Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ARHIWIMIZDEN

Bu ulagy millionlarça adamlar bilýärdi

Bu ulagy millionlarça adamlar bilýärdi

«Sesi güýçlendirýän enjamly ulag Braziliýada Halypamyzyň işini amala aşyrmaga ýardam edýärdi. Hawa, ýokarsynda «Garawul diňi» diýen ýazgy bolan bu ulagy millionlarça adamlar bilýärdi» (A. Nataniýel Ýuill, 1938).

1930-NJY ÝYLLARYŇ başlarynda Braziliýada wagyz işiniň ösüşi örän pesdi. 1935-nji ýylda Nataniýel bilen Mod Ýuill atly pioner är-aýal şol wagt wagyz işine ýolbaşçylyk edýän Jozef Ruterford dogana hat ýazyp, «islendik ýerde gulluk etmäge» taýyndyklaryny aýdýarlar.

Nataniýel 62 ýaşyndaka inžener bolup işlemegini bes edýär. Ol San-Fransisko şäherindäki (Kaliforniýa ştat, ABŞ) ýygnakda gulluk edýär. Ol ýerde ol wagyz işine ýolbaşçylyk etdi we sesi güýçlendirýän enjam arkaly hoş habary ýaýratdy. Ol tejribeli dogandy we islendik ýumşy ýerine ýetirmäge taýyndy. Şol sebäpli ony köp ilatly ýurt bolan Braziliýadaky filialda gulluk etmäge bellediler.

1936-njy ýylda Nataniýel bilen aýaly Mod Braziliýa gelýärler. Olaryň ýanynda P. Antonio Andrad atly dogan hem bardy, ol dilmaçdy we pioner bolup gulluk edýärdi. Olar ýanlary bilen 35 sany patefon we sesi güýçlendirýän enjamly ulag alyp gaýdýarlar. Braziliýa tutýan meýdany boýunça dünýäde iň uly döwletleriň biri hasaplanýar. Has dogrusy, bu döwlet ululygy boýunça bäşinji ýerde durýar. Muňa garamazdan, ol ýerde bary-ýogy 60 sany wagyzçy bardy. Doganlar bu täze sesli enjamlaryň kömegi bilen sanlyja ýylyň içinde Hudaý baradaky hakykaty millionlarça adamlara ýetirdiler.

Natanyýel bilen Mod Braziliýa gelenden bir aý geçensoň, filialyň gurnamagy bilen Braziliýanyň San-Paulo şäherinde ilkinji gezek kongres geçirilýär. Şeýlelikde, Mod sesi güýçlendirýän enjamly ulagynda köpçülige niýetlenen nutuklaryň ýazgysyny goýberýärdi. Ony 110 töweregi adam diňledi. Bu kongres wagyzçylara ahlak taýdan arassa ýaşamaga we täze wagyzçylaryň köpelmegine ýardam berýärdi. Şeýdip, wagyzçylar edebiýatlar we plakatlar arkaly wagyz etmegi öwrendiler. Şeýle-de olar patefonyň kömegi bilen iňlis, german, wenger, polýak, ispan we portugal dillerinde ýazgylary ulanýardylar.

Sesi güýçlendirýän enjamly ulag arkaly Braziliýada ýaşaýan millionlarça adamlar hoş habary eşitdi

1937-nji ýylda San-Pauloda, Rio-de-Žaneýroda we Kuritibada geçirilen üç kongres wagyz işiniň has-da ilerlemegine ýardam etdi. Wagyzçylar sesi güýçlendirýän enjamly ulag arkaly öýden-öýe wagyz edip başladylar. Žoze Maglowskiý şol wagt ýaş oglanjykdy. Soňra ol şeýle sözleri ýazdy: «Biz edebiýatlarymyzy stentde goýup, ulagdaky sesi güýçlendirýän enjam arkaly ýazgylary goýberýärdik. Şonda adamlar näme bolýandygyny bilmek üçin daşaryk çykanlarynda, biz olar bilen gürrüňdeş bolýardyk».

Adamlar güneşlemek üçin kenara çykanlarynda, biz özüni Ýehowa bagyş etmek üçin gelen adamlary derýada suwa çümdürýärdik. Sesi güýçlendirýän enjamly ulag arkaly wagyz etmek diýseň ýakymlydy. Bir gezek Ruterford doganyň suwa çümdüriljekler üçin aýdan nutugy sesi güýçlendirýän enjam arkaly goýberilende, adamlar ony diňlemek üçin ulagyň töweregine ýygnanyşdylar. Bu nutuk portugal diline terjime edilendi. Soňra suwa çümdüriljekler polýak dilinde Patyşalyk aýdymlaryny aýtdylar. Dogan-uýalar olary başga dillerde-de aýdýardylar. 1938-nji ýylda çykarylan «Ýyllyk kitabynda» şeýle diýilýär: «Bu bize Pentikost gününde bolan wakany ýatladýar. Şonda baýramçylyga gelen adamlar hakykaty öz ene dilinde eşidipdi».

Howa şertleriniň erbetleşýändigine garamazdan, her ýekşenbe güni Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklaryň ýazgysy goýberilýärdi. Şeýdip, sesi güýçlendirýän enjamly ulagyň kömegi bilen seýilgählerdäki, ýaşaýyş jaýlaryndaky we San-Paulo şäheriniň merkezinde ýerleşýän zawoddyr fabriklerde işleýän adamlar hakykaty eşidýärdi. San-Paulo şäheriniň demirgazyk-günbataryndan 97 km uzaklykda heýwere keseline ýolugan adamlaryň saklanýan ýeri bardy. Ol ýerde 3 müň töweregi adam bardy. Doganlar şol ýerdäki adamlara kömek etmek üçin sesi güýçlendirýän enjamly ulag arkaly her aý taýýarlanýan nutuklary goýberýärdiler. Wagtyň geçmegi bilen, ol ýerde täze ýygnak peýda boldy. Bu täze ýygnagyň wagyzçylary keselçilikden ejir çekýändiklerine garamazdan, beýleki koloniýadaky heýwere keselli adamlara Mukaddes Ýazgylardaky teselli beriji habary ýetirmek üçin elinde baryny edýärdiler.

1938-nji ýylda Patyşalyk baradaky habar Portugaliýa gelip ýetdi. Doganlar hatyra gününde «Ölen adamlar nirede?», «Ýehowa» we «Baýlyk» atly nutuklaryň ýazgysyny goýberýärdiler. Haýran galaýmaly, şol gün nutuklaryň ýazgysyny 40 müňden gowrak adam diňledi.

Emma şol ýerdäki ruhanylar wagyzçylaryň ses ýazgylary arkaly ýaýradýan hakykatyna nägile bolup, häkimiýetleri olara garşy öjükdirýärdiler. Ýuill uýa şeýle ýatlaýar: «Bir gezek ruhany märekäni biziň üstümize küşgürdi. Olar biziň ulagymyzyň daşyny gabadylar. Emma şäher häkimi we polisiýa işgärleri biziň tarapymyzy tutdylar. Olar taýýarlanan programmany ahyryna çenli diňlediler. Şäher häkimi hatda edebiýatlarymyzyň käbirini hem aldy. Şol gün bize hiç kim azar bermedi». 1940-njy ýylda çykan «Ýyllyk kitabynda» 1939-njy ýylyň braziliýaly dogan-uýalar üçin amatly döwrüň bolandygy barada aýdylýar. Sebäbi olar garşylyklara garamazdan, «Beýik Mugallyma gulluk edip, onuň adyny yglan etdiler».

Ýokarsynda «Garawul diňi» diýen ýazgy bolan ulag Braziliýada wagyz işiniň gülläp ösmegine ýardam etdi. Onuň kömegi bilen dogan-uýalar Patyşalyk baradaky hoş habary millionlarça adamlara ýetirdiler. 1941-nji ýylda guramamyz hemmelere tanyş bolan bu ulagy satdy. Braziliýada ýaşaýan ýüz müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlary hoş habary ähli akýürekli adamlara wagyz etmegi dowam edýärler (Braziliýadaky arhiwimizden).