«Patyşalygyň gelsin!» — Millionlarça adamlaryň edýän doga-dilegi
Ençeme asyrlaryň dowamynda millionlarça adamlar: «Patyşalygyň gelsin!» diýip dileg edipdirler. Näme üçin? Sebäbi Isa pygamber resullaryna Hudaýyň Patyşalygy hakda dileg etmegi öwredipdi.
I asyrda Isa pygamberiň resullary Hudaýyň Patyşalygy barada hemme zady bilmeýärdiler. Şonuň üçin olar Isa pygamberden: «Mugallym, Ysraýylda patyşalygy häzir dikeltjekmi?» diýip soradylar. Ýöne Isa pygamber olara Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljekdigini anyk aýtmaýar (Resullar 1:6, 7). Onda Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini we onuň haçan geljekdigini hiç haçan bilmerismi? Elbetde, bileris!
«Garawul diňi» žurnalynyň şu sanynda şeýle soraglaryň jogabyny bileris:
Hudaýyň Patyşalygy bize nädip kömek eder?
Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy kim?
Hudaýyň Patyşalygy haçan ýer ýüzünde höküm sürüp başlar?
Hudaýyň Patyşalygy näme eder?
Biz näme üçin Hudaýyň Patyşalygyny goldamaly?
Hudaýyň Patyşalygy barada eşitdiňizmi?