Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa şatlyk bilen gulluk ediň

Ýehowa şatlyk bilen gulluk ediň

DURMUŞYŇYZDA iň bagtly günleriňizi göz öňüne getiriň. Belki-de, ol siziň durmuş guran günüňizdir ýa-da ilkinji perzendiňiziň dünýä inen günüdir. Ýa-da ol siziň özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilen günüňizdir. Elbetde, ol gün siziň üçin iň bagtly we ýatdan çykmajak günleriň biri bolandyr. Hawa, siziň Hudaýy bütin ýüregiňiz, janyňyz, aň-düşünjäňiz we güýjüňiz bilen söýýändigiňizi görkezmek üçin eden tagallalaryňyzy gören imandaşlaryňyz, gör, nähili begenendir! (Mar. 12:30).

Belki-de, siz suwa çümdürileniňizden soň Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip, ençeme wakalaryň şaýady bolansyňyz. Emma käbir wagyzçylar wagtyň geçmegi bilen gullukdaky şatlygyny ýitirýärler. Näme üçin? Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge bizde nähili degerli sebäpler bar?

ŞATLYGYŇY ÝITIRMEK

Biz Ýehowanyň tizden zalym dünýäni ýok edip, täze dünýäni berkarar etjekdigine örän begenýäris. Zefanýa 1:14-de: «Rebbiň höküm güni golaýdyr. Ine, ýetip gelýändir ol» diýilýär. Bu sözler bize teselli berýär. Emma ol gün biziň garaşanymyzdan has uzaga çekse, yhlasymyz gowşap, Hudaýa edýän mukaddes gullugymyzda şatlygymyzy ýitirmegimiz mümkin (Sül. tym. 13:12).

Dogan-uýalar bilen ýakymly gürrüňdeşlik bize Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär. Dogrudan-da, Ýehowanyň gullukçylarynyň ýagşy edim-gylymy bizi hakyky seždä goşulyp, Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge höweslendirdi (1 Pet. 2:12). Ýöne Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýändigi üçin imandaşymyza temmi berilse näme? Şeýle ýagdaýlarda käbir mesihçiler Ýehowanyň halkynyň ýagşy edim-gylymy sebäpli hakykata gelen hem bolsa, ruhdan düşýärler we şatlygyny ýitirýärler.

Şeýtanyň zalym dünýäsiniň hödürleýän zatlary biziň gullukdaky yhlasymyzy gowşadyp biler. Iblis şu dünýäni ulanyp, bize gerekmejek zatlary hödürleýär. Emma biz Isanyň: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrenip, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýen sözlerini hemişe ýadymyzda saklamaly (Mat. 6:24). Biz dünýäniň hödürleýän zatlaryna kowalaşsak, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip bilmeris.

«HALASGÄRIMDE ÝÜREGIM JOŞAR»

Ýehowany söýýän adamlar oňa gulluk etmegi agyr ýük hasaplamaýarlar (1 Ýah. 5:3). Isanyň şu sözlerini unutmalyň: «Eý ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy egniňize alyň-da, menden öwreniň, çünki men ýumşak we pesgöwünlidirin. Şonda janyňyz dynçlyk tapar. Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» (Mat. 11:28—30). Bu boýuntyryk bizi abatlaýar we şatlyk berýär. Dogrudan-da, biz Ýehowa gulluk etmekden köp şatlyk tapýarys. Biz näme üçin «Halasgär» Hudaýymyza şatlyk bilen gulluk etmeli? Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň (Hab. 3:18).

Biz bagtly Hudaýa gulluk edýäris (Res. iş. 17:28; 1 Tim. 1:11). Biz özümizi Ýaradana borçludygymyza düşünýäris. Şol sebäpli suwa çümdürilendigimize köp ýyl geçse-de, biz oňa şatlyk bilen gulluk edýäris.

Gektoryň Hudaýyň Patyşalygyna bolan umydy şatlygyny ýitirmän gulluk etmäge kömek edýär

Geliň, 40 ýyllap aýlanýan gözegçi bolup gulluk eden Gektor dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol häzirem, hat-da «garrylykda-da miwe berýär» (Zeb. 92:12, 13, 15). Gektor dogan aýalynyň syrkawlandygy sebäpli Hudaýa öňküsi ýaly gulluk edip bilmeýär, emma ol şatlygyny ýitirmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Aýalymyň ýagdaýynyň has-da agyrlaşýandygyny görmek we onuň aladasyny etmek aňsat däldi. Muňa garamazdan, men hak Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmäge jan edýärdim. Men Ýehowanyň adamlary belli bir maksat bilen ýaradandygyna we ýaşaýşym üçin oňa borçludygyma düşünýärin. Şol sebäpli oňa ýürekden gulluk etmek isleýärin. Men wagyz işine yhlasly gatnaşmak üçin elimde baryny edýärin we gullukda şatlygymy ýitirmez ýaly Patyşalyga bolan umydymy berk saklamaga çalyşýaryn».

Ýehowa biziň şatlanyp ýaşamagymyz üçin töleg gurbanyny berdi. Dogrudan-da, «Hudaý dünýädäki adamlary güýçli söýýändigi üçin özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi» (Ýah. 3:16). Eger biz Hudaýyň söýgi bilen beren töleg gurbanyna iman etsek, günälerimiz bagyşlanar we ebedi ýaşaýşa umydymyz bolar. Eýsem, biz munuň üçin Hudaýa minnetdar bolmaly dälmi näme? Töleg gurbany bizi Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge höweslendirmeýärmi?

Hesus durmuşyny sadalaşdyryp, ençeme ýyl Ýehowa şatlyk bilen gulluk etdi

Meksikaly Hesus dogan şeýle diýýär: «Men işimiň guludym. Men köp pul gazanmak isleýärdim, şol sebäpli käte işlemeli sagadymdanam artyk işleýärdim. Emma men Ýehowany tanap, onuň adamlar üçin söýgüli ogluny töleg hökmünde gurban berendigini bildim. Şeýdip, mende oňa gulluk etmek islegi döredi. Men özümi Ýehowa bagyş etdim we 28 ýyllap zähmet çeken kärhanamdan çykyp, doly wagtly gulluga başlamagy ýüregime düwdüm. Häzir men Hudaýa ençeme ýyl bäri şatlyk bilen gulluk edýärin».

Biziň getirýän miwämiz gam-gussa däl-de, şatlyk berýär. Ýehowany tanamankaňyz nähili durmuşda ýaşandygyňyz ýadyňyzdamy? Pawlus resul Rimdäki mesihçilere «öň günäniň guly» bolandyklaryny, indi bolsa «dogrulygyň gullarydygyny» ýatlatdy. Olar ebedi ýaşaýşa eltýän «mukaddesligiň miwesini» berýärdiler (Rim. 6:17—22). Bizem ahlak taýdan arassa ýaşap we erbet endiklerden daşda durup, özümizi mukaddes alyp barmaly. Şeýtsek, şatlygymyzy ýitirmeris.

«Ömrümiň iň bagtly ýyllary — Ýehowa gulluk eden ýyllarymdyr» (Haýme)

Geliň, Haýme dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol Hudaý ýok diýip pikir edýärdi we ewolýusiýa taglymatyna ynanýardy. Şeýle-de ol boks bilen meşgullanýardy. Emma soňra Haýme ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlaýar we dogan-uýalaryň söýgüsi oňa güýçli täsir edýär. Ol durmuşyny özgertmek we imanyny berkitmek barada Ýehowa doga edýär. Haýme şeýle diýýär: «Men kem-kemden söýgüden doly we rehimdar Hudaýyň bardygyna göz ýetirip başladym. Ýehowanyň adyl kadalary boýunça ýaşamaklyk meni gorady. Eger men durmuşymy özgertmedik bolsam, käbir boksçy dostlarym ýaly men hem diri bolmazdym. Ömrümiň iň bagtly ýyllary — Ýehowa gulluk eden ýyllarymdyr».

RUHDAN DÜŞMÄŇ!

Biz zalym dünýäniň soňunyň golaýdygyny bilýändigimiz üçin özümizi nähili alyp barmaly? Geliň, şu sözleri unutmalyň: «Mukaddes ruha ekýän adam ruhdan ebedi ýaşaýyş orar. Şonuň üçin ýagşy işleri etmegi goýmalyň. Sebäbi ýagşylyk etmekden ýadamasak, öz wagtynda miwesini orarys» (Gal. 6:8, 9). Ýehowa bize çydamly bolmaga we «agyr muşakgatdan» geçmäge kömek etjek häsiýetleri ösdürmäge hem-de her dürli kynçylyklara uçrasak-da, şatlyk bilen gulluk etmäge ýardam eder (Ylh. 7:9, 13, 14; Ýakup 1:2—4).

Biz çydamly bolsak, Allatagalanyň sylaglajakdygyna ynanyp bileris. Sebäbi Hudaý biziň edýän ýagşy işlerimizi görýär we öz adyna görkezýän söýgimizi unutmaýar. Eger biz Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmegimizi dowam etsek, şu sözleri aýdan mezmurçy Dawut ýaly bolarys: «Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin; Onuň sagymdalygy üçin gymyldamaryn. Munuň üçin ýüregim begençli, ruhum şatlanýar; tenim hem asudalykda ýaşar» (Zeb. 16:8, 9).