Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňiniň» soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň:

Gaçgak ene-atalar çagalaryna ruhy taýdan kömek edende näme üçin dil bilen bagly kynçylyklary göz öňünde tutmaly?

Çagalar ýerli halkyň dilini mekdepde ýa-da başga adamlar bilen gepleşip öwrenýärler. Elbetde, çagalar has köp dili bilse, peýdaly bolup biler. Ene-atalar çagalarynyň hakykaty özleşdirip, ruhy taýdan ösmekleri üçin haýsy ýygnaga gatnasa gowy boljakdygy barada ara alyp maslahatlaşmaly. Mesihçi ene-atalar çagalarynyň ruhy zerurlyklaryny öz isleginden ileri tutýarlar.—w17.05 sah. 9—11.

Isa Petrusdan: «Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?» diýip soranda nämäni göz öňünde tutdy? (Ýah. 21:15)

Isa onuň nämäni has gowy görýändigini biljek bolan bolmaly. Sebäbi Isanyň ölüminden soň, Petrus ýene-de öňki işine dolanypdy. Mesihçiler dünýewi işiň Patyşalyk işlerinden ünsüni sowmagyna ýol bermeli däl.—w17.05 sah. 22, 23.

Biz ruhy hazynalarymyzy näme üçin gorap saklamaly?

Şeýtan we onuň dünýäsi ruhy hakykatlara bolan minnetdarlygymyzy elmydama gowşatjak bolýar. Olar bize täsir edip bilmez öýtmeli däl. Biz dünýäniň dereje gazanmak, eşretli ýaşaýşy arzuw etmek we maddy zatlaryňa magtanmak ýaly duzaklaryna aňsatlyk bilen düşüp bileris. Biz Ýahýa resulyň «dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýen sözlerini unutmaly däl (1 Ýah. 2:15—17).—w17.6 sah. 13.

Biz Ýehowanyň hökümdarlygyny nädip goldap bileris?

Biz aýypsyzlygymyzy saklap, Ýehowa wepaly gulluk edip, Onuň baştutanlyk ygtyýaryny beren adamlaryna hormat goýup we gelýän kararlarymyz, egin-eşigimiz, daş keşbimiz hem-de özümizi alyp barşymyz bilen Hudaýyň hökümdarlygyny goldap bileris.—w17.6 sah. 30, 31.

Sabyrly bolmak nämäni aňladýar?

Sabyrlylyk çydamlylyk bilen berk baglanyşykly, çydamlylyk bolsa kyn ýagdaýlarda dogry garaýşy saklamaga kömek edýär (Kol. 1:11; Ýak. 1:3, 4). Hakyky sabyrly adama ýamanlyk etseler-de, ol ar almaýar we soňunyň näme bilen tamamlanjakdygyny bilmese-de, berk durýar.—w17.8 sah. 4.

Mesihçiler özüni goramak üçin sapança ýa-da tüpeň ulansa bolýarmy?

Hudaý ýaşaýşy mukaddes hasaplaýar. Isa hem şägirtlerini özlerini goramak üçin gylyç ulanmaga höweslendirmedi (Luka 22:36, 38). Hawa, biz gylyjymyzy gynymyza salmaly. Ýaşaýyş maddy zatlardan has gymmatly. Şol sebäpli biz başgalaryň ynsabyna hormat goýmaly we olara görelde bolmaly (2 Kor. 4:2).—w17.07 sah. 31, 32.

Mattanyň we Lukanyň hoş habarynda Isanyň dogluşy hem-de çagalyk döwri hakda aýdylan zatlar näme üçin tapawutlanýar?

Matta, esasan, Ýusup bilen bagly wakalara köp üns berýär. Ol Ýusubyň başda Merýemiň göwrelidigini eşidende, oňa nähili garandygyny, düýşünde perişdäniň Ýusuba Müsüre gaçmalydygy barada duýduryşyny we soňra yzyna dolanyşyny gürrüň berýär. Luka bolsa Merýem bilen bagly wakalara köp üns berýär; meselem, ol Merýemiň garyndaşy Elizabetiň ýanyna gidişi hakda gürrüň berýär we Isanyň bütin maşgalasy bilen ybadathana barandygy baradaky wakany agzanda-da, Ýusubyň däl-de, Merýemiň sözlerini getirýär.—w17.08 sah. 32.

Hudaýyň Sözi nähili kynçylyklardan geçmeli boldy?

Adatça, wagtyň geçmegi bilen diller üýtgeýär. Sözler we jümleler düýbünden başga many berip bilýär. Şeýle-de syýasatyň gülläp ösmegi käte halkyň arasynda giňden ulanylýan dile täsir edýär. Mundan başga-da Mukaddes Ýazgylary başga dillere terjime edýän adamlar köp garşylyklara duçar boldy.—w17.09 sah. 19—21.

Iň beýik söýgi näme?

Adyl prinsiplere esaslanan söýgi (agape) iň beýik söýgi hasaplanýar. Ol iň beýik söýgi bolup, mähirli we ýakymly duýgulary öz içine alýar. Şeýle-de bu söýgi öz bähbidiňi gözlemän, başgalara ýagşylyk etmegi aňladýar.—w17.10 sah. 7.