ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?
1 | Ala tutmaň
Mukaddes Kitabyň maslahaty:
«Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (RESULLAR 10:34, 35).
Düşündirilişi:
Ýehowa a Hudaý adamyň milletine, medeniýetine, tire-taýpasyna, akýagyz ýa-da garaýagyzdygyna seredip baha bermeýär. Gaýtam ol biziň içki dünýämize, ýagny oý-pikirimize, isleg-arzuwlarymyza üns berýär. Mukaddes Kitapda: «Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär» diýilýär (1 Şamuwel 16:7).
Peýdasy:
Biz adamlaryň ýüregini görüp bilmeýäris, ýöne hak Hudaýdan adamlary ala tutmazlygy öwrenip bilýäris. Biz hemme adamlary bir aýakdan sürmeli däl. Eger siz bir milleti ýa-da tire-taýpany halamasaňyz, Hudaýa doga-dileg edip, olara bolan ýigrenji köki bilen sogrup aýyrmak üçin kömek soraň (Zebur 139:23, 24). Ýehowadan ak ýürekden kömek sorasaňyz, ol siziň dilegleriňizi eşider we jogap berer (1 Petrus 3:12).
a Ýehowa hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18).
«Men öň akýagyz adamlar bilen bir saçakda gülşüp-degşip oturyp görmändim ... Häzir men bütin dünýäde agzybir ýaşaýan halkyň agzasy» (TITUS).