Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa maňa üstünlik gazanmaga kömek etdi

Ýehowa maňa üstünlik gazanmaga kömek etdi

Men ofisere urşa gatnaşmandygym üçin öňem türmede oturandygymy aýtdym. Soňra ondan: «Siz meni ýene-de tussag etjek bolýarsyňyzmy?» diýip soradym. Olar meni Amerikanyň Birleşen Ştatynyň harby goşunynda gulluk etmäge ikinji gezek çagyrýarlar.

MEN 1926-njy ýylda Amerikanyň Ogaýo ştatyndaky Krukswilli obasynda dünýä indim. Biz sekiz dogandyk. Kakam bilen ejem hudaýhon däldi, emma olar biziň buthana barmagymyzy isleýärdiler. Şeýdip, men buthana gatnap başladym. Men bir ýyllap her dynç günleri geçirilýän çärelere galman gatnandygym üçin ruhany maňa sowgat berdi. Men şonda 14 ýaşymdadym.

Margaret Uoker uýa maňa hakykaty bilmäge kömek etdi (çep tarapdan ikinji)

Şol günler goňşymyz Margaret Uoker Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň etmäge ejemiň ýanyna gelýärdi. Ol Ýehowanyň Şaýadydy. Bir gün men olaryň gürrüňini diňlemek isledim. Men olary biynjalyk ederin öýdüp, ejem maňa daşaryk çyk diýdi. Emma meniň olary diňläsim gelýärdi. Bir gezek Margaret maňa: «Sen Hudaýyň adyny bilýärmiň?» diýdi. Men oňa: «Heý-de, ony bilmeýän barmy, onuň ady — Hudaý» diýip jogap berdim. Şonda ol maňa Mukaddes Ýazgylaryňy alyp, Zebur 83:18-i oka diýdi. Men onuň aýdyşy ýaly-da etdim, görsem, Hudaýyň ady Ýehowa eken. Men dostlarymyň ýanyna ylgap gitdim-de: «Agşam öýüňize baranyňyzda, Mukaddes Ýazgylaryňyzdan Zebur 83:18-i okaň. Şonda Hudaýyň adynyň nämedigini bilersiňiz» diýdim. Belki-de, siz maňa eýýäm wagyz edip başlapsyň diýersiňiz.

Soňra men Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym we 1941-nji ýylda suwa çümdürildim. Şondan biraz wagt geçensoň, meni ýygnakda «Mukaddes Ýazgylar öwrenmek duşuşygyny» geçirmäge bellediler. Men ejem bilen doganlarymy duşuşyga barmaga höweslendirdim. Şeýdip, olar hem meniň geçirýän duşuşygyma gatnap başladylar. Emma kakam Hudaý barada gyzyklanmaýardy.

MAŞGALADAKY SYNAGLAR

Biraz wagtdan maňa ýygnakda başga-da jogapkärli borçlary tabşyrdylar we men gerekli edebiýatlary edindim. Bir gün kakam maňa kitaplarymy görkezip: «Şulary görýäňmi? Bulary al-da, öýden gümüňi çek» diýdi. Şonda men zatlarymy aldym-da, Ogaýo ştatyndaky Zeýnswill şäherine göçdüm. Emma men şonda-da maşgalamyzy ruhlandyrmak üçin öýümize barýardym.

Kakam ejemi ýygnak duşuşyklaryna ibermejek bolup elinde baryny edýärdi. Käwagt ejem ýolda barýarka, kakam yzyndan ýetip ony zor bilen yzyna alyp gaýdýardy. Emma ejem şonda-da duşuşyga barýardy. Men oňa: «Eje jan, alada etme! Kakam ahyr bir gün ýadap yzyňdan ylgamagyny bes eder» diýdim. Wagtyň geçmegi bilen, kakam ejemi yzarlamagyny goýdy we ol indi duşuşyklara arkaýyn baryp bilýärdi.

1943-nji ýylda Wagyz mekdebi duşuşygy geçirilip başlandy. Men hem onda çykyş edýärdim. Çykyşymdan soň berlen maslahatlar maňa geplemek ukybymy has-da gowulandyrmaga kömek etdi.

URUŞ DÖWRI — BITARAPLYK

Şol wagt Ikinji jahan urşy başlapdy we millet-millete garşy söweşýärdi. 1944-nji ýylda meni harby gullugyna çagyrdylar. Meni Ogaýo ştatynyň Kolumbus şäherinde barlagdan geçirdiler we gerekli dokumentleri doldurdylar. Emma men hökümet işgärlerine gulluga gitmejekdigimi aýtdym. Şonda olar meni boşatdylar. Birnäçe gün geçensoň, ofiser öýümize gelip: «Korwin Robison, men seni tussag etmäge geldim» diýdi.

Şondan iki hepde geçensoň, meni kazyýete eltdiler. Şonda kazy maňa: «Eger meniň elimde bolsa, men seni ömürlik türmä basardym. Seniň aýtjak zadyň barmy?» diýdi. Men oňa: «Hormatly kazy, men Hudaýyň gullukçysy. Şol sebäpli men özüme tabşyrylan her bir öýe we adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmeli» diýip jogap berdim. Şonda kazy suda gatnaşýan adamlara * ýüzlenip: «Siziň işiňiz bu ýaş ýigidiň Hudaýyň gullukçysydygyny ýa-da däldigini anyklamak däl-de, onuň harby gulluga gitmelimi ýa gitmeli däldigini çözmek» diýdi. Bary-ýogy ýarym sagat geçensoň, kazyýet meni aýyplap, höküm çykardy. Şeýdip, meni Kentukki ştatynyň Aşland şäherindäki türmä ugratdylar.

ÝEHOWA MENI TÜRMEDE GORADY

Ilkinji iki hepdäm Ogaýo ştatynyň Kolumbus şäherinde ýerleşýän türmede geçdi. Meni bir adamlyk kamera saldylar. Şonda men Ýehowa şeýle doga etdim: «Bäş ýyllap bir adamlyk kamerada oturyp bilmerin. Men näme etjegimi bilmeýärin».

Şol günüň ertesi meni kameradan çykardylar. Men uzyn boýly, daýaw bir tussagyň ýanyna bardym. Biz aýnadan seredip durkak, ol maňa: «Inim, sen bu ýere nädip düşdüň?» diýdi. Şonda: «Men Ýehowanyň Şaýady» diýip jogap berdim. Ol bolsa: «Nätdiň-eý? Onda bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýdi. Men: «Ýehowanyň Şaýatlary urşa gatnaşmaýarlar, adam öldürmeýärler» diýenimde, ol geň galyp: «Bäh, beýleki tussaglar-a adam öldürip, türmä düşdüler. Seni bolsa adam öldürmek islemeýändigiň üçin türmä basdylarmy? Bu nädip beýle bolýar-aý?» diýdi. Men: «Beýle bolmal-a däl» diýdim.

Şonda ol maňa: «Men öň türmede 15 ýyl oturamda, siziň edebiýatlaryňyzyň käbirini okapdym» diýdi. Men içimden: «Ýehowa, goý, bu adam meniň tarapymy tutsun!» diýip doga etdim. Şol wagtyň özünde ol, ýagny Pol maňa: «Eger biri saňa azar berse, maňa aýt. Men seni goraryn» diýdi. Şeýlelikde, 50 sany tussagyň hiç biri maňa azar bermedi.

Men bitaraplygyny saklandygy üçin türmede oturan doganlar bilen (Aşland, Kentukki ştaty)

Soňra meni Aşland şäherindäki tussaghana geçirdiler. Ol ýerde men tussaglykda oturan ençeme ruhy taýdan berk dogana duşdum. Olar bilen gatnaşmak maňa we beýlekilere ruhy taýdan oýa bolmaga kömek etdi. Olar bizi her hepde Mukaddes Ýazgylary okamaga höweslendirýärdi. Şeýdip, doganlaryň gurnaýan duşuşygynda biz bir-birimize taýýarlan soraglarymyzy berýärdik. Biziň ýatak jaýymyz örän uludy. Şeýle-de aramyzda ýerleri paýlamak üçin dogan bellenipdi. Ol maňa: «Robison, şu ýerlere sen jogapkär. Ol ýerdäki adamlar türmeden çykmanka, wagyz etjek bolgun» diýdi. Şeýdip, biz guramaçylykly wagyz edýärdik.

TÜRMEDEN SOŇ ALAN BEREKETLERIM

1945-nji ýylda Ikinji jahan urşy tamamlandy. Emma men henizem türmededim, maşgalamy gaýgy edýärdim. Sebäbi kakam maňa: «Senden dynsam armanym ýok» diýipdi. Emma kakamyň garşylygyna garamazdan, maşgalamyzdan ýedi adam ýygnak duşuşyklaryna barýardy, aýal doganym bolsa suwa çümdürilipdi. Tussaglykdan boşadylanymdan soň, bu meniň üçin garaşylmadyk sowgat boldy.

Mesh edilen doganymyz Dimitriý Papajorj bilen wagyzdakam. Ol 1913-nji ýylda Ýehowa gulluk edip başlapdy

1950-nji ýylda Koreýada uruş başlandy we meni ýene-de harby gullugyna çagyrdylar. Meni harby barlagyndan geçirenlerinden soň, ofiser maňa: «Şu toparyň içinde iň ýaramlysy sen» diýdi. Men: «Gaty gowy, ýöne men harby gullugyna gitmek islemeýärin» diýip jogap berdim. Soňra 2 Timoteos 2:3-nji aýada salgylanyp, şeýle diýdim: «Men eýýäm Mesihiň esgeri boldum». Ol köp wagtlap dymyp duransoň: «Sen gidip bilersiň» diýdi.

Soňra men Ogaýo ştatynyň Sinsinnati şäherinde geçirilen kongresde Beýtel gullugyna başlamak isleýänler üçin duşuşyga gatnaşdym. Milton Henşel dogan bize Patyşalygyň bähbidi üçin ýürekden zähmet çekmek isleýänleriň Beýtele çagyrylýandygyny aýtdy. Menem Beýtelde gulluk etmek üçin arza ýazdym. 1954-nji ýylyň awgustynda meni Bruklindäki Beýtele çagyrdylar. Şondan bäri men Beýtelde gulluk edýärin.

Beýtelde iş örän köpdi. Men çaphanadaky, ofislerdäki suw gyzdyrýan enjamlara gözegçilik edýärdim we gulplary bejerýärdim. Şeýdip, mehanik bolup birnäçe ýyllap zähmet çekdim. Şeýle-de Nýu-Ýork şäherindäki Kongres zalynda işledim.

Bruklindäki Beýteliň ofislerindäki suw gyzdyrýan enjamlara gözegçilik edýärin

Men Beýtelde geçirilýän ertirlik seždä, maşgala okuwyna we ýygnakdaky ruhy çärelere gatnaşmagy gowy görýärin. Bu barada oýlananyňda, Ýehowanyň adyny göterýän her bir maşgalanyň şeýle ruhy çärelere gatnaşmalydygyna düşünýärsiň. Ata-eneler çagalary bilen gündelik aýady okap, pikir alyşsalar, maşgala okuwyny yzygiderli geçirseler, ýygnak duşuşyklarynda aýdylýan zatlary ýürekden kabul edip, hoş habary wagyz etseler, maşgala agzalarynyň ählisi ruhy taýdan berk bolýar.

Men Beýtelde we ýygnakda köp dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Olaryň käbiri mesh edilendi we eýýäm gökdäki sylagyny aldylar. Beýlekiler bolsa mesh edilen däldi. Emma Ýehowanyň ähli gullukçylary, şol sanda beýtelçiler hem bikämil adamlardy. Şol sebäpli dogan-uýalar bilen düşünişmezlik ýüze çykanda, men hemişe parahatlygy saklamaga çalyşýaryn. Men Matta 5:23, 24-nji aýatlary okap, agzalalygy nädip çözüp biljekdigimiz hakda oýlanýaryn. Elbetde, birinden ötünç soramak aňsat däl, sebäbi dostuňa bagyşla diýenden soňam, onuň käte senden kine saklaýandygyna göz ýetirýärsiň.

GAZANAN ÜSTÜNLIKLERIM

Garrylyk sebäpli häzir maňa öýden-öýe wagyz etmek kyn bolýar. Ýöne men ruhdan düşmeýärin. Men hytaý dilini öwrenip, şol dilde gepleýän adamlara wagyz etmekden şatlyk tapýaryn. Käte irden men 30—40-a golaý žurnaly paýlaýaryn.

Hytaýlara wagyz edýärin (Bruklin, Nýu-Ýork ştaty)

Men gyzyklanan adamlary ikilenç ideg edýärdim. Bir güni gök-önüm satylýan ýerde deňimden geçip barýan bir gyz ýylgyryp seretdi. Menem ýylgyrdym-da, oňa hytaýça «Garawul diňi», «Oýanyň!» žurnalyny hödürledim. Ol žurnallary alyp, adynyň Keýtidigini aýtdy. Bir gezek onuň bilen gürrüňdeş bolanymda, gök-önümleriň atlaryny iňlisçe aýtdym, ol hem meniň aýdanlarymy gaýtalady. Şeýle-de men oňa Mukaddes Ýazgylardaky käbir aýatlary düşündirdim we «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny berdim. Gynansak-da, birnäçe hepdeden soň ol zym-zyýat boldy.

Birnäçe aýdan soňra men başga bir gyza duşdum. Men oňa žurnallarymyzy hödürlänimde, ol höwes bilen aldy. Bir hepdeden soň biz ýene-de görüşdik we ol telefonyny uzadyp: «Siz hytaý dilinde gepleýäňiz-ä» diýdi. Men: «Hytaý dilinde gepleýän tanşym-a ýok» diýdim. Ol telefonyny uzadyp duransoň, men ony aldym-da: «Salam, men Robison» diýdim. Şonda bir gyz: «Robbi daýy, bu men Keýti. Men Hytaýa geldim» diýdi. Men: «Hytaýa?» diýip geň galdym. Şonda Keýti: «Hawa, Robbi daýy. Ýanyňyzda duran gyz meniň uýam. Siz maňa köp ýagşy zatlary öwredipdiňiz. Haýyş edýärin, maňa öwredenleriňizi uýama-da öwredäýiň» diýdi. Men: «Keýti, men elimde baryny ederin. Habarlaşanyň üçin köp sag bol» diýdim. Men Keýtiniň uýasy bilen ýene bir sapar gepleşdim. Şondan soňra men gyzlary görmedim. Häzir olar nirede bolsalar-da, Ýehowa bilen dostlaşandyrlar diýip umyt edýärin.

Men 73 ýyl Ýehowa wepaly gulluk etdim. Onuň maňa türmedekäm bitaraplygy saklap, wepaly galmaga kömek edendigine çäksiz begenýärin. Ejem we süýtdeş doganlarymyň altysy suwa çümdirildi. Olar maňa kakamyň garşylygyna garamazdan, özlerini batyrgaý alyp barandyklaryny aýtdylar. Hatda kakam hem aradan çykmanka, garaýşyny üýtgedip, käbir duşuşyklara gatnaşdy.

Men aradan çykan maşgala agzalarymy we dostlarymy täze dünýäde Hudaýyň direltjekdigine umyt edýärin. Şonda men söýgüli ýakynlarym bilen Ýehowa ebedi sežde ederin *.

^ abzas 14 Käbir ýurtlarda aýyplanýan adamyň günäkärdigini ýa-da däldigini anyklamak üçin birnäçe adamy saýlaýarlar. Olaryň gelýän karary kazyýetiň işine täsir edýär.

^ abzas 32 Korwin Robison Ýehowa wepaly galyp aradan çykdy. Ol bu makalanyň çapa çykarylandygyny görüp bilmedi