39-NJY MAKALA
Siziň adyňyz «ýaşaýyş kitabynda» barmy?
«Ýehowadan gorkýanlar... üçin Hudaýyň öňünde ýatlama kitaby ýazyldy» (Mel. 3:16).
61-NJI AÝDYM Şaýatlar, öňe!
MAZMUNY a
1. Melek 3:16-a görä, Ýehowa nähili kitap ýazýar?
MÜŇLERÇE ÝYL BÄRI Ýehowa wepaly gulluk eden adamlaryň atlaryny bir kitaba ýazýar. Kitaba ilkinji bolup Habylyň ady ýazyldy b (Luka 11:50, 51). Ýehowa Habyldan başlap şu günlere çenli wepaly gulluk eden adamlaryň adyny kitaba goşdy. Mukaddes Kitapda oňa «ýatlama kitaby» we «ýaşaýyş kitaby» diýilýär. Makalada biz ony «ýaşaýyş kitaby» diýip atlandyrarys (Melek 3:16-ny okaň; Ylh. 3:5; 17:8).
2. Ýaşaýyş kitabyna kimleriň ady ýazylýar we biz adymyzyň ýazylmagy üçin näme etmeli?
2 Ýaşaýyş kitabyna Ýehowadan gorkýan we adyna hormat goýýan adamlaryň atlary ýazylýar. Olar ebedi ýaşaýşa gowşup bilerler. Bizem adymyzyň ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaly we Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman etmeli (Ýah. 3:16, 36). Hawa, biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etsek-de, ýaşaýyş kitabyna adymyzyň ýazylmagyny isleýäris.
3, 4. a) Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylanlaryň hemmesi ebedi ýaşarmy? Düşündiriň. b) Şu we indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylanlaryň hemmesi ebedi ýaşaýşa gowşarmy? 2 Musa 32:33-de Ýehowa şeýle diýýär: «Kim maňa garşy günä etse, şonuň adyny kitabymdan öçürerin». Diýmek, ýaşaýyş kitabyna ýazylan atlary öçürip hem bolýar. Göçme manyda Ýehowa atlary galam bilen ýazan ýaly bolýar (Ylh. 3:5). Şol sebäpli biz adymyzyň ýaşaýyş kitabyna syýa bilen ýazylmagy üçin jan etmeli.
4 Şu we indiki makalada şeýle soraglaryň jogabyny bileris: Mukaddes Kitapda ýaşaýyş kitabyna ady ýazylanlar we ýazylmadyklar barada näme diýilýär? Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylanlaryň hemmesi ebedi ýaşarmy? Ýehowany tanaman aradan çykan adamlaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylyp bilermi?
ÝAŞAÝYŞ KITABYNA KIMLERIŇ ADY ÝAZYLÝAR?
5, 6. a) Filipililer 4:3-e görä, ýaşaýyş kitabyna kimleriň ady ýazylan? b) Olar ýaşaýyş kitabyndan atlary öçürilmez ýaly näme etmeli?
5 Ýaşaýyş kitabyna kimleriň ady ýazylan? Geliň, bäş topar barada gürrüň edeliň we kitaba kimleriň adynyň ýazylandygyny, kimleriň adynyň ýazylmandygyny bileliň.
6 Birinji topara Isa Mesih bilen gökde höküm sürjek saýlanan mesihçiler degişli. Olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylanmy? Hawa! Pawlus resul filipililere ýazan hatynda olara «ýaşaýyş kitabynda atlary ýazylan... işdeşlerim» diýdi (Filipililer 4:3-i okaň). Ýöne olar ýaşaýyş kitabyndan atlary öçürilmez ýaly soňky möhür basylýança Ýehowa wepaly bolmaly. Sebäbi olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýer ýüzündäki ýaşaýşy tamamlananda ýa-da uly betbagtçylykdan öň göge alnanda syýa bilen ýazylar (Ylh. 7:3).
7. Uly märeke adynyň ýaşaýyş kitabyna hemişelik ýazylmagy üçin näme etmeli? (Ylham 7:16, 17).
7 Ikinji topara başga goýunlardan ybarat uly märeke degişli. Olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylanmy? Hawa! Olaryň atlary Armageddondan soňam ýaşaýyş kitabynda bolarmy? Elbetde! (Ylh. 7:14). Isa «dogruçyl adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny» aýtdy (Mat. 25:46). Emma olar Armageddondan geçen badyna ebedi ýaşaýyş sylagyny almazlar. 1 000 ýylyň dowamynda Isa Mesih olary «ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna elter». Şoňa çenli olaryň ady ýaşaýyş kitabyna galam bilen ýazylan ýaly bolar. Olar Isa Mesihiň görkezmesine gulak assalar we soňky synagda Ýehowa wepaly bolsalar, atlary ýaşaýyş kitabyna hemişelik ýazylar (Ylham 7:16, 17-nji aýatlary okaň).
8. Kimleriň ady ýaşaýyş kitabyna ýazylmaýar we olara näme bolar?
8 Üçünji topara Armageddonda ýok ediljek geçileri aňladýan zalym adamlar degişli. Olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmaýar. Isa pygamber «olar ebedilik ýok ediler» diýdi (Mat. 25:46). Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Halypamyz olary höküm eder. Olar ebedilik jezasyny çekerler» (2 Sel. 1:9; 2 Pet. 2:9). Şeýle-de şu çaka çenli mukaddes ruha garşy günä eden adamlar hem hemişelik ýok ediler (Mat. 12:32; Mar. 3:28, 29; Ýew. 6:4—6). Geliň, indi beýleki iki topar barada jikme-jik gürrüň edeliň. Olar ýer ýüzünde direler.
KIMLER DIRELER?
9. Resullar 24:15-e görä, haýsy iki topar direler we olar kimleri aňladýar?
9 Mukaddes Kitapda «dogruçyllaryň hem-de erbetleriň direljekdigi» barada aýdylýar (Resullar 24:15-i okaň). «Dogruçyllar» soňky demine çenli Ýehowa wepaly bolan adamlary aňladýar. «Erbetler» bolsa Ýehowanyň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlary boýunça ýaşamadyk adamlary aňladýar. Direljek iki toparyň hem atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylarmy? Geliň, soragyň jogabyny bilmek üçin toparlaryň hersi barada aýratynlykda gürrüň edeliň.
10. «Dogruçyllaryň» direljekdigine näme üçin ynamly bolup bileris we olaryň käbirine nähili borç ynanylar? (Şu žurnalyň 26-njy sahypasyndaky «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz).
10 Dördünji topara «dogruçyllar» degişli. Olaryň atlary ölmezinden öň ýaşaýyş kitabyna ýazyldy. Olar aradan çykanlaryndan soň atlary ýaşaýyş kitabyndan öçürildimi? Elbetde, ýok! Sebäbi olaryň hemmesi «Hudaý üçin diridir». Ýehowa «ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy» (Luka 20:38). Diýmek, dogruçyllar direlende atlary ýaşaýyş kitabynda bolar. Ýöne syýa bilen däl-de, galam bilen ýazylan ýaly bolar (Luka 14:14). Hatda olaryň käbiri ýer ýüzünde «han bolup» gulluk ederler (Zeb. 45:16).
11. «Erbetler» atlarynyň ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin näme etmeli?
11 Bäşinji topara «erbetler» degişli. Olar ölmezinden öň Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýardylar. Şol sebäpli olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmady. Emma Ýehowa olary direlder we atlarynyň ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin mümkinçilik berer. Elbetde, «erbetlere» köp kömek ediler. Sebäbi olar ölmezinden öň zalym we erbet işleri etdiler. Olar Ýehowanyň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlary boýunça ýaşamagy öwrenmeli bolarlar. Munuň üçin olara ýörite bilim berler.
12. a) Direljek erbetlere kimler okuw geçer? b) Olar öwrenen zatlaryna görä ýaşamasalar näme bolar?
12 Uly märeke we direlen dogruçyl adamlar erbetlere okuw geçerler. Olar atlarynyň ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin Ýehowa bilen dostlaşyp, Oňa özüni bagyş etmeli bolarlar. Isa Mesih we saýlanan mesihçiler olaryň öwrenen zatlary boýunça ýaşaýandygyna syn ederler (Ylh. 20:4). Eger kimdir biri Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermese, 100 ýaşan hem bolsa dessine ýok ediler (Işa. 65:20). Sebäbi Ýehowa bilen Isa täze dünýäde erbetligiň we zorluk-sütemiň bolmagyna hiç wagt ýol bermez (Işa. 11:9; 60:18; 65:25; Ýah. 2:25).
ÝAŞAMAK WE HÖKÜM EDILMEK ÜÇIN DIRELMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?
13, 14. a) Biz Isa pygamberiň Ýahýa 5:29-da aýdan sözlerine nähili düşünýärdik? b) Isanyň aýdan sözlerine häzir nähili düşünýäris?
13 Isa pygamber ýer ýüzünde kimleriň direljekdigi barada şeýle sözleri aýtdy: «Mazarda ýatanlaryň ählisiniň onuň sesini eşitjek wagty ýetip gelýär. Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm edilmek üçin direler» (Ýah. 5:28, 29). Isa nämäni göz öňünde tutdy?
14 Biz öň Isanyň aýdan sözlerine adamlar direleninden soň ýagşy işleri ýa-da erbet işleri ederler diýip düşünýärdik. Ýöne Isa ýagşy iş ederler we erbet iş ederler diýip geljek zamanda aýtmady. Ol «ýagşy iş edenler» we «erbet iş edenler» diýip öten zamanda aýtdy. Diýmek, Isanyň aýdan sözleri direljek adamlaryň ölmänkä eden işlerini görkezýär. Onsoňam, täze dünýäde hiç kime erbet işleri etmäge ýol berilmez. Şol sebäpli Isa erbetleriň ölmänkä eden erbet işlerini göz öňünde tutdy diýip bileris. Isanyň «ýaşamak üçin direler» we «höküm edilmek üçin direler» diýen sözleri nämäni aňladýar?
15. «Ýaşamak üçin» kimler direler we näme üçin?
15 Ölmänkä ýagşy işleri eden adamlar «ýaşamak üçin direler». Sebäbi olaryň atlary eýýäm ýaşaýyş kitabyna ýazyldy. Ýahýa 5:29-da agzalýan «ýagşy iş eden adamlara» Resullar 24:15-de «dogruçyllar» diýilýär. Rimliler 6:7-de aýdylyşy ýaly, adam ölenden soň «günäden azat bolýar». Emma onuň eden ýagşy işleri hiç haçan unudylmaz (Ýew. 6:10). Şol sebäpli hem onuň ady ýaşaýyş kitabyna ýazylýar. Elbetde, ölümden direljek dogruçyl adamlar atlarynyň hemişelik ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin Ýehowa doly wepaly bolmaly.
16. «Höküm edilmek üçin direlmek» nämäni aňladýar?
16 Erbet iş edenler dirikä Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamadylar. Şol sebäpli olaryň ady ýaşaýyş kitabyna ýazylmady. Emma ýokarda aýdylyşy ýaly, olar hem ölenden soň «günäden azat bolarlar». Ýahýa 5:29-da agzalýan «erbet iş edenlere» Resullar 24:15-de «erbetler» diýilýär. Olar «höküm edilmek üçin direler» c. Isa olaryň ýaşaýşyna syn eder (Luka 22:30). Erbetler ýaşaýyş kitabyna atlarynyň ýazylmagy üçin öwrenen zatlary boýunça ýaşaýandygyny subut etmeli bolarlar. Olar erbet işlerden el çekip, özüni Hudaýa bagyş edensoň, Ýehowa olaryň adyny ýaşaýyş kitabyna ýazar.
17, 18. Täze dünýäde direljekler näme etmeli bolarlar we Ylham 20:12, 13-nji aýatlardaky «eden işleri» diýen jümle nämäni aňladýar?
17 Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda täze golýazmalar açylar. Direljek dogruçyllar hem, erbetler hem golýazmalardaky kada-kanunlary berjaý etmeli bolarlar. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Men sada we abraýly ölen adamlaryň tagtyň öňünde durandygyny gördüm, şonda golýazmalar açyldy. Başga bir golýazma hem açyldy, ol ýaşaýyş kitabydy. Golýazmalara laýyklykda, ölülere eden işlerine görä höküm çykaryldy» (Ylh. 20:12, 13).
18 Direljek adamlar ölmänkä eden işlerine görä höküm edilermi? Ýok! Sebäbi adam ölenden soň günäden azat bolýar. Diýmek, olar ölmänkä eden işlerine görä höküm edilmez. Gaýtam täze dünýäde bilim alandan soň «eden işlerine» görä höküm ediler. Hatda Nuh, Şamuwel, Dawut we Danyýar ýaly hudaýhon adamlar hem Isa Mesih barada bilim alyp, töleg gurbanyna iman etmeli bolarlar. Eger dogruçyl adamlar bilim almaly bolsalar, onda erbetler has köp tagalla etmeli bolarlar.
19. Ýehowanyň razylygyny gazanyp bilmedik adamlara näme bolar?
19 Ýehowanyň razylygyny gazanyp bilmedik adamlara näme bolar? Ylham 20:15-de: «Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylmadyklar hem ot kölüne zyňyldy» diýilýär. Diýmek, olar ebedilik ýok ediler. Geliň, ýaşaýyş kitabyna adymyzyň ýazylmagy we hiç haçan öçürilmezligi üçin tagalla edeliň!
20. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda nähili wakalaryň şaýady bolarys? (Daşky sahypadaky surata serediň).
20 Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda köp täsin wakalaryň şaýady bolarys. Şonda direljek dogruçyllara-da, erbetlere-de bilim berler. Emma olar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandyklaryny subut etmeli bolarlar. Sebäbi Isa olara syn eder (Işa. 26:9; Res. 17:31). 1 000 ýylyň dowamynda olara nähili bilim berler? Indiki makalada şu barada bileris.
147-NJI AÝDYM Hudaý ebedi ýaşaýşy wada berýär
a Isa pygamber Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlarda «ýaşamak üçin we höküm edilmek üçin direljekler» barada aýtdy. Makalada Isanyň aýdan sözleriniň täzeçe düşündirilişine serederis we olara kimleriň degişlidigi barada gürrüň ederis.
b Şu kitaba «dünýä döräli bäri» Ýehowa wepaly bolan we Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman eden adamlaryň atlary ýazylýar (Mat. 25:34; Ylh. 17:8). Şol sebäpli-de oňa ilkinji Habylyň ady ýazyldy diýip bilýäris.
c Biz öň aýatdaky «höküm» sözüne birine «jeza bermek» we «çäre görmek» diýip düşünýärdik. Hawa, «höküm» sözüniň şeýle manysy hem bolup biler. Emma Isanyň aýatda ulanan «höküm» sözüniň köp manysy bar. Mukaddes Kitabyň bir sözlügine görä, aýatda ulanylan «höküm» sözi bir adamyň edýän işine «syn etmegi» ýa-da eden işini kazyýetde «derňemegi» aňladýar.