Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?

4 | Hudaýyň kömegini kabul ediň

4 | Hudaýyň kömegini kabul ediň

Mukaddes Kitabyň maslahaty:

«Mukaddes ruhuň miwesi bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik» (GALATÝALYLAR 5:22, 23).

Düşündirilişi:

Hudaýyň kömegi bilen ýigrenji köki bilen sogrup aýryp bolýar. Allatagala adamlara öz güýji bilen başarmajak häsiýetlerini ösdürmäge kömek edýär. Şonuň üçin öz güýjüňize daýanman, ýüregiňizdäki ýigrenji Hudaýyň kömegi bilen aýyrjak boluň. Pawlus resul: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» diýdi (Filipililer 4:13). Eger bizem Ýehowa bil baglasak, onuň kömek etjekdigine şübhelenmeris. Şonda bizem: «Ýehowa maňa kömek eder» diýip ynamly aýdarys (Zebur 121:2).

Peýdasy:

«Ýehowa meniň ýaly gaharjaň we urşagan adamy, ýumşak, oňşukly adama öwürdi» (WALDO).

Ýehowadan mukaddes ruhuny, ýagny güýç bermegini diläň (Luka 11:13). Ondan gowy häsiýetleri ösdürmek üçin kömek soraň. Şeýle-de Mukaddes Kitapdan söýgi, parahatlyk, sabyrlylyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetler barada näme diýilýändigini öwreniň. Şol häsiýetler size ýigrenji aýyrmaga kömek eder. Soňra şol häsiýetleri nirede görkezip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Gowy häsiýetleri ösdürmäge jan edýän adamlar bilen gatnaşyň. Olar sizi adamlary «söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirer» (Ýewreýler 10:24).