Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gözleg geçiriň

Gözleg geçiriň

Çagalar üçin ýumuşlar

Ene-atalar çagalaryna Ýehowa Hudaý hakda öwretmäge borçly (Efes. 6:4). Ýehowanyň guramasy çagalar üçin köp makalalary, wideolary we aýdymlary çykarýar. Ene-atalar, siz olary nädip ulanyp bilersiňiz?

  • Ilki bilen gerekli edebiýaty tapyň. Siz jw.org saýtyndan çagalar üçin niýetlenen ähli wideolary, ýumuşlary we gönükmeleri tapyp bilersiňiz a. Munuň üçin «Gözleg» diýen ýere «Çagalar» we «Ýetginjekler» diýip ýazyň.

  • Gerekli makalany ýa-da edebiýaty saýlaň. «Çagalar» diýen bölümden peýdaly boljak wideolary, aýdymlary we ýumuşlary tapyp bilersiňiz. Şeýle-de «Maşgala okuwy üçin ýumuşlar» bölüminde çagalar üçin gyzykly boljak ýumuşlary tapyp bilersiňiz.

  • Çagalaryňyz bilen bile öwreniň. Ýumuşlary we wideolary diňe bir çagalaryňyzy güýmemek üçin ulanmaň, gaýtam ýumuşlar hakda gürrüňdeş boluň we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek ediň.

a JW Library® programmada ýaşlar üçin ýumuşlaryň hemmesi bolmasa-da, wideolaryň ählisi bar.