Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

37-NJI MAKALA

Dogan-uýalara ynanyň

Dogan-uýalara ynanyň

«Söýgi... ähli zada ynanýar, ähli zada umyt edýär» (1 Kor. 13:7).

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

MAZMUNY a

1. Şu günler adamlar näme üçin biri-birine ynanmaýarlar?

 ŞU ÝALANÇY DÜNÝÄDE adamlar biri-birine ynanmaýarlar, sebäbi täjirler, syýasatçylar we dini ýolbaşçylar olaryň ynamyny gaçyrdy. Adamlar dostlaryna, goňşularyna, hatda maşgala agzalaryna-da ynanmaýarlar. Biz muňa geň galmaýarys, «sebäbi şu dünýäniň taňrysy» Şeýtan hem ynama mynasyp däl (2 Kor. 4:4). Adamlar hem onuň göreldesine eýerýärler. Mukaddes Kitapda «soňky günlerde... adamlaryň... biwepa... töhmet atýan... dönük» boljakdygy aýdylýar (2 Tim. 3:1—4).

2. a) Biz kimlere we nämä doly ynanyp bileris? b) Käbirlerinde nähili sorag döremegi mümkin?

2 Biz gökdäki Atamyz Ýehowa doly bil baglaýarys (Ýer. 17:7, 8). Onuň bizi ýürekden söýýändigine we hiç haçan «terk etmejekdigine» ynanýarys (Zeb. 9:10). Isa pygamber bikämil adamlary günäniň gulçulygyndan azat etmek üçin şirin janyny gurban etdi. Şol sebäpli oňa doly ynanyp bileris (1 Pet. 3:18). Biz Hudaýyň Sözüne-de ynanyp bileris, sebäbi onuň dogry ýoly görkezýändigine durmuşymyzda birnäçe sapar göz ýetirdik (2 Tim. 3:16, 17). Diýmek, biz Ýehowa Hudaýa, Isa pygambere we Mukaddes Kitaba ýürekden ynanyp bilýäris. Emma käbirleri şübhelenip: «Dogan-uýalara ynanyp bolarmy?» diýmekleri mümkin. Biz imandaşlarymyza ynanyp bileris. Geliň, olara näme üçin ynanmalydygy hakda gürrüň edeliň.

BIZ DOGAN-UÝALARYŇ GOLDAWYNA MÄTÄÇ

Dünýäniň dürli künjeginde ynamdar we Ýehowany ýürekden söýýän dogan-uýalar bar (3-nji abzasa serediň).

3. Biz nämäni uly hormat hasaplamaly? (Markus 10:29, 30).

3 Gökdäki Atamyz Ýehowa özüni tanadýar we bizi ogul-gyzy hökmünde kabul edýär. Dogan-uýalar bilen agzybirlikde Ýehowa gulluk etmek uly hormat (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň). Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar Ýehowany ýürekden söýýärler we Onuň kada-kanunyna görä ýaşaýarlar. Olaryň gepleýşi, medeniýeti we geýnişi dürli-dürli bolsa-da, biri-birlerini ýürekden söýýärler. Olar Ýygnak jaýyna ýa-da Kongresler köşgüne baranlarynda süýtdeş doganlar ýaly salamlaşýarlar. Biz gökdäki Atamyza agzybir gulluk edip, Ony şöhratlandyrýarys (Zeb. 133:1).

4. Biz näme üçin dogan-uýalar bilen agzybir we parahat ýaşamaly?

4 Şu günler dogan-uýalar bilen agzybir we parahat ýaşamak has-da wajyp. Olaryň goldawy bilen biz kynçylyklara döz gelip bilýäris (Rim. 15:1; Gal. 6:2). Şeýle-de olar Ýehowa gulluk etmäge we Onuň bilen dostlaşmaga kömek edýärler (1 Sel. 5:11; Ýew. 10:23—25). «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýlişi ýaly, dogan-uýalar bolmadyk bolsa, ýeke özümize Şeýtanyň dünýäsinde we zalym adamlaryň arasynda Ýehowa wepaly bolmak kyn bolardy. Tizden Şeýtan Iblis we onuň golastyndaky adamlar Hudaýyň halkyna garşy hüjüm ederler. Şonda biz dogan-uýalaryň kömegine we goldawyna has-da mätäç bolarys.

5. Käte dogan-uýalara ynanmak näme üçin kyn bolup biler?

5 Belki, siz dogan-uýalaryň birine syryňyzy aýdansyňyz. Emma ol siziň syryňyzy paş edendir. Belki-de, dogan-uýalaryň aýdan sözi we eden işi ýüregiňize bitmejek ýara salandyr. Ýa-da kimdir biri beren sözünde durman ynamdan gaçandyr. Şol sebäpli siz hiç kime ynanýan dälsiňiz. Dogan-uýalara ýene-de ynanar ýaly näme etmeli?

SÖÝGI YNAM DÖREDÝÄR

6. Söýgi häsiýeti imandaşlarymyza ynanmaga nädip kömek edýär? (1 Korinfliler 13:4—8).

6 Dogan-uýalary söýseňiz we ýüregiňiziň töründen orun berseňiz, olara ynanarsyňyz. 1 Korinfliler 13-nji bapda dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin nämeler etmelidigi aýdylýar (1 Korinfliler 13:4—8-nji aýatlary okaň). Meselem, 4-nji aýatda «söýgi sabyrlydyr, mähirlidir» diýilýär. Ýehowa günä edýän adamlaryň toba etmegine sabyrly garaşýar. Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalar göwnümize degseler-de, gaharymyzy getirseler-de sabyrly bolmaly. 5-nji aýatda söýginiň «çalt gaharlanmaýandygy, ýalňyşlaryň hasabyny ýöretmeýändigi» aýdylýar. Biz hem dogan-uýalaryň ýalňyşlaryny barmak büküp sanap ýörmän, Nesihat 7:9-daky «öýkelek bolmaň» diýen maslahata eýermeli. Efesliler 4:26-da bolsa: «Gün batýança, gaharyňyz ýatsyn» diýilýär.

7. Matta 7:1—5-nji aýatlar dogan-uýalara ynanmaga nädip kömek edýär?

7 Ýehowa adamlary söýýär we toba eden adamyň günäsini ýatlap ýörmeýär (Zeb. 130:3). Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryna däl-de, gowy häsiýetlerine üns bermeli we olaryň ýagşy işleri etjekdiklerine ynanmaly (Matta 7:1—5-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitapda: «Söýgi ähli zada... ynanýandyr» diýilýär (1 Kor. 13:7). Aýatdaky sözler boş wada berenlere däl-de, özüniň ynamdardygyny subut eden adamlara ynanmalydygyny aňladýar b.

8. Dogan-uýalara ynanmak üçin näme etmeli?

8 Dogan-uýalara ynanmak üçin näme etmeli? Olary gowy tanamaly, ýygnakda gürrüňdeş bolmaly we olar bilen wagyz etmeli. Belki-de, siz olara özüňiz barada ähli zady gürrüň bermersiňiz. Emma ynamdar adamdygyna göz ýetireniňizden soňra ýüregiňizi döküp bilersiňiz (Luka 16:10). Dogan-uýalar ynamyňyzy ödemeseler näme? Sabyrly boluň, dostlugyňyzy bozmaň. Bir adamyň ýalňyşy üçin ähli dogan-uýalardan ynamyňyz gaçmasyn. Şu makalada gadymy döwürde Hudaýa wepaly bolan adamlar barada gürrüň ederis. Olaryň hem käbirine ynamy gaçdy, ýöne hemmäni bir aýakdan sürmedi.

HUDAÝHON ADAMLARDAN GÖRELDE ALYŇ

Aly ruhany käýese-de, Hanna Ýehowa we ruhana ynandy (9-njy abzasa serediň).

9. a) Ruhany Hanna käýese-de, ol Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi? b) Biz Hannanyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Surata seredip jogap beriň).

9 Siziň gözegçi doganlardan göwnüňiz geçen wagty boldumy? Onda hudaýhon aýal Hannanyň göreldesine eýeriň. Şol döwürde Aly baş ruhanydy. Onuň ogullary hem ruhanydy. Emma olar ahlaksyzlyk we erbet işleri edip, kakasyny abraýdan gaçyrdylar. Ýehowa Alyny ogullaryna berk temmi bermändigi üçin derrew borjundan aýyrmady. Indi Hanna näme eder? Ybadathana barman oturarmy? Ýok! Bir gün ol ybadathana barýar we Ýehowa: «Maňa ogul ber!» diýip, aglap doga edýär. Hannanyň halyndan bihabar ruhany oňa käýeýär (1 Şam. 1:12—16). Hanna ogly bolsa Aly ruhanynyň elinde ulaljakdygyny bilse-de Ýehowa: «Bir ogul berseň, oglumy saňa bereýin» diýýär (1 Şam. 1:11). Hawa, Aly ogullaryna çäre görmese-de, Ýehowa öz wagtynda olara temmi berdi (1 Şam. 4:17). Ýehowa Hannanyň dilegini kabul edip, bir ogul berdi we onuň adyna Şamuwel dakdylar (1 Şam. 1:17—20).

10. Jana-jan dostunyň dönüklik edendigi üçin Dawudyň hemmelerden göwni geçdimi?

10 Siziň jana-jan dostuňyz dönüklik etdimi? Onda Dawut patyşadan görelde alyň. Sebäbi patyşanyň jana-jan dosty Ahytopel dönüklik edýär. Bir güni Dawudyň ogly Abselim kakasyny tagtdan agdarmak isleýär. Şonda Ahytopel Abselimiň tarapyna geçip, Dawut patyşanyň kastyna çykýar. Jana-jan dostunyň we söwer oglunyň dönüklik etmegi, patyşanyň bilini bükendir, ýüregine bitmejek ýara salandyr. Emma patyşanyň hemmelerden göwni geçmedi. Ol Huşaýa ynandy, sebäbi ol hak dostdugyny subut etdi. Huşaý Dawut patyşa üçin janyndan geçmäge taýyndy (2 Şam. 17:1—16).

11. Hyzmatkär Abygaýyla ynanýandygyny nädip görkezdi?

11 Geliň, tüçjar baý Nabalyň bir hyzmatkäri hakda gürrüň edeliň. Dawut ýigitleri bilen çöldekä, Nabalyň goýun-geçilerini bakyp ýören çopanlaryny gorady. Aý aýlanyp, günler geçýär. Dawut ýigitleri üçin Nabaldan iýip-içer ýaly zat soraýar. Emma ol gysgançlykdan ýaňa hiç zat bermän, Dawudyň ýigitlerini kowup goýberýär. Dawudyň gahary gelip, Nabalyň öý-içerisindäki ähli erkekleri gyrmak üçin gazap atyna atlanýar. Şonda Nabalyň hyzmatkärleriniň biri öz başyny gutarmagyň deregine, bolan zatlary hojaýynynyň aýaly Abygaýyla gürrüň bermäge gidýär. Sebäbi ol Abygaýylyň başarjaň we paýhasly aýaldygyny bilýärdi. Abygaýyl hyzmatkäriniň ynamyny ödeýär we Dawudy bigünä gan dökmekden saklaýar (1 Şam. 25:2—35). Abygaýyl Dawudyň ynamdar adamdygyny bilýärdi.

12. Isa pygamber şägirtlerine ynanýandygyny nädip görkezdi?

12 Geliň, I asyrda bolan wakalar hakda gürrüň edeliň. Şägirtler köp ýalňyşýardy, emma Isa pygamber olara ýürekden ynanýardy (Ýah. 15:15, 16). Ýakup bilen Ýahýa Isa pygamberden: «Patyşalygyňda birimize sag tarapyňda, beýlekimize çep tarapyňda oturmaga rugsat et» diýip haýyş etdiler. Ýöne Isa olara käýemedi, olardan ýüz öwürmedi (Mar. 10:35—40). Bir güni Isa pygamberi tussag edýärler. Şonda şägirtleriň ählisi ony taşlap gaçyp gidýärler (Mat. 26:56). Isa pygamber şägirtleriniň bikämildigine düşünýärdi. Şol sebäpli olara ynanýardy we olary «soňky demine çenli söýdi» (Ýah. 13:1). Isa pygamber ölümden direlenden soň 11 resulyna wajyp ýumuş tabşyrdy. Olara wagyz işine ýolbaşçylyk etmegi we guzujyklarynyň aladasyny etmegi ynandy (Mat. 28:19, 20; Ýah. 21:15—17). Şägirtler Isa pygamberiň ynamyny ödediler we bütin ömrüne Ýehowa wepaly gulluk etdiler. Görşümiz ýaly, Hanna, Dawut, Nabalyň hyzmatkäri, Abygaýyl we Isa pygamber bikämil adamlara ynanyp, biziň üçin gowy görelde galdyrdylar.

BIREK-BIREGE ÝÜREKDEN YNANYŇ

13. Näme sebäpden adama bolan ynamyň gaçyp biler?

13 Aýdaly, siz bir dogana kynçylygyňyzy gürrüň berýärsiňiz. Emma ol siziň gürrüň beren zatlaryňyzy başga birine aýdýar. Elbetde, siz muny eşidip özüňizi erbet duýarsyňyz, dogana bolan ynamyňyz gaçar. Şeýle wakany bir uýa başdan geçirýär. Ol aladasyny we derdini ýaşuly dogana gürrüň berýär. Ertesi gün ýaşulynyň aýaly uýany ruhlandyrmak üçin jaň edýär. Görüp otursa, ýaşuly aýalyna ähli zady gürrüň beripdir. Şondan soňra uýanyň ýaşula ynamy gaçýar. Emma uýa başga bir ýaşuludan kömek soraýar. Dogan gerekli maslahaty berip, ýaşululara ynanmaga kömek edýär.

14. Dogana ýaşululara ýene-de ynanmaga näme kömek etdi?

14 Bir doganyň iki ýaşuludan göwni geçýär we olara hiç ynanyp bilmeýär. Emma sylag-hormat goýýan doganynyň: «Biziň duşmanymyz dogan däl, Şeýtan» diýen sözleri ýadyna düşýär. Soňra ol doga edip oýlanýar, Ýehowa hem oňa ýaşulular bilen ýaraşmaga we olara ýürekden ynanmaga kömek edýär.

15. Ynamdan gaçan adama ýene-de ynanmak näme üçin kyn bolýar? Mysal getiriň.

15 Siziň borjuňyz eliňizden alyndymy? Şeýle ýagdaýy Grete uýa başyndan geçirdi. 1930-njy ýyllarda Germaniýada faşistleriň höküm sürýän döwri wagyz işi gadagan edilipdi. Grete ejesi bilen Ýehowa wepaly gulluk edýärdi we ol dogan-uýalar üçin «Garawul diňi» žurnalyny çap edýärdi. Uýanyň kakasy Ýehowa iman etmeýärdi. Gyzy bilen aýalyna azar ýamanyny berýärdi. Doganlar ýygnaga zyýan ýetäýmesin diýip, uýa «Garawul diňi» žurnalyny çap etmäge rugsat bermeýärler. Grete uýanyň sarsmaz imany ýene-de synalýar. Ikinji jahan urşy başlanda doganlar Grete bilen ejesine «Garawul diňi» žurnalyny bermeýärler. Hatda köçede duşanlarynda salamlaşman deňinden geçip gidýärler. Synaglarda arkadaýanjy bolmaly doganlar uýalaryň ynamyndan gaçdylar. Grete uýa doganlary bagyşlamak we ynanmak kyn bolsa-da, Ýehowanyň göreldesine eýerip, olary ýürekden bagyşlaýar c.

«Biziň duşmanymyz dogan däl, Şeýtan»

16. Dogan-uýalara ynanar ýaly näme üçin tagalla etmeli?

16 Siziň hem kimdir birinden ynamyňyz gaçdymy? Onda ýene-de ynanmak üçin tagalla ediň. Elbetde, munuň üçin köp wagt gerek bolar, emma tagalla edeniňize degýär. Aýdaly, siziň iýen naharyňyz ýokman ýüregiňiz bulanýar. Elbetde, siz şondan soňra tapan-tupan zadyňyzy iýmersiňiz, ýöne iýip-içmän hem ýörmersiňiz. Edil şonuň ýaly, dogan ýa-da uýa ynamymyzy ödemedi diýip, hemmelerden göwnümiz geçmez, gaýtam biz ýygnakda parahatlygyň bolmagyna goşant goşarys we özümizi bagtly duýarys.

17. Birek-birege ynanmak näme üçin wajyp we indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

17 Şu dünýäde ynamdar adamlary tapmak kyn. Emma Hudaýyň halky ynamdardyr, sebäbi olar biri-birini jany-teni bilen söýýärler we agzybir ýaşaýarlar. Birek-birege ynanmaklyk kynçylyklara döz gelmäge we bagtly ýaşamaga kömek edýär. Siziň kimdir birine ynamyňyz gaçsa, Ýehowanyň we hudaýhon adamlaryň göreldesine eýeriň, dogan-uýalary ýürekden söýüň. Doganlardan öýkeläp ýörmäň, olara ynanyň we süýtdeş doganyňyz hökmünde garaň (Nak. 18:24). Ynam iki taraplaýyn bolýar. Biziň özümiz hem dogan-uýalaryň ynamyny gazanmaly. Indiki makalada ynamdar adam bolmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

99-NJY AÝDYM Müňlerçe dogan-uýalar

a Biz dogan-uýalaryň kömek etjekdigine we goldajakdygyna ynanmaly. Emma käte dogan-uýalar ynamymyzy ödemän biler. Şu makalada Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň birek-birege ynanmaga kömek edýändigi we gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlaryň göreldesi barada gürrüň ederis. Makaladaky pikirler, esasan-da, dogan-uýalar ynamymyzy ödemese-de, olara ýürekden ynanmaga kömek eder.

b Mukaddes Kitapda ýygnaga gelenleriň hemmesiniň ynama mynasyp bolmajakdygy aýdylýar (Ýahd. 4). Käbirleri «hakykaty ýoýup» dogan-uýalary imandan dändermek isleýärler (Res. 20:30). Biz olara ynanmaly däl we aýdýan sözlerini diňlemeli däl.

c Grete uýa barada köpräk bilmek üçin 1974-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitabynyň» 129—131-nji sahypalaryny okap bilersiňiz.