Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

41-NJI MAKALA

Petrus resulyň iki hatyndaky maslahatlar

Petrus resulyň iki hatyndaky maslahatlar

«Men şol zatlary elmydama ýatladyp duraryn» (2 Pet. 1:12).

127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

MAZMUNY a

1. Ýehowa Petrus resula garran çagynda näme iş tabşyrdy?

 PETRUS RESUL Ýehowa ençeme ýyl gulluk etdi, Halypasyndan köp zatlary öwrendi we başga milletli adamlara wagyz etdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk etdi. Indi Petrus garrylyk çagyna ýetdi. Şonda Ýehowa oňa wajyp iş tabşyrýar. Takmynan b. e. 62—64-nji ýyllarynda Petrus Hudaýyň ylhamy bilen iki sany hat ýazýar. Ol tizden ömür tanapynyň üzüljekdigini bilýärdi. Emma ýazan hatlarynyň dogan-uýalaryň ýüreginde öçmejek yz galdyrjakdygyna umyt edýärdi (2 Pet. 1:12—15).

2. Näme üçin Petrus resul tüýs wagtynda hat ýazdy diýse bolar?

2 Petrus resul dürli synaglar bilen göreşýän dogan-uýalaryň imanyny berkitmek we ruhlandyrmak üçin iki hat ýazdy (1 Pet. 1:6). Şol döwri ýalan mugallymlar bölünişik döredýärdi we haýasyz işleri edýärdi (2 Pet. 2:1, 2, 14). Iýerusalimde ýaşaýan mesihçilere agyr synaglar garaşýardy. Tizden «ähli zadyň soňy golaýlamalydy», ýagny Rim goşuny Iýerusalimi basyp alyp, ybadathanany ýok etmelidi (1 Pet. 4:7). Petrus resulyň ýazan hatlary dogan-uýalara synaglar bilen göreşmäge we gelejekde boljak kynçylyklara taýýarlyk görmäge kömek etdi b.

3. Näme üçin Petrusyň ýazan hatlary bize-de degişli?

3 Petrus resul hatlaryny I asyrda ýaşan mesihçiler üçin ýazdy. Emma Ýehowa olary dürdäne hasaplap Mukaddes Kitaba goşdy. Diýmek, Petrus resulyň ýazan hatlary bize-de degişli (Rim. 15:4). Biz hem azgyn, haýasyz adamlaryň arasynda ýaşaýarys we her gün Ýehowa bolan imanymyz synalýar. Iýerusalimde ýaşaýan mesihçiler ýaly, biz hem uly betbagtçylyga garaşýarys. Şu makalada Petrusyň iki hatyndaky maslahatlar hakda gürrüň ederis. Olar bize Ýehowanyň gününe sabyrly garaşmaga, adamdan gorkynyň duzagyna düşmezlige we biri-birimizi ýürekden söýmäge kömek eder. Şeýle-de ýaşululara ýygnakdaky dogan-uýalaryň aladasyny etmäge ýardam eder.

SABYRLY GARAŞYŇ

4. 2 Petrus 3:3, 4-nji aýatlara görä, biziň imanymyzy nämeler gowşadyp biler?

4 Şu günler köp adamlar Mukaddes Kitabyň sahypalarynda ýazylan pygamberliklere ynanmaýar. Olar biziň üstümizden gülýärler, sebäbi ahyrzamanyň boljagyna ynanmaýar (2 Petrus 3:3, 4-nji aýatlary okaň). Eger seresap bolmasak işdeşlerimiziň, dost-ýarlarymyzyň, wagyzda duş gelýän adamlaryň ýaňsylaýjy sözleri imanymyzy gowşadyp biler. Şeýle ýagdaýda bize Petrus resulyň haýsy maslahatlary kömek eder?

5. Allatagalanyň bellän gününe sabyrly garaşmaga näme kömek eder? (2 Petrus 3:8, 9).

5 Biz käte: «Ýehowanyň bellän güni geler ýerde gelmedi» diýip ruhdan düşýäris. Petrusyň sözleri bize sabyrly bolmaga kömek edýär. Sebäbi Ýehowanyň wagta bolan garaýşy adamlaryňkydan düýpgöter tapawutlanýar (2 Petrus 3:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýehowa üçin müň ýyl bir gün ýaly. Ýehowa her bir adamyň halas bolmagy üçin sabyrly garaşýar. Ýöne Ýehowanyň zalym dünýäni ýok etmek üçin bellän güni hökman geler, bir sekunt hem gijä galmaz. Şol gün gelýänçä, halas ediş işine yhlasly gatnaşalyň, şeýle wajyp işe goşant goşmak biziň üçin uly hormat.

6. Ýehowanyň gününe «bar ünsümizi bermek» üçin näme etmeli? (2 Petrus 3:11, 12).

6 Petrus resul Ýehowanyň gününe «bar ünsüňizi beriň» diýdi (2 Petrus 3:11, 12-nji aýatlary okaň). Nädip? Biz her gün gelejekde aljak bereketlerimiz hakynda pikirlenmeli. Göz öňüne getiriň, siz arassa howadan dem alýarsyňyz, ýokumly ir-iýmişlerden hezil edip iýýärsiňiz, aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyzy gujak açyp garşy alýarsyňyz. Şeýle-de birnäçe asyr mundan öň dünýäden öten adamlara okuw geçip, Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini düşündirýärsiňiz. Şeýle zatlar hakda pikirlenmek Hudaýa iman etmeýän adamlaryň täsirine düşmezlige we sabyrly bolmaga kömek eder. Biz tizden boljak zatlary bilýändigimiz üçin, ahyrzamanyň boljakdygyna ynanmaýan adamlaryň täsirine düşmeris we hakykat «ýolundan sowulmarys» (2 Pet. 3:17).

GORKYNYŇ DUZAGYNA DÜŞMÄŇ

7. Adamdan gorkynyň duzagyna düşsek näme bolar?

7 Ýehowanyň beýik gününiň golaýdygyny ýatda saklasak, adamlary halas ediş işine yhlasly gatnaşarys. Ýöne käte adamlardan gorkup, olara hoş habary wagyz etmezligimiz mümkin. Garadan gaýtmaz Petrus hem adamlardan gorkupdy. Isa pygambere höküm çykarylan gijesi, ol Halypasyny tanamaýandygyny üç gezek aýdýar (Mat. 26:69—75). Ýöne aradan ençeme ýyl geçensoň, ol ynam bilen şeýle diýýär: «Adamlaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, alada-da etmäň» (1 Pet. 3:14). Diýmek, Petrusyň sözleri adamdan gorkyny ýeňip bolýandygyny subut edýär.

8. Adamlardan gorkman wagyz etmek üçin näme etmeli? (1 Petrus 3:15).

8 Bize adamlara batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge näme kömek eder? Petrus şeýle diýdi: «Ýüregiňizde Mesihi Halypamyz hökmünde mukaddes hasaplaň» (1 Petrus 3:15-i okaň). Biz Patyşamyz we Halypamyz Isa Mesihiň tutýan orny, erk-ygtyýary, güýç-kuwwaty hakynda pikirlenmeli. Eger siz nätanyş adama wagyz etmäge çekinýän bolsaňyz, onda gökde tagtda oturan şan-şöhratly Patyşamyzy göz öňüne getiriň. Onuň daş-töwereginde millionlarça perişdeler bar. Şeýle-de onuň «gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi... Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýen sözlerini ýadyňyza salyň (Mat. 28:18—20). Petrus iman edýän zatlarymyz hakynda islendik wagty gürrüň bermäge «taýyn bolmalydygymyzy» maslahat berdi. Siz işde, mekdepde ýa-da islendik ýerde wagyz edip bilersiňizmi? Eger şeýle bolsa, haýsy ýagdaýlarda wagyz etjekdigiňizi pikirleniň we teklip taýýarlaň. Ýehowadan güýç soraň we Onuň size batyrgaýlyk berjekdigine ynanyň (Res. 4:29).

«ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ»

Petrus Pawlusyň maslahatyny kabul etdi. Ol iki hatynda dogan-uýalara bolan söýgini iş ýüzünde görkezmelidigini nygtap geçdi (9-njy abzasa serediň).

9. Petrus resul näme üçin başga milletden bolan dogan-uýalar bilen gepleşmegini goýdy? (Surata serediň).

9 Petrus resul dogan-uýalary ýürekden söýmegi öwrendi. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda: «Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň» diýdi. Petrus muny öz gulagy bilen eşidipdi (Ýah. 13:34). Emma birnäçe ýyl geçensoň, ol ýehudy mesihçileriň täsirine düşüp, başga milletden bolan dogan-uýalar bilen gepleşmegini goýýar. Pawlus resul Petrusyň eden işini ikiýüzlülik hasaplap, oňa käýedi (Gal. 2:11—14). Petrus maslahaty kabul etdi we ýalňyşyndan sapak edindi. Ol iki hatynda-da dogan-uýalary diňe bir sözde däl-de, iş ýüzünde söýmelidigini nygtap aýtdy.

10. Dogan-uýalary «ýürekden söýmek» näme üçin wajyp? (1 Petrus 1:22).

10 Petrus resul dogan-uýalary «ýürekden söýüň» diýdi (1 Petrus 1:22-ni okaň). Eger dogan-uýalary ýürekden söýsek, «Hudaýyň hakykatyna» gulak asarys, sebäbi «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar» (Res. 10:34, 35). Biz diňe käbir dogan-uýalary ýürekden söýsek, Isanyň tabşyrygyna eýerdigimiz bolmaz. Elbetde, dogan-uýalaryň hemmesi biziň üçin syrdaş, ýakyn dost bolup bilmez. Isa hem şägirtleriň arasynda Ýahýany iň ýakyn dosty hasaplady (Ýah. 13:23; 20:2). Eger Petrusyň «ýürekden söýüň» diýen maslahatyna eýersek, dogan-uýalary maşgala agzamyz, süýtdeş doganymyz ýaly gowy göreris (1 Pet. 2:17).

11. Dogan-uýalary «ýürekden söýmek» nämäni aňladýar?

11 Petrus resulyň dogan-uýalary «ýürekden söýüň» diýen maslahaty nämäni aňladýar? Bu jümle islegiň bolmasa-da, söýmäge tagalla etmelidigini aňladýar. Meselem, dogan-uýalaryň biri siziň göwnüňize degýär. Şonda siz ar aljak bolarsyňyzmy? Petrus Isa pygamberden bir wajyp hakykaty öwrendi, ýagny Hudaýyň ar alýanlary halamaýandygyny bildi (Ýah. 18:10, 11). Şonuň üçin Petrus şeýle diýdi: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň, biri-biriňize göwne degiji sözleri aýtmaň, gaýtam... hoş sözleri aýdyň» (1 Pet. 3:9). Eger biz ýürekden söýsek, göwnümize degenlerden öýkeläp ýörmeris, gaýtam sylaşykly, mähirli gepleşeris.

12. a) Ýürekden söýmek näme etmäge höweslendirýär? b) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz? («Agzybirligi gorap saklaň» diýen wideony görüň).

12 Petrus birinji hatynda «ýürekden söýmek» hakda köp agzaýar. Eger biz ýürekden söýsek, göwnümize degen adamy bir gezek däl-de, ençeme sapar bagyşlarys, «sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» (1 Pet. 4:8). Petrus şu sözleri ýazanda Isanyň oňa beren öwüt-ündewlerini ýadyna salandyr. Bir güni Petrus doganyny «ýedi gezek» bagyşlamaga taýyndygyny aýdyp, özüni has geçirimli edip görkezjek bolýar. Emma Isa oňa: «Ýedi gezek däl, 77 gezek bagyşla» diýýär, ýagny doganyňy näçe gezek bagyşlandygyňy barmak büküp sanap gezmeli däldigini düşündirýär (Mat. 18:21, 22). Eger size-de bagyşlamak kyn bolýan bolsa ruhdan düşmäň, sebäbi biziň ählimiz bikämil. Esasy zat, göwnümize degen dogan-uýany bagyşlamaly we ýaraşmak üçin aýgytly ädimleri ätmeli c.

«HUDAÝYŇ SÜRÜSINI BAKYŇ»

13. Ýaşululara dogan-uýalaryň aladasyny etmäge wagt tapmak näme üçin kyn bolýar?

13 Petrus resul Halypasynyň: «Guzularymy bak» diýen tabşyrygyny bütin ömrüne ýadynda saklandyr (Ýah. 21:16). Isanyň şu tabşyrygy ýaşululara degişli. Ýöne käte ýaşululara dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin wagt tapmak kyn bolýar. Sebäbi olar maşgalasyny ekleýärler, ruhlandyrýarlar, imanyny berkidýärler. Şeýle-de dogan-uýalar bilen wagyz edýärler. Ýygnakda ýumuşlar, kongresde nutuklar bilen çykyş edýärler. Käbir ýaşulular bolsa Keselhanalar bilen işleşýän komitetde ýa-da Taslama we gurluşyk bölüminde gulluk edýärler. Dogrudan-da, ýaşulularyň işi başyndan agdyk!

Aladaçyl ýaşulularyň işi näçe köp bolsa-da, dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýär (14, 15-nji abzaslara serediň).

14. Ýaşululary «Hudaýyň sürüsini bakmaga» näme höweslendirer? (1 Petrus 5:1—4).

14 Petrus resul ýaşululara: «Hudaýyň sürüsini bakyň» diýdi (1 Petrus 5:1—4-nji aýatlary okaň). Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny edýärsiňiz, olary ýürekden söýýärsiňiz. Ýöne işli bolandygyňyz, ýadawlygyňyz sebäpli borjuňyzy gowy ýerine ýetirip bilmeýän ýaly duýmagyňyz mümkin. Siz näme edip bilersiňiz? Gaýgy-aladaňyzy Ýehowa aýdyň. Petrus resul şeýle diýdi: «Hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn» (1 Pet. 4:11). Elbetde, käbir dogan-uýalaryň kynçylygy dünýäniň ahyryna çenli çözülmezligi mümkin. Emma baş çopanymyz Isanyň dogan-uýalaryň aladasyny has gowy edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Ol şu günler synaglara döz gelmäge güýç berýär, gelejekde bolsa ähli kynçylyklary aýrar. Ýaşulular, Ýehowa sizden köp zat garaşanok, diňe dogan-uýalary söýmegiňizi, aladasyny etmegiňizi we görelde bolmagyňyzy isleýär.

15. Wilýam dogan-uýalaryň aladasyny nädip edýär? (Surata serediň).

15 Köp ýyldan bäri ýaşuly bolup gulluk edýän Wilýam dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin çopançylyk idegini etmegiň wajypdygyna düşünýär. Koronawirus keseliniň (COVID-19) möwç urýan döwri ol we beýleki ýaşulular wagyz toparyndaky her bir dogan-uýany idemegi maksat goýýar. Wilýam şeýle diýýär: «Köp dogan-uýalar keselçilik sebäpli öýünden çykyp bilmeýär. Şonuň üçin erbet zatlar hakda pikirlenip, göwnüçökgünlige düşýär». Wilýam dogan-uýalary nämäniň biynjalyk edýändigini, nähili kömegiň gerekdigini anyklamak üçin, olary ünsli diňleýär. Soňra edebiýatlar we wideolar arkaly ruhlandyrýar. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Şu günler dogan-uýalara çopançylyk idegini etmek has wajyp. Biz akýürekli adamlara Ýehowany tanamaga kömek etmek üçin elimizde baryny edip wagyz edýäris. Onda Ýehowanyň dostlaryna hakykat ýolundan ýöremäge kömek etmek üçin has köp tagalla etmeli dälmi näme?!»

ÝEHOWANYŇ TÄLIMINI ALYŇ

16. Siz Petrusyň hatlaryny okap näme etmegi maksat goýduňyz?

16 Şu makalada Ýehowanyň ylhamy bilen Petrusyň ýazan iki hatyndaky käbir maslahatlary öwrendik. Siz şol maslahatlaryň haýsysyna eýermek isleýärsiňiz? Belki, Jennetde aljak bereketleriňiz hakynda pikirlenmek isleýänsiňiz. Ýa-da mekdepde, işde we islendik mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz etmegi ýüregiňize düwensiňiz. Belki, dogan-uýalary söýýändigiňizi iş ýüzünde görkezmegi maksat goýansyňyz. Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny ýürekden etmek isleýänsiňiz. Eger özüňizi barlasaňyz, siz henizem köp zatlaryň üstünde işlemelidigiňizi anyklarsyňyz, ýöne ruhdan düşmäň, Halypamyz sizi hemişe goldamaga taýyn (1 Pet. 2:3). Petrus resulam: «Hudaý size doly tälim berer, berkider, güýç berer we çydamly eder» diýdi (1 Pet. 5:10).

17. Biz Ýehowanyň tälimini alsak nähili berekede eýe bolarys?

17 Petrus özüni Hudaýyň Oglunyň şägirdi bolmaga mynasyp görmedi (Luka 5:8). Ýöne Ýehowanyň we Isanyň goldawy bilen soňky demine çenli wepaly galdy. Şeýlelikde, ol «Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedilik Patyşalygyna... girmek» hormatyna eýe boldy (2 Pet. 1:11). Gör, nähili uly sylag! Eger bizem Petrusyň göreldesine eýersek Ýehowa wepaly bolarys, Onuň tälimini alarys we ebedi ýaşaýşa ýeteris. Şonda biziň «imanymyz maksadymyza ýetmäge, ýagny halas bolmaga kömek eder» (1 Pet. 1:9).

109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»

a Biz şu makalada Petrusyň iki hatyndaky käbir maslahatlara serederis. Olar bize kynçylyklar bilen göreşmäge kömek eder. Şeýle-de ýaşulularyň dogan-uýalaryň has gowy aladasyny etmek üçin näme etmelidigini bileris.

b Palestinada ýaşaýan mesihçiler b. e. 66-njy ýylynda Rim goşuny Iýerusalimi gabamazyndan öň Petrus resulyň iki hatyny alan bolmaly.

c JW.ORG saýtyndan «Agzybirligi gorap saklaň» diýen wideony görüň.