36-NJY MAKALA
89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al
«Hudaýyň Sözüni... ýerine ýetiriň»
«Hudaýyň Sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň» (Ýak. 1:22).
ESASY PIKIR
Biz Hudaýyň Sözüni okamaly, oýlanmaly we maslahatlaryna eýermeli.
1, 2. Hak Alla sežde edýän adamlar näme üçin özlerini bagtly duýýarlar? (Ýakup 1:22—25).
ÝEHOWA Hudaý we Isa pygamber ähli adamlaryň bagtly ýaşamagyny isleýär. Zebur 119:2-de: «Hudaýy ýürekden gözleýän, öwüt-ündewine gulak asýan adam bagtlydyr!» diýilýär. Isa pygamber: «Hudaýyň Sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly!» diýýär (Luka 11:28).
2 Ýehowa Hudaýa sežde edýän adamlar bagtlydyr. Sebäbi hak Alla olara köp bereket berýär. Şeýle-de olar Hudaýyň Sözüni okap we maslahatlaryna eýerip, özlerini bagtly duýýarlar (Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň).
3. Hudaýyň Sözündäki maslahata eýerýän adam nähili bereket alýar?
3 Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerýän adam Hudaýy razy edip ýaşaýar. Ynsan üçin şundan uly bagt bolmasa gerek! Hudaýyň Sözüni ýerine ýetirýän adamyň maşgala ojagynda parahatlyk höküm sürýär we imandaşlary bilen agzybir ýaşaýar (Nes. 12:13). Şeýle-de ol Hudaýyň kada-kanuny boýunça ýaşamaýan adamlardan tapawutlylykda, köp kynçylyklaryň öňüni alýar. Dawut patyşa Ýehowanyň öwüt-ündewlerini, tabşyryklaryny, buýruklaryny we hökümlerini wasp edip: «Kanunlaryňy berjaý edýän (adam) uly sylag alýar» diýýär. Bizem şu şahyrana sözlere goşulýarys (Zeb. 19:7—11).
4. Mukaddes Kitaby okamak we oýlanmak näme üçin kyn bolýar?
4 Elbetde, Mukaddes Kitaby okamak, oýlanmak we düşünmek üçin her birimiz tagalla etmeli. Sebäbi biz hojalygyň işleri bilen şeýle bir başagaý bolýarys welin, Mukaddes Kitaby okamaga we oýlanmaga wagt tapmak kyn bolýar. Mukaddes Kitaby her gün okamaga we oýlanmaga wagt tapmak üçin näme etmeli? Geliň, şu soragyň jogabyny bileliň.
HUDYŇ SÖZÜNI OKAMAGA WAGT TAPYŇ
5. Biz günüň dowamynda nähili işleri edýäris?
5 Biz günüň dowamynda köp işleri edýäris. Günüň nädip dogup, nädip ýaşandygyny bilmän galýarys. Şeýle-de gazanç etmek we maşgalamyzy eklemek üçin işleýäris (1 Tim. 5:8). Biz garry, ýarawsyz dogan-garyndaşlarymyzyň aladasyny etmeli bolýarys. Şeýle-de öz saglygymyza-da seretmeli bolýarys, ýygnakda-da köp işleri ýerine ýetirýäris we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny edýäris. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby okamaga we oýlanmaga wagt tapmak kyn bolýar.
6. Siz «iň wajyp zatlara düşünýändigiňizi» nädip görkezip bilersiňiz? (Surata serediň).
6 Hudaýyň Sözünde «iň wajyp zatlara düşüniň» diýip maslahat berilýär (Flp. 1:10). Hawa, Mukaddes Kitaby okamak örän wajyp! Mezmurçy: «Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýän, gije-gündiz onuň kanuny hakda oýlanýan adam bagtlydyr» diýýär (Zeb. 1:1, 2). Şol sebäpli biz Mukaddes Kitaby her gün okamak üçin wagt tapmaly. Siz Mukaddes Kitaby haçan okaýarsyňyz? Bu soraga her kim her hili jogap berip biler. Iň esasy zat, hiç zadyň päsgel bermejek wagty okaň. Wiktor dogan şeýle gürrüň berýär: «Men Mukaddes Kitaby irden okaýaryn. Men ir turmagy halamaýaryn, emma irden hiç zat päsgel bermeýär. Gowy dynç alanymdan soň Mukaddes Kitaba düşünmek aňsat bolýar». Dogan-uýalar, siz hem Wiktor bilen razylaşýan bolsaňyz gerek?! Siz şu sorag hakda oýlanyň: «Men Mukaddes Kitaby haçan okasam gowy bolar?»
HUDAÝYŇ SÖZI HAKDA OÝLANYŇ
7, 8. Okan zadymyz näme üçin käte ýadymyza düşmeýär? Mysal getiriň.
7 Biz her gün köp maglumaty okaýarys, ýöne oýlanmaga wagtymyz bolmaýar. Günüň ahyrynda biri: «Näme zat okadyň?» diýeninde hiç zat ýadyňa düşmeýär. Gynansak-da, käte Mukaddes Kitapdan okan zatlarymyz hem ýadymyza düşmeýär. Elbetde, siz her gün Mukaddes Kitapdan birnäçe baby okamagy maksat goýansyňyz. Berekella! Gowy maksat goýupsyňyz (1 Kor. 9:26). Siz birinji wajyp ädimi ädipsiňiz. Emma ýene-de iki sany wajyp ädimi ätmeli.
8 Aýdaly, siz mellegiňize tohum sepýärsiňiz. Onuň pajarlap ösmegi üçin suw gerek. Emma güýçli çabga ýagsa, toprak suwy siňdirip bilmez. Bar çeken zähmetiňiz biderek bolar. Eger ýagyş çisňäp ýagsa, toprak suwy siňdirer, eken tohumyňyz pajarlap öser we bol hasyl berer. Eger siz Mukaddes Kitaby sahypa sanyna kowalaşyp okasaňyz, oýlanmaga wagtyňyz bolmaz, hiç zat ýadyňyzda galmaz we durmuşyňyzda ulanyp bilmersiňiz (Ýak. 1:24).
9. Mukaddes Kitaby howlugyp okamagy endik edinmez ýaly näme etmeli?
9 Siz käte Mukaddes Kitaby howlugyp ýa-da sahypa sanyna kowalaşyp okaýarsyňyzmy? Howlukman okamagy we okan zatlaryňyz hakda oýlanmagy öwreniň. Size oýlanmak kyn ýa-da içgysgynçmy? Eger şeýle bolsa, okan aýatlaryňyz barada özüňize sorag beriň we manysy hakda pikirleniň. Belki, size howlukman okamak we oýlanmak üçin köpräk wagt gerekdir. Eger siziň wagtyňyz çäkli bolsa, azrak aýat okap, köpräk oýlanyň. Okan aýatlaryňa gowy düşünmek üçin howlukman okamaly. Wiktor dogan şeýle gürrüň berýär: «Men irden köp baby okamagyň deregine, bir bap okaýaryn we günüň dowamynda şol bap hakda oýlanýaryn». Mähriban dogan-uýalar, Mukaddes Kitapdan näçe bap okamalydygyny her kimiň özi kesgitleýär. Emma, esasy zat, okan baplaryň barada çuňňur oýlanmaly (Zeb. 119:97; « Oýlanmak üçin soraglar» diýen çarçuwa serediň).
10. Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýermek üçin näme etmeli? (1 Selanikliler 5:17, 18).
10 Siz Mukaddes Kitaby haçan okasaňyz-da, näçe bap okasaňyz-da, esasy zat, ony durmuşyňyzda ulanmaly. Özüňize şeýle sorag beriň: «Men şu aýatdaky maslahatlary şu gün ýa-da hepdäniň dowamynda nädip ulanyp bilerin?» Meselem, 1 Selanikliler 5:17, 18-nji aýatlarda (okaň) Ýehowa hemişe doga etmek we oňa minnetdar bolmak barada aýdylýar. Siz şu aýatlary okap, saklanyň we özüňize şeýle soraglary beriň: «Men günüň dowamynda näçe sapar doga-dileg edýärin? Doga-dileglerim has manyly bolar ýaly näme edýärin? Men Ýehowanyň haýsy üç ýagşylygyna minnetdar bolup bilerin?» Görşümiz ýaly, bary-ýogy iki aýadyň üstünde oýlanmagyň köp peýdasy bar. Eger siz Mukaddes Kitaby her gün şu usul bilen okasaňyz, Hudaýyň Sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetirip, Ony razy edersiňiz. Emma düzetmeli häsiýetleriňiziň köpdügini görüp ruhdan düşýän bolsaňyz näme?
ÝETIP BOLJAK MAKSAT GOÝUŇ
11. Mukaddes Kitaby näme üçin käte okasyň gelmeýär? Mysal getiriň.
11 Siz Mukaddes Kitaby okanyňyzda köp häsiýetleriňiziň üstünde işlemelidigiňizi görüp, ruhdan düşmegiňiz mümkin. Aýdaly, siz birinji gün Ýakup 2-nji baby okaýarsyňyz. Şonda adamlary ala tutmaň diýen maslahatyň üstünde oýlanýarsyňyz we hiç kimi ala tutmazlygy ýüregiňize düwýärsiňiz (Ýak. 2:1—8). Ikinji gün Ýakup 3-nji baby okaýarsyňyz. Onda diliňe erk etmek barada maslahat berilýär. Şonda siziň käte gödek sözleri aýdyp, adamlaryň göwnüni ýykýandygyňyz ýadyňyza düşýär (Ýak. 3:1—12). Indi siz mähirli sözleri aýdyp, adamlary ruhlandyrýan wakalary gürrüň bermegi ýüregiňize düwýärsiňiz. Üçünji gün siz Ýakup 4-nji baby okaýarsyňyz. Onda dünýäniň dosty bolmaň diýip maslahat berilýär. Şondan soňra siz görjek filmleriňize we diňlejek aýdymlaryňyza ünsli bolmagy maksat goýýarsyňyz (Ýak. 4:4—12). Dördünji gün bolsa, Mukaddes Kitaby eliňize alýarsyňyz welin, ençeme häsiýetleriňizi düzetmelidigiňiz hakda oýlananyňyzda ruhdan düşýärsiňiz we hemme zatdan eliňiz sowaýar.
12. Düzetmeli häsiýetleriňiziň köpdügine göz ýetireniňizde näme üçin ruhdan düşmeli däl? (Çykgyda serediň).
12 Siz Mukaddes Kitaby okanyňyzda köp häsiýetleriňizi düzetmelidigini bileniňizde ruhdan düşmäň. Bu siziň pesgöwünli we akýürekli adamdygyňyzy görkezýär. Hawa, Mukaddes Kitaby köp adamlar okaýar, emma diňe dogruçyl we pesgöwünli adamlar ýagşy adam bolmak maksady bilen okaýar a. Pawlus resul «täze häsiýetleriňizi has-da gowulaşdyryň» diýip maslahat berýär (Kol. 3:10). Diýmek, biz her gün öz üstümizde işlemeli we «Hudaýyň Sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetirýän» adam bolmak üçin tagalla etmeli.
13. Pespäl adam nähili maksat goýýar? (Surata serediň).
13 Siz bir günüň içinde ýagşy häsiýetleriň ählisini öwrenip bilmersiňiz, şonuň üçin pespäl boluň (Nak. 11:2). Belki, siz düzetmeli häsiýetleriňiziň sanawyny ýazarsyňyz, soňra bir-birden düzedip başlarsyňyz. Siz bir ýagşy häsiýeti öwrendiňiz. Soňra ikinji häsiýetiň üstünde işläň. Emma haýsy häsiýetden başlamalydygyny nädip bilmeli?
14. Siz haýsy häsiýetiň üstünde işlemelidigini nädip anyklap bilersiňiz?
14 Belki, siz çalt düzedip biljek häsiýetiňiziň üstünde işlärsiňiz ýa-da durmuşda iň gerekli häsiýetiňizden başlarsyňyz. Munuň üçin siz «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» gözleg-barlag geçiriň. Şeýle-de Ýehowa doga-dileg ediň, şonda Ol «siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13). Soňra öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Siz bir maksadyňyza ýeteniňizden soň özüňize has-da ynamly bolarsyňyz we ýene-de maksat goýup öňe ýörärsiňiz. Bir ýagşy häsiýeti ösdürseňiz, beýlekilerini ösdürmek aňsat bolar.
HUDAÝYŇ SÖZI «GÜÝÇLI TÄSIR ETSIN»
15. Ýehowanyň Şaýatlary nämede tapawutlanýar? (1 Selanikliler 2:13).
15 Käbir adamlar Mukaddes Kitaby gaýta-gaýta okaýar, emma maslahatynyň peýdalydygyna ynanmaýar, durmuşynda ulanmaýar. Ýehowanyň Şaýatlary bolsa beýle etmeýär. Olar I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip, Mukaddes Kitaby «Hudaýyň sözi hökmünde kabul edýär» we her gün maslahatyna eýerip ýaşaýar (1 Selanikliler 2:13-i okaň).
16. Hudaýyň Sözüni ýerine ýetirip ýaşamaga näme kömek edýär?
16 Elbetde, Mukaddes Kitaby okap, onuň maslahatlaryny durmuşyňda ulanmak käte aňsat däl. Belki-de, size Mukaddes Kitaby okamaga wagt tapmak kyn bolýandyr. Ýa-da siz sahypa sanyna kowalaşyp, oýlanman okaýansyňyz. Şeýle-de düzetmeli häsiýetleriňiziň köpdügini görüp, Mukaddes Kitaby eliňize-de alasyňyz gelýän däldir. Gadyrly dogan-uýalar, alada etmäň, Ýehowanyň kömegi bilen islendik böwedi böwsüp geçip bilersiňiz. «Hudaýyň Sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň». Siz Mukaddes Kitaby her gün okap, maslahatlaryna eýerseňiz, dünýäde iň bagtly adam bolarsyňyz (Ýak. 1:25).
94-NJI AÝDYM Sözüň üçin minnetdar
a JW.ORG saýtyndan «Deň-duşlaryň näme diýýär? Mukaddes Kitaby okamak» diýen wideony görüp bilersiňiz.