Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Iýerusalimdäki ybadathananyň minarasy näçe metrdi?

Süleýman patyşanyň guran ybadathanasyna girmek üçin minaranyň içinden geçmelidi. «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» 2023-nji ýyldan öňki neşirinde 2 Taryh 3:4 şeýle terjime edilipdi: «Minaranyň ini ybadathananyň ini ýaly 20 tirsekdi, beýikligi bolsa 120-di». Başga terjimelerde bolsa «minaranyň beýikligi 120 tirsekdi» (53 metr) diýilýär.

«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» 2023-nji ýylyň neşirinde bolsa «minaranyň... beýikligi... 20 tirsekdi» (takmynan 9 metr) diýilýär a. Geliň, 2 Taryh 3:4-e näme üçin şeýle üýtgeşmäniň girizilendigi barada jikme-jik bileliň.

1 Patyşalar 6:3-de ybadathananyň minarasynyň beýikligi barada hiç zat aýdylmaýar. Ýermeýa pygamber minaranyň uzynlygynyň we ininiň näçe tirsekdigi barada jikme-jik ýazdy, emma beýikliginiň näçe tirsek bolandygyny ýazmandyr. Şeýle-de ol ybadathanadaky iki sany beýik mis sütün, misden ýasalan howuz we on sany araba barada hem agzaýar (1 Pat. 7:15—37). Eger minaranyň beýikligi 53 metr bolup, üstüňe abanyp duran bolsa, pygamber ol hakda ýazmazdymy? Şondan birnäçe asyr soň ýaşap geçen ýehudy taryhçylary minaranyň ybadathanadan beýik bolmandygyny ýazypdyrlar.

Alymlar ybadathananyň minarasynyň beýikliginiň 120 tirsek bolandygyna şübhelenipdirler. Gadymy Müsürdäki ybadathanalaryň minarasynyň düýbi inli we berk bolupdyr, ýokarsy bolsa kem-kemden inçelipdir. Emma Süleýmanyň ybadathanasyndaky minara olardan bütinleý tapawutlanýardy. Alymlaryň aýtmagyna görä, ybadathananyň diwarlarynyň ini 6 tirsekden, ýagny 2, 7 metrden köp bolmandyr. Taryhçy we arhitektor Teodor Býusink şeýle diýýär: «Eger Iýerusalimdäki ybadathananyň diwarlarynyň inini göz öňüne tutsak, minaranyň beýikliginiň 120 tirsek bolmaga haky ýok».

2 Taryh 3:4-i mürzeler nädogry göçüren bolmaly. Gadymy golýazmalarda minaranyň beýikligi «120» diýilýär. Aleksandriýa kodeksinde (V asyr) we Amwrosianiýa kodeksinde (VI asyr) minaranyň beýikligi «20 tirsek» diýilýär. Onda näme üçin mürzeler «120» diýdikä? Sebäbi ýewreý dilinde «tirsek» we «ýüz» sözleriniň ýazylyşy meňzeş ekeni. Şol wagt Mukaddes Kitaby göçüren mürzeler «tirsek» sözüne derek «ýüz» sözüni ýazan bolmaly.

Biz Süleýmanyň guran ybadathanasynyň jikme-jiklikleri barada bilmek isleýäris, sebäbi ol Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasynyň kölegesi. Hawa, Ýehowanyň ruhy ybadathanasynda gulluk etmek uly hormat! (Ýew. 9:11—14; Ylh. 3:12; 7:9—17).

a Käbir gadymy golýazmalarda «120» diýilýär. Käbir golýazmalarda we terjimelerde bolsa «20 tirsek» diýilýär.