Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

37-NJI MAKALA

118-NJI AÝDYM Berk iman ber

Ýewreýlere ýazylan öwüt-nesihat

Ýewreýlere ýazylan öwüt-nesihat

«Başdaky ynamy soňuna çenli berk saklalyň» (Ýew. 3:14).

ESASY PIKIR

Pawlus resulyň ýewreý mesihçilerine ýazan hatyndaky maslahatlara eýersek, dünýäniň soňuna çenli Hudaýa wepaly bolarys.

1, 2. a) Ýewreýleriň ýagdaýy nähilidi? b) Pawlus resul näme üçin tüýs wagtynda hat ýazdy diýse bolar?

 B. E. 33-NJI ýylynda Isa pygamberi pürse çüýläp öldürdiler. Şondan birnäçe wagt geçensoň mesihçiler ýygnagy döreýär. Dini ýolbaşçylar Ýahudada we Iýerusalimde ýaşaýan ýewreý mesihçilerini zalymlyk bilen yzarlap başlady (Res. 8:1). Takmynan 20 ýyl geçipdi, ýewreý mesihçileriň ýagdaýy has-da erbetleşdi. Tutuş ýurtda açlyk höküm sürýärdi, halk ýeter-ýetmezçilikden kösenýärdi (Res. 11:27—30). B. e. 61-nji ýylynda ýagdaý biraz gowulaşypdy, ýagny yzarlamalar öňküsi ýaly güýçli däldi, ýurduň ykdysadyýeti ösüpdi. Pawlus resul şol döwri ýewreý mesihçilerine hat ýazýar. Ol tüýs wagtynda hat ýazypdy. Näme üçin?

2 Ýewreý mesihçiler asuda döwürde ýaşaýardy. Emma tizden Isa pygamberiň aýdan betbagtçylygy bolmalydy, ýagny Iýerusalim şäheri derbi-dagyn edilmelidi (Luka 21:20). Elbetde, Pawlus resul hem, ýewreý mesihçileri hem betbagtçylygyň anyk haýsy gün boljakdygyny bilmeýärdi. Emma olar ätiýajy elden bermän, Hudaýa berk iman etmelidi we her bir ýagdaýa döz gelmegi, çydamly bolmagy öwrenmelidi (Ýew. 10:25; 12:1, 2).

3. Biz Ýewreýler kitabyndaky maslahata näme üçin eýermeli?

3 Pawlus resulyň maslahatyna eýeren ýewreý mesihçileri Iýerusalim şäheri derbi-dagyn edilende halas boldular (Mat. 24:21; Ylh. 16:14, 16). Şu günler biz has uly betbagtçylygyň öň ýanynda durus, Ýewreýler kitabyndaky maslahata eýersek, bizem halas bolarys.

«RUHY TAÝDAN ÖSÜŇ»

4. Ýewreý mesihçileri nähili kynçylyklara duş geldi? (Surata serediň).

4 Ýewreý mesihçileri agyr synaglara döz gelmeli bolýardy. Olar Ýehowanyň saýlan halkydy, Iýerusalimde Ýehowanyň saýlan patyşalary höküm sürüpdi, ybadathanasy bolsa, arassa seždäniň merkezidi. Olar Musanyň kanunyna gyşarnyksyz eýerýärdi, dini ýolbaşçylarynyň aýdan-diýeninden çykmaýardy. Meselem, olar haram haýwanlaryň etini iýmeýärdi, sünnetlenmek baradaky kanuny berjaý edýärdi, başga halklar bilen gatnaşmaýardy we ybadathanada mal gurbanlyklaryny berýärdi. Emma Isa pygamber şirin janyny gurban berensoň, Musanyň kanuny ýatyrylýar. Ýehowa şondan soň olaryň mal gurbanlyklaryny kabul etmeýär. Indi ýewreý mesihçileri pikirini we garaýşyny düýbünden üýtgetmelidi. Sebäbi Musanyň kanuny olaryň aňyna we ganyna siňipdi (Ýew. 10:1, 4, 10). Hatda Petrus resul ýaly berk imanly mesihçilere hem aňsat däldi (Res. 10:9—14; Gal. 2:11—14). Üstesine-de, dini ýolbaşçylar olary Musanyň kanunyna eýermeýändigi üçin yzarlaýardy we azar-ýamanyny berýärdi.

Mesihçiler Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenseler, nämäniň hak, nämäniň nähakdygyny saýgarardylar (4, 5-nji abzaslara serediň).


5. Wepaly mesihçilere haýsy iki tarapdan hüjüm edilýär?

5 Ýewreý mesihçilerine iki tarapdan hüjüm edilýärdi. Birinjiden, dini ýolbaşçylar olary dönük hasaplap, gözüniň oduny almak üçin zulum-sütem edýärdiler. Ikinjiden, imany gowşak mesihçiler yzarlamalardan gorkup: «Biz Musanyň tabşyryklaryny berjaý etmeli» diýýärdi (Gal. 6:12). Wepaly mesihçilere hakykatda berk durmaga näme kömek eder?

6. Pawlus resul näme maslahat berdi? (Ýewreýler 5:14—6:1).

6 Pawlus ýewreý mesihçilerine Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmegi maslahat berýär (Ýewreýler 5:14—6:1-nji aýatlary okaň). Ol Töwrada salgylanyp, mesihçi bolmagyň Musanyň kanunyna eýermekden has wajypdygyny düşündirýär a. Ýewreý mesihçileri Mukaddes Kitapdan gözleg-barlag geçirse, Hudaýyň garaýşyna has gowy düşünerdi. Şonda olar nämäniň dogry, nämäniň ýalandygyny saýgaryp, hakykat ýolundan sowulmazdy.

7. Biz nähili synaglar bilen göreşmeli bolýarys?

7 Bizem ýewreý mesihçileri ýaly nädogry pikirlere garşy göreşmeli bolýarys. Meselem, Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygymyz üçin, bizi dünýäden yza galan adam hasaplaýarlar. Şeýle-de toba etmeýän günäkäriň ýygnakdan çykarylýandygy üçin, bizi zalym we doňýürek saýýarlar. Şeýle pikirleri kim ýaýradýar? Olar dünýäniň täsirine düşen, ahlak kada-kanunlaryna eýermeýän we Ýehowadan daşlaşan adamlardyr (Nak. 17:15). Mähriban dogan-uýalar, geliň, her bir söze ynanmalyň, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bileliň, ýalana gulak gabartmalyň. Sebäbi şeýle gürrüňler ruhdan düşürýär we hakykat ýolundan azaşdyrýar (Ýew. 13:9).

8. Sarsmaz imanly mesihçi bolmak üçin näme etmeli?

8 Biz Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, ruhy taýdan ösmegimizi dowam etmeli. Mesihçi ömrüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilenden soň: «Men ruhy taýdan ösen mesihçi boldum» diýip, arkaýynlaşsa bolarmy? Elbetde, ýok! Biz Ýehowa näçe ýyl bäri gulluk edýän bolsak hem, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we çuňňur şahsy okuwyny geçirmeli (Zeb. 1:2). Şahsy okuwyny geçirýän adamyň imanyny hiç zat sarsdyryp bilmez. Muny Pawlus resul hem nygtap geçdi (Ýew. 11:1, 6).

«IMAN ARKALY JANYŇYZY HALAS EDIŇ»

9. Ýewreý mesihçilerine näme üçin berk iman gerekdi?

9 Tizden Ýahudanyň üstüne Rim goşuny çozmalydy. Şonda kimiň imanynyň berkdigi ýa-da gowşakdygy mälim bolmalydy (Ýew. 10:37—39). Isa pygamber duşman çozanda, şäheriň ilatynyň we daş-töwereginde ýaşaýan adamlaryň daglara gaçmalydygyny aýtdy (Luka 21:20—24). Emma Iýerusalimiň ilaty berk diwarly şäheriň içinde özüni howpsuz duýýardy. Olar üçin duşman çozanda, şäheri taşlap, daglara gaçmak akmaklykdy. Ýewreý mesihçilerine Isa pygamberiň maslahatyna eýermek üçin berk iman gerekdi.

10. Imany berk mesihçiler näme etmelidi? (Ýewreýler 13:17).

10 Ýewreý mesihçileri ýygnaga ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asmalydy, sebäbi Isa Mesih şol doganlar arkaly görkezme berýärdi. Elbetde, Iýerusalimdäki ýaşulular dogan-uýalara şäherden haçan we nädip gaçmalydygy barada anyk görkezme berendir (Ýewreýler 13:17-ni okaň). Ýewreýler 13:17-däki «gulak asyň» diýen işlik, wezipeli adamyň öňünde özüňi borçly duýup däl-de, oňa ýürekden ynanyp gulak asmagy aňladýar. Ýewreý mesihçileri agyr günler gelmänkä ýaşululara gulak asmagy öwrenmelidi. Şonda betbagtçylyk inende, olar özbaşdak hereket etmän, doganlaryň görkezmesine gyşarnyksyz eýererdiler.

11. Bize näme üçin berk iman gerek?

11 Şu günler bizem I asyrdaky ýewreý mesihçileri ýaly Ýehowa ýürekden iman etmeli. Biz adamlara Mukaddes Kitap arkaly dünýäniň soňunyň tizden geljekdigi barada wagyz edýäris. Emma köpler bizi diňlemeýär, hatda üstümizden gülýär (2 Pet. 3:3, 4). Şeýle-de Mukaddes Kitapda uly betbagtçylyk barada käbir zatlar ýazylan hem bolsa, ähli jikme-jiklikler aýdylmaýar. Şonuň üçin dünýäniň soňunyň Ýehowanyň bellän wagtynda geljekdigine we Gudratygüýçli Hudaýyň bizi uly betbagtçylykda halas etjekdigine ýürekden iman etmeli (Hab. 2:3).

12. Uly betbagtçylykda halas bolmak üçin näme etmeli?

12 Biz «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» ýürekden gulak asmaly, sebäbi Ýehowa olar arkaly halkyna ýolbaşçylyk edýär (Mat. 24:45). Uly betbagtçylyk başlanda Ýehowa jogapkär doganlar arkaly görkezme berip, bizi halas eder. Şonuň üçin häzirden doganlara ynanmaly we olara gulak asmaly. Şonda uly betbagtçylykda berlen her bir görkezmä ýürekden eýereris.

13. Ýewreýler 13:5-de nähili maslahat berilýär?

13 Tizden Iýerusalim derbi-dagyn edilmelidi. Ýewreý mesihçileri baryna kaýyl bolup, ýüreginde «pul söýgüsine orun bermeli» däldi (Ýewreýler 13:5-i okaň). Ýurtda açlyk höküm süren wagty, olar hor-homsy ýaşapdy (Ýew. 10:32—34). Käbirleri hoş habaryň hatyrasy üçin ähli zadyndan geçipdi. Indi olar kösenmän ýaşamak üçin baý bolmalydyr öýdýärdi. Emma baýlyk adamyň janyny halas edip bilmeýär (Ýak. 5:3). Baý adama mellegini, jaýyny we mal-mülküni taşlap daglara gaçmak aňsat bolan däldir.

14. Imany berk mesihçiler nähili ýaşaýarlar?

14 Biz dünýäniň soňunyň golaýdygyny ýatdan çykarmasak, baýlygyň yzynda hars urmarys. Adamlar «kümüşlerini köçelere taşlarlar... Ýehowanyň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez» (Hyz. 7:19). Biz sada ýaşamaly, baýlyga kowalaşmaly däl, Ýehowa yhlasly gulluk etmeli. Şonda bergi etmeris, gerekmejek zat satyn almarys we goş-golamyň aladasyny etjek bolup wagtymyzy boş sarp etmeris. Biz baýlygymyza guwanyp, gije-gündiz ol hakda oýlanyp ýörmeris (Mat. 6:19, 24). Dünýäniň soňunda biziň kime bil baglaýandygymyz — Ýehowa ýa-da baýlyga — mese-mälim bolar.

«ÇYDAMLY BOLUŇ!»

15. Ýewreý mesihçileri näme üçin çydamly bolmalydy?

15 Tizden ýewreý mesihçileri agyr synaglara döz gelmeli bolarlar. Şonuň üçin olar häzirden çydamly bolmagy öwrenmeli (Ýew. 10:36). Öň dini ýolbaşçylar olaryň käbirini ýowuz yzarladylar, häzir ýygnaklara parahatlyk aralaşdy. Şol döwri ençeme akýürekli ýewreýler mesihçi boldular. Emma olar Halypasy Isa ýaly wepalylygyny subut etmek üçin «heniz gan döküp göreşmändi» (Ýew. 12:4). Mesihçileriň sany barha artýardy, dini ýolbaşçylar ýene-de gahar-gazaba münüp, zalymlyk bilen yzarladylar. Pawlus Ýewreýlere hat ýazmazyndan birnäçe ýyl öň Iýerusalime gelipdi. Şonda adamlar onuň üstüne topulypdy, hatda 40-dan gowrak adam: «Biz Pawlusy öldürýänçäk, hiç zat iýmeris» diýip ant içdi (Res. 22:22; 23:12—14). Hawa, dini ýolbaşçylar mesihçileri şeýle bir ýigrenýärdi welin, olary ýok etmek üçin hemme zada taýyndy. Şol sebäpli ýewreý mesihçilerine ýygnaklara barmak, hoş habary wagyz etmek we Hudaýa iman etmek üçin çydamlylyk gerekdi.

16. Pawlusyň maslahaty çydamly bolmaga nädip kömek etdi? (Ýewreýler 12:7).

16 Hawa, ýewreý mesihçileri çydamly bolmalydy. Pawlus dogry garaýşy saklamak babatda maslahat berýär. Elbetde, ýewreý mesihçileri Ýehowanyň ähli kynçylyklardan goramajakdygyna we yzarlamalara ýol berip biljekdigine düşünmelidi. Olar «görýän görgülerine terbiýe hökmünde garasalar», synaglarda Ýehowa ýaraýan ajaýyp häsiýetleri ösdürip bilerdi (Ýewreýler 12:7-ni okaň). Eger olar aljak sylagy, ýagny Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürjekdigi hakda oýlansalar, synaglara çydamak aňsat bolardy (Ýew. 12:11).

17. Pawlus resul näme üçin çydamly bolmak hakda maslahat berdi?

17 Pawlus resul mesihçiler üçin çydamlylyk häsiýetiniň örän möhümdigini bilýärdi. Sebäbi onuň özi mesihçileri zalymlyk bilen yzarlapdy, Isa Mesihiň şägirtleriniň çeken jebir-jepasyny gözi bilen görüpdi. Ol mesihçi bolansoň, şol kynçylyklary öz başyndan geçirdi we Halypasynyň hatyrasyna köp zorluk-süteme döz geldi (2 Kor. 11:23—25). Şonuň üçin ol çydamly bolmak hakda çekinmän maslahat berdi. Ol kynçylyklarda özüňe däl-de, Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyny aýdyp: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn» diýdi (Ýew. 13:6).

18. Yzarlamalara häzirden nädip taýýarlyk görüp bileris?

18 Şu günler döwlet işgärleri käbir dogan-uýalary ýowuz yzarlaýarlar. Biz imandaşlarymyz üçin Hudaýa doga etmeli we elimizden gelen kömegi gaýgyrmaly däl (Ýew. 10:33). Mukaddes Kitapda «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisiniň yzarlanjakdygy» aýdylýar (2 Tim. 3:12). Geliň, geljekde boljak synaglara we yzarlamalara häzirden taýýarlanalyň, Ýehowa ýürekden bil baglalyň, çydamly bolmaga kömek etjekdigine doly ynanalyň! Beýik Hudaý bellän wagtynda ähli erbetligi we zalymlygy ýok eder, halkyny bolsa halas eder (2 Sel. 1:7, 8).

19. Uly betbagtçylykda Hudaýa wepaly bolar ýaly näme etmeli? (Surata serediň).

19 Ýewreý mesihçilere agyr synag garaşýardy, emma olar Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, janyny halas etdiler. Pawlus olara Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmegi, Ýehowanyň niýetine we garaýşyna düşünmegi ündedi. Şonda olar nämäniň hakykat we nämäniň ýalandygyny bilerdiler, nädogry düşünjelere gulak gabartmazdylar. Şeýle-de Pawlus Halypamyz Isanyň we ýolbaşçylyk edýän doganlaryň görkezmesine eýermegi maslahat berdi. Ýewreý mesihçiler synaglara döz gelmelidi, şonda Ýehowa ýaraýan ýagşy häsiýetleri ösdürip, dogry garaýşy saklap bilerdiler. Dogan-uýalar, geliň, bizem Pawlusyň ýewreý mesihçilere beren maslahatyna ýürekden eýereliň! Şonda uly betbagtçylykda Ýehowa wepaly galarys (Ýew. 3:​14).

Wepaly we çydamly ýewreý mesihçileri Iýerusalimden gaçsalar-da, biri-biriniň imanyny berkitmek üçin ýygnanyşýardylar. Biz mundan näme sapak edinip bileris? (19-njy abzasa serediň).

126-NJY AÝDYM Oýa, berk hem batyr boluň!

a Pawlus resul Ýewreýlere ýazan hatynyň 1-nji babynda mesihçi bolmagyň Musanyň kanunyna eýermekden has wajypdygyny düşündirmek üçin Töwrada ýedi sapar salgylanýar (Ýew. 1:5—13).