TERJIMEHAL
Ýehowa barada öwrenmegi we öwretmegi halaýaryn
MEN Iston şäherinde (Pensilwaniýa, ABŞ) önüp-ösdüm. Men ýokary okuw jaýynda okap, atly-abraýly adam bolmak isleýärdim. Men matematikany, fizika we himiýa ýaly ylym bilen baglanyşykly sapaklary gowy görýärdim. 1956-njy ýylda adam hukuklaryny goraýan gurama meni garaýagyz okuwçylaryň arasynda iň göreldeli okuwçy diýip saýlady we 25 dollar sylag berdi. Emma men isleg-arzuwlarymy üýtgetdim. Näme üçindigini bilesiňiz gelýärmi?
ÝEHOWANY TANADYM
Ene-atam 1940-njy ýylyň başynda Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. Olar biraz wagtdan okuw geçmegini goýdy. Emma ejem «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny alýardy. 1950-nji ýylda Nýu-Ýorkda halkara kongresi geçirildi. Biz bütin maşgalamyz bilen kongrese gatnaşdyk.
Kongresden biraz wagt soňra bize Lowrens Jeffris dogan geldi. Ol meniň ýaş kalbymda Ýehowa söýgi döretmek üçin jan edýärdi. Men bolsa onuň aýdýanlary bilen ylalaşmaýardym. Sebäbi Ýehowanyň Şaýatlarynyň syýasata goşulmaýandygyny we harby gulluga gitmeýändigini halamaýardym. Men oňa: «Eger Amerikada hiç kim harby gulluga gitmese, onda watany kim gorar?» diýdim. Ol meni ünsli diňläp şeýle diýdi: «Göz öňüne getir, Amerikada hemmeler Ýehowa Hudaýa gulluk edýär. Ol öz halkyny duşmanlardan goramazmy?» Doganyň getiren subutnamalary ýüregime jüňk boldy. Şeýlelikde, meniň Ýehowa barada köpräk bilesim geldi.
Men ejemiň ýerzeminde goýan «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny okap başladym. Şeýdip, men Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlarynyň hakykatdygyna göz ýetirdim. Men Jeffris dogan bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçdim we ýygnaklara gatnap başladym. Men Ýehowa ýürekden iman etdim we wagyzçy boldum. «Ýehowanyň beýik gününiň ýakyndygyna» düşünenimde bolsa, aýgytly ädimleri ätmegi ýüregime düwdüm (Sep. 1:14). Öňler men ýokary okuw jaýynda okap, atly-abraýly adam bolmak isleýärdim. Emma indi adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçip, Ýehowany tanatmak isleýärin.
Men 1956-njy ýylyň 13-nji iýunynda mekdebi tamamladym we üç günden soň etrap kongresinde suwa çümdürildim. Men ömrümi Ýehowa bagyş edip köp zatlary öwrendim we adamlara hak Allany tanamaga kömek etdim. Şol wagtlar Ýehowanyň şunça bereketleri berjekdigini göz öňüme-de getirmeýärdim.
PIONER BOLUP ÖWRENDIM HEM ÖWRETDIM
Men suwa çümdürilenime alty aý geçensoň pioner gullugyna başladym. 1956-njy ýylyň dekabrynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» «Siz wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edip bilersiňizmi?» diýen makala bardy. Ol tüýs meniň üçin ýazylan ýalydy. Sebäbi men wagyzçylaryň az ýerinde adamlara hoş habary wagyz etmek isleýärdim (Mat. 24:14).
Men Ejfilde (Günorta Karolina) göçdüm. Şol wagtlar ol ýerde bary-ýogy dört wagyzçy bardy, meniň bilen bäş boldy. Biz bir doganyň öýünde ýygnak geçýärdik. Men yhlasly wagyz edýärdim, her aý 100 sagat tabşyrýardym. Men ýygnakda nutuk bilenem çykyş edýärdim. Ýygnakda näçe köp işleri etsem, şonça-da Ýehowany gowy tanaýardym.
Men Jonstonda ýaşaýan bir aýal bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdim. Jonston Ejfildden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Ol aýal öýünde ýygnak geçirmäge rugsat berdi. Ol maňa iş hem tapyp berdi.
Bruklinden Jolly Jeffris dogan meniň ýanyma göçüp geldi. Onuň kakasy maňa okuw geçdi. Biz Jolly bilen pioner bolup gulluk etdik. Bir dogan bize ulaga tirkelýän tigirli jaýyny ýaşamaga berdi.
Günorta Karolinada gazanç etmek kyndy. Uzakly gün işläniňde iki-üç dollar gazanyp bolýardy. Bir gün men soňkuja puluma iýer-içer ýaly zat satyn alyp dükandan çykdymam welin, bir adam: «Ýaş ýigit, iş gerekmi?! Sagadyňa bir dollar tölejek» diýdi. Men gurluşyk bolan ýeri arassalamalydym. Ol ýerde üç gün işledim. Şonda men Ýehowanyň Ejfildde galmagymy isleýändigine göz ýetirdim. Men 1958-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen halkara kongresine-de gidip bildim.
Kongresiň ikinji güni meniň üçin üýtgeşik gün boldy. Men Gallatinde (Tennesi) pioner bolup gulluk edýän Ruby Wadlington uýa bilen tanyşdym. Ikimiz hem missioner bolmagy arzuw edýärdik. Şol sebäpli kongresde Gilead mekdebinde okajaklar üçin geçirilen duşuşyga gatnaşdyk. Şondan soň biz hat arkaly habarlaşyp durduk. Bir gün meni Gallatindäki ýygnakda jemagat nutugy bilen çykyş etmäge çagyrdylar. Men mümkinçilikden peýdalanyp oňa söz aýtdym. Soňra men Rubynyň ýygnagyna geçdim. Biz 1959-njy ýylda toý etdik.
ÝYGNAKDA ÖWRENDIM HEM ÖWRETDIM
Meni 23 ýaşymda Gallatinde ýygnagyň gullukçysy (häzir ýaşulular maslahatynyň koordinatory diýilýär) edip bellediler. Şol wagt ýygnagymyzy Çarlz Tompson dogan idedi. Ol ýaňy-ýakynda
etrap gözegçisi bolupdy. Dogan tejribelidi, ýöne şonda-da beýleki etrap gözegçileriniň dogan-uýalara nädip kömek edýändigini sorady. Men ondan bir karara gelmezden öň, bar zadyň anygyna ýetmegiň wajypdygyny öwrendim.1964-nji ýylyň maýynda meni bir aýlyk Patyşalyk gullugynyň mekdebinde okamaga çagyrdylar. Mekdep Saut-Lansingde (Nýu-Ýork) geçirildi. Mugallymlar meni Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenip, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga höweslendirdiler.
ETRAP WE WELAÝAT GÖZEGÇISI BOLUP ÖWRENDIM HEM ÖWRETDIM
1965-nji ýylyň ýanwarynda Ruby ikimiz etrap gözegçisi bolup gulluk edip başladyk. Biziň etrabymyz gaty uludy. Ol Nokwildan (Tennesi) Riçmonda (Wirginiýa) çenli aralygy öz içine alýar. Oňa Demirgazyk Karolinadaky, Kentukkidäki we Günbatar Wirginiýadaky ýygnaklar degişli. Şol döwür ABŞ-nyň günortasynda akýagyz we garaýagyz adamlara görüşmek gadagan edilipdi. Şol sebäpli men diňe garaýagyz dogan-uýalaryň ýygnagyny idäp bilýärdim. Ruby ikimiz jomart bolmagy öwrendik, sebäbi ol ýerdäki dogan-uýalar örän garyp ýaşaýardy. Köpden bäri etrap gözegçisi bolup gulluk edýän bir tejribeli dogan şeýle maslahat berdi: «Başlyk däl-de, dogan bol. Eger başgalar seni dogany hökmünde kabul etse, olara kömek etmek aňsat bolar».
Bir gezek biz kiçiräjik ýygnagy idedik. Şonda Ruby bir gelin bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlady. Onuň bir ýaşlyja gyzjagazy bardy. Soňra Ruby onuň bilen hat arkaly okuw geçip başlady. Sebäbi ol ýerde onuň bilen okuw geçip biljek wagyzçy ýokdy. Indiki gezek şol ýygnagy idänimizde, ýaňky gelin ýygnaklaryň ählisine geldi. Soňra ol ýere iki sany ýörite pioner bellenildi. Olar ýaňky gelin bilen Mukaddes Kitap okuwyny dowam etdiler we ol suwa çümdürildi. Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. 1995-nji ýylda Pattersondaky Beýtelde bir uýa Ruby bilen salamlaşdy. Görüp otursak, ol Rubynyň 30 ýyl mundan öň okuw geçen gelniniň gyzy eken. Ol äri bilen Gilead mekdebiniň 100-nji klasynda okamaga gelipdir.
Soňra bizi merkezi Floridadaky ýygnaklara etrap gözegçisi edip bellediler. Ol ýere gatnamak üçin bize ulag gerekdi. Şonuň üçin biz arzanjak ulag satyn aldyk. Bir hepde geçip-geçmänkä ulagymyz döwüldi. Bejertmäge-de kör-köpügimiz ýokdy. Men bir dogana jaň edip ulagymyzy bejerip bermegi haýyş etdim. Ol hem bir tanyş ussasyny iberipdir we oňa hiç hili pul almazlygy tabşyrypdyr. Dogan bize: «Özüňizi borçly duýup, yzyna gaýtarjak bolmaň» diýdi. Ol bize az-owlak pul hem berdi. Şonda biz Ýehowanyň hemişe halkynyň aladasyny edýändigine göz ýetirdik we bize-de jomart bolmagy ýatlatdy.
Biz her gezek ýygnaklary idänimizde dogan-uýalar öýüne myhman alýardy. Şeýdip, biz köp adamlar bilen dostlaşdyk. Bir gün ideg eden ýygnagymyzyň hasabatyny ýazyp başladym we ýazyp gutarmankam bir ýere gitmeli boldum. Agşam gelip görsem, myhman bolan ýerimiziň üç ýaşlyja oguljygy hasabatyň yzyny «ýazyp goýaýypdyr». Her gezek onuň bilen görşenimizde şol wakany ýatlap gülüşýäris.
1971-nji ýylda meni Nýu-Ýorka welaýat gözegçisi edip bellediler. Biz haýran galdyk! Ol ýere baranymyzda bary-ýogy 34 ýaşymdadym. Doganlar özleriniň ilkinji garaýagyz welaýat gözegçisini, ýagny meni gujak açyp garşy aldylar.
Dynç günleri geçirilýän etrap kongreslerinde nutuk bilen çykyş edip Ýehowa barada hem öwrenýärdim, hem öwredýärdim. Kongresde çykyş edýän etrap gözegçileriniň köpüsi menden has tejribelidi. Olaryň biri men suwa çümdürilenimde nutuk bilen çykyş edipdi. Ýene biri, ýagny Teodor Ýaraç dogan soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy boldy. Başgalary bolsa Bruklindäki Beýtelde gulluk edýärdi. Etrap gözegçileri we beýtelçiler bilen işleşmek aňsatdy. Men olara örän minnetdar! Olar Ýehowanyň Sözüne ýürekden eýerýärdiler we guramany goldaýardylar. Pesgöwünli doganlar bilen eginme-egin işleşmek örän ýakymly.
ÝENE-DE ETRAP GÖZEGÇISI BOLDUM
1974-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty başga bir etrap gözegçini welaýat gözegçisi edip belledi. Men bolsa Günorta Karolinada etrap gözegçisi
bolup gulluk etmelidim. Hudaýa şükür, şol wagtlar ABŞ-nyň günortasynda akýagyzlar bilen garaýagyzlara görüşmäge rugsat berlipdi. Dogan-uýalar muňa diýseň begendiler.1976-njy ýylyň ahyrynda meni Jorjiýa bellediler. Meniň etrabym Atlantadan Kolumbusa çenli aralygy öz içine alýar. Bir güni jenaýatçylar garaýagyz uýamyzyň öýüni otlapdyrlar. Şonda onuň bäş çagasy aradan çykdy. Men ýas nutugy bilen çykyş etdim. Şol pajygaly waka hiç ýadymdan çykanok. Çagalaryň ejesi bolsa agyr ýaralanyp hassahana düşdi. Bir günde bäş çagasyny ýitiren är-aýala göwünlik bermäge gelýän akýagyz we garaýagyz Ýehowanyň Şaýatlarynyň yzy üzülenokdy. Dogan-uýalaryň görkezen söýgüsini söz bilen beýan edip bolmaýar. Hudaýyň halky kynçylyklarda bir-birini goldasalar, has agyr synaglara-da döz gelip bilerler.
BEÝTELDE ÖWRENDIM HEM ÖWRETDIM
1977-nji ýylda bizi birnäçe aýlyk Bruklindäki Beýtele kömek etmäge çagyrdylar. Öýümize gaýtmaly wagtymyz golaýlanda, iki sany Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy ýanymyza gelip, Beýtelde hemişelik gulluk etmegi teklip etdiler. Bizem razylaşdyk.
Men 24 ýyl Gulluk bölüminde işledim we kyn meseleleri çözmeli bolýardy. Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna esaslanýan görkezmeleri berip durýardy. Şeýlelikde, Gulluk bölümi dürli soraglara jogap berýärdi, etrap gözegçilerine, ýaşululara we pionerlere tälim berilmeginiň aladasyny edýärdi. Mekdeplerde tälim alan dogan-uýalaryň imany berkeýärdi. Ýygnaklar hem gülläp ösýärdi.
1995—2018-nji ýyllar aralygynda men sebit gözegçisi bolup gulluk etdim we Baş edaranyň wekili hökmünde birnäçe filiallara aýlandym. Men filial komitetindäki doganlar, beýtelçiler we missionerler bilen gürrüňdeş boldum. Kynçylyk çekýän dogan-uýalara göwünlik berdim. Olaryň berýän gürrüňleri menem, Rubyny hem ruhlandyrýardy. Meselem, 2000-nji ýylda biz Ruanda gitdik. 1994-nji ýylda ol ýerde bolan tire-taýpa arasyndaky gyrgynçylyk dogan-uýalaryň, beýtelçileriň ýüregine bitmejek ýara saldy. Olaryň köpüsiniň dogan-garyndaşlary aradan çykdy. Dogan-uýalaryň beren gürrüňini diňlänimizde inimiz tikenekläp gitdi. Olar şeýle kynçylyklary başdan geçirseler-de imanyny gowşatmadylar, umydyny üzmediler we şatlygyny ýitirmediler.
Biz 80 ýaşy arka atdyk. Men 20 ýyl bäri ABŞ-nyň filial komitetinde gulluk edýärin. Men arzuwlan ýokary okuw jaýyma girmedim. Ýöne Ýehowanyň we guramanyň beren iň ýokary bilimini aldym. Şeýlelikde, men öwrenen zatlarymy başgalara öwredip, olara hakykat ýolundan ýöremäge kömek etdim (2 Kor. 3:5; 2 Tim. 2:2). Men Mukaddes Kitabyň adamlara Hudaýy razy edip ýaşamaga we Onuň bilen dostlaşmaga kömek edýändigine göz ýetirdim (Ýak. 4:8). Biz dogan-uýalary Ýehowa barada bilim almaga we adamlara öwretmäge höweslendirýäris. Hudaýyň halky üçin şundan uly hormat barmy näme?!