Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

40-NJY MAKALA

Halka dogruçyllygy kimler öwreder?

Halka dogruçyllygy kimler öwreder?

«Halka dogruçyllygy öwredýänler ýyldyzlar kimin ebedilik şöhle saçar» (Dan. 12:3).

151-NJI AÝDYM Ol çagyrar

MAZMUNY a

1. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda nähili täsin wakalar bolar?

 BIZIŇ ählimiz aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy görjek günümize sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýehowa hem olary görmek isleýär (Eýp. 14:15). Göz öňüne getiriň, aradan çykan adamlar Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda ölüm ukusyndan oýanýar. Şonda bütin ýer ýüzünde şatlyk-şagalaň bolar. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, ady ýaşaýyş kitabyna ýazylan «dogruçyllar» «ýaşamak üçin» direler (Res. 24:15; Ýah. 5:29). Belki, biziň aradan çykan dogan-garyndaşlarymyz ilkinjileriň hatarynda direler b. Şeýle-de Ýehowany tanaman ýa-da Oňa wepaly gulluk etmän aradan çykan «erbetler» hem direler, emma olar «höküm edilmek üçin direler».

2, 3. a) Işaýa 11:9, 10-njy aýatlara görä, direljek adamlara nähili bilim berler? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Ýer ýüzünde direljek ähli adamlara okuw geçiler (Işa. 26:9; 61:11). Şonda «ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar» (Işaýa 11:9, 10-njy aýatlary okaň). Erbet adamlara Isa Mesih, gökdäki Hudaýyň Patyşalygy, töleg gurbany, jedelli mesele we ýer ýüzüniň üstünden diňe Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygy barada bilim berler. Hatda dogruçyllar hem Ýehowanyň ýer babatdaky niýetini öwrenerler. Sebäbi olaryň käbiri dirikä Mukaddes Kitap heniz doly ýazylmandy. Görşümiz ýaly, hem dogruçyllar, hem erbetler köp zatlary öwrenerler.

3 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: direljek adamlara nähili bilim berler? Kimleriň adynyň ýaşaýyş kitabyna ýazyljakdygy ýa-da ýazylmajakdygy nädip anyklanar? Şu soraglaryň jogabyny bilmek örän wajyp, sebäbi olar bize «Danyýar» we «Ylham» kitabyndaky pygamberliklere düşünmäge kömek eder. Geliň, ilki bilen Danyýar 12:1, 2-nji aýatlaryň näme aňladýandygy hakda gürrüň edeliň.

TOPRAKDA ÝATANLAR AGYR UKUDAN OÝANARLAR

4, 5. Danyýar 12:1-de dünýäniň soňy barada näme diýilýär?

4 Danyýar 12:1-i okaň. «Danyýar» kitabynda soňky günlerde nämeleriň boljakdygy aýdylýar. Meselem, Danyýar 12:1-de Mikaýylyň, ýagny Isa Mesihiň Hudaýyň «halky üçin aýaga galjakdygy» aýdylýar. Şu pygamberlik 1914-nji ýylda Isa Mesih Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolanda ýerine ýetip başlady.

5 Danyýar pygamber Isa Hudaýyň «halky üçin aýaga galanda» «halklar döräli bäri, görlüp-eşidilmedik agyr döwrüň boljakdygyny» aýtdy. Şol döwre Matta 24:21-de «uly betbagtçylyk» diýilýär. Isa Mesih Hudaýyň halkyny halas etmek üçin «agyr döwrüň» soňunda, ýagny Armageddonda «aýaga galar». «Ylham» kitabynda Hudaýyň halkyna «uly betbagtçylykdan geçenler» diýilýär (Ylh. 7:9, 14).

6. Uly märekä agyr döwürden geçenden soň näme bolar? (Şu žurnalyň 26-njy sahypasyndaky «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz).

6 Danyýar 12:2-ni okaň. Uly märeke agyr döwürden geçenden soň näme bolar? Biz öň Danyýar 12:2-däki pygamberlige «ruhy taýdan direliş» diýip düşünýärdik c. Emma indi pygamberlikde täze dünýädäki direliş hakda aýdylýandygyna göz ýetirdik. Direliş Armageddon söweşinden soň başlar.

7. a) Direljek adamlar «ebedi ýaşaýşy» almak üçin näme etmeli? b) Näme üçin muňa «has gowy direliş» diýse bolar?

7 Danyýar 12:2-de direljek adamlaryň käbiri «ebedi ýaşaýşa gowuşmaz» diýilýär. Muňa nähili düşünmeli? Direlen adamlar Ýehowa Hudaý we Isa Mesih barada bilim alyp, 1 000 ýylyň dowamynda olary razy etseler ebedi ýaşarlar (Ýah. 17:3). Şeýlelikde, olar «has gowy direlişi alarlar» (Ýew. 11:35). Sebäbi geçmişde direlen bikämil adamlar ýene-de öldüler.

8. Direljek adamlaryň käbiri näme üçin ebedilik höküm ediler?

8 Danyýar pygamber direljek adamlaryň «käbiri käýinje we ebedi höküme sezewar bolar» diýdi. Sebäbi olar erbet işleri ederler we atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmaz. Olar ebedi ýaşamazlar, gaýtam ebedi höküme sezewar bolarlar. Diýmek, direlen adamlaryň hemmesi Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamak islemez. Görşümiz ýaly, Danyýar 12:2-de ölen adamlar direlenden soň boljak wakalar aýdylýar d (Ylh. 20:12). Direlen adamlaryň käbiri ebedi ýaşar, käbiri bolsa ebedilik ýok ediler.

«DOGRUÇYLLYGY ÖWREDÝÄNLER»

9, 10. a) Danyýar 12:3-e görä, uly betbagtçylykdan soň näme bolar? b) «Gök asman dek ýagty saçar» diýlende kimler göz öňünde tutulýar?

9 Danyýar 12:3-i okaň. «Agyr döwürden» soň näme bolar? Uly betbagtçylykdan soň näme boljakdygy barada Danyýar 12:3-de aýdylýar.

10 Aýatda: «Gök asman dek ýagty saçar» diýilýär. Olar kimler? Isa pygamber: «Dogruçyl adamlar Atasynyň Patyşalygynda Gün kimin parlarlar» diýdi (Mat. 13:43). Isa şu sözleri aýtmazdan öň «Patyşalygyň ogullary» diýip, özi bilen gökde höküm sürjekler barada gürrüň etdi (Mat. 13:38). Diýmek, Danyýar 12:3-de saýlanan mesihçiler we olaryň 1 000 ýylyň dowamynda etjek işleri barada aýdylýar.

Isa Mesih we 144 000 saýlanan mesihçiler 1000 ýylyň dowamynda beriljek bilime ýolbaşçylyk ederler (11-nji abzasa serediň).

11, 12. 144 000 saýlanan mesihçiler 1 000 ýylyň dowamynda nähili işleri ederler?

11 Saýlanan mesihçiler «dogruçyllygy» nädip öwrederler? Olar Isa Mesih bilen bile 1 000 ýylyň dowamynda direljek adamlara bilim berilmegine ýolbaşçylyk ederler. Saýlanan mesihçiler hem patyşa, hem ruhany bolarlar (Ylh. 1:6; 5:10; 20:6). Olar adamlara sagalmaga kömek ederler, ýagny adamlar ýuwaş-ýuwaşdan kämil bolarlar (Ylh. 22:1, 2; Hyz. 47:12). Şonda saýlanan mesihçileriň begenjiniň çägi bolmaz.

12 Dogruçyllygy öwrenjeklere kimler degişli? Olara täze dünýäde direljek adamlar, Armageddondan sag-aman geçjekler we täze dünýäde doguljak çagalar degişli. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda olaryň ählisi kämil bolarlar. Ýöne olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna haçan syýa bilen ýazylar?

SOŇKY SYNAG

13, 14. Kämil adamlar ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?

13 Adamyň kämil bolmagy ebedi ýaşajakdygyny aňlatmaýar. Geliň, geçmişe ser salalyň! Ilkinji ynsanlar Adam ata bilen How ene kämildi. Emma olar ebedi ýaşamak üçin Ýehowa Hudaýa wepalydyklaryny subut etmelidi. Gynansak-da, olar Ýehowa gulak asmadylar (Rim. 5:12).

14 Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda kämil adamlaryň ählisi Hudaýyň hökümdarlygyny goldarlarmy? Ýa-da Adam ata bilen How ene ýaly Oňa biwepalyk ederler? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.

15, 16. Adamlaryň Ýehowa wepalylygy haçan synalar we şondan soň näme bolar?

15 Şeýtan 1 000 ýylyň dowamynda tussaglykda bolar we hiç kimi azdyryp bilmez. Ol 1 000 ýyldan soň tussaglykdan boşadylar we ähli kämil adamlary Ýehowadan daşlaşdyrmak islär. Şol synag döwri her bir kämil adam Ýehowanyň adyny aklamak isleýändigini we Hökümdarlygyny goldaýandygyny subut etmeli bolarlar (Ylh. 20:7—10). Diňe şondan soň olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna syýa bilen ýazylar we hiç haçan öçürilmez.

16 Käbir adamlar Adam ata bilen How ene ýaly Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolman, ondan ýüz öwrerler. Olara näme bolar? Ylham 20:15-de şeýle diýilýär: «Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylmadyklar hem ot kölüne zyňyldy». Diýmek, olaryň hemmesi ebedilik ýok ediler. Emma soňky synagda kämil adamlaryň köpüsi Hudaýa wepaly bolarlar we atlary ýaşaýyş kitabyna hemişelik ýazylar.

ŞU GÜNLER — DÜNÝÄNIŇ SOŇY

17. Perişde Danyýar pygambere biziň günlerimiz barada näme diýdi? (Dan. 12:4, 8—10).

17 Gelejek barada oýlanmak imanyňy berkidýär. Perişde Danyýara biziň günlerimiz, ýagny «dünýäniň soňy» barada bir wajyp zady aýtdy (Danyýar 12:4, 8—10-njy aýatlary okaň; 2 Tim. 3:1—5). Perişde: «Hakyky bilim hem artar» diýdi. «Danyýar» kitabyndaky pygamberlige diňe Hudaýyň halky düşüner, sebäbi perişde: «Erbet adamlar erbet işlerini ederler, olaryň hiç biri muňa düşünmez» diýdi.

18. «Geçileri» aňladýan zalym adamlara tizden näme bolar?

18 Şu günler zalym adamlaryň edýän işleri ugruna bolýan ýaly görünýär (Mel. 3:14, 15). Emma Isa tizden «çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly», gowy adamlary erbetlerden saýlar (Mat. 25:31—33). Armageddonda ýok ediljek «geçileri» aňladýan zalym adamlar täze dünýäde direldilmez we olaryň atlary ýatlama kitabyna ýazylmaz (Mel. 3:16).

19. Biz näme etmeli we näme üçin? (Melek 3:16—18).

19 Häzir erbetligi ýigrenýändigiňi we zalym adamlary goldamaýandygyňy subut etmegiň tüýs wagty (Melek 3:16—18-nji aýatlary okaň). Ýehowa göwnüne ýaraýan adamlary «eziz halky» edip saýlaýar. Hawa, biziň ählimiz Hudaýyň halkyna goşulmak isleýäris.

Jennetde Danyýar pygamber, dogan-garyndaşlarymyz we ähli adamlar direler. Şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! (20-nji abzasa serediň).

20. Siz Ýehowanyň Danyýar pygambere beren wadasynyň ýerine ýetmegine näme üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz?

20 Biz taryhda hiç haçan gaýtalanmajak döwürde ýaşaýarys. Tizden has tolgundyryjy wakalar bolar. Biz zalymlygyň köki-damary bilen ýok edilişiniň şaýady bolarys. Ýehowa Danyýar pygambere: «Sen... soňky günlerde düşen paýyňy almak üçin turarsyň» diýip wada berdi (Dan. 12:13). Tizden Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetişini gözümiz bilen göreris. Biz Danyýar pygamberiň we aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň direljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonuň üçin, geliň, ýaşaýyş kitabyndan adymyz öçürilmez ýaly soňky demimize çenli Ýehowa wepaly bolalyň.

80-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň

a Makalada Danyýar 12:2, 3-nji aýatlaryň täzeçe düşündirilişine serederis we direljek adamlara bilim bermäge kimleriň gatnaşjakdygyny bileris. Şeýle-de şol bilimiň Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyryndaky synaga taýýarlaýandygy barada gürrüň ederis.

b Belki-de, direliş döwürme-döwür bolar. Meselem, soňky günlerde aradan çykanlar ilkinjileriň hatarynda direlip biler. Şeýlelikde, ilkinji direlenler soňky direlenleri, ýagny ata-babalaryny tanap bilerler we täze dünýäde olary garşy alarlar. Mukaddes Kitapda saýlanan mesihçileriň hersiniň «öz nobatynda» direljekdigi aýdylýar (1 Kor. 15:23). Diýmek, ýer ýüzünde direljekler hem tertip boýunça direler (1 Kor. 14:33).

c Öňki düşündirilişini bilmek isleseňiz «Danyýaryň pygamberligine üns beriň!» kitabynyň 17-nji babyny we «Garawul diňi» žurnalyny (w87-U 1/12 sah. 17—21) okap bilersiňiz.

d Danyýar 12:2-den tapawutlylykda Resullar 24:15-de we Ýahýa 5:29-da adamlaryň ölmänkä eden işleri göz öňünde tutulýar. «Resullar» kitabyndaky «dogruçyllara» we «erbetlere» «Ýahýa» kitabynda «ýagşy iş edenler» hem «erbet iş edenler» diýilýär.