Ýigrenç ebedilik ýok ediler!
Biz öz ýüregimizdäki ýigrenji köki bilen sogrup aýran hem bolsak, adamlaryň ýüregindäki ýigrenji aýryp bilmeýäris. Biz olaryň garaýşyny hem üýtgedip bilmeýäris. Şol sebäpli hiç kime ýamanlyk etmeýän adamlaram ýigrenilýär. Ýigrenç aýrylarmy? Ony kim aýrar?
Ýigrenji diňe hak Hudaý Ýehowa aýrar. Mukaddes Kitapda onuň ýigrenji hemişelik aýyrjakdygy aýdylýar (Nakyllar 20:22).
HUDAÝ ÝIGRENJIŇ KÖKLERINI SOGRAR
-
1. ŞEÝTAN IBLISI. Şeýtan Iblis adamlaryň arasynda ýigrenjiň döremegine sebäp bolan dönük perişde. Hudaý Şeýtany we oňa ynanyp başgalary ýigrenýänleri ýok eder (Zebur 37:38; Rimliler 16:20).
-
2. ŞEÝTANYŇ ELINDÄKI DÜNÝÄNI. Allatagala ýigrenç döredýän hemme zady, parahor syýasatçylary we dini ýolbaşçylary ýok eder. Şeýle-de ol öz peýdasyna çapýan, adamlaryň hasabyna baýaýan söwda-satyk guramalaryň soňuna çykar (2 Petrus 3:13).
-
3. GÜNÄNI. Mukaddes Kitapda ähli adamlaryň günäni miras alandygy aýdylýar (Rimliler 5:12). Günä sebäpli adamlarda erbet pikirler, höwesler döreýär we olar erbet işleri edýärler. Şeýle-de günäli bolandygy üçin olar birini ýigrenip, oňa ýamanlyk edýärler. Şeýle islegler we höwesler adamzadyň ganyna siňenem bolsa, Hudaý olary aýrar. Şeýlelikde, ýigrençden nam-nyşan galmaz (Işaýa 54:13).
ÝIGRENÇSIZ DURMUŞ
-
1. ADALATSYZLYK BOLMAZ. Hudaýyň Patyşalygy gökde, ol tizden ýeriňem üstünden höküm sürer (Danyýar 2:44). Şonda ýerde hiç haçan adalatsyzlyk bolmaz. Hiç kim biri-birini ala tutmaz, ýek görmez. Allatagala adalatsyzlykdan kösenýän adamlar üçin adalaty dikelder (Luka 18:7).
-
2. HEMMELER PARAHAT ÝAŞAR. Hiç bir adam uruş, zorluk-sütem sebäpli kösenmez (Zebur 46:9). Ýer ýüzünde diňe parahat ýaşamak isleýän adamlar bolar, şonuň üçinem hiç kime howp abanmaz (Zebur 72:7).
-
3. ADAMLAR IŇ GOWY ŞERTLERDE ÝAŞAR. Ähli adamlar biri-birini söýer (Matta 22:39). Hiç bir adam erbet pikirler sebäpli ruhdan düşmez, geçmişini ýatlap gama batmaz (Işaýa 65:17). Ýigrenç doly ýok edilensoň, adamlar «parahatlykda ýaşap döwran sürer» (Zebur 37:11).
Siziňem şeýle durmuşda ýaşasyňyz gelýärmi? Köp adamlar Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerip, ýüregindäki ýigrenji aýryp bildiler (Zebur 37:8). Ýehowanyň Şaýatlary birek-biregi söýýän adamlar hökmünde tanalýar. Milleti, tire-taýpasy, terbiýesi tapawutlansa-da, olar biri-birini dogany ýaly söýýärler we agzybir ýaşaýarlar (Işaýa 2:2—4).
Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny adamlara höwes bilen gürrüň berýärler. Siz olardan ala tutanlarynda, adalatsyzlyk edenlerinde nädip döz gelmelidigini öwrenip bilersiňiz. Öwrenen zatlaryňyz ýüregiňizdäki ýigrenji aýryp, adamlary söýmäge kömek eder. Şeýle-de siz gadyrbilmez, ýamanlyk edýän adamlar bilenem mähirli gepleşmegi öwrenersiňiz. Şonda kalbyňyz rahat, adamlar bilen araňyz gowy bolar. Galyberse-de, ýigrenji hemişelik aýyrjak Patyşalygyň raýaty bolmak üçin näme etmelidigini bilersiňiz (Zebur 37:29).