňra ybadathana gitmegi tabşyrýar. Pawlus resul Musanyň kanunynyň ýatyrylandygyny bilýärdi we hiç hili ýalňyşlyk etmändi. Emma şonda-da doganlara derrew gulak asdy. «Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlar bilen däp boýunça tämizlendi» (Resullar 21:23, 24, 26-njy aýatlary okaň). Pawlus resulyň doganlara gulak asmagy ýygnagyň agzybirligine goşant goşdy (Rim. 14:19, 21).

17. Stefani uýanyň başdan geçiren wakasyndan näme öwrendiňiz?

17 Stefani uýa filialdaky doganlaryň görkezmesine gulak asmak kyn bolýar. Ol äri bilen daşary ýurt dilindäki toparda gulluk edýärdi. Filialdaky doganlar şol toparyň ýapyljakdygyny we olara öz ene dilindäki ýygnaga geçmelidigini aýdýarlar. Uýa şeýle ýatlaýar: «Meniň bar keýpim gaçdy. Ene dilimdäki ýygnakda biziň hiç kime peýdamyz bolmaz diýip pikir edýärdim. Emma men şonda-da doganlara gulak asmagy ýüregime düwdüm. Wagtyň geçmegi bilen, men doganlaryň beren görkezmesiniň paýhaslydygyna göz ýetirdim. Ýygnakdaky ýaşlaryň köpüsiniň ene-atasy Ýehowany tanamaýardy. Indi men olaryň ejesi, ýoldaşym bolsa kakasy boldy. Häzir men ýaňy-ýakynda gullugyny dikelden bir uýa bilen okuw geçýärin. Meniň şahsy okuwy geçirmäge-de köp wagtym bar. Men doganlaryň beren görkezmesine eýermek üçin elimde baryny etdim. Indi meniň ynsabym arassa».

18. Biz gulak assak nähili peýda alarys?

18 Gulak asmagy öwrenmeli. Isa pygamber amatly şertlerde däl-de, «görgi görüp, gulak asmagy öwrendi» (Ýew. 5:8). Bizem Isa pygamber ýaly kyn ýagdaýlarda gulak asmaga taýyn bolmaly. Meselem, koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran wagty Ýygnak jaýlaryna barmaly däl, öýden-öýe wagyz etmeli däl diýip görkezme berildi. Elbetde, şol görkezmä gulak asmak kyn bolandyr. Emma siz gulak asyp janyňyzy goradyňyz, dogan-uýalaryň agzybirligine goşant goşduňyz we Ýehowany razy etdiňiz. Hawa, siz ýürekden gulak asmagy öwrendiňiz. Uly betbagtçylykda-da köp görkezmeler berler. Şolara gulak assaňyz janyňyzy halas edersiňiz (Eýp. 36:11).

19. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz we näme üçin?

19 Biz gulak assak köp bereketleriň eýesi bolarys. Emma biz öz bähbidimiz üçin däl-de, Ýehowany söýýändigimiz, Ony razy etmek isleýändigimiz üçin gulak asýarys (1 Ýah. 5:3). Biz Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň hiç haçan öwezini dolup bilmeris (Zeb. 116:12). Ýöne biz Ýehowa we erk-ygtyýar beren adamlaryna gulak asmaly. Gulak asýan adam paýhaslydyr, ol Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar (Nak. 27:11).

89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al

a Biz bikämil, şonuň üçin erk-ygtyýarly adamlara gulak asmak kyn bolýar. Şu makalada biz ene-atalara, döwlet işgärlerine we ýygnak ýaşululara gulak asmagyň peýdalydygy hakda gürrüň ederis.

b Ýaşlar, ene-ataňyz bilen açyk gürrüňdeşlik etmegi öwrenmek üçin jw.org saýtyndan «Ene-atam öte talapkär bolsa näme etmeli?» diýen makalany okap bilersiňiz.

c SURAT: Ýusup bilen Merýem patyşanyň permanyna gulak asdylar we Beýtullahama bardylar. Şu günlerem mesihçiler ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edýärler, wagtly-wagtynda salgydy töleýärler we döwletiň saglyk bilen bagly düzgünlerine eýerýärler.