Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Göwreliligiň öňüni almak üçin ýatgyiçi serişdäni ulanmak Mukaddes Ýazgylara gabat gelýärmi?

Bu mesele babatda mesihçi är-aýallar käbir zatlary we Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri göz öňünde tutup, karara gelip biler. Emma olar gelen karary bilen Hudaýyň öňünde ynsabyny päk saklamaly.

Ýehowa Hudaý ilkinji ynsan jübütine we soňra Tupanda diri galan sekiz adama: «Örňäp, köpeliň» diýip tabşyryk berdi (Gel. çyk. 1:28; 9:1). Emma Ýazgylarda bu tabşyrygyň mesihçilere degişlidigi barada hiç zat aýdylmaýar. Şonuň üçin mesihçi är-aýallar haçan we näçe çaga edinmelidigini özleri çözmeli. Ýöne olar käbir zatlary göz öňünde tutmaly.

Mesihçiler göwreliligiň öňüni almak bilen bagly meselede Ýazgylardaky prinsipleri göz öňünde tutmaga borçly. Meselem, olar abort etmeýärler, ýagny çagany aýyrtmaýarlar. Sebäbi bu Mukaddes Ýazgylardaky ýaşaýşa hormat goýmak babatdaky tabşyryga garşy gelýär. Şonuň üçin uýalar göwreli bolansoň, dünýä injek çaganyň ýaşaýşyny kesmäge hakynyň ýokdugyna düşünýärler (Müs. çyk. 20:13; 21:22, 23; Zeb. 139:16; Ýer. 1:5). Onda göwreliligiň öňüni almak üçin ýatgyiçi serişdesini ulansa bolýarmy?

1979-njy ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňiniň» (iňl.) 30, 31-nji sahypalarynda göwreliligiň öňüni almak üçin ýatgyiçi serişdesiniň ulanylyşy barada aýdylypdy. Ýöne onuň nädip işleýändigi barada heniz doly maglumat ýokdy. Köp hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu serişde ýatgyda erkeklik tohumynyň aýal ýumurtgalyk öýjügine baryp, ony tohumlandyrmaga päsgel berýär. Tohumlandyrma bolmasa, göwrelilik hem bolmaýar.

Emma käbir maglumatlara görä, ýatgyiçi serişdesiniň tohumlanmanyň öňüni almadyk wagtlary hem bolupdy. Şeýle ýagdaýda tohumlanan öýjük ýatgynyň daşyndaky göwrelilige eltip bilýär. Hatda adaty, ýagny tohumlanma ýatgynyň içinde bolaýanda-da, ýatgyiçi serişdesi tohumlanan öýjügiň köpelmegine we düwünçek bolan çaganyň ösmegine päsgel berýär. Bu bolsa çagany abort etmek bilen deň hasaplanylýar. Şeýle-de şol makalada: «Akýürekli mesihçi ýatgyiçi serişdesini ulanmak barada pikirlenende, bu maglumaty çynlakaý gözden geçirip, Ýazgylardaky ýaşaýşy mukaddes saýmak baradaky prinsipi göz öňünde tutmaly» diýildi (Zeb. 36:9).

Eýsem, 1979-njy ýyldan bäri ylymda we medisinada ösüşler bolmadymy?

Ýatgyiçi serişdesiniň esasan 2 görnüşi bar. Olaryň biri, ýagny bürünç görnüşlisi ABŞ-da 1988-nji ýyldan bäri giňden ulanylýar. Garmon bölüp çykarýan görnüşi bolsa 2001-nji ýyldan bäri elýeterli bolup başlady. Geliň, olaryň nädip ulanylýandygyna seredeliň.

Bürünç görnüşi: Ýokarda aýdylyşy ýaly, ýatgyiçi serişdesiniň bu görnüşi erkeklik tohumynyň ýatga baryp, tohumlanmagyny kynlaşdyrýar. Şeýle-de ondaky bürünç erkeklik tohumyny zäherläp, onuň güýjüni gaçyrýar *. Aýtmaklaryna görä, ol ýatgynyň daşyny hem örtýär.

Garmon bölüp çykarýan görnüşi: Ýatgyiçi serişdesiniň bu görnüşi dürli-dürli we köplenç derman görnüşinde bolýar. Olar ýatgyda garmon bölüp çykarýarlar. Bu bolsa ýumurtga öýjüginiň bölünmeginiň öňüni alýar. Elbetde, ol bölünmese, tohumlanmanyň hem bolmagy mümkin däl. Mundan başga-da bu serişdedäki garmon ýatgynyň nemli bardasyny inçeldip, zyýan ýetirýär *. Şeýle-de ol ýatgynyň boýunjygynda nem emele getirýär. Bu bolsa öz gezeginde tohum suwuklygynyň ýatga barmagyna böwet bolýar. Şu zatlar ýatgyiçi serişdesiniň täsirini güýçlendirýär.

Görşümiz ýaly, ýatgyiçi serişdäniň iki görnüşi-de ýatgynyň kadaly işlemegine täsir edýär. Emma ýumurtgalyk öýjügi bölünip, tohumlanma emele gelen bolsa näme? Onda ol ýatga baraýan ýagdaýynda-da, ýaýrap bilmeýär. Şeýdip, ol göwreliligi irki tapgyrda saklap, düwünçek bolmagyna ýol bermeýär. Emma ýatgyiçi serişdesi, hatda düzüminde gormon bolan dermanlar-da şeýle ýagdaýyň döremegine örän seýrek ýol berýär.

Muňa garamazdan, ýatgyiçi serişdesiniň iki görnüşiniň hem ýumurtgalygyň tohumlanmagyna asla ýol bermeýär diýip, hiç kim aýdyp bilmeýär. Emma ylmy barlaglaryň netijesine görä, ýokarda agzalan serişdeleri ulanýan adamlar seýrek ýagdaýda göwreli bolýar.

Mesihçi är-aýallar ýatgyiçi serişdesini ulanmakçy bolanda, ökde lukmanlar bilen maslahatlaşyp, aýalyna peýdaly we howply bolaýjak ýagdaýlary anyklamaly. Emma olar bu meselede hiç kime, hatda lukmana-da özlerine derek karara gelmäge ýol bermeli däl (Rim. 14:12; Gal. 6:4, 5). Muny olaryň diňe özleri çözmeli. Olaryň gelen karary Hudaýyň göwnünden turmaly we ynsabyny päk saklamaly (1 Timoteos 1:18, 19; 2 Timoteos 1:3-nji aýatlary deňeşdiriň).

^ abzas 10 Angliýanyň Milli saglyk gullugynyň habar bermegine görä, «ýatgyiçi serişdesiniň bürünç görnüşlisiniň täsiri 100 göterim diýen ýaly güýçli. Diýmek, bu serişdäni ulanýan aýallaryň 100-den diňe 1-i göwreli bolmagy mümkin. Serişdäniň düzümindäki bürünç näçe az bolsa, onuň täsiri şonça-da pes bolýar».

^ abzas 11 Ýatgynyň nemli bardasyny inçeldýändigi üçin, aýbaşysy agyr geçýän gelin-gyzlara düzüminde gormon bolan serişdeleri ulanmak maslahat berilýär.