Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

37-NJI MAKALA

Şimşon serdar ýaly Ýehowa bil baglaň

Şimşon serdar ýaly Ýehowa bil baglaň

«Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni ýadyňa sal... maňa güýç ber, ýalbarýaryn!» (Ser. 16:28).

30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam

MAZMUNY a

1, 2. Biz näme üçin Şimşon hakda bilmeli?

 ŞIMŞON adyny eşideniňizde siziň nähili adam göz öňüňize gelýär? Belki, güýç-kuwwatly pälwan göz öňüňize gelýändir. Hawa, ol şeýle adamdy. Emma Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi we ejir baryny çekdi. Ýehowa şonda-da Mukaddes Kitaba Şimşon hakda ýazdyrdy. Sebäbi hak Alla Şimşony wepaly adam hasaplaýar we biziň ondan köp zatlary öwrenmegimizi isleýär.

2 Ýehowa Şimşon serdar arkaly gudratly işleri etdi. Ol halkyny duşmanlardan ençeme sapar gorady. Şondan birnäçe asyr geçensoň, Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen berk imanly adamlaryň arasynda Şimşonyň adyny hem ýazdy (Ýew. 11:32—34). Şimşonyň görkezen edermenligi bizi örän ruhlandyrýar. Ol çykgynsyz ýagdaýlarda hem Ýehowa ýürekden bil baglaýardy. Şu makalada Şimşon bilen bolan wakadan näme öwrenip biljekdigimiz we onuň eden işleriniň bizi nädip ruhlandyrýandygy hakda gürrüň ederis.

ŞIMŞON ÝEHOWA DAÝANÝAR

3. Ýehowa Şimşona nähili iş tabşyrdy?

3 Piliştliler ysraýyl halkynyň üstünden agalyk edýärdi (Ser. 13:1). Olaryň derdinden ýaňa ysraýyllaryň göreni görgi boldy. Şol döwür Ýehowa halkyny «piliştlileriň elinden halas etmek üçin» Şimşony saýlaýar (Ser. 13:5). Bu uly jogapkärli işdi. Eger Ýehowanyň goldawy bolmasa, ony ýerine ýetirip bolmazdy.

Şimşon Ýehowa bil baglady. Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin eline ilen zady ulandy (4, 5-nji abzaslara serediň).

4. Ýehowa Şimşona piliştlileri ýok etmäge nädip güýç berdi? (Serdarlar 15:14—16).

4 Şimşon Ýehowa bil baglaýardy, onuň kömek etjekdigine ynanýardy. Bir gün piliştliler Lehi şäheriniň (belki, ol Ýahuda degişli bolmaly) daşyny gabaýar. Şonda ýahudalar öler ýaly gorkýar we Şimşonyň elini iki sany täze ýüp bilen daňyp, piliştlilere getirip berýär (Ser. 15:9—13). Şol pursat «Ýehowanyň ruhy Şimşona güýç berýär» we elindäki ýüpler sapak kimin üzülip gidýär. Şimşon «ölen eşegiň äňini alyp», piliştlileriň müň esgerini öldürýär (Serdarlar 15:14—16-njy aýatlary okaň).

5. Şimşon Ýehowa bil baglaýandygyny nädip subut etdi?

5 Şimşon näme üçin ölen eşegiň äňini alyp söweşýär? Ol söweş ýaragy däl ahyryn! Şimşon söweş ýaragy bilen däl-de, Ýehowanyň kömegi bilen ýeňiş gazanjakdygyny bilýärdi. Ol Hudaýyň islegini amala aşyrmak üçin eline ilen zady ulandy. Hawa, Şimşon Ýehowa bil baglandygy üçin duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazandy.

6. Kyn ýumşy ýerine ýetirenimizde, bizi Şimşonyň wakasy nädip ruhlandyrýar?

6 Käte biz Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirmäge güýjümiz ýetmez öýdüp biynjalyk bolýarys. Geliň, Ýehowa bil baglalyň! Şonda hak Allanyň berýän güýç-kuwwaty bilen almajak galamyz bolmaz (Nak. 16:3).

7. Ýehowadan görkezme soramagyň wajypdygyny haýsy waka subut edýär?

7 Guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşýan dogan-uýalar Ýehowa ýürekden bil baglaýar. Öňler doganlar Ýygnak jaýlarynyň we guramanyň binalarynyň taslamasyny çyzyp, özleri gurýardylar. Ýöne her ýyl köp adamlar Hudaýyň halkynyň arasyna goşulýar. Şol sebäpli özgerişik etmeli bolýar. Doganlar Hudaýdan görkezme soradylar we täze usul oýlap tapdylar. Indi gurama gurlan binalary satyn alyp, abatlaýyş işlerini geçirýär. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda gurluşyk işlerine gatnaşan Robert dogan şeýle gürrüň berýär: «Käbir doganlara başda täze usula öwrenişmek kyn boldy. Sebäbi bu öňki usullardan düýbünden tapawutlanýardy. Emma doganlar özgerişligi kabul etmäge taýyndylar, sebäbi Ýehowanyň ak pata berýändigini görýärdiler». Hawa, Ýehowanyň öz halkyna ýol görkezýändigine şek-şübhe ýok. Şonuň üçin özümize şu soraglary bersek gowy bolar: «Men Ýehowadan görkezme soraýarynmy? Hudaýyň islegini has gowy ýerine ýetirmek üçin özgerişlik etmäge taýynmy?»

ŞIMŞON ÝEHOWADAN SUW DILEÝÄR

8. Şimşon suwsanda näme etdi?

8 Siz Şimşonyň eden işleri hakda okanyňyzda haýran galýansyňyz. Meselem, bir gezek Şimşonyň elinde ýaragy bolmasa-da, ýolbarsy öldürýär. Bir gezek bolsa Aşkelon şäherine gidip, 30 sany piliştlini öldürýär (Ser. 14:5, 6, 19). Şimşon Ýehowa güýç bermese, şeýle işleri başarmajagyna düşünýärdi. Muny nireden bilýäris? Bir gezek ol müň sany piliştli bilen söweşýär we olaryň hemmesini gyrýar. Soňra ol suwsap ysgyn-mydardan gaçýar. Şimşon özi suw gözlemegiň deregine, Ýehowadan teşne janyny gandyrmagy haýyş edýär (Ser. 15:18).

9. Ýehowa Şimşonyň dilegine nädip jogap berdi? (Serdarlar 15:19, çykgyt).

9 Hak Alla Şimşonyň dilegine jogap berdi we gudrat bilen çukurdan suw çykardy. Şimşon çeşmäniň suwundan gandy we «özüne gelip kuwwatlandy» (Serdarlar 15:19-y okaň, çykgyt). Şol çeşme Serdarlar kitabyny ýazan Şamuwel pygamberiň döwründe hem bardy. Ysraýyllar her sapar çeşmäniň deňinden geçenlerinde, Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dadyna ýetişýändigi hakda oýlanan bolmaly.

Şimşon Ýehowanyň beren suwundan ganyp, güýç-kuwwat aldy. Bizem Ýehowanyň göçme manydaky «suwundan içsek», güýjümize güýç goşular (10-njy abzasa serediň).

10. Ýehowanyň goldawyny duýmak üçin näme etmeli? (Surata serediň).

10 Biz zehinli we ukyp-başarnykly bolsak-da, guramada köp işleri etsek-de, öz güýjümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly. Biz hak Hudaýyň goldawy bolmasa, hiç haçan üstünlik gazanyp bilmejekdigimizi pesgöwünlilik bilen boýun almaly. Şimşon Ýehowanyň beren suwundan ganyp, güýç-kuwwat aldy. Bizem Ýehowanyň göçme manydaky «suwundan içsek», güýjümize güýç goşular (Mat. 11:28).

11. Ýehowa bil baglamak üçin näme etmeli? Mysal getiriň.

11 Geliň, kyn günleri başdan geçiren russiýaly Alekseý dogan hakda gürrüň edeliň. Oňa agyr synagda Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek etdi? Alekseý aýaly bilen Hudaýa sežde etmegi hemişe birinji orunda goýýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Mukaddes Kitaby her gün okamak, yzygiderli şahsy okuwyny geçirmek üçin jan edýärin. Aýalym bilen irden her günki aýady okaýarys we Ýehowa doga edýäris». Biz Alekseýiň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz özümize däl-de, hak Hudaý Ýehowa bil baglamaly. Biz Mukaddes Kitaby her gün okamaly, yzygiderli şahsy okuwyny geçirmeli, Ýehowa ýürekden doga etmeli, ýygnak duşuşyklaryna barmaly we hoş habary yhlasly wagyz etmeli. Şonda Ýehowa biziň edýän tagallamyza ak pata berer. Eger hak Alla Şimşony goldan bolsa, bizi-de goldar.

ŞIMŞON RUHDAN DÜŞMEÝÄR

12. Şimşon Delilä aşyk bolup näme üçin ýalňyşdy?

12 Şimşon hem biziň ýaly bikämil adamdy. Şonuň üçin ol käte ýalňyşlyk goýberýärdi. Emma onuň ýekeje goýberen ýalňyşy gül ömrüni kül etdi. «Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan Delile atly bir gyza aşyk bolýar» (Ser. 16:4). Şimşon öňem piliştli gyza öýlenmek isläpdi, ýöne onuň «islegi Ýehowadandy». Sebäbi «ol piliştlilerden ar almak üçin pursat gözleýärdi». Soňra Şimşon piliştlileriň Gaza şäherinde ýaşaýan ahlaksyz aýalyň ýanyna barýar. Şeýlelikde, ol galanyň derwezesini gulpy we söýeleri bilen goparyp alyp gidýär (Ser. 14:1—4; 16:1—3). Emma Delile bilen bolan ýagdaý başgaçady, sebäbi ol ysraýyllardan bolmaly.

13. Delile Şimşonyň gözüni-başyny nädip aýlady?

13 Pilişt hanlary Delilä Şimşonyň güýjüniň syryny bilmegi haýyş edýärler. Eger bilse, ummasyz kümüş bermegi söz berýärler. Delile-de razylaşýar. Ol her gün iňirdäp, Şimşonyň şeýle bir ýüregine düşýär welin, ol güýjüniň syryny aýdýar. Şimşon öz aýagy bilen duzaga düşer ýaly, söýgüden ýaňa gözleri gapylaýdymyka? Şeýlelikde, Şimşon Ýehowany gynandyrýar we Onuň berýän güýjünden az wagtlyk mahrum bolýar (Ser. 16:16—20).

14. Şimşon Delilä ynanyp nähili güne düşdi?

14 Şimşon Ýehowa däl-de, Delilä ynanandygy üçin görgi baryny görýär. Piliştliler ony tutup gözlerini oýýar. Şimşon öň Gaza şäheriniň derwezesini söýeleri bilen goparyp äkidipdi. Indi bolsa şol şäheriň zyndanynda degirmen üweýär. Piliştliler Dagon taňrysynyň şanyna baýram edýärler. Olar Dagon taňrysynyň kömegi bilen Şimşony tutandyklaryna ynanýardylar. Baýramçylyk şatlyk-şowhun bilen dowam edýärdi. Piliştliler Şimşonyň üstünden gülmek üçin, ony zyndandan getirdip orta çykarýarlar (Ser. 16:21—25).

Hak Hudaý Şimşonyň dilegini eşidýär we onuň güýjüni gaýtaryp berýär. Şeýlelikde, Şimşon Hudaýyň duşmanlaryny öldürýär (15-nji abzasa serediň).

15. Şimşon Hudaýa bil baglaýandygyny ýene nädip görkezdi? (Serdarlar 16:28—30; daşky sahypadaky surata serediň).

15 Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi, emma ol Ýehowa bil baglady. Onuň gözleri kör bolsa-da, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik gözledi (Serdarlar 16:28—30-njy aýatlary okaň). Şimşon Ýehowa ýalbaryp: «Piliştlilerden ar alaýyn» diýdi. Hak Hudaý Şimşonyň dilegini eşitdi we onuň güýjüni gaýtaryp berdi. Şimşon jaýy saklaýan iki sütüni itekledi welin, tutuş jaý märekäniň üstüne ýykyldy. Şimşonyň şol gün öldürenleri bütin ömrüne öldürenlerinden köp boldy.

16. Şimşonyň goýberen ýalňyşyndan näme sapak edinýäris?

16 Şimşon eli bilen edenini egni bilen çekdi. Emma ol Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmegi ýüregine düwüpdi. Biz bikämil adam. Şol sebäpli ýalňyşmagymyz, käýinç eşitmegimiz, hatda borjumyzy ýitirmegimiz mümkin. Emma özümizden göwnümiz geçmeli däl, sebäbi Ýehowa bizi bagyşlamaga taýyn (Zeb. 103:8—10). Biz ýalňyşlyk goýbersek-de, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bileris.

Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi, ýöne Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmegini bes etmedi. Bizem onuň göreldesine eýermeli (17, 18-nji abzaslara serediň).

17, 18. Maýkl bilen bolan waka sizi nädip ruhlandyrýar? (Surata serediň).

17 Geliň, ýaş dogan Maýkl hakda gürrüň edeliň. Ol ýygnakda hyzmatçy we pioner bolup gulluk edýärdi. Gynansak-da, Maýkl ýalňyşlyk goýberýär we ýygnakdaky borçlaryny ýitirýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men şol güne çenli ynamly ädimler bilen öňe barýardym. Emma durmuşym birdenkä çepbe çöwrülen ýaly boldy. Men Ýehowanyň söýgüsine asla şübhelenmeýärdim. Ýöne käbir soraglar biynjalyk edýärdi: „Men Ýehowa bilen öňkim ýaly ýakyn dost bolup bilerinmi? Men ýygnakda ýene-de jogapkärli borçlary ýerine ýetirerinmi?“»

18 Maýkl ruhdan düşmedi, ýan bermedi. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa bilen dostlaşmak üçin ýürekden doga etdim, Mukaddes Kitaby okadym we oýlandym». Wagtyň geçmegi bilen, Maýkl ýene-de ýygnakda hormatly borçlary ýerine ýetirip başlaýar. Häzir ol ýaşuly we pioner bolup gulluk edýär. Maýkl sözüni şeýle dowam edýär: «Ýygnak ýaşululary maňa aýaga galmaga, Ýehowanyň meni ýürekden söýýändigine düşünmäge kömek etdi. Men indi Ýehowa arassa ynsap bilen gulluk edýän. Men bir zada düşündim: Ýehowa toba edýän islendik adamy bagyşlaýan ekeni». Bizem ýalňyşymyzdan sapak edinsek we Ýehowa bil baglasak, gökdäki Atamyzyň bagyşlajakdygyna hem-de tagallamyza ak pata berjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 86:5; Nak. 28:13).

19. Şimşonyň wakasy sizi nädip ruhlandyrýar?

19 Makalada Şimşon serdaryň görkezen gahrymançylyklary hakda gürrüň etdik. Elbetde, ol bikämil adamdy, käbir ýalňyşlary goýberdi. Ýöne ol Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin jan edýärdi. Ýehowa hem Şimşony goldaýardy. Şimşon Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, duşmanlaryndan ar almak üçin janyny pida etdi. Ýehowa Şimşony berk imanly adam hasaplaýardy. Sebäbi onuň ady Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda ýazylan hudaýhon adamlaryň arasynda agzalýar. Hawa, gökdäki Atamyzyň ejizlän bendesine güýç-kuwwat bermek isleýändigini bilmek göwnümizi göterýär. Şonuň üçin, geliň, Şimşonyň aýdan şu sözlerine goşulalyň: «Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin... maňa güýç ber» (Ser. 16:28).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

a Mukaddes Kitapda Şimşon pälwanyň başdan geçiren wakalary ýazylan. Mukaddes Kitaby okamaýan adamlar hem Şimşon hakda eşiden bolsa gerek. Sebäbi ol hakda sahnalar, aýdymlar düzüldi we filmler döredildi. Mukaddes Kitapda Şimşon hakda ýazylan wakalar erteki ýa-da rowaýat däl. Biz hak Hudaýa ýürekden bil baglan Şimşondan köp zatlary öwrenip bileris.