40-NJY MAKALA
Petrus resul ýaly tutanýerli boluň!
«Halypam, men bir günäli adam, ýanyňda ýöremäge mynasyp däl» (Luka 5:8).
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
MAZMUNY a
1. Petrus Isanyň eden gudratyny görüp özüni nähili duýdy?
PETRUS balyk tutmak üçin bütin gijesini deňizde geçirdi, emma ýekeje balyk hem tutup bilmedi. Şol wagt Isa pygamber Petrusa: «Deňziň çuň ýerine ýüzüp, torlaryňy taşla» diýdi (Luka 5:4). Petrus ökde balykçydy, şol sebäpli balygyň tora düşmejegine gözi ýetip durdy. Ýöne Isanyň aýdyşy ýaly etdi welin, köp balyk düşdi, tory ýyrtylara geldi. Petrus beýleki balykçylary kömege çagyrdy. Olar tora köp balygyň düşendigini görüp haýran galdylar. Şonda Petrus Isanyň öňünde dyza çöküp: «Halypam, men bir günäli adam, ýanyňda ýöremäge mynasyp däl» diýdi (Luka 5:6—9). Hawa, Petrus özüni Isanyň şägirdi bolmaga mynasyp görmedi.
2. Petrus bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
2 Petrus özüniň «günäli adamdygyny» boýun aldy. Mukaddes Kitapda onuň ençeme sapar oýlanman gepländigi we howlukmaç hereket edendigi, soňra bolsa ökünendigi aýdylýar. Sizem: «Wah, şuny aýtmaly däl ekenim, şeýle etmeli däl ekenim» diýip puşman edipdiňizmi? Onda Petrusyň başdan geçiren wakalary size kömek eder. Ýehowa Mukaddes Kitaba Petrus resulyň eden ýalňyşlaryny ýazdyrman hem bilerdi, emma biziň sapak edinmegimiz üçin ýazdyrdy (2 Tim. 3:16, 17). Petrus resulyň wakasy Ýehowanyň bizden kämillige garaşmaýandygyna düşünmäge kömek edýär. Gökdäki Atamyz biziň käte ýalňyşlyk goýberjekdigimizi bilýär, ýöne Ol biziň ýan bermän göreşmegimizi we tutanýerli bolmagymyzy isleýär.
3. Biz näme üçin tagalla etmeli?
3 Tutanýerli bolmagyň nähili peýdasy bar? «Ýoly ýörän ýeňer, işi ýapyşan» diýipdirler. Gitara çalmagy öwrenýän adamy göz öňüne getiriň. Ol ussat sazanda bolmak üçin köp ýyllap tagalla etmeli bolýar. Ol näçe tagalla etse-de, käte ýalňyşmagy mümkin. Emma ol tutanýerli bolsa we yzyny üzmän öwrenmegi dowam etse, ussat sazanda bolup ýetişer. Hatda ökde sazandalaryň hem ýalňyşýan wagtlary bolýar. Ýöne olar ruhdan düşüp, saz çalmagyny goýmaýar. Biz hem köp tagalla edip, käbir erbet endikleri ýeňendiris, emma käte ýene-de şony etmegimiz ahmal. Ýöne biz ýan bermeli däl, ýalňyşymyzdan sapak edinmeli. Şonda Ýehowa edýän tagallamyzy görüp, bizi goldar (1 Pet. 5:10). Petrus resul ýalňyşsa-da, Isa oňa wajyp iş tabşyrdy. Sebäbi Petrus göreşdi, gol gowşuryp oturmady. Diýmek, biz hem öz üstümizde işlesek, Ýehowany razy edip bileris.
TUTANÝERLI BOLDY — BEREKET ALDY
4. Luka 5:5—10-njy aýatlarda Isa Petrusa näme diýdi we näme üçin?
4 Petrus Isa pygambere: «Men bir günäli adam» diýýär. Mukaddes Kitapda onuň näme üçin şeýle diýendigi hakda hiç zat aýdylmaýar (Luka 5:5—10-njy aýatlary okaň). Belki-de, Petrus geçmişde eden ýalňyşlaryny ýatlap, özüni Isa pygamberiň şägirdi bolmaga mynasyp gören däldir. Isa Petrusyň özüni ynamsyz duýýandygyny bilen bolmaly, ýöne onuň Hudaýa wepaly boljagyna şübhelenmeýärdi. Şol sebäpli oňa mähir bilen: «Gorkma» diýdi. Isa pygamberiň aýdan sözleri Petrusa özüni ynamly duýmaga we aýgytly ädimleri ätmäge kömek etdi. Şeýlelikde, Petrus bilen dogany Andreas düşewüntli kärini, ýagny balyk tutmagy goýup, Isanyň şägirdi boldular we köp bereketler aldylar (Mar. 1:16—18).
5. Petrus Isanyň şägirdi bolup nähili bereketleri aldy?
5 Petrus Isa pygamberiň köp gudratlarynyň diri şaýady boldy. Ol Isa pygamberiň syrkawlary sagaldandygyny, adamlaryň içinden jynlary çykarandygyny we ölen adamlary direldendigini gördi b (Mat. 8:14—17; Mar. 5:37, 41, 42). Şeýle-de ol Isa pygamberiň gelejekde patyşa bolanda eýe boljak şan-şöhratyny görnüş arkaly gördi (Mar. 9:1—8; 2 Pet. 1:16—18). Eger Petrus garaýşyny düzetmedik bolsa, Isanyň şägirdi bolmazdy we gudratly işlerini görmezdi.
6. Petrus resul nähili ýalňyşlyk etdi?
6 Petrus Isanyň eden gudratlaryny görse-de, ejizlik edip köp ýalňyşlar goýberýär. Geliň, olaryň käbiri hakda gürrüň edeliň. Isa özüniň ejir çekip öljekdigi hakdaky pygamberligi aýdanda, Petrus oňa garşy çykýar (Mar. 8:31—33). Şägirtleriň arasynda kimiň uly bolmalydygy hakda jedel turanda, Petrus olara goşulýar (Mar. 9:33, 34). Ol Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi bir adamyň gulagyny kesýär (Ýah. 18:10). Şeýle-de Isa pygamberi tanamaýandygyny üç sapar aýdýar (Mar. 14:66—72). Soňra bolsa eden işine ökünip möňňürip aglaýar (Mat. 26:75).
7. Isa Petrusyň göwnüni nädip galkyndyrdy?
7 Isa Petrusyň eden işine puşman edendigini gördi we ruhdan düşen şägirdiniň göwnüni galkyndyryp: «Guzularymy bak» diýdi (Ýah. 21:15—17). Petrus Halypasyna gulak asdy. Şeýle-de ol şägirtler bilen Iýerusalime bardy we Pentikost baýramçylygynda Ýehowanyň mukaddes ruhuny aldy.
8. Petrus nähili uly ýalňyşlyk etdi?
8 Petrus Ýehowanyň mukaddes ruhuny alsa-da, saýlanan mesihçi bolsa-da, ýalňyşlyk goýberýärdi. Meselem, b. e. 36-njy ýylynda Ýehowa Petrusy başga milletli Korneliýiň öýüne iberýär. Şeýlelikde, Korneliýe we bütin maşgalasyna Ýehowanyň mukaddes ruhy inýär. Şonda Petrus Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyna we başga milletli adamlary öz halkyna goşmak isleýändigine düşündi (Res. 10:34, 44, 45). Şondan soňra Petrus başga milletler bilen gatnaşyp, bir saçak başynda oturyp iýip içýär (Gal. 2:12). Emma käbir ýehudylar başga milletler bilen gatnaşmagy makul bilmeýärdi. Günlerde bir gün Antakyýadan ýehudylar gelýär welin, Petrus başga milletler bilen gepleşmegini goýýar. Pawlus resul onuň ikiýüzlüligini görüp, hemmeleriň öňünde käýeýär we maslahat berýär (Gal. 2:13, 14). Petrus öýkeläp ýörmän maslahaty kabul edýär. Oňa pesgöwünlilik bilen maslahaty kabul etmäge näme kömek edýär?
PETRUSA ÝALŇYŞLARYNY DÜZETMÄGE NÄME KÖMEK ETDI?
9. Petrus Halypasyna nädip wepaly boldy? (Ýahýa 6:68, 69).
9 Petrus Halypasyna wepaly boldy. Onuň Halypasy bilen dostlugyny hiç zat bozup bilmedi. Bir güni Isa özi baradaky pygamberligi aýdanda, köpler onuň manysyna düşünmediler we Isany terk edip gitdiler. Emma Petrus Isa: «Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär» diýdi (Ýahýa 6:68, 69-njy aýatlary okaň).
10. Isa Petrusa özüni ynamly duýmaga nädip kömek etdi? (Surata serediň).
10 Isa pygamber ölmezinden öň ýanyndaky gijesi resullarynyň we Petrusyň özüni terk etjegini bilýärdi. Emma Isa Petrusyň soňra ýalňyşyndan sapak edinjekdigine we ömrüniň ahyryna çenli wepaly boljakdygyna ynanýardy (Luka 22:31, 32). Şeýle-de Isa pygamber «adamyň ýüreginiň yhlaslydygyna, ýöne bedeniniň ejizdigine» düşünýärdi (Mar. 14:38). Petrus resul Halypasyny tanamaýandygyny üç sapar aýtsa-da, Isa Petrusy ýürekden bagyşlady. Ölümden direlenden soňra Isa ýörite Petrusyň ýanyna bardy we ony ruhlandyrdy (Mar. 16:7; Luka 24:34; 1 Kor. 15:5). Isanyň geçirimliligi, mähirli sözleri Petrusa özüni ynamly duýmaga kömek etdi.
11. Petrusyň nämä ynamy artdy?
11 Isa pygamber Petrusa Ýehowanyň goldajakdygyny, aladasyny etjekdigini aýtdy. Isa ölümden direlenden soňra Petrusa we beýleki resullara gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek etdi (Ýah. 21:4—6). Şondan soňra Petrus Ýehowanyň iýjek-içjegini ýetirip durjakdygyna ýürekden ynandy. Şeýlelikde, Petrus we beýleki resullar «Hudaýyň Patyşalygyny» durmuşynda birinji ýerde goýdy (Mat. 6:33). Indi Petrus köp wagtyny balyk tutmaga däl-de, wagyz etmäge sarp etdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda Petrus resul müňlerçe adamlara hoş habary wagyz etdi (Res. 2:14, 37—41). Ol samariýalylara, başga milletlere Isanyň şägirdi bolmaga kömek etdi (Res. 8:14—17; 10:44—48). Hawa, Ýehowa Petrus arkaly ähli halklardan özüne dürdäneleri ýygnady.
PETRUS RESULDAN NÄME ÖWRENIP BILERIS?
12. Petrus resul bilen bolan waka bize erbet endigimizi ýeňmäge nädip kömek eder?
12 Ýehowa bizi hem goldaýar. Käte bizem Petrus resul ýaly öz üstümizde işlemeli bolýarys, köp göreşmeli bolýarys. Emma ganymyza siňen erbet endikler bilen göreşmek kyn bolýar. Ýöne Ýehowa bize mukaddes ruhy bilen kömek edýär (Zeb. 94:17—19). Meselem, bir dogan hakykata gelmezinden öň erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýän eken. Ol Ýehowany tanandan soňra ahlaksyzlyk etmegini goýýar we durmuşyny düýpgöter üýtgedýär. Emma ol häzir hem ahlaksyz pikirlere garşy göreşmeli bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa maňa mukaddes ruhy arkaly güýç berýär. Eger Ýehowa kömek etmedik bolsa, ýeke özüm başaryp bilmezdim. Men Allatagalany razy edip ýaşamagy öwrendim. Ol maňa hoş habary wagyz etmek işini ynandy. Men şu günlerem Ýehowanyň goldawyny duýýaryn».
13. Biz Petrus resulyň göreldesine eýerip nädip batyrgaý bolup bileris? (Resullar 4:13, 29, 31; surata serediň).
13 Petrus resul adamlardan gorkýandygy üçin gaýta-gaýta ýalňyşlyk goýberdi. Emma ol Ýehowadan batyrgaýlyk sorap doga etdi we adamlardan gorkman dogumly wagyz etdi (Resullar 4:13, 29, 31-nji aýatlary okaň). Bizem Petrusyň göreldesine eýersek, batyrgaýlyk bilen wagyz edip bileris. Geliň, faşistleriň höküm sürýän döwründe Germaniýada ýaşan Horst dogan hakda gürrüň edeliň. Bir gün ol mekdepde bütin synpdaşlary bilen: «Haýl Gitler!», ýagny «Gitler halas eder!» diýip gygyrýar. Ol synpdaşlaryndan gorkup, olara goşulýar. Soňra ene-atasyna bolan wakany gürrüň berýär. Onuň ene-atasy ogluna käýemegiň deregine, onuň bilen Ýehowa ýalbaryp doga etdi. Şondan soňra Horst ene-atasynyň goldawy we Ýehowanyň kömegi bilen «Haýl Gitler!» diýip aýtmaýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Ýehowa hemişe meniň ýanymdady, Ol meni hemişe goldaýardy» c.
14. Ýaşulular ruhdan düşen dogan-uýalary nädip goldap biler?
14 Ýehowa-da, Isa-da hemişe bizi goldaýar, kömek edýär. Petrus resul Halypasyndan ýüz öwrendigine puşman etdi. Indi Petrus Isanyň resuly bolarmy ýa-da balyk tutmak bilen meşgullanar? Isa Petrusyň imanyny berkitmek üçin Ýehowa ýalbaryp doga etdi. Soňra eden dogasyny Petrusa gürrüň berip: «Doganlaryň imanyny berkit» diýdi (Luka 22:31, 32). Isanyň aýdan sözleri Petrusyň göwnüni galkyndyrdy. Petrus onuň sözlerini bütin ömrüne ýatlady. Bizem Petrus resul ýaly belli bir karara gelip bilmän ruhdan düşenimizde ýaşulular dadymyza ýetişerler. Olar biziň imanymyzy berkidip, Ýehowa bil baglamaga kömek ederler (Efes. 4:8, 11). Paul ençeme ýyl bäri ýaşuly bolup gulluk edýär. Ol ruhdan düşen dogan-uýalaryň göwnüni galkyndyrmak üçin, olaryň ilkinji sapar Ýehowany tanan günlerini ýatladýardy we Ýehowanyň olary söýýändigi üçin, şu dünýäden saýlap alandygyny aýdýardy. Şeýle-de Ýehowanyň şu günlerem olary söýýändigini ynandyrýardy. Paul şeýle diýýär: «Men özlerini dereksiz duýan ençeme dogan-uýalaryň Ýehowanyň kömegi bilen aldym-berdimli söweşde ýeňiş gazanandygynyň diri şaýady boldum».
15. Petrus resul bilen Horst dogan Matta 6:33-nji aýada nädip eýerdiler?
15 Ýehowa Petrus resulyň iýjek-içjegini ýetirip durdy. Patyşalyk işini birinji ýerde goýsak, Ýehowa biziňem aladamyzy eder (Mat. 6:33). Geliň, ýokarda agzalan Horst dogan hakda gürrüň edeliň. Ol Ikinji jahan urşundan soňra: «Pioner bolup gulluk edip bilermikäm?» diýip alada edýär. Sebäbi ol örän garyp ýaşaýardy, gün-güzeranyny zordan dolandyrýardy. Etrap gözegçisi olaryň ýygnagyny bir hepde ideýär. Ýehowa bil baglap Horst dogan şol hepdäni wagyz edip geçirýär. Hepdäniň ahyrynda etrap gözegçisi Horsta bir konwert berýär, onuň daşynda hiç hili at, salgy ýokdy. Horst dogan konwerti açyp haýran galýar. Onuň içinde birnäçe aýlap pioner bolup gulluk etmäge ýeterlikli pul bardy. Şondan soňra Horst Ýehowanyň goldajakdygyna has-da ynamly bolýar we bütin ömrüni Patyşalyk işlerine bagyş edýär (Mel. 3:10).
16. Petrus resulyň göreldesine eýermegiň we ýazan hatlaryny okamagyň nähili peýdasy bar?
16 Petrus resul özüni Isanyň «ýanynda ýöremäge mynasyp» görmese-de, Isa ony resuly edip saýlady. Isa Petrus bilen eginme-egin işleşip, oňa tälim berdi we köp zatlary öwretdi. Şeýlelikde, Petrus resul ömrüniň ahyryna çenli Halypasyna wepaly bolup, imandaşlaryna görelde galdyrdy. Petrus Isa pygamberiň öwüt-ündewlerini hat arkaly beýan etdi. Indiki makalada Petrusyň ýazan iki hatyndaky maslahatlaryna nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.
126-NJY AÝDYM Oýa, berk hem batyr boluň!
a Şu makala erbet endikleri we ejizlikleri bilen göreşýän adamlar üçin niýetlenen. Makaladaky pikirler olara göwünlik berer, tutanýerli bolup, öz üstünde işlemäge höweslendirer we Hudaýy razy edip ýaşamaga kömek eder.
b Makaladaky aýatlaryň köpüsi hoş habarçy Markusyň kitabyndan alyndy. Sebäbi ol kitabyndaky wakalary Petrusyň öz agzyndan eşiden bolmaly.
c Horst Henşel doganyň terjimehaly «Oýanyň!» žurnalynda çap edildi (g98-U 22/2 sah. 12—17).
d SURAT. : sahnalaşdyrylan suratda Horst doganyň ene-atasynyň oglunyň synagda wepaly bolmagy üçin doga edişi görkezilen.