Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

39-NJY MAKALA

125-NJI AÝDYM «Rehimli adamlar bagtly»

Jomart adam bagtlydyr

Jomart adam bagtlydyr

«Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Res. 20:35).

ESASY PIKIR

Jomart we eli açyk adam bagtly bolýar.

1, 2. Ýehowa ynsana näme sowgat berdi?

 ÝEHOWA ynsany täsin ýaradypdyr. Adam sowgat alanda däl-de, berende has köp şatlyk tapýar (Res. 20:35). Onda sowgat alýan adam begenmeýärmi? Elbetde, begenýär! Emma sowgat berýän adamyň şatlygyny söz bilen beýan edip bolmaýar. Hak Alla adamy ýagşylyk etmekden şatlyk tapar ýaly edip ýaratdy.

2 Hawa, adamlaryň şatlanmagy we bagtly bolmagy başgalara däl-de, özüne bagly. Adam näçe jomart bolsa, şonça-da bagtly bolýar. Eýsem biz täsin ýaradylmadykmy näme?! (Zeb. 139:14).

3. Ýehowa näme üçin «bagtly Hudaý» diýilýär?

3 Mukaddes Kitapda jomart adamyň bagtlydygy aýdylýar. Şonuň üçin ynsany Ýaradan Ýehowa-da «bagtly Hudaý» diýilýär (1 Tim. 1:11). Ol jomartlygyň Gözbaşy, ýagşylyga baý Hudaý. «Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris» (Res. 17:28). «Her bir gowy we kämil sowgat ýokardan, asmandaky nurlar Atasyndan inýändir» (Ýak. 1:17).

4. Bagtly bolmak üçin näme etmeli?

4 Biz Ýehowa Atamyzdan görelde alyp jomart bolsak, özümizi bagtly duýarys (Efes. 5:1). Käte eden ýagşylygymyzyň gadyryny bilmeseler näme? Geliň, ruhdan düşmäliň we dogry garaýyşda bolalyň. Nädip?

JOMART HUDAÝYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ

5. Ýehowanyň jomartlygy nämeden görünýär?

5 Biz daş-töweregimize syn edenimizde, Ýehowa Hudaýyň jomartdygyny görýäris. Biz baý, bolelin ýaşamasak-da, Ýehowa gerekli zatlarymyzy ýetirip durýar. Hudaýa şükür, iýjegimiz, geýjegimiz, depämizde jaýymyz bar (Zeb. 4:8; Mat. 6:31—33; 1 Tim. 6:6—8). Ýehowa Hudaý ogul-gyzlaryna igenmän, zeýrenmän, minnet etmän ýagşylyk edýär. Näme üçin?

6. Matta 6:25, 26-njy aýatlardan näme öwrenýäris?

6 Ýehowa Hudaý adamlary ýürekden söýýär we olaryň aladasyny edýär. Matta 6:25, 26-njy aýatlarda (okaň) Isa: «Guşlar... ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara däne ýygnaýarlar. Emma şonda-da gökdäki Ataňyz guşlary iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmi?» diýdi. Isa Mesih näme üçin şeýle diýdi? Eger Ýehowa guşlaryň, mal-garalaryň aladasyny edýän bolsa, wepaly bendeleriniň aladasyny etmezmi? Ol edil aladaçyl ata ýaly ogul-gyzlarynyň iýjek-içjegini ýetirip durar. Hawa, Beýik Biribaryň eli gysga däldir! (Zeb. 145:16; Mat. 6:32).

7. Biz jomart Hudaýyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Surata serediň).

7 Bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalara ýagşylyk edip bileris. Ýehowa biz arkaly olara kömek eder. Siz hor-homsy, garyp ýaşaýan dogan-uýalara kömek edýärsiňizmi? Ýehowanyň Şaýatlary betbagtçylyk döwri biri-birini goldaýarlar. Meselem, koronawirus (COVID-19) keseli ýaýran döwri dogan-uýalar imandaşlaryny iýmit, egin-eşik we başga-da gerekli zatlar bilen üpjün etdiler. Köpleri pul sadakasyny berip, dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan mätäç doganlaryny goldadylar. Hawa, olar şu aýada ýürekden eýerdiler: «Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr» (Ýew. 13:16).

Jomart Hudaýyň göreldesine eýereliň (7-nji abzasa serediň).


8. Ýehowa bize güýç-kuwwat berende özümizi nähili duýýarys? (Filipililer 2:13).

8 Ýehowa güýç-kuwwat berýär. Ol ejizlän bendesini höwes bilen goldaýar (Filipililer 2:13-i okaň). Siz synaga düşeniňizde ýa-da kynçylyga uçranyňyzda Ýehowa Hudaýdan kömek soraýarsyňyzmy? Belki, siz Ondan: «Maňa şu günümi sag-aman geçirer ýaly güýç-kuwwat ber» diýip ýalbarýansyňyz. Ýehowa dogamyza jogap berende, epilen dyzymyza we bükülen bilimize güýç-kuwwat inendigini duýup begenýäris. Şonda biz Pawlus resul ýaly: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» diýip, başymyzy dik tutýarys (Flp. 4:13).

9. Biz Gudratygüýçli Hudaýyň göreldesine nädip eýeriň bileris? (Surata serediň).

9 Biz bikämil bolsak-da, Gudratygüýçli Allatagalanyň göreldesine eýerip bilýäris. Eger biz dogan-uýalardan elimizden gelen kömegi gaýgyrmasak, olaryň daýanjy bolarys. Meselem, garry, syrkaw dogan-uýalaryň öýlerini syryp-süpürmäge kömek edip bileris ýa-da gerek-ýarak zatlaryny bazardan getirip bileris. Şeýle-de Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşyp bileris. Şeýdip, arassa jaýda Ýehowa arassa sežde edýän adamlar üçin ýagşylyk ederis.

Biz dogan-uýalardan elimizden gelen kömegi gaýgyrmaly däl (9-njy abzasa serediň).


10. Ýürekden çykýan söz adama nähili täsir edýär?

10 Siz ruhdan düşen dogany ýa uýany tanaýarsyňyzmy? Belki, siz onuň göwnüni götermek üçin öwersiňiz ýa-da myhmançylyga çagyrarsyňyz, ýa hal-ýagdaýyny soramaga bararsyňyz. Şeýle-de oňa jaň edip, hat ýa-da SMS ýazyp bilersiňiz. Ruhlandyrmak üçin ençeme owadan sözleri ýazmalydyr öýtmäň. Birki söz aýdyp, onuň göwnüni galdyrarsyňyz we Hudaýa wepaly bolmaga kömek edersiňiz. Ýürekden çykan söz, ýürege barýandyr (Nak. 12:25; Efes. 4:29).

11. Ýehowa akyldarlygy minnet edip berýärmi? Düşündiriň.

11 Ýehowa bize akyl-paýhas berýär. Ýakup şägirt: «Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin, oňa berler, sebäbi Hudaý igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýär» diýdi (Ýak. 1:5, çykgyt). Görşümiz ýaly, akyldarlygyň Gözbaşy Ýehowa dilän adama akyldarlygyny gysganman, igenmän, käýemän berýär. Ol bizi görkezme soraýandygymyz üçin utandyrmaýar, gaýtam begenýär (Nak. 2:1—6).

12. Biz akyldar Hudaýyň göreldesine nädip eýerip bilýäris?

12 Biz akyldar Hudaýyň göreldesine eýerip, bilýän zatlarymyzy adamlara höwes bilen öwredýäris (Zeb. 32:8). Meselem, täze wagyzçy bolan dogan-uýalara yhlasly wagyz etmäge kömek edýäris. Ýaşulular sabyrly bolup, ýygnak hyzmatçylaryna tälim berýärler we täze suwa çümdürilen doganlara borçlaryny gowy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Işinde ussat dogan-uýalar guramanyň gurluşyk we bejeriş işlerinde zähmet çekmäge gelen imandaşlaryna ökde ussa bolmagy öwredýär.

13. Biz başgalara nädip öwretmeli?

13 Biz tälim berenimizde, jomart Hudaýyň göreldesine eýermeli. Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa akyldarlygyny gysganman, igenmän we käýemän berýär. Edil şonuň ýaly, bizem ýürekden we yhlasly öwretmeli. Aýdaly, siz birine öwretmeli bolýarsyňyz. Şonda: «Oňa öwretsem, ýerime geçäýmesin, işsiz galaýmaýyn. Maňa-da hiç kim öwretmedi, ol hem öz başyny özi çarasyn» diýip, pikir etmeli däl. Şeýle etmek Ýehowanyň halkyna ýaraşýarmy? Elbetde, ýok! Biz diňe bir bilýän zadymyzy däl-de, janymyzy bermäge-de taýyn bolmaly (1 Sel. 2:8). Biz dogan-uýalara tälim bersek, olar hem öz gezeginde imandaşlaryna ökdelik bilen öwrederler (2 Tim. 2:1, 2). Dogan-uýalar, geliň, ýadaman, ýaltanman öwredeliň, gelejekki neslimizi gujur-gaýrata galdyralyň. Şonda olar hem ýagşylyk etmekden ýadamazlar.

SAG BOLSUN AÝTMASALAR

14. Köp adamlar ýagşylyga nähili seslenýär?

14 Biz köplenç ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berýäris. Şeýle-de ýagşylyk eden adama gysgajyk hat ýazyp ýa-da sowgatjyk berip, minnetdarlyk bildirýäris (Kol. 3:15). Elbetde, ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berenlerinde, guş bolup uçaýjak bolýarsyň.

15. Eden ýagşylygymyza sag bolsun aýtmasalar ruhdan düşmezlige näme kömek eder?

15 Biz adamlara kömek etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi gaýgyrmaýarys. Ýöne käte eden ýagşylygyň gadyryny bilmeýärler, bolaýmaly zat ýaly garaýarlar, hamala bu biziň borjumyz ýaly hasaplaýarlar. Şonda biz şatlanmagyň deregine, gam-gussa batýandyrys, ruhdan düşýändiris. Dogan-uýalar, Resullar 20:35-de «adam eden ýagşylygyň gadyryny bilse, bagtly bolarsyň» diýilmeýär, gaýtam «bermek almakdan has bagtly edýändir» diýilýär. Şonuň üçin eden ýagşylygymyzy bilsin-bilmesinler, minnetdar bolsun-bolmasynlar, biz bagtly bolup bileris. Nädip? Geliň, käbir maslahatlara seredeliň.

16. Biziň gadyrymyzy bilmeseler kim hakda oýlanmaly?

16 Jomart Hudaý Ýehowa hakda oýlanyň. Adamlar Hökmürowan Ýehowanyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilmeseler-de, Ol ýagşylyk etmegini bes etmeýär (Mat. 5:43—48). Isa pygamber hem adamlara ýagşylyk edeniňde «yzyna garaşmaň» diýip maslahat berdi. Sebäbi älem-jahanyň Eýesiniň hut özi jomart adamlara sylag bermek isleýär (Luka 6:35). «Yzyna garaşmaň» diýlende, «sag bolsun» aýtmaklaryna-da garaşmaly däldigini aňladýar. Adamlar edýän ýagşylygymyzyň gadyryny bilsin-bilmesin, minnetdar bolsun-bolmasyn, Ýehowa biziň paýymyzy püre-pür edip berer. Geliň, adamlara ýürekden ýagşylyk edeliň (Nak. 19:17; 2 Kor. 9:7).

17. Luka 14:12—14-nji aýatlarda nähili maslahat berilýär?

17 Luka 14:12—14-nji aýatlary okaň. Aýatlarda berlen maslahat dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Onda ýagşylygymyzy gaýtaryp bilýän dogan-uýalara jomart bolmaly dälmi? Olary myhmançylyga çagyrmaly dälmi? Munuň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne siz diňe baý dogan-uýalar bilen gatnaşýan bolsaňyz, özüňizi barlaň, Isa pygamberiň maslahatyna eýeriň. Mätäç, eli ýuka we garyp dogan-uýalary myhmançylyga çagyryň, ýagşylyk ediň. Şonda biz jomart Hudaýyň göreldesine eýerip bileris. Eger biz «yzyna garaşman» ýagşylyk etmegi öwrensek, sag bolsun aýtmasalar-da ruhdan düşmeris.

18. Imandaşlarymyza müňkürlik etmez ýaly näme kömek eder?

18 Müňkür bolmaň (1 Kor. 13:7). Eger-de adamlar eden ýagşylygymyzyň gadyryny bilmese ýa-da taňryýalkasyn aýtmasa, ruhdan düşmäň. Gaýtam şu soraglar hakda oýlanyň: «Dogrudanam, ol gadyrbilmez adammy ýa-da taňryýalkasyn aýtmagy ýadyndan çykardymy?» Belki, onuň sag bolsun aýtmandygynyň ençeme sebäpleri bardyr. Belki, onuň ýüregi minnetdarlykdan püre-pürdür, ýöne aýtmaga çekinýändir. Belki, öň onuň özi dogan-uýalara köp kömek edendir. Indi bolsa özi kömege mätäçdir. Şonuň üçin kömegi kabul etmäge ýa-da sag bolsun aýtmaga utanýandyr. Geliň, müňkür bolmalyň, gaýtam imandaşlarymyza ýagşylyk edip şatlanalyň (Efes. 4:2).

19, 20. Biz näme üçin sabyrly bolmaly? (Surata serediň).

19 Sabyrly boluň. Akyldar Süleýman patyşa jomartlyk hakda şeýle diýýär: «Çöregiňi derýa akdyr, günler geçer, ol ýene öňüňden çykar» (Nes. 11:1). Aýatdan görnüşi ýaly, käte aýlar-ýyllar geçensoň eden ýagşylygymyza taňryýalkasyn aýdýarlar. Muny durmuş subut edýär.

20 Bir güni etrap gözegçisiniň aýaly suwa çümdürilen uýa hat ýazyp, Hudaýa wepaly galmaga höweslendirýär. Mundan sekiz ýyl geçensoň uýa etrap gözegçisiniň aýalyna şeýle hat ýazýar: «Men saňa örän minnetdar. Seniň ýazan hatyň maňa ençeme ýyllap güýç-kuwwat berdi. Sen muny bilýänem dälsiň. Seniň ýazan mähirli sözleriň, aýadyň ýüregimde öçmejek yz galdyrdy a. Men olary hemişe ýatlaýardym. Durmuşymda ençeme kynçylyklar boldy, käte meniň hemme zatdan elim sowaýardy. Hatda Ýehowa-da gulluk edesim gelmeýärdi. Ýöne seniň ýazan aýadyňy hiç haçan unutmadym. Şonuň üçin ejizlemän berk durdum. Sekiz ýylyň içinde hiç bir zat seniň ýazan hatyň ýaly maňa göwünlik bermändi». Göz öňüne getiriň, ençeme ýyldan soň etrap gözegçisiniň aýaly minnetdarlyk sözlerini eşidip monça bolandyr. Dogan-uýalar, sabyrly boluň, siziň hem eden ýagşylygyňyzyň gadyryny bilerler, bir güni size-de sag bolsun aýdarlar.

Bir güni bize-de eden ýagşylygymyza sag bolsun aýdarlar (20-nji abzasa serediň) b.


21. Biz näme üçin jomart Ýehowanyň göreldesine eýermeli?

21 Hawa, Ýehowa ynsany täsin edip ýaradypdyr. Adam sowgat alanda däl-de, berende has köp şatlyk tapýar. Biz imandaşlarymyza kömek etmek üçin elimizde baryny edenimize begenýäris. Olar bize minnetdarlyk bildirseler, sag bolsun aýtsalar, biziň şatlygymyza şatlyk goşulýar. Ýöne olar sag bolsun aýtmasalar-da, eden ýagşylygymyzyň gadyryny bilmeseler-de, biz dogry işi edýändigimize begenýäris. Dogan-uýalar, eden ýagşylygymyz üçin «Ýehowa... has köp zat berer» (2 Tar. 25:9). Hiç bir adam Ýehowanyň eden ýagşylygynyň astyndan çykyp bilmez. Dogan-uýalar, geliň, gökdäki jomart Atamyzyň göreldesine eýereliň we sylag-serpaýyna mynasyp bolalyň!

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

a Uýa hatynda 2 Ýahýa 8-nji aýatdaky şu sözleri ýazýar: «Hakykat ýolunda gazanan zatlaryňyzy ýitirmekden habardar boluň. Şonda siz Hudaýyň berjek ähli sylaglaryny alarsyňyz».

b SURATYŇ BEÝANY: etrap gözegçisiniň aýaly bir uýa hat ýazyp ruhlandyrýar. Ýyllar geçensoň ol uýadan minnetdarlyk hatyny alýar.