Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň Patyşalygy haçan ýer ýüzünde höküm sürüp başlar?

Hudaýyň Patyşalygy haçan ýer ýüzünde höküm sürüp başlar?

Isa pygamberiň resullarynyň Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde haçan höküm sürüp başlajakdygyny bilesi gelýärdi. Isa olara şol günüň haçan boljakdygyny bilmersiňiz diýdi (Resullar 1:6, 7). Emma Isa muny aýtmazdan öň, ýer ýüzünde yzly-yzyna boljak wakalar hakda pygamberlik aýtdy. Gelejekde boljak şol wakalar «Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny we tizden ýer ýüzünde höküm sürüp başlajakdygyny» görkezmelidi (Luka 21:31).

ISA PYGAMBER NÄHILI WAKALARYŇ BOLJAKDYGYNY AÝTDY?

Isa pygamber: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Güýçli ýertitremeler, käbir ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar» diýdi (Luka 21:10, 11). Barmak yzlarynyň hiç kimiňkä meňzemeýän nagşy emele getirişi ýaly, Isanyň pygamberlikleriniň hem hiç döwre degişli bolmadyk özboluşly aýratynlygy bar. Barmak yzlaryndan adamy tanap bolşy ýaly, yzly-yzyna boljak wakalar hem «Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny» görkezýär. Isanyň aýdan pygamberlikleri belli bir döwürde ýerine ýetdimi? Şol wakalar bütin ýer ýüzünde boldumy? Geliň, käbir subutnamalara seredeliň.

1. URUŞLAR

1914-nji ýylda adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik söweş başlandy. Taryhçylar 1914-nji ýylda bütin dünýäni sarsdyran wakanyň bolandygyny aýtdylar. Sebäbi şol ýyl Birinji jahan urşy başlandy. Uruşda köp tanklary, bombalary, zäherli gazy we dürli ýaraglary ulanypdyrlar. Birinji jahan urşy tamamlanan badyna, Ikinji jahan urşy başlandy. Şonda ilkinji gezek atom bombasy ulanyldy. 1914-nji ýyldan bäri adamlaryň gözi uruşdan açylmady, millonlarça adamlar wepat boldy.

2. ÝERTITREMELER

Bir ensiklopediýada her ýyl 100-e golaý güýçli ýertitremeleriň bolýandygy we uly zyýan ýetirýändigi hakda aýdylýar (Britan ensiklopediýasy). ABŞ-nyň Geologik gözleg gullugynyň hasabatynda: «1900-nji ýyldan bäri geçirilýän barlaglara görä, biz her ýyl 16-a golaý aýylganç ýertitremeleriň bolmagyna garaşýarys» diýilýär. Belki-de, käbirleri: «Tehnologiýa ösensoň ýertitremeleri anyklamak aňsat boldy. Şol sebäpli yzly-yzyna ýertitremeler bolýan ýaly görünýär» diýýändir. Ýöne şu günlere çenli güýçli ýertitremeler sebäpli köp adam ölmändi, weýrançylyk bolmandy.

3. AÇLYK

Uruşlar, parahorlyk, ykdysadyýetiň pese düşmegi we oba hojalygyň nädogry dolandyrylmagy sebäpli bütin dünýäde açlyk höküm sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň azyk üpjünçilik şahamçasynyň 2018-nji ýyldaky hasabatynda şeýle diýilýär: «Bütin dünýäde 821 million adam açlykdan, 124 million adam bolsa güýçli açlykdan kösenip ýaşaýarlar. Her ýyl 3,1 million çaga açlykdan aradan çykýar. Bütin dünýäde 2011-nji ýylda ölen çagalaryň 45 göterimi açlykdan ýogaldy».

4. GYRGYNÇYLYK

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy şeýle hasabat berýär: «XXI asyrda keselçilik we gyrgynçylyk has-da möwç urýar. Mergi, garahassalyk, gyzzyrma ýaly öňki keseller ýene-de ýaýraýar. Üstesine-de, SARS, ýokançly dümew, MERS, Ebola we Zika ýaly täze keseller peýda bolýar». Soňky ýyllarda koronawirus keseli (COVID-19) bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Alymlar we lukmanlar keseller barada köp zatlary öwrenseler-de, ähli keselleri bejerip bilmeýärler.

5. BÜTINDÜNÝÄ WAGYZ IŞI

Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlaýandygy barada ýene bir alamat aýtdy: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» (Matta 24:14). Bütin dünýä gözgyny ýagdaýda bolsa-da, sekiz milliondan köpräk adam Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary 240 ýurtda, 1 000-den gowrak dilde wagyz edýärler. Adamzat taryhynda wagyz işi şeýle uly möçberde alnyp barylmandy.

PYGAMBERLIKLERI BILMEGIŇ NÄHILI PEÝDASY BAR?

Isanyň aýdan pygamberlikleri şu günler ýerine ýetýär. Biz olary näme üçin bilmeli? Sebäbi Isa: «Siz hem şu zatlary göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny biliň» diýdi (Luka 21:31).

Patyşalyk tizden Hudaýyň islegini ýer ýüzünde amala aşyrar

Isanyň aýdan pygamberliginden we Mukaddes Kitapdaky ýyl hasabatyndan görnüşi ýaly, 1914-nji ýylda a Hudaýyň gökdäki Patyşalygy dikeldildi. Şonda Allatagala Ogly Isany patyşa edip belledi (Zebur 2:2, 4, 6—9). Tizden Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetlerini ýok edip, ýer ýüzünde höküm sürüp başlar. Şeýle-de adamlaryň bagtly we ebedi ýaşamaklary üçin bütin ýer ýüzüni Jennete öwrer.

Isa resullaryna şeýle dileg etmegi öwretdi: «Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn!» (Matta 6:10). Tizden Isanyň şu aýdan sözleri ýerine ýeter. 1914-nji ýyldan bäri Hudaýyň Patyşalygy nähili işleri edýär? Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde höküm sürüp başlanda nämeler eder?

a 1914-nji ýyl barada köpräk bilesiňiz gelse, Ýehowanyň Şaýatlarynyň çykaran «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 32-nji sapagyna serediň.