ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?
3 | Pikiriňizi üýtgediň
Mukaddes Kitabyň maslahaty:
«Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň» (RIMLILER 12:2).
Düşündirilişi:
Hudaý biziň diňe bir aýdýan sözlerimize we edýän işlerimize däl-de, oý-pikirlerimize-de üns berýär (Ýermeýa 17:10). Ýigrenç ilki bilen adamyň pikirinde döreýär. Şonuň üçin ýigrenç döredýän zatlaryň pikirini etmeli däl. Eger şeýle etsek, pikirimizi üýtgedip, ýigrenji köki bilen sogrup aýrarys.
Peýdasy:
Başga milletli ýa tire-taýpaly adamlary ala tutýan-tutmaýandygyňyzy bilmek üçin özüňize şeýle soraglary beriň: men olar barada näme pikir edýärin? Men olary gowy tanaýandygym üçin şeýle pikir edýärinmi? Ýa-da adamlaryň olar barada aýdýan erbet zatlaryna ynanýarynmy? Ýigrenç döredýän uruşly, dawa-jenjelli filmleri, telegepleşikleri görmäň, kitapdyr-žurnallary okamaň.
Hudaýyň Sözi ýüregimizde we aňymyzda kök uran ýigrenji aýyrmaga kömek eder
Pikirleriňe we duýgularyňa düşünmek hemişe aňsat bolmaýar. Ýöne Hudaýyň Sözi «ýüregiňdäki pikirleriňi we niýetiňi bilmäge» kömek edýär (Ýewreýler 4:12). Şonuň üçin Mukaddes Kitaby okaň. Mukaddes Kitapda öwredilýän zatlar bilen garaýşyňyzy deňeşdiriň. Hudaýyň isleýşi ýaly pikirlenmegi öwreniň. Şonda Hudaýyň Sözi ýüregimizde we aňymyzda kök uran ýigrenji aýyrmaga kömek eder (2 Korinfliler 10:4, 5).