Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

38-NJI MAKALA

Ýaşlar, size nähili gelejek garaşýar?

Ýaşlar, size nähili gelejek garaşýar?

«Parasatlylyk saňa hemaýat berer» (Nak. 2:11).

135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär

MAZMUNY a

1. Ýehoýaşa, Uzyýa we Ýoşyýa näme üçin kömek gerekdi?

 ÝAŞLAR, göz öňüne getiriň! Sizi Hudaýyň halkynyň patyşasy edip belleýärler. Siz özüňizi nähili duýardyňyz? Siz erk-ygtyýaryňyzy nädip ulanardyňyz? Mukaddes Kitapda ýaşlaryň Ýahudanyň patyşasy bolandygy hakda ýazylan. Meselem, Ýehoýaş 7 ýaşynda, Uzyýa 16 ýaşynda we Ýoşyýa 8 ýaşynda patyşa boldy. Elbetde, olara tutuş halkyň üstünden patyşalyk etmek aňsat bolan däldir. Emma hak Alla Ýehowa we hudaýhon adamlar olara dogry karara gelmäge hem-de ýagşy işleri etmäge kömek etdi.

2. Biz näme üçin Ýahudanyň üç patyşasy hakda bilmeli?

2 Ýahudanyň ýaş patyşalary ýagşy işleri etdiler, emma olar ýalňyşlyk hem goýberdiler. Ýaşlar, siz şazada ýa-da şa gyzy bolmasaňyz-da, olardan köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Makalada Ýahudanyň üç ýaş patyşasy hakda gürrüň ederis we gowy adamlar bilen dostlaşmak, pesgöwünli bolmak hem-de Ýehowa bil baglamak üçin näme etmelidigini bileris.

GOWY ADAMLAR BILEN DOSTLAŞYŇ

Ýehoýaş patyşanyň göreldesine eýerip, gowy adamlar bilen dostlaşyň (3, 7-nji abzaslara serediň). c

3. Baş ruhany Ýehoýada Ýehoýaş patyşa nähili kömek etdi?

3 Ýehoýaş ýaly paýhasly kararlara geliň. Ýehoýaş ýaş wagty köp ýagşy işleri etdi. Ol ýetim çagady. Şonuň üçin baş ruhany Ýehoýada oňa terbiýe berdi we kemala getirdi. Ýehoýaş Ýehoýadanyň öwüt-ündewine gulak asyp, arassa seždäni dikeltdi we Ýehowa ýürekden gulluk etdi. Şeýle-de ol hak Hudaýyň ybadathanasyny bejermegi we abatlamagy ýüregine düwdi (2 Tar. 24:1, 2, 4, 13, 14).

4. Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak assak nähili peýda alarys? (Nakyllar 2:1, 10—12).

4 Oglanlar, gyzlar, ene-ataňyzyň sizi Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça terbiýeleýändigine begeniň! (Nakyllar 2:1, 10—12-nji aýatlary okaň). Ene-atalar, siz çagalaryňyza Ýehowa hakda dürli ýollar bilen öwredip bilersiňiz. Katýa uýa kakasy çagalykdan dogry kararlara gelmäge kömek etdi. Ol her gün gyzyny mekdebe äkiderdi. Şonda ol gyzy bilen her günki aýat hakda pikir alşardy. Katýa şeýle gürrüň berýär: «Kakamyň beren gürrüňleri günüň dowamynda bolýan kynçylyklara döz gelmäge kömek edýärdi». Ýaşlar, eger ene-ataňyzyň goýýan düzgünleri siziň erkinligiňizi çäklendirýän ýaly bolup görünse näme?! Size ene-ataňyza gulak asmaga näme kömek eder? Anastasiýa uýa ene-atasynyň goýan düzgünleri hakda şeýle gürrüň berýär: «Ejem bilen kakam düzgünleri näme üçin goýandygyny düşündirýärdiler. Şonda men özümi zyndanda ýaly däl-de, berk diwarly galada ýaly duýýardym».

5. Siz nädip ene-ataňyzy we Ýehowany begendirip bilersiňiz? (Nakyllar 22:6; 23:15, 24, 25).

5 Ýaşlar, siz Ýehoýaş patyşanyň göreldesine eýermek isleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýeriň. Şonda ene-ataňyz örän begener. Şeýle-de siz gökdäki Ataňyz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz we Onuň bilen ebedilik dost bolarsyňyz (Nakyllar 22:6; 23:15, 24, 25-nji aýatlary okaň).

6. Ýehoýaş kimlere gulak asdy we netijesi nähili boldy? (2 Taryh 24:17, 18).

6 Ýehoýaşyň ýalňyşyndan sapak ediniň. Ýehoýada ruhany aradan çykansoň, Ýehoýaş ýalňyş kararlara gelýär (2 Taryh 24:17, 18-nji aýatlary okaň). Ol Hudaýa iman etmeýän han-begler bilen dostlaşýar. Ýehoýaş olar bilen ýakyndan gatnaşmasa gowy bolardy. Emma ol erbet adamlar bilen jana-jan dost bolýar (Nak. 1:10). Ýehoýaşyň ýegeni Zekerýa oňa ýalňyş ýoldan barýandygyny duýdurýar. Emma Ýehoýaş Zekerýa gulak asmagyň deregine, ony öldürdýär (2 Tar. 24:20, 21; Mat. 23:35). Gör, nähili akmaklyk! Ýehoýaş başda Ýehowa gulak asyp, gowy hökümdarlyk edýärdi. Emma soňra imandan dändi, bigünä adamyň ganyna galdy. Soňra patyşany hyzmatkärleri öldürýär (2 Tar. 24:22—25). Ýehoýaş patyşa hak Hudaýa gulak asyp, Ony ýürekden söýen bolsa, durmuşy düýbünden başgaça bolardy. Ýaşlar, siz Ýehoýaşyň goýberen ýalňyşyndan näme sapak edinýärsiňiz?

7. Kimler bilen dostlaşmaly? (Surata serediň).

7 Ýaşlar, Ýehoýaş patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýärsiňiz? Siz Ýehowany söýýän we Ony razy edýän adamlar bilen dostlaşyň. Siz diňe öz deň-duşlaryňyz bilen dostlaşmalydyryn öýtmäň. Ýadyňyzda bolsa, baş ruhany Ýehoýada Ýehoýaşdan has uludy. Emma olar jana-jan dost boldular. Biri bilen dostlaşmazdan öňürti şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: ol meniň Ýehowa imanymy berkidýärmi? Meni Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga höweslendirýärmi? Ýehowa we Mukaddes Kitabyň hakykatlary hakda gürrüň etmegi halaýarmy? Hudaýyň kada-kanunlaryna hormat goýýarmy? Men ýalňyşanymda düzedýärmi ýa-da diňe gulagyma hoş ýakýan zatlary aýdýar? (Nak. 27:5, 6, 17). Ýaşlar, Ýehowany söýmeýän adamlardan arany açyň, emma hak Allany söýýänlere gujak açyň (Nak. 13:20).

8. Sosial ulgamyny ulananyňyzda haýsy soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar?

8 Sosial ulgamlary dogan-garyndaşlarymyz we dost-ýarlarymyz bilen habarlaşmaga kömek edýär. Gynansak-da, köp adamlar sosial ulgamlaryna satyn alan zatlaryna guwanyp düşen suratlaryny we eden işlerini buýsanyp gürrüň berýän wideolaryny ýükleýärler. Eger sizem sosial ulgamlaryny ulanýan bolsaňyz, şu soraglar hakda oýlanyň: men sosial ulgamlaryna näme üçin surat goýýaryn? Adamlary haýran galdyrmak we öwünmek üçinmi ýa-da ruhlandyrmak üçin? Men sosial ulgamlaryny ulanýan adamlaryň garaýşyna, aýdýan sözüne we edýän işlerine öýkünjek bolýarynmy? Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Neýtan Norr şeýle maslahat berdi: «Eger siz ili razy etjek bolsaňyz, hiç kimiň göwnünden turup bilmersiňiz. Emma Ýehowany razy etjek bolsaňyz, Ony söýýän adamlaryň hemmesiniň göwnünden turarsyňyz».

PESGÖWÜNLI BOLUŇ

9. Ýehowa Uzyýany nädip goldaýardy? (2 Taryh 26:1—5).

9 Uzyýa ýaly paýhasly kararlara geliň. Uzyýa tagta çykanda pesgöwünli oglandy. Ol «hak Hudaýdan gorkýardy». Uzyýa 68 ýyl ömür süren bolmaly (2 Taryh 26:1—5-nji aýatlary okaň). Ýehowa ony ömrüniň köp böleginde goldady. Uzyýa köp duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazandy we Iýerusalimiň diwarlaryny berkitdi (2 Tar. 26:6—15). Ol hak Allanyň berýän goldawyna örän minnetdar bolandyr (Nes. 3:12, 13).

10. Uzyýa nähili ýalňyşlyk goýberdi?

10 Uzyýanyň ýalňyşyndan sapak ediniň. Uzyýa patyşa bolansoň hemişe adamlara buýruk berýärdi. Şol sebäpli ol islän zadymy etmäge hakym bar diýip pikir eden bolmaly. Bir gün Uzyýa Ýehowanyň ybadathanasyna girip, tütetgi ojagynda tütetgi ýakjak bolýar. Emma kanuna görä, patyşanyň tütetgi ýakmaga haky ýokdy (2 Tar. 26:16—18). Baş ruhany Azarýa Uzyýany saklajak bolýar. Emma patyşanyň gahary gelip, gany depesine urýar. Gynansak-da, Uzyýa hak Allanyň öňünde ýygnan abraýyny ýele sowurýar we Ýehowa ony heýwere keseline uçradýar (2 Tar. 26:19—21). Uzyýa patyşa pesgöwünli bolan bolsa, onuň durmuşy düýbünden başgaça bolardy.

Biz ukyp-başarnygymyza öwünmän, Ýehowany şöhratlandyrmaly (11-nji abzasa serediň). d

11. Biz nädip pesgöwünli bolup bileris? (Surata serediň).

11 Uzyýa patyşanyň güýç-kuwwaty artanda, ähli işlerini Ýehowanyň ugruna edýändigi unudýar. Biz onuň ýalňyşyndan näme sapak edinýäris? Biz ýygnakdaky borçlarymyzy Ýehowanyň berýändigini we diňe Onuň goldawy bilen üstünlik gazanýandygymyzy ýadymyzdan çykarmaly däl. Şonuň üçin biz ukyp-başarnygymyza öwünmän, Ýehowany şöhratlandyrmaly b (1 Kor. 4:7). Biz bikämildigimizi pesgöwünlilik bilen boýun almaly we wagtal-wagtal maslahatyň gerekdigine düşünmeli. 60 ýaşlaryndaky dogan şeýle diýýär: «Käte men oýlanyşyksyz hereket edip, ýalňyşlyk goýberýärin, emma maslahat berenlerinde öýkelemeýärin. Ýalňyşymy düzetmäge çalyşýaryn we ýene-de Ýehowa janym-tenim bilen gulluk edýärin». Hawa, eger biz hak Hudaýdan gorksak we pesgöwünli bolsak, eden işimiz ugruna bolar (Nak. 22:4).

ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

12. Ýoşyýa ýaş wagty Ýehowanyň tabşyryklaryna gulak asmak isleýändigini nädip subut etdi? (2 Taryh 34:1—3).

12 Ýoşyýa ýaly paýhasly kararlara geliň. Ýoşyýa 16 ýaşlarynda hak Hudaý Ýehowany agtaryp başlaýar. Ol Ýehowany ýakyndan tanap, Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek isleýärdi. Emma ýaş patyşa aňsat däldi, sebäbi Ýahudada köp adamlar butlara sežde edýärdi. Ýöne Ýoşyýa arassa seždäni dikeltmegi ýüregine düwýär we aýgytly hereket edýär. Ol takmynan 20 ýaşlarynda Ýahudadan butlary we seždegähleri aýryp başlaýar (2 Taryh 34:1—3-nji aýatlary okaň).

13. Ömrüňizi Ýehowa bagyş etseňiz durmuşyňyz nähili bolar?

13 Siz heniz çaga bolsaňyz hem Ýoşyýanyň göreldesine eýeriň we Ýehowany gowy tanap, häsiýetleri barada oýlanyň. Şonda siz aýgytly ädim ädersiňiz we Ýehowa ömrüňizi bagyş edip suwa çümdürilersiňiz. Ömrüňizi Hudaýa bagyş edeniňizden soň durmuşyňyz düýbünden üýtgär. 14 ýaşynda suwa çümdürilen Luka şeýle diýýär: «Men şol günden soň Ýehowa sežde etmegi durmuşymda birinji orunda goýdum we Hudaýy begendirip ýaşamagy ýüregime düwdüm» (Mar. 12:30). Sizem ömrüňizi Hudaýa bagyş etseňiz köp bereketleri alarsyňyz we bagtly ýaşarsyňyz.

14. Ýaşlar Ýoşyýa patyşanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

14 Ýaşlar nähili synaglara duş gelýär? Ýohan 12 ýaşynda suwa çümdürilýär. Synpdaşlary oňa elektron çilimini çekdirjek bolýar. Emma Ýohan çilim çekse, saglygyna zyýan ýetirjekdigi we Ýehowa bilen dostlugynyň bozuljakdygy hakda oýlanýar. Reýçel 14 ýaşynda suwa çümdürilýär. Ol mekdepde bolýan kynçylyklary nädip ýeňip geçendigi barada şeýle diýýär: «Men köplenç Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlanýaryn. Taryh sapagynda Mukaddes Kitabyň wakalary we pygamberlikleri hakda pikirlenýärin. Synpdaşlarym bilen gürrüňdeş bolanymda, olara iň bolmanda bir aýady okap bermek isleýärin». Ýaşlar, siziň duş gelýän kynçylyklaryňyz Ýoşyýa patyşanyňkydan tapawutlanýan bolmagy mümkin. Ýöne siz onuň göreldesine eýerip, paýhasly we wepaly bolup bilersiňiz. Siziň häzirki duş gelýän synaglaryňyz gelejekde boljak kynçylyklara taýýarlaýar.

15. Ýoşyýa Ýehowa wepaly gulluk etmäge näme kömek etdi? (2 Taryh 34:14, 18—21).

15 Ýoşyýa patyşa 26 ýaşlarynda ybadathanada bejeriş we abatlaýyş işlerini geçirýär. Şonda Ýehowanyň Musa arkaly beren kanun kitaby tapylýar. Kanun kitabyny patyşa okap berýärler. Ýoşyýa Hudaýyň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirmegi ýüregine düwýär (2 Taryh 34:14, 18—21-nji aýatlary okaň). Ýaşlar, siz Mukaddes Kitaby okamagy halaýarsyňyzmy? Siz Mukaddes Kitaby her gün okap bilýärsiňizmi? Halaýan aýatlaryňyzy ýazyp alýarsyňyzmy? Luka dogan Mukaddes Kitapdan peýdaly boljak aýatlary depdere ýazýardy. Sizem Lukanyň göreldesine eýerseňiz, Mukaddes Kitabyň aýatlaryny we wakalaryny ýatlamak aňsat bolar. Siz Hudaýyň Sözüni gowy bilseňiz we höwes bilen okasaňyz, Ýehowa yhlasly gulluk etmek islärsiňiz. Şeýlelikde, Ýoşyýa patyşa ýaly Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamagy ýüregiňize düwersiňiz.

16. Ýoşyýa patyşa nähili ýalňyşlyk goýberdi we biz ondan näme sapak edinýäris?

16 Ýoşyýa patyşanyň ýalňyşyndan sapak ediniň. Ýoşyýa 39 ýaşlarynda uly ýalňyşlyk goýberdi. Ol Ýehowadan görkezme soramagyň deregine özüne bil baglady. Şeýlelikde, onuň gelen nädogry karary öz başyna ýetdi (2 Tar. 35:20—25). Biz Ýoşyýanyň ýalňyşyndan näme sapak edinýäris? Biz Mukaddes Kitaby köp ýyldan bäri okaýan bolsak-da, ýaş ýa-da garry bolsak-da, Ýehowa bil baglamaly. Munuň üçin Hudaýa doga edip, görkezme soramaly, Mukaddes Kitaby okamaly we imany berk dogan-uýalar bilen maslahatlaşmaly. Şonda biz uly ýalňyşlary goýbermeris, görjegimiz gowluk, kalbymyz rahat bolar (Ýak. 1:25).

ÝAŞLAR, SIZE ÝAGTY GELEJEK GARAŞÝAR

17. Ýahudanyň üç patyşasy bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

17 Ýaşlyk — gapylaryň giňden açylýan döwri. Ýehoýaş, Uzyýa we Ýoşyýa patyşalaryň wakasy ýaşlaryň hak ýoldan ýöräp, Ýehowany razy edip biljegini subut edýär. Emma üç patyşa ýalňyşlyk hem goýberdi. Ýaşlar, siz olaryň ýagşy işlerine eýerip, ýalňyşyndan sapak edinseňiz ýagty gelejege umytly garap bilersiňiz.

Dawut pygamber çagalykdan Hudaý bilen dostlaşdy, Ony razy edip ýaşady we köp bereket aldy (18-nji abzasa serediň).

18. Mukaddes Kitapdaky haýsy wakalar ýaşlaryň gelejeginiň gowy boljagyny subut edýär? (Surata serediň).

18 Mukaddes Kitapda Ýehowa çagalykdan gulluk eden we bütin ömrüne Ony razy edip ýaşan adamlar hakda ýazylan. Olaryň biri Dawut pygamber. Ol çagalykdan Hudaý bilen dostlaşdy, patyşa bolansoň hem Hudaýy razy edip ýaşady. Elbetde, Dawut ýalňyşlyk hem goýberdi, emma Ýehowa ony wepaly adam hasaplady (1 Pat. 3:6; 9:4, 5; 14:8). Ýaşlar, siz Dawut pygamber hakda okap oýlansaňyz örän ruhlanarsyňyz. Şeýle-de Markus we Timoteos hakda şahsy okuwyny geçiriň. Olar Ýehowa çagalykdan gulluk etdiler. Ulalansoň hem Hudaýa wepaly boldular we köp bereket aldylar.

19. Siz nähili durmuş saýlardyňyz?

19 Ýaşlar, siziň gelejegiňiz öz eliňizde. Siz öz düşünjäňize däl-de, Ýehowa bil baglasaňyz, Ol size paýhasly kararlara gelmäge kömek eder (Nak. 20:24). Şonda siz bagtly bolarsyňyz we egsilmez bereket alarsyňyz. Ýehowa siziň çekýän zähmetiňizi unutmaýar. Ýehowany ömürboýy razy edip ýaşamakdan gowy durmuş ýok bolsa gerek!

144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda sakla!

a Ýaşlar, Ýehowa siziň nähili synaglara duş gelýändigiňizi bilýär. Käte size Hudaýa wepaly bolmak we ýagşy işleri etmek aňsat bolýan däldir. Size Ýehowany begendirýän kararlara gelmäge näme kömek eder? Makalada Ýahudanyň üç sany ýaş patyşasy hakda gürrüň ederis we olaryň gelen kararyndan näme öwrenip biljekdigimize serederis.

b JW.ORG saýtyndan «Sosial ulgamynda tanymal bolmak wajypmy?» diýen makalanyň «Pesgöwünli görnüp öwünmekden seresap boluň» (rus.) diýen çarçuwasyny okaň.

c SURAT: bir uýa ýaş uýa maslahat berýär.

d SURAT: uýa kongresde interwýu berensoň, özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar.