Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

Ysraýyllar aýdym-saza nähili garapdyrlar?

GADYMY Ysraýylda aýdym-saz wajyp orun eýeläpdir. Mukaddes Kitapda aýdym aýdyp, saz çalan adamlar barada ençeme wakalar ýazylan. Mukaddes Kitabyň ondan bir göterimi aýdym görnüşinde ýazylan. Meselem, Zebur, Süleýmanyň aýdymy we Ýermeýanyň agysy kitaplary aýdym görnüşinde ýazylan. Bir kitapda aýdylmagyna görä, gadymy ysraýyllar her gün diýen ýaly aýdym aýdyp, saz çalypdyrlar.

Gündeki durmuşda aýdym aýdypdyrlar. Ysraýyl halky şatlananda ýa-da gaýgy-gama batanda, öz duýgularyny aýdym aýdyp, saz çalyp beýan edipdirler (Işa. 30:29). Ysraýyl halky ýeňiş gazananda, patyşa saýlanda we baýramçylyk bellänlerinde ýürekden şatlanypdyrlar, gelin-gyzlar bolsa deprek kakyp, tans edip, aýdym aýdypdyrlar (Ser. 11:34; 1 Şam. 18:6, 7; 1 Pat. 1:39, 40). Ysraýyllar gaýgy-gama batanda agy aýdymyny aýdypdyrlar (2 Tar. 35:25). Görşümiz ýaly, ysraýyllar her gününi saz-söhbet bilen geçiripdirler.

Patyşanyň köşgünde aýdym aýdypdyrlar. Ysraýyl patyşalary aýdym-saz diňlemegi halapdyrlar. Meselem, Şawul patyşa Dawudy köşk sazandasy edip alýar (1 Şam. 16:18, 23). Dawut tagta geçende bolsa ençeme täze saz gurallaryny ýasapdyr we adamlaryň ýüregine täsir edýän, göwnüňi galkyndyrýan aýdymlary döredipdir. Şeýle-de Ýehowanyň öýünde gulluk etjek sazandalar toparyny döredipdir (2 Tar. 7:6; Amos 6:5). Süleýman patyşanyň köşgünde aýaldyr erkek bagşylar bolupdyr (Nes. 2:8).

Ýehowa sežde edenlerinde aýdym aýdypdyrlar. Iýerusalimiň ybadathanasynda 4 000 sany sazanda gulluk edipdir (1 Tar. 23:5). Olar bürünç çan, kirişli saz gurallaryny we arfadyr surnaýlar çalypdyrlar (2 Tar. 5:12). Hudaýa sežde edenlerinde ökde sazandadyr aýdymçylardan başga-da, bütin halk aýdym aýdyp, saz çalypdyr. Meselem, ysraýyl halky baýramçylyk bellemek üçin Iýerusalime gidenlerinde ýolboýy zyýarat aýdymlaryny aýdypdyrlar (Zeb. 120—134). Ýehudy golýazmalaryna görä, ysraýyllar Pasha baýramyny bellänlerinde, Hallel a aýdymlaryny aýdypdyrlar.

Şu günler hem Hudaýyň halky aýdym aýtmagy we saz çalmagy gowy görýär (Ýak. 5:13). Olar Hudaýa sežde edenlerinde aýdym aýdýar (Efes. 5:19). Aýdym-saz dogan uýalary jebisleşdirýär (Kol. 3:16). Şeýle-de agyr günleri başdan geçirenimizde aýdym aýdyp, saz çalsak güýjümize güýç goşulýar we göwnümiz galkynýar (Res. 16:25). Biz Ýehowany wasp edip aýdym aýtsak, Oňa iman edýändigimizi we ýürekden söýýändigimizi subut ederis.

a Ýehudylar Zebur 113—118-nji baplara «Hallel aýdymlary» diýipdirler. Şol aýdymlary Ýehowany wasp edenlerinde aýdypdyrlar.