Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

39-NJY MAKALA

Ýumşak adam güýçlüdir

Ýumşak adam güýçlüdir

«Hudaýyň guly dawalaşmaly däldir, gaýtam hemmeler bilen ýumşak... bolmaly» (2 Tim. 2:24).

120-NJI AÝDYM Isa ýaly ýumşak boluň

MAZMUNY a

1. Işdeşimiz ýa-da synpdaşymyz nähili soraglary bermegi mümkin?

 SIZDEN synpdaşyňyz ýa-da işdeşiňiz uýýan diniňiz barada soradymy? Şonda özüňizi nähili duýduňyz? Belki, aljyrap näme aýdyp, näme goýjagyňyzy bilen dälsiňiz. Siz derrew jogap bermän, sabyrly boluň we onuň şol soragy näme üçin berendigi hakda pikirleniň. Şonda mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz edersiňiz. Käbir adamlar biz barada erbet zatlary eşidendigi üçin gaharymyzy getirjek ýa-da dawalaşjak bolup sorag berýärler (Res. 28:22). Biz muňa geň galmaýarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz, adamlaryň zalymdygy we eglişik etmeýändigi aýdylýar (2 Tim. 3:1, 3).

2. Biz näme üçin mähirli bolmaly?

2 Aýdaly, biri siziň bilen dawalaşmak üçin dini ynançlaryňyz hakda sorag baryny berýär. Şonda näme edersiňiz? Şeýle ýagdaýda gödek däl-de, ýumşak adam boluň. Ýumşak adam aýdýan zatlary bilen ylalaşmasalar gödek gepleşmeýär, özüne erk edýär we jogap bermäge howlukmaýar (Nak. 16:32). Elbetde, hemişe ýumşak, mylakatly bolmak aňsat däl. Aýdýan zatlarymyz bilen ylalaşmasalar nädip ýumşaklyk bilen jogap berip bileris? Ene-atalar, çagalaryňyza sylaşykly bolmaga we imany hakda gürrüň bermäge nädip kömek edip bilersiňiz? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

MYLAKATLY JOGAP BERIŇ

3. Ýumşak häsiýetli adam nähili bolýar? (2 Timoteos 2:24, 25).

3 Ýumşak adam ejiz däldir, güýçlüdir! Şeýle adama garşy çykanlarynda, ol dargursak bolmaýar, özüni rahat alyp barýar. Mukaddes Kitapda ýumşaklyk häsiýetiniň «mukaddes ruhuň miwesidigi» aýdylýar (Gal. 5:22, 23). «Ýumşak» diýen grek sözi, ýabany atlary eldekileşdirilende ulanylýar. Eldekileşdirilen atlara baş öwredilenden soňra eýesine gulak asýar we ejiz däl-de, has-da güýçli bolýar. Biz nädip hem güýçli, hem mylakatly bolup bileris? Elbetde, ynsan muny öz güýji bilen başarmaz. Şol sebäpli giň göwünli, ýumşak bolar ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhy sorap doga etmeli. Dogan-uýalara garşy çykanlarynda, olar özlerini sypaýy alyp barandyklary üçin köpleriň garaýşy üýtgedi (2 Timoteos 2:24, 25-nji aýatlary okaň). Diýmek, bizem synaglarda ejizlemän hem güýçli, hem mähirli bolup bileris.

4. Yshak pygamberiň meseläni çözüşinden näme öwrendiňiz?

4 Mukaddes Kitapda mylakatly, ýumşak adamlar hakda köp wakalar ýazylan. Geliň, häzir Yshak hakda gürrüň edeliň. Ol piliştlileriň Gerar jülgesinde ýaşaýarka, kakasynyň hyzmatkärleriniň gazan guýularyny goňşulary göriplik edip gömýär. Ýöne Yshak pygamber guýynyň üstünde dawalaşmaga derek, ol ýerden gaýdýar we başga bir guýy gazýar (1 Mus. 26:12—18). Emma piliştliler ýene-de suw biziňki diýip dawa turuzýar. Yshak pygamber bolsa öz hakyny talap edip jedelleşmegiň deregine, meseläni parahatlyk bilen çözýär (1 Mus. 26:19—25). Yshak pygambere ýumşak häsiýetli bolmaga näme kömek etdi? Yshak ene-atasynyň göreldesine eýerdi. Sebäbi Ybraýym parahatlygy söýýän adamdy. Bibisara ýuwaş, mylaýym häsiýetli zenandy (1 Pet. 3:4—6; 1 Mus. 21:22—34).

5. Ene-atalar çagalaryna ýumşak häsiýetli bolmagy nädip öwredip biler? Mysal getiriň.

5 Ene-atalar, çagalaryňyza ýumşak, mylakatly bolmaga kömek etmek üçin eliňizden gelenini gaýgyrmaň. 17 ýaşly Maks doganyň synpdaşlary gaharyny getirjek boluň her zat ederdiler. Ol wagyzda hem gaharjaň adamlara duşardy. Şonuň üçin ene-atasy sabyrlylyk bilen oňa mylakatly bolmaga kömek etdiler. Olar: «Maks gaharjaň, dawaçyl adamyň däl-de, gaharyna erk edip bilýän adamyň has güýçlüdigine düşündi» diýýär. Şeýlelikde, Maks mylakatly bolmagy öwrendi.

6. Mähirli bolmak üçin näme etmeli?

6 Siziň içiňizi ýakjak bolup, Hudaýyň adyna ysnat getirseler ýa-da aýdýan zatlaryňyzy toslama hasaplasalar näme edersiňiz? Siz özüňize erk edip, paýhasly jogap berer ýaly Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Eger özüňize erk edip bilmän, gödek gepleşen bolsaňyz näme? Onda ýalňyşyňyzy gaýtalamaz ýaly, Ýehowa doga ediň. Ol size synaglarda özüňize erk etmäge we mylakatly bolmaga mukaddes ruh arkaly kömek eder.

7. Adamlar bilen sypaýyçylykly gepleşmäge haýsy aýatlar kömek edýär? (Nakyllar 15:1, 18).

7 Mukaddes Kitapdaky käbir aýatlar gaharymyzy getirjek bolanlarynda dilimizi saklap, göwnümizi giň tutmaga kömek edýär. Hudaýyň mukaddes ruhy öz wagtynda şol aýatlary ýadymyza salar (Ýah. 14:26). Meselem, Nakyllar kitabyndaky maslahatlar ýumşak, mylakatly adam bolmaga kömek edýär (Nakyllar 15:1, 18-nji aýatlary okaň). Şu kitapda özüňe erk etmäge kömek edýän başga-da köp maslahatlar ýazylan (Nak. 10:19; 17:27; 21:23; 25:15).

DÜŞGÜR BOLUŇ

8. Adamlaryň nähili maksat bilen sorag berýändigine näme üçin düşünjek bolmaly?

8 Düşgür adam sabyrly we mylakatly bolýar (Nak. 19:11). Onuň üstünden gülüp, kemsidenlerinde gaharlanmaýar we jogap bermäge howlukmaýar. Adamlaryň käbir berýän soraglaryny aýsberge, ýagny suwdaky uly buz bölegine meňzetse bolýar. Onuň diňe depesi görnüp, köp bölegi suwuň aşagynda bolýar. Edil şonuň ýaly, biz käbir adamlaryň näme niýet bilen sorag berýändigini bilmeýäris. Şonuň üçin jogap bermezden öňürti, onuň näme maksat bilen sorag berýändigini biljek bolmaly (Nak. 16:23).

9. Gedeýon nädip paýhasly hereket etdi?

9 Geliň, häzir Gedeýon serdar hakda gürrüň edeliň. Ol söweşiň gyzgalaňly ýerinde efraýymlary kömege çagyrýar. Ýöne efraýymlar söweşiň başynda çagyrylmandygy üçin nägile bolup, Gedeýon bilen dawalaşýar. Olar näme üçin nägile boldular? Belki, olar Gedeýon bizi äsgermeýär diýip tekepbirlik edendir. Emma Gedeýon olar bilen dawalaşmady, gaýtam hormat goýup, ýumşaklyk bilen gepleşdi. Şeýlelikde, efraýymlaryň gahary köşeşdi (Ser. 8:1—3).

10. Adamlaryň berýän soraglaryna mylakatly jogap bermek üçin näme etmeli? (1 Petrus 3:15).

10 Işdeşiňiz ýa klasdaşyňyz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygyňyza nägile bolup, siziň bilen dawalaşjak bolsa näme? Şonda ony ünsli diňläp, garaýşyna hormat goýuň we nämäniň biynjalyk edýändigini biljek boluň (1 Petrus 3:15-i okaň). Şonda siz onuň bilen mähirli we sypaýçylykly gepleşip bilersiňiz. Hatda onuň garaýşyny hem üýtgedip bilersiňiz. Ol size gaharly, nägilelik bilen sorag berse, siz oňa mylakatly, ýylgyryp jogap beriň (Rim. 12:17).

Sizi doglan güne näme üçin çagyrandyklary hakda oýlansaňyz, mylakatly gepleşip bilersiňiz (11, 12-nji abzaslara serediň).

11, 12. a) Soraglara jogap bermezden öň nämeleri göz öňünde tutmaly? (Surata serediň). b) Adamlar bilen dawalaşman gürrüňdeşlik etmäge haýsy mysal kömek eder?

11 Işdeşiňiz sizden näme üçin doglan güni bellemeýändigiňizi soramagy mümkin. Şonda siz onuň näme maksat bilen soraýandygyny anyklaň. Belki, ol Ýehowanyň Şaýatlaryny durmuşdan yza galan, göwün açmaýan adam hasaplaýandyr ýa-da işdeşleriniň arasynda agzalalyk döredýär diýip pikir edýändir. Siz oňa jogap bermäge howlukman, gaýtam Ýehowanyň Şaýatlarynyň dostlary bilen dynç almagy gowy görýändigini aýdyň we oňa işgärleriň arasyndaky agzybirligi saklamak üçin jan edýändigi üçin minnetdarlyk bildiriň. Soňra mümkinçilikden peýdalanyp, Mukaddes Kitapdan doglan gün baradaky aýatlary okap beriň.

12 Adamlaryň maksadyna, garaýşyna düşünmek başga ýagdaýlarda-da kömek edýär. Aýdaly, synpdaşyňyz sizden gomoseksuallaryň, ýagny bir jynsdaky adamlaryň maşgala gurmagyny näme üçin goldamaýandygyňyzy soraýar. Belki, ol Ýehowanyň Şaýatlary hakda nädogry zatlary eşidendir ýa-da onuň dosty, dogan-garyndaşlarynyň biri gomoseksualdyr. Belki-de, onuň biziň gomoseksuallygy ýigrenýändigimiz üçin gahary gelýändir. Şeýle ýagdaýda biz ähli adamlara hormat goýýandygymyzy, her kimiň özüniň karara gelýändigini aýdyp bileris b (1 Pet. 2:17). Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky ýokary ahlak kadalaryna eýermegiň peýdasyny düşündireris.

13. Hudaýa iman edýändigiňiz üçin üstüňizden gülseler näme edip bilersiňiz?

13 Siz käbirlerine garaýşyňyzy düşündirmäge jan etseňiz-de, şonda-da ylalaşmazlygy mümkin. Şeýle adamlar hakynda belli bir netije çykarmaga howlukmaň (Tit. 3:2). Aýdaly, synpdaşyňyz ewolýusiýa taglymatyna uýýar. Ol siziň Hudaýa iman edýändigiňiz üçin üstüňizden gülýär. Siz näçe düşündirjek bolsaňyzam, ol şol bir diýenini tutup durýar. Şonda siz oňa ylmy subutnamalara esaslanyp, ewolýusiýa taglymatynyň ýalandygyny aýtmaga howlukmaň. Muňa derek jw.org saýtynyň salgysyny beriň we ýaradylyş baradaky wideolary, makalalary tapmaga kömek ediň. Şonda onuň bilesigelijiligi has-da artyp, Mukaddes Kitaby okasy geler.

14. Nil jw.org saýty arkaly synpdaşyna nädip wagyz etdi?

14 Nil doganyň synpdaşy Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýardy. Nil oňa wagyz etmek üçin jw.org saýtyndan gözleg geçirýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Synpdaşym maňa: „Siziň okaýan kitabyňyz hekaýa. Siz ylma däl-de, ertekä ynanýarsyňyz“ diýýärdi». Nil imany hakynda näçe düşündirjek bolsa-da, synpdaşy ony hiç diňlemeýärdi. Şonuň üçin Nil oňa jw.org saýtynyň salgysyny berýär we «Ylym hem Mukaddes Kitap» diýen bölümindäki edebiýatlary tapmaga kömek edýär. Nil synpdaşynyň saýtdaky makalalary okandygyny, göwnüne ýarandygyny bilýär we oňa ýaradylyş barada wagyz edýär. Sizem Niliň göreldesine eýerip bilersiňizmi?

ÇAGALARYŇYZ BILEN TAÝÝARLYK GÖRÜŇ

15. Ene-atalar çagalaryna synpdaşlarynyň soraglaryna mylakatly jogap bermegi nädip öwredip bilerler?

15 Ene-atalar, çagalaryňyza synpdaşlaryna imany hakda wagyz etmegi öwrediň (Ýak. 3:13). Belki, siz maşgala okuwynda mekdepde döräp biläýjek ýagdaýlary sahnalaşdyrarsyňyz, berilýän soraglara sypaýyçylykly jogap bermegi we sylaşykly gepleşmegi öwredip bilersiňiz (« Bolup biläýjek ýagdaýlary sahnalaşdyryň» diýen çarçuwa serediň).

16, 17. Soraglara öňünden taýýarlyk görmegiň ýaşlara nähili peýdasy bar?

16 Ýaşlar maşgala okuwynda mekdepde bolup biläýjek ýagdaýlara taýýarlansa, synpdaşlaryna imany hakda anyk deliller getirip, batyrgaýlyk bilen gürrüň berip biler. Olara jw.org saýtyndaky «Ýaşlaryň sowallary» atly internet makalalar we gönükmeler kömek eder. Ýaşlar şu esbaplar arkaly soraglara ynamly jogap berip biler. Ene-atalar, siz maşgala okuwynda şol gönükmeleri işleseňiz, diňe çagalaryňyz däl, özüňiz hem imanyňyz hakda sypaýyçylyk bilen wagyz edip bilersiňiz.

17 Metýu atly oglana bolup biläýjek ýagdaýlara öňünden taýýarlanmaga maşgala okuwy kömek etdi. Ol ene-atasy bilen synpda döräýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşýar. Metýu şeýle diýýär: «Biz beriläýjek soraglar hakda oýlandyk we olara jogap tapmak üçin gözleg geçirdik. Soňra tapan pikirlerimizi sahnalaşdyrdyk. Men ynanýan zatlarymyň dogrudygyna göz ýetirenimden soňra özümi has-da ynamly duýdum. Indi garaýşymy başgalara sypaýyçylykly gürrüň berip bilýärin».

18. Koloslylar 4:6-da nähili maslahat berilýär?

18 Biz imanymyz hakynda ynamly we mylakatly düşündirsek-de, käbirleriniň diňlemezligi mümkin. Emma biz şonda-da sylaşykly we sypaýyçylykly gepleşmeli (Koloslylar 4:6-ny okaň). Adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy pökgi zyňşyp oýnamak bilen deňeşdirse bolar. Pökgini batly ýa-da emaý bilen zyňyp bolýar. Eger biz pökgini emaý bilen zyňsak, garşymyzdaky oýunçy ony gapyp alar we oýun dowam eder. Edil şonuň ýaly, sylaşykly bolsak, sypaýyçylyk bilen geplesek, adamlar bizi diňlär we gürrüňdeşligimiz dowam eder. Emma käbir adamlaryň üstümizden gülmegi ýa-da dawalaşmagy mümkin. Şonda olara hökman jogap bermelidiris öýtmäň (Nak. 26:4). Aýdýan zatlarymyz käbirleriniň gulagyna hoş ýakmasa-da, biz sylaşykly bolsak köpleri höwes bilen diňlär.

19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Biz adamlar bilen sypaýyçylykly gepleşsek, olaryň ýüregine täsir edip bileris we köp bereketler alarys. Eger adamlar siziň bilen dawalaşmak üçin sorag berseler, üstüňizden gülseler, kemsitseler, Ýehowadan güýç soraň. Ýumşak häsiýetli bolsak gaharly adamy köşeşdirip bileris. Adamlara hormat goýup mähirli gepleşsek, olar garaýşyny üýtgeder we Mukaddes Kitaby okamak islär. «Şonuň üçin umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň. Ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen aýdyň» (1 Pet. 3:15). Hawa, ýumşak häsiýetli adam ejiz däldir, güýçlüdir!

88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret

a Käbirleri biziň bilen dawalaşmak we gaharymyzy getirmek üçin sorag bermegi mümkin. Şu makalada olar bilen ýumşak we mylakatly gepleşmek üçin näme etmelidigi aýdylýar.

b Köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitapda gomoseksuallyk barada näme diýilýär?» diýen makalany okap bilersiňiz (g16-U No. 4).

c JW.ORG saýtyndaky «Ýaşlaryň sowallary» we «Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar» diýen internet makalalardan peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz.