Ýehowanyň dostlaryndan görelde alyň
«Rebbiň syry Ondan gorkýanlara aýan edilýändir. Ol olara ähtini bildirer». ZEB. 25:14
AÝDYMLAR: 27, 21
1—3. a) Hudaý bilen dostlaşyp bolýandygyna näme üçin ynansa bolar? b) Bu makalada näme barada gürrüň ederis?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Ybraýym pygambere üç gezek Hudaýy dosty diýilýär (2 Ýyl. 20:7; Iş. 41:8; Ýak. 2:23). Aslynda, Hudaýyň Sözünde diňe bu wepaly adam hakda şeýle sözler bar. Onda diňe Ybraýym pygamber Ýehowanyň dosty boldumy? Ýok, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda biziň her birimiziň Hudaý bilen dostlaşyp bilýändigimiz aýdylýar.
2 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa wepaly ençeme erkekdir aýallaryň ondan gorkup, iman edendikleri we onuň bilen dostlaşandyklary aýdylýar (Zebur 25:14-i okaň). Pawlus resul Hudaýyň dosty bolan adamlara «uly bulut kimin gurşap alýan... şaýatlar» diýdi (Ýew. 12:1). Olar bize ajaýyp görelde galdyrdy.
3 Geliň, Ýehowa bilen ýakyn dostlukly gatnaşygy bolan adamlaryň üçüsi barada gürrüň edeliň. Biz şu makalada 1) wepaly dul gelin Rut; 2) Ýahudanyň dogruçyl patyşasy Hizkiýa we 3) Isanyň ejesi pesgöwünli Merýem hakda bileris. Biz olaryň Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyndan näme öwrenip bileris?
WEPALY AÝAL
4, 5. Rut nähili wajyp karara gelmeli boldy? Bu oňa aňsat düşdümi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
4 Ýas eşigine geýnen üç dul aýal Moab düzlüginde ýöräp barýarka, birdenkä aýak çekýärler. Olar Nagomy we onuň gelinleri Rut bilen Orpady. Orpa yzyna Moaba dolanmagy ýüregine düwendigi üçin ýoluny dowam edýär. Nagomy bolsa öz dogduk mekany Ysraýyl ýurduna dolanmakçy bolýar. Onuň ýanynda gelni Rut hem bardy. Rut durmuşynda iň wajyp karara gelmelidi, ol ýa öýüne Moaba dolanmalydy, ýa-da gaýynenesi Nagomy bilen Beýtullahama gitmelidi (Rut 1:1—8, 14).
5 Elbetde, Rut yzyna Moaba dolanyp bilerdi. Sebäbi onuň ejesi we dogan-garyndaşlary şol ýerde ýaşaýardy hem-de oňa howandarlyk ederdi. Moab Rutuň dogduk mekany bolandygy üçin, ol şol ýeriň medeniýetini, dilini we halkyny gowy bilýärdi. Emma Nagomy oňa Beýtullahamyň medeniýetiniň, diliniň we halkynyň tapawutlanýandygyny aýtdy. Nagomy gelinlerini durmuşa çykaryp, öýli-işikli edip bilmejekdigini bilýärdi. Şol sebäpli ol Ruta Moabda galmagy maslahat berýär. Rut nähili karara geler? Ol «öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolanan» Orpa ýaly däldi (Rut 1:9—15). Rut ýalan taňrylara sežde edýän halkyna dolanmak isleýärdimi? Elbetde, ýok.
6. a) Rutuň paýhasly karara gelendigi nämeden görünýär? b) Boaz Ruty näme üçin öwdi?
6 Belki, Ruta Ýehowa barada Nagomy ýa-da ýanýoldaşy Boaz aýdan bolmaly. Ýehowa moablylaryň ýalan taňrylary ýaly däldi. Rut Ýehowany söýmelidigini we diňe oňa sežde etmelidigini bilýärdi. Emma munuň üçin Hudaýy tanamak ýeterlikli däldi. Rut hereket etmelidi. Ol Ýehowany öz Hudaýy hasaplarmy? Rutuň paýhasly karara gelendigi Nagoma aýdan şu sözlerinden görünýär: «Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar» (Rut 1:16). Rut gaýynenesi Nagomynyň söýgi bilen aladasyny etse-de, onuň Ýehowa bolan söýgüsi has güýçlüdi. Şol sebäpli Boaz Ýehowanyň ganatlarynyň astynda pena gözlän Ruty öwdi (Rut 2:12-i okaň) *. Muny jüýjäniň pena gözläp, towugyň ganatlarynyň astynda gizlenişine meňzetse bolýar (Zeb. 36:7; 91:1—4). Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem Ruta pena boldy. Ol Ruty iman edendigi üçin sylaglady. Rut gelen kararyna hiç haçan ökünmedi.
7. Özüni Ýehowa bagyş etmäge ýaýdanýanlara näme kömek eder?
7 Adamlaryň köpüsi Ýehowany tanasa-da, ony öz penasy edinmäge ýaýdanýarlar. Olar Ýehowa özüni bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin ädim ätmeýärler. Eger siz Ýehowa özüňizi bagyş etmäge ýaýdanýan bolsaňyz, muňa nämäniň päsgel berýändigini anyklaň. Her bir adam haýsydyr bir taňra ýa-da nämedir bir zada sežde edýär (Ýeş. 24:15). Emma biz hak Hudaýdan pena gözlemeli. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa özümizi bagyş etsek, Oňa iman edýändigimizi görkezýäris. Allatagala Ruty hemişe goldaýardy. Ýehowa size-de şeýle wajyp karara gelmäge we kynçylyklara döz gelmäge kömek eder.
OL «REBBE WEPALY BOLDY»
8. Hizkiýanyň durmuşyny gürrüň beriň.
8 Rutdan tapawutlylykda, Hizkiýa Ýehowa bagyş edilen halkyň arasynda önüp-ösýär. Emma ysraýyllylaryň ählisi Ýehowa beren wadasyna görä ýaşamaýardy. 2 Pat. 16:2—4, 10—17; 2 Ýyl. 28:1—3).
Olaryň biri Hizkiýanyň kakasy Ahazdy. Bu zalym patyşa ýahudalylary butlara sežde etmäge iterip, Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasyny harlady. Ol hatda öz ogullaryny otda ýakyp, ýalan hudaýlaryna gurban berdi. Şeýdip, Hizkiýanyň doganlarynyň käbirini zalymlyk bilen öldürdiler. Hawa, Hizkiýanyň çagalyk döwri zalymlykdan doludy (9, 10. a) Hizkiýa näme üçin zalym bolup bilerdi? b) Biz näme üçin Hudaýa gaharlanmaly däl? ç) Näme üçin alan terbiýämize görä ýaşamalydyrys öýtmeli däl?
9 Hizkiýa hem ulalanda Hudaýa garşy çykyp, zalym adam bolup bilerdi. Emma käbirleri şeýle kynçylyga uçramasa-da, «Rebbe gazaplanyp», onuň guramasyna garşy çykýarlar (Sül. tym. 19:3). Başgalar bolsa ata-enesiniň zalymlyk bilen terbiýeländigi üçin, olaryň goýberen ýalňyşyny gaýtalap bilýändigine ynanýarlar (Ezek. 18:2, 3). Eýsem, şeýle garaýyş dogrumy?
10 Hizkiýanyň ýaşaýşy munuň şeýle däldigini görkezýär. Ýehowa garşy çykmak üçin bahana gözlemäge bizde hiç hili sebäp ýok. Sebäbi ol bu zalym dünýäde bolýan betbagtçylyklara günäkär däl (Eýýup 34:10). Elbetde, ata-eneler çagalaryna gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär (Sül. tym. 22:6; Kol. 3:21). Emma bu adamyň bütin ömrüne alan terbiýesine görä ýaşamalydygyny aňlatmaýar. Sebäbi Ýehowa bize saýlamak erkinligini sowgat berdi. Biz bu sowgat arkaly näme etjekdigimizi we nähili adam boljakdygymyzy kesgitleýäris (Kan. tag. 30:19). Hizkiýa saýlamak erkinligini nädip ulandy?
11. Hizkiýa bize nähili görelde galdyrdy?
11 Hizkiýa Ýahudanyň zalym patyşasynyň ogly bolsa-da, ol ýagşy adam bolup ýetişdi (2 Patyşalar 18:5, 6-njy aýatlary okaň) *. Hawa, Hizkiýanyň kakasy örän zalym adamdy, emma oňa täsir edip biljek ýagşy adamlar hem bardy. Şol döwürde Işaýa, Mika we Hoşea ýaly pygamberler ýaşapdyr. Göz öňüne getiriň, Hizkiýa patyşa bu wepaly adamlaryň ylhamlanyp aýdýan habaryny höwes bilen diňleýärdi we Ýehowanyň maslahatyny, düzedişini ýürekden kabul edýärdi. Şeýlelikde, Hizkiýa kakasynyň eden zalym işlerine baş goşman, gaýtam ybadathanany arassalady, halka günäden saplanmaga kömek etdi we ýalan taňrylary bütinleý ýok edip, dogry işleri etdi (2 Ýyl. 29:1—11, 18—24; 31:1). Aşurlylaryň patyşasy Sanherip Iýerusalime hüjüm edende bolsa, ol has-da batyrgaý hereket edip, Hudaýa iman edýändigini görkezdi. Ol Hudaýyň halas etjekdigine ynanýardy we sözleri hem göreldesi bilen halky berkitdi (2 Ýyl. 32:7, 8). Haçanda Hizkiýa garaýşyny düzetmeli bolanda, özüni kiçeldip, toba etdi (2 Ýyl. 32:24—26). Dogrudan-da, Hizkiýa geçmişini ýatlap, durmuşynyň ýumrulmagyna we ony gelejekden mahrum etmäge ýol bermedi. Ol bize Ýehowanyň iň ýakyn dostlarynyň biri hökmünde ajaýyp görelde galdyrdy.
12. Hizkiýa ýaly köp adamlar Ýehowa bilen nädip dostlaşyp bildiler?
12 Biz zalym we özüni söýýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Şol sebäpli köp çagalaryň ata-enesiniň mährini görmän ulalýandygyna geň galmaýarys (2 Tim. 3:1—5). Şu günler mesihçileriň köpüsi hak Hudaýy tanamaýan maşgalada önüp-össeler-de, Ýehowa bilen dostlaşyp bildiler. Hizkiýa ýaly olar hem adamyň geçmişiniň gelejegini kesgitlemeýändigine düşündiler. Allatagala bize saýlamak erkinligini sowgat berdi. Bizem Hizkiýa ýaly Ýehowanyň beren sowgady arkaly Ony şöhratlandyrmaly we hormat goýmaly.
«MEN ÝEHOWANYŇ GYRNAGYDYRYN!»
13, 14. Merýem nähili hormata eýe boldy we ol Jebraýyl perişdäniň aýdan habaryna nähili seslendi?
13 Hizkiýanyň ýaşan döwründen ýüzlerçe ýyl geçipdi. Ine şol döwürde nazaretli bir ýehudy gyzy Ýehowa bilen dostlaşýar. Ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluny dünýä indirmek hormatyna mynasyp bolupdy. Ýehowa Eliniň gyzy Merýeme, gör, nähili ynam bildirdi! Hiç bir adam şeýle hormata eýe bolmandy! Emma bu Merýeme nähili täsir etdi?
14 Merýem özüne bildirilen hormatyň oňa nähili aladalary getirjekdigi we ony çykgynsyz ýagdaýa saljakdygy hakynda oýlanan bolmaly. Jebraýyl perişde Merýeme hiç kim bilen jynsy gatnaşyk etmän, gudrat arkaly göwreli boljakdygyny aýdýar. Jebraýyl perişde Merýeme öýüne baryp, goňşularyna nädip göwreli bolandygyny düşündirmegi teklip etmedi. Olar muňa nähili garar? Merýem göwreli bolmagynyň Luka 1:26—38).
adaglysy Ýusuba nähili täsir etjekdigi hakda aladalanan bolmaly. Ýöne Merýem Ýusuba wepalydygyny nädip düşündirip biler? Galyberse-de, Gudratygüýçli Hudaýyň ogluny dünýä indirmek, aladasyny edip, ulaltmak uly jogapkärçiligi talap edýärdi. Biz Merýemiň Jebraýyl perişde bilen gepleşende näme hakda oýlanandygyny anyk bilmeýäris. Emma ol: «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn! Goý, seniň aýdyşyň ýaly-da bolsun» diýip jogap berdi (15. Merýem näme üçin ýürekden iman edýärdi?
15 Merýem ýürekden iman edýärdimi? Bu hyzmatkär gyz hojaýynynyň ygtyýaryndady. Merýem özüni Ýehowa tabşyryp, oňa saýlamaga ýol berdi. Ol Allatagalanyň isleýşi ýaly gulluk edesi gelýärdi. Merýemiň imany nämä esaslanýardy? Iman bu öz-özünden döreýän zat däl. Ol adamyň edýän tagallasy we Hudaýyň pata bermegi bilen döreýär (Gal. 5:22). Merýem imanyny berkitmek üçin tagalla etdimi? Elbetde! Geliň, onuň perişdäni nädip diňländigini we gepleşendigi barada gürrüň edeliň.
16. Merýemiň ünsli diňländigi nämeden görünýär?
16 Merýem nädip diňledi? Mukaddes Ýazgylarda «diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaň» diýip maslahat berilýär (Ýak. 1:19). Merýem ünsli diňledi diýse bolarmy? Elbetde! Lukanyň hoş habarynda Merýemiň ruhy zatlary ünsli diňländigi we eşiden zatlary barada oýlanandygy hakda iki gezek aýdylýar. Isa dünýä inende bolsa, çopanlar Merýeme perişdäniň habaryny aýtdylar. Şondan 12 ýyl geçensoň Isa heniz oglanjykka çuňňur manyly sözleri aýtdy. Bu iki ýagdaýda-da Merýem diňledi, ýatda saklady we eşiden zatlary barada oýlandy (Luka 2:16—19, 49, 51-nji aýatlary okaň).
17. Biz Merýemiň gepleýşinden näme öwrenýäris?
17 Merýem nädip gepledi? Mukaddes Ýazgylarda Merýemiň aýdanlarynyň ählisi ýazylmandyr. Emma onuň köp sözleri Luka 1:46—55-nji aýatlarda ýazylan. Şu sözler Merýemiň Ýazgylary gowy bilýändigini görkezýär. Onuň sözleri ençeme asyr öň ýaşan Şamuweliň ejesi Hannanyň eden dogasynda aýdan sözlerine meňzeýärdi (1 Şam. 2:1—10). Biz Merýemiň 20 gezek Ýazgylara salgylanandygyny bilýäris. Bu onuň ruhy zatlar barada gürrüň etmegi gowy görendigini görkezýär. Merýem gymmatly ruhy hazynany, ýagny Dosty Ýehowa Hudaýdan öwrenen zatlaryny ýüreginde saklaýardy.
18. Biz imanyny iş ýüzünde görkezen Merýemden nädip görelde alyp bileris?
18 Biz hem Merýem ýaly käte durmuşymyza täsir edýän Ýehowanyň ýumuşlaryny ýerine ýetirmeli bolýarys. Geliň, Merýemden görelde alyp, özümizi Ýehowanyň eline tabşyralyň we Oňa bil baglalyň. Biz Ýehowa we onuň niýetleri barada aýdylýan zatlary ünsli diňlesek, hemişe ruhy zatlar barada oýlansak, bilen zatlarymyzy adamlara höwes bilen gürrüň bersek, Merýemiň göreldesine eýereris (Zeb. 77:11, 12; Luka 8:18; Rim. 10:15).
19. Hudaýa iman eden adamlardan görelde alsak nämä ynamly bolup bileris?
19 Rutuň, Hizkiýanyň we Merýemiň edil Ybraýym pygamber ýaly Ýehowanyň ýakyn dosty bolandygyna hiç kim şübhelenmese gerek. Olar «uly bulut kimin gurşap alýan... şaýatlar» we geçmişde ýaşan Hudaýa wepaly adamlar ýaly, Ýehowa bilen dostlugyny gymmat saýýardylar. Geliň, bizem olardan görelde almagymyzy dowam edeliň! (Ýew. 6:11, 12). Şonda bizem Ýehowanyň ebedi dosty bolmak hormatyna eýe bolarys!