Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

38-NJI MAKALA

25-NJI AÝDYM Hudaýyň eziz halky

Siz duýduryşa gulak asýarsyňyzmy?

Siz duýduryşa gulak asýarsyňyzmy?

«Iki daýhanyň biri alnar, beýlekisi galar» (Mat. 24:40).

ESASY PIKIR

Isa pygamber dünýäniň soňunda adamlary nädip höküm etjekdigini üç mysal arkaly düşündirdi.

1. Tizden Isa pygamber näme eder?

 HÖKÜM güni ýetip gelýär. Tizden Isa pygamber bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň üstünden höküm çykarar. Şägirtler Halypasyndan: «Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» diýip sorady (Mat. 24:3). Isa pygamber olara «soňky günleriň» alamatlaryny düşündirdi. Olar Matta 24-nji, 25-nji baplarda, Markus 13-nji we Luka 21-nji baplarda ýazylan.

2. Biz näme barada gürrüň ederis we näme üçin?

2 Isa pygamber şägirtlerine soňky günleriň alamatlaryny düşündirenden soňra üç sany mysaly gürrüň berdi. Olar goýunlar we geçiler, paýhasly we akylsyz gyzlar we batman mysallary. Isa pygamber şu günler bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara syn edýär. Ol adamlaryň edýän işine we özlerini alyp barşyna görä höküm eder. Şu makalada gürrüň etjek üç mysalymyz bize öz üstümizde işlemäge we sapak edinmäge kömek eder. Geliň, goýunlar we geçiler baradaky mysala seredeliň.

«GOÝUNLAR WE GEÇILER»

3. Isa pygamber goýunlary geçilerden haçan saýlar?

3 Isa pygamber goýunlar we geçiler mysaly arkaly adamlary nämäniň esasynda höküm etjekdigini düşündirdi (Mat. 25:31—46). Ol «uly betbagtçylykda» adamlara syn edip, Armageddonyň öň ýanynda olara iň soňky höküm çykarar (Mat. 24:21). Şonda Isa pygamber hoş habara seslenen, saýlanan mesihçileri goldan adamlary «goýunlaryň» hataryna, hoş habary kabul etmedik we saýlanan mesihçileri goldamadyk adamlary «geçileriň» hataryna goşar.

4. Işaýa 11:3, 4-nji aýatlara görä, Isa Mesihiň adalatly höküm çykarjakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? (surata serediň).

4 Mukaddes Kitapda Ýehowa Isa pygamberiň adalatly höküm çykarjakdygy hakda pygamberlik ýazdyrdy (Işaýa 11:3, 4-nji aýatlary okaň). Isa adamlaryň özlerini alyp barşyna, garaýşyna, gepleýşine we saýlanan mesihçilere gulak asyşyna syn edýär (Mat. 12:36, 37; 25:40). Isa pygamber kimleriň «goýun», kimleriň «geçidigini» gowy bilýär a. Ol saýlanan mesihçileri goldaýan, esasan-da, yhlasly wagyz edýän adamlary «goýunlaryň» hataryna goşýar. Olary «dogruçyl» hasaplaýar we ýer ýüzünde boljak «ebedi ýaşaýşy» peşgeş berýär (Mat. 25:46; Ylh. 7:16, 17). Gör, nähili ajaýyp sylag! Geliň, uly betbagtçylykda Ýehowa wepaly bolalyň! Şonda Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda biziň adymyz «ýaşaýyş kitabyna» öçmejek syýa bilen ýazylar (Ylh. 20:15).

Isa pygamber kimleriň «goýun», kimleriň «geçidigini» gowy bilýär we olaryň üstünden höküm çykarar (4-nji abzasa serediň).


5. Goýunlar hem geçiler mysaly kimlere degişli we mysaldan näme sapak edinmeli?

5 Wepaly boluň. Isa pygamberiň goýunlar we geçiler baradaky mysaly ýer ýüzünde ýaşajak mesihçilere degişli. Olar diňe bir hoş habary yhlasly wagyz etmän, wepaly hem paýhasly hyzmatkäri goldaýarlar. Şeýdip, Ýehowany razy edýärler (Mat. 24:45). Saýlanan mesihçiler hem goýunlar we geçiler mysalyndan özlerine sapak edinip biler. Sebäbi Isa pygamber olaryň özlerini alyp barşyna, garaýşyna we näme barada gürrüň edýändigine syn edýär. Saýlanan mesihçiler hem soňuna çenli wepaly bolmaly. Isa pygamber olar hakda-da iki mysaly gürrüň berdi. Şol mysallar Matta 25-nji bapda ýazylan. Geliň, indi paýhasly we akylsyz gyzlar hakdaky mysala seredeliň.

«PAÝHASLY WE AKYLSYZ GYZLAR»

6. Bäş gyza näme üçin paýhasly diýse bolar? (Matta 25:6—10).

6 Isa pygamber öýlenýän ýigidi garşy almaga çykan on gyz baradaky mysaly gürrüň berýär (Mat. 25:1—4). Olaryň hemmesi öýlenýän ýigidi garşy alyp, toý jaýyna girmek isleýärdi. Olaryň bäşisi «paýhasly», bäşisi bolsa «akylsyzdy». Paýhasly gyzlar öýlenýän ýigit ýarygije gelse-de, oýa bolup, garşy almaga taýýardylar. Şol sebäpli olar tüm-garaňkyda çyralary sönmez ýaly gaba ýag salyp aldylar (Matta 25:6—10-njy aýatlary okaň). Paýhasly gyzlar taýýar bolansoň, öýlenýän ýigidi garşy aldylar we toý jaýyna girdiler. Edil şonuň ýaly, saýlanan mesihçiler oýa bolup, soňuna çenli wepaly bolsalar öýlenýän ýigidi, ýagny Isa Mesihi garşy alar we gökdäki Patyşalykda höküm sürer b (Ylh. 7:1—3). Geliň, indi akylsyz gyzlar hakda gürrüň edeliň.

7. Akylsyz gyzlar näme üçin toý jaýyna girip bilmediler?

7 Bäş sany akylsyz gyz hem öýlenýän ýigidi garşylamaga çyksalar-da doly taýýar däldi. Ýarygije düşdi. Gyzlaryň çyrasy sönüp barýardy. Olar gaba ýag salyp almandy. Gyzlar öýlenýän ýigidiň ýetip gelýändigini eşidenlerinde, ýag satyn almaga gitdiler. Öýlenýän ýigit geldi. «Taýýar duran gyzlar onuň bilen toý jaýyna girdiler, şonda gapy ýapyldy» (Mat. 25:10). Ýag satyn almaga giden gyzlar yzyna dolanyp geldiler-de, gapyny kakdylar, öýlenýän ýigit: «Men-ä sizi tanamok» diýdi (Mat. 25:11, 12). Gyzlar ýanlarynda ýag alan bolsadylar, onda öýlenýän ýigide näçe garaşmaly bolsa, garaşyp bilerdiler. Şu mysaldan saýlanan mesihçiler näme sapak edinip biler?

8, 9. Saýlanan mesihçiler on gyz mysalyndan näme sapak edinmeli? (Surata serediň).

8 Taýýar we oýa boluň. Isa pygamber on gyz baradaky mysaly gürrüň berende, saýlanan mesihçileriň iki topara bölünjekdigini, bir toparyň wepaly, ikinji toparyň biwepa boljakdygyny aýtmady. Isa pygamber şu mysaly saýlanan mesihçilere duýduryş hökmünde gürrüň beripdi. Eger saýlanan mesihçiler dünýäniň soňuna çenli oýa bolmasa, Halypasyna wepaly bolup bilmez we gökdäki sylagyndan mahrum bolar (Ýah. 14:3, 4). Hawa, biziň gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamak umydymyz bolsa-da, her birimiz Isa pygamberiň on gyz mysaly arkaly beren duýduryşyna ünsli bolmaly. Geliň, oýa bolalyň we dünýäniň soňuna çenli wepaly galalyň, sebäbi «soňuna çenli çydan halas bolar» (Mat. 24:13).

9 Isa pygamber on gyz mysaly arkaly taýýar we oýa bolmagy öwretdi. Soňra ol batman mysalyny gürrüň berip, yhlasly we zähmetsöýer bolmagy maslahat berdi. Geliň, şol mysala seredeliň.

On gyz mysaly bize oýa, taýýar we soňuna çenli çydamly bolmaga kömek edýär (8, 9-njy abzaslara serediň).


«BATMAN» MYSALY

10. Iki gul hojaýynyna wepalydygyny nädip subut edýär? (Matta 25:19—23).

10 Isa pygamber batman mysalynda üç sany gul hakda gürrüň berýär. Olaryň ikisi hojaýynyna wepalydy, biri bolsa biwepady (Mat. 25:14—18). Iki wepaly gul hojaýynyň bähbidi üçin arman-ýadaman zähmet çekýärdi. Günlerde bir güni hojaýyny uzak illere ýola rowana bolmazdan öň, gullaryna ummasyz pul berýär. Iki wepaly gul gije-gündiz zähmet çekip, hojaýynynyň beren pullaryny iki esse artdyrýar. Hojaýyny dolanyp gelende, olar gazanan pulunyň ählisini berýärler. Şonda hojaýyn yhlasly we zähmetsöýer gullaryna guwanyp: «Meniň şatlygyma goşulyň!» diýýär (Matta 25:19—23-nji aýatlary okaň). Üçünji gul näme edýär? Geliň, ol hakda gürrüň edeliň.

11. Ýalta gul barada gürrüň beriň.

11 Hojaýyn üçünji guluna bir batman kümüş berýär. Emma gul «ýaltalyk» edip, kümşi ýere gömüp goýar. Hojaýyny gelende ol gömüp goýan kümşüni yzyna berýär. Gul hojaýynynyň tamasyny ödemedi. Ol päliýaman adamdy, hojaýyndan ötünç soramagyň deregine, «sen talapkär adamsyň» diýip, ony günäkärledi. Hojaýynyň guluna gahary geldi, beren puluny yzyna aldy we öýünden kowup goýberdi (Mat. 25:24, 26—30).

12. Iki wepaly gul kimleri aňladýar?

12 Iki wepaly gul saýlanan wepaly mesihçileri, hojaýyn bolsa Isa pygamberi aňladýar. Isa pygamber saýlananlara «meniň şatlygyma goşulyň» diýýär we olary ilkinjileriň hatarynda direldip sylaglajakdygyny wada berýär (Mat. 25:21, 23; Ylh. 20:5b). Saýlanan mesihçiler ýalta guldan sapak edinip biler. Nädip?

13, 14. Saýlanan mesihçiler batman kümüş mysalyndan näme öwrenip biler? (Surata serediň).

13 Yhlasly we zähmetsöýer boluň. Isa pygamber batman baradaky mysaly gürrüň berende, saýlanan mesihçileriň ýalta boljakdygyny aýtmady. Eger olar yhlasly bolmasalar, nämäniň üstünden barjakdygyny duýdurdy. Olar «Hudaýyň çagyranlary we saýlanlary hökmünde wepaly bolmaga jan etmelidi», ýogsam gökdäki Patyşalyga girip bilmezdi (2 Pet. 1:10).

14 Isa pygamber on gyz mysalynda taýýar we oýa bolmagy maslahat berdi. Batman mysalynda yhlasly we zähmetsöýer bolmagy ündedi. Isa pygamber munuň bilen çäklenmän, saýlanan mesihçilere ýene bir wajyp duýduryş berdi. Ol Matta 24:40, 41-nji aýatlarda ýazylan. Geliň, ol hakda gürrüň edeliň.

Isa saýlanan mesihçileriň yhlasly we zähmetsöýer bolmagyny isleýär (13, 14-nji abzaslara serediň) d.


«BIRI ALNAR, BEÝLEKISI GALAR»

15, 16. Matta 24:40, 41-nji aýatlarda saýlanan mesihçilere nähili duýduryş berilýär?

15 Isa pygamber üç mysaly gürrüň bermezden öňürti saýlanan mesihçileriň gökdäki sylagyny almak üçin näme etmelidigini duýdurdy. Isa pygamber mellekde iki daýhanyň işleýändigini, iki aýalyň degirmende galla üweýändigini gürrüň berdi. Olaryň hemmesi zähmet çekýärdi. Emma Isa pygamber olaryň «biri alnar, beýlekisi galar» diýdi (Matta 24:40, 41-nji aýatlary okaň). Soňra ol şägirtlerine şeýle duýduryş berdi: «Oýa boluň, sebäbi Halypaňyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýärsiňiz» (Mat. 24:42). Isa pygamber on gyz mysalyny gürrüň berenden soň hem «oýa bolmagy» tabşyrdy (Mat. 25:13). Diýmek, bular biri-biri bilen baglanyşykly bolmaly. Diňe Hudaý tarapyn saýlanan, mukaddes ruhy bilen bellenen we soňuna çenli wepaly bolan adamlar «alnar», ýagny Isa Mesih bilen Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürer (Ýah. 14:3).

16 Oýa boluň. Saýlanan mesihçiler oýa bolmasalar, gökdäki sylagyny alyp bilmez (Mat. 24:31). Biz gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umyt etsek-de, Isanyň duýduryşyna ünsli bolmaly, oýa bolup, soňuna çenli wepaly galmaly.

17. Saýlanan mesihçileriň sanynyň artmagyna biynjalyk bolmalymy?

17 Soňky günlerde Ýehowa mukaddes ruhy bilen köp adam saýlaýar c. Biz muňa biynjalyk bolmalymy? Elbetde, ýok! Sebäbi Ýehowa Hudaýy gowy tanaýarys we her bir gelýän karary bilen doly razylaşýarys. Isa pygamber üzümçilikde zähmet çeken işgärler hakda gürrüň berdi (Mat. 20:1—16). Olaryň käbiri daň bilen, käbiri bolsa günüň ahyrynda işläp başladylar. Emma üzümçiligiň eýesi uzakly gün işlänlere-de, bir sagat işlänlere-de deň hak berdi. Hawa, Ýehowa mesihçini haçan saýlasa-da, mesihçi dünýäniň soňuna çenli wepaly bolmaly. Şonda ol gökdäki sylagyny hökman alar.

DUÝDURYŞA ÜNS BERIŇ

18, 19. Isa pygamberiň gürrüň beren mysallaryndan näme sapak edinýäris?

18 Biz Isa pygamberiň gürrüň beren mysallaryndan näme öwrenýäris? Goýunlar we geçiler mysaly ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlara degişli. Olar mysaldan şu günler we uly betbagtçylykda Ýehowa wepaly bolmagy öwrenýärler. Eger olar soňuna çenli wepaly bolsa, Isa Mesih olary dogruçyl hasaplap, «ebedi ýaşaýşy» peşgeş berer (Mat. 25:46).

19 Isa pygamber saýlanan mesihçiler üçin hem iki mysaly gürrüň berdi. Isanyň gürrüň beren on gyz mysalynda bäş gyz paýhasly boldy, sebäbi olar taýýar we oýa boldy. Öýlenýän ýigit haçan gelse-de, olar garşy almaga taýyndy. Emma bäş gyz akylsyzlyk etdi we toý jaýyna girip bilmedi. Edil şonuň ýaly biz hem Beýik Patyşanyň geljek gününe näçe garaşmaly bolsa garaşyp, taýýar we oýa bolmaly. Biz Isa pygamberiň gürrüň beren batman mysalyndan yhlasly we zähmetsöýer bolmagy öwrenýäris. Iki wepaly gul hojaýynynyň bähbidi üçin arman-ýadaman zähmet çekip, onuň göwnünden turdy. Ýalta gul bolsa hojaýynynyň göwnüni ýykdy. Edil şonuň ýaly, bizem dünýäniň soňuna çenli Ýehowanyň tabşyran her bir işine yhlasly ýapyşmaly we ýadaman-ýaltanman zähmet çekmeli. Isa pygamber iki daýhan we degirmende galla üweýän iki aýal hakda mysaly gürrüň berdi. Ol şu mysal arkaly saýlanan mesihçilere gökdäki sylagyny almak üçin soňuna çenli wepaly bolmagy maslahat berdi. Olar Halypasy Isa bilen gökde höküm sürmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Armageddondan soň gökde «Guzynyň toýy» bolar, şonda saýlananlar «gelin» hökmünde tagtda oturar (2 Sel. 2:1; Ylh. 19:9).

20. Ýehowa duýduryşa gulak asýanlara nähili sylag berer?

20 Höküm güni ýetip gelýär, emma biz gorkmaly däl, sebäbi söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowa «Ynsan oglunyň öňünde» wepaly durar ýaly güýç-kuwwat berer (2 Kor. 4:7; Luka 21:36). Biz gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umydymyz bolsa-da, Isa pygamberiň gürrüň beren mysallaryndan sapak edinsek, Ýehowany razy ederis. Şonda ýagşylyga baý Hudaý biziň «adymyzy ýaşaýyş kitabyndan hiç haçan öçürmez» (Dan. 12:1; Ylh. 3:5).

26-NJY AÝDYM Meniň üçin etdiňiz

a «Garawul diňi» žurnalyndan «Ýehowanyň uly betbagtçylykda çykarjak hökümi» diýen makalany okap bilersiňiz (w24.05).

b «Garawul diňi» žurnalyndan «Biz näme üçin „oýa bolmaly?“» diýen makalany okap bilersiňiz (w15 15/3).

c «Garawul diňi» žurnalyndan «Biz siziň bilen gideris» diýen makalany okap bilersiňiz (w20.01 sah. 29, 30, abz. 11—14).

d SURATYŇ BEÝANY: Gökde ýaşamaga umydy bolan uýa wagyz eden bir gelnine sapak geçýär.