Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan görelde alyň

Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan görelde alyň

«Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?» MIKA 6:8

AÝDYMLAR: 18, 43

1, 2. Dawut Hudaýa wepalydygyny nädip görkezdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ÝARYGIJEDI. Ýaş ýigit Dawut bilen Abyşaý uklap ýatan 3 müň sany esgeriň arasyndan geçip, düşelgäniň ortarasynda ýatan Şawul patyşanyň ýanyna barýarlar. Şawul Dawudy öldürmek isleýärdi. Şol sebäpli ol tutuş Ýahuda çölüni aýlanypdy. Abyşaý pyşyrdap, Dawuda: «Indi maňa ygtyýar et: naýzany bir salanda, ony ýere çüýläýin — men ony ikinji gezege goýjak däl» diýýär. Dawut muňa geň galyp, şeýle diýýär: «Ony öldürme, sebäbi Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek günä bolar... Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn» (1 Şam. 26:8—12).

2 Dawut Hudaýa wepaly bolmagyň näme aňladýandygyna gowy düşünýärdi. Ol Şawula ýamanlyk etmek islemeýärdi. Näme üçin? Sebäbi Şawul Ýehowanyň mesh eden patyşasydy. Ýehowanyň wepaly gullukçylary oňuň bellän adamlaryna hormat goýýarlar. Hawa, Ýehowa öz gullukçylarynyň «wepaly, (TD)» bolmaklaryny isleýär (Mika 6:8-i okaň) *.

3. Abyşaý wepalylygyny nädip subut etdi?

3 Abyşaý hem Dawuda hormat goýýardy. Dawut Batşeba bilen zyna edende, günäsini ýaşyrmak üçin Abyşaýyň dogany Ýowaba Uryýany öldürmek babatda görkezme berýär (2 Şam. 11:2—4, 14, 15; 1 Ýyl. 2:13). Abyşaýyň mundan habary bolan bolmaly, ýöne ol şonda-da Hudaýyň bellän patyşasyna hormat goýdy. Ol hiç haçan öz güýjüni Ysraýyla patyşa bolmak üçin ulanmady. Gaýtam, ol Dawudy duşmanlaryndan gorady (2 Şam. 10:10; 20:6; 21:15—17).

4. a) Hudaýa wepaly bolmakda Dawut nähili görelde galdyrdy? b) Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

4 Dawut Şawul patyşa ýamanlyk etmek islemeýärdi. Bu onuň Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolandygyny görkezýär. Dawut ýaşka mertlik bilen «diri Hudaýyň goşunyna gyjalat beren» piliştlileriň Jalut atly pälwanynyň garşysyna çykypdy (1 Şam. 17:23, 26, 48—51). Emma Dawut patyşa bolansoň, zyna etmek we adam öldürmek ýaly agyr günälere baş goşýar. Muňa garamazdan, ol Hudaýyň Natan pygamber arkaly beren käýinjini kabul edip, eden etmişine toba edýär (2 Şam. 12:1—5, 13). Dawut garran çagynda-da Hudaýa wepalydy. Meselem, ol Ýehowanyň ybadathanasynyň gurluşygy üçin meýletin sowgatlary berýär (1 Ýyl. 29:1—5). Hawa, Dawut köp ýalňyşlyklary goýberdi, ýöne ol ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly galdy (Zeb. 51:4, 10; 86:2). Geliň, Dawut we onuň döwürdeşleri bilen bolan beýleki wakalara seretmezden öň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: Biz ilki bilen kime wepaly bolmaly? Wepaly bolmak üçin haýsy häsiýetler gerek?

ILKI BILEN KIME WEPALY BOLMALY?

5. Biz Abyşaýyň ýalňyşlygyndan nähili sapak edinýäris?

5 Abyşaý doly wepaly däldi diýse bolar. Sebäbi ol gizlinlikde Şawulyň düşelgesine barypdy. Elbetde, Abyşaý Dawuda wepalydy, ýöne ol Şawul patyşany öldürmek isleýär. Emma Dawut ony «Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermekden» saklady (1 Şam. 26:8—11). Biz bu wakadan wajyp sapak edinýäris. Biz durmuşda dürli-dürli adamlara wepaly bolsak-da, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, ilki bilen olaryň haýsysyna wepaly bolmalydygyny anyklamaly.

6. Biz nädip wepalylyk meselesinde aňsatlyk bilen synaga düşüp bileris?

6 Wepalylyk — ýürekden çykýan zat. Emma «ynsan ýüreginiň ähli zatdan hilegärdigini» unutmalyň (Ýer. 17:9). Hatda Hudaýa wepaly adamyň hem dogan-garyndaşyna ýa dostuna wepaly bolmak islegi güýçli bolup, olaryň edýän erbet işlerine göz ýumup biler. Esasan-da, dogan-garyndaşlarymyzyň biri Hudaýdan daşlaşanda, biz Ýehowa wepaly bolmalydygymyzy unutmaly däl (Matta 22:37-ni okaň).

7. Uýanyň Hudaýa wepalylygy synaga döz gelmäge nädip kömek etdi?

7 Dogan-garyndaşlarymyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse, Hudaýa bolan wepalylygymyz synalyp biler. Meselem, Anna 1 atly uýanyň ýygnak gatnaşygyndan kesilen ejesi jaň edip, ony göresi gelýändigini aýdýar. Çünki ol maşgalasyndan aýra düşendigi üçin özüni gaty erbet duýýardy. Anna erbet ünjä düşüp, ejesine hat arkaly jogap berjekdigini aýdýar. Emma hat ýazmazdan öň, ol Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini gözden geçirýär (1 Kor. 5:11; 2 Ýah. 9—11). Anna ejesine hat ýazyp, onuň eden etmişine toba etmändigi üçin maşgalasyndan aýra düşendigini ýumşaklyk bilen düşündirýär. Ol hatynyň ahyrynda: «Eger sen Ýehowa dolansaň, diňe şonda derdiňe derman tapyp bilersiň» diýýär (Ýak. 4:8).

8. Bize Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek eder?

8 Dawudyň döwürdeşleriniň galdyran göreldesi bize Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Munuň üçin olaryň kiçigöwünlilik, mähirlilik we batyrgaýlyk ýaly häsiýetlerinden görelde almaly. Geliň, bu häsiýetleriň her birine aýratynlykda seredeliň.

HUDAÝA WEPALYLYK — KIÇIGÖWÜNLILIK

9. Abner näme üçin Hudaýyň bellän adamyny öldürjek boldy?

9 Dawut Jaludyň başyny kesip, ony Şawul patyşanyň ýanyna getirýär. Muny azyndan iki adam görýär. Olaryň biri Dawut bilen dostluk ähtini baglaşan Şawulyň ogly Ýonatandy, beýlekisi bolsa goşun serkerdesi Abnerdi (1 Şam. 17:57—18:3). Soňra Şawul Dawudy öldürjek bolanda, Abner patyşany goldady. Dawut olar barada: «Sütemkeşler janymyň kastyna çykdylar» diýip ýazdy (Zeb. 54:3; 1 Şam. 26:1—5). Näme üçin Abneriň Dawuda bolan garaýşy Ýonatanyňkydan tapawutlanýardy? Abner hem Ýonatan ýaly Hudaýyň Dawudy Ysraýylyň patyşasy edip saýlandygyny bilýärdi. Şawul ölenden soňra Abner onuň ogly Yşboşedi däl-de, kiçigöwünlilik bilen Dawudy goldap bilerdi. Şeýdip, ol Hudaýa wepalylygyny görkezerdi. Emma Abner Şawul patyşanyň gyrnagy bilen ýatdy we öz bähbidine çapyp, patyşalyk tagtyny eýelemek islän bolmaly (2 Şam. 2:8—10; 3:6—11).

10. Abşalom näme üçin Hudaýa wepaly bolmady?

10 Dawudyň ogly Abşalom kiçigöwünli däldi. Şol sebäpli ol Hudaýa wepaly bolmady. «Abşalom bir söweş arabasyny, atlary hem-de öz öňünden ýörär ýaly elli adam taýýarlady» (2 Şam. 15:1). Şeýle-de ol adamlaryň özüne wepaly bolmagyny gazandy. Abner ýaly Abşalom hem kakasy Dawudy Ýehowanyň Ysraýyl ýurduna patyşa edip belländigine garamazdan, ony öldürmegiň küýüne düşdi (2 Şam. 15:13, 14; 17:1—4).

11. Biz Abner, Abşalom we Baruk bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

11 Abner we Abşalom bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, adam öz nebsine çapyp, aňsatlyk bilen Hudaýa biwepa bolup bilýär. Elbetde, Ýehowanyň wepaly gullukçylary öz bähbidini gözläp, şeýle erbet ýola düşmese gerek. Emma baýamak ýa-da şu dünýäde wezipe edinmek islegi mesihçilere-de täsir edip, ruhy taýdan zyýan ýetirip biler. Ýermeýa pygamberiň kätibi Baruk hem duýdansyz şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ol ünsüni az wagtlyk başga zatlara sowýar. Ýehowa Baruga şeýle diýýär: «Ine, tutuş ýer ýüzünde dikenimi ýykaryn, ekenimi sogrup taşlaryn. Näme üçin sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýar. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn» (Ýer. 45:4, 5). Baruk Ýehowanyň düzedişini kabul edýär. Şu zalym dünýäniň soňunyň golaýdygyny bilýändigimiz üçin, biz Hudaýyň bu sözlerine hasda ünsli bolmaly dälmi näme?!

12. Öz bähbidiňi gözlemekligiň Hudaýa biwepalyk etmäge iterip bilýändigini gürrüň beriň.

12 Meksikaly Danyýel atly dogan Hudaýa wepaly bolmak we öz bähbidini gözlemek babatda belli bir karara gelmeli bolýar. Ol hak Hudaýa iman etmeýän gyza öýlenmekçi bolýar. Danyýel şeýle gürrüň berýär: «Men hatda pioner gullugyna başlanymdan soň hem oňa hat ýazýardym. Emma ahyry kiçigöwünlilik bilen ýygnak ýaşulymyza wepalylyk babatda çykalgasyz ýagdaýa düşendigimi aýtdym. Ol maňa ilki bilen Hudaýa wepaly bolmalydygyna düşünmäge kömek etdi. Men Hudaýa ençeme gezek aglap doga etdim we halaşýan gyzyma hat ýazmagymy bes etdim. Tizden men ýene-de Hudaýa gulluk etmekden şatlyk tapdym». Soňra Danyýel mesihçi uýa öýlenýär we häzir ol etrap gözegçisi bolup gulluk edýär.

HUDAÝA WEPALYLYK — MÄHIRLILIK

Eger imandaşyň agyr günä edýändigini bilseň, oňa ruhy taýdan kömek etmek üçin wepalylygyňy görkezersiňmi? (14-nji abzasa serediň)

13. Natanyň Hudaýa bolan wepalylygy kynçylygy çözmäge nädip kömek etdi?

13 Ýehowa bolan wepalylygymyz käte adamlara bolan wepalylygymyza täsir edip bilýär. Natan pygamber Hudaýa-da, Dawut patyşa-da wepalydy. Emma ol Dawudyň Batşeba bilen zyna edendigini we onuň ýanýoldaşyny öldürmek üçin söweşe ýollandygyny bilýär. Ýehowa Natan pygamberi Dawuda käýemek üçin ugradanda, pygamber gulak asyp, patyşa wepaly bolsa-da, batyrgaýlyk bilen hereket etdi. Emma ol paýhasly bolup, mähirlilik bilen düşündirdi. Natan Dawuda eden günälerine düşünmäge kömek etmek üçin garybyň ýeke-täk guzujygyny elinden alan baý adam baradaky mysaly gürrüň berýär. Haçanda Dawut baý adama höküm çykaranda, Natan oňa: «Şol adam — sen!» diýdi. Şonda Dawut toba etdi (2 Şam. 12:1—7, 13).

14. Mähirlilik wepaly bolmaga nädip kömek edýär?

14 Mähirlilik bize wepalylyk bilen bagly kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Meselem, siz imandaşyňyzyň erbet işleri edýändigini bilýärsiňiz. Elbetde, siz oňa, esasan-da, ol siziň dostuňyz ýa-da garyndaşyňyz bolsa, wepaly bolarsyňyz. Emma siz onuň ýalňyşlyklaryna göz ýumsaňyz, Hudaýa wepaly galyp bilmersiňiz. Siz ilki bilen Ýehowa wepaly bolmaly. Şol sebäpli Natan pygamber ýaly mähirli we dogumly boluň. Günä eden dostuňyzy ýa-da dogan-garyndaşyňyzy ýaşululardan kömek soramaga höweslendiriň. Eger ol belli bir wagtyň dowamynda ýaşululara ýüz tutmasa, siz bolan zatlary ýaşululara habar bermeli. Şonda siz Hudaýa wepalydygyňyzy görkezersiňiz. Şeýdip, siz Ýehowa wepaly bolarsyňyz we dostuňyza ýa-da garyndaşyňyza ýagşylyk edersiňiz. Sebäbi ýygnak ýaşululary olara mähirlilik bilen garaýşyny düzetmäge kömek ederler (Lewiler 5:1 *; Galatýalylar 6:1-i okaň).

HUDAÝA WEPALYLYK — BATYRGAÝLYK

15, 16. Huşaýa Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek etdi?

15 Huşaý atly bir adam Hudaýa wepaly galmak üçin batyrgaý hereket etmeli boldy. Huşaý Dawut patyşanyň wepaly dostudy. Emma bir gezek onuň wepalylygy synaldy. Dawudyň ogly Abşalom köp adamlary öz tarapyna çekip, Iýerusalimi basyp almak we tagty eýelemek isleýär (2 Şam. 15:13; 16:15). Şonda Dawut şäherden gaçyp gidýär. Indi Huşaý näme eder? Ol Abşaloma wepaly bolarmy ýa-da janyny halas etmek üçin gaçyp giden gartaşan patyşa? Huşaý Hudaýyň bellän patyşasyna wepaly bolmagy ýüregine düwüp, Dawut bilen görüşmek üçin Zeýtun dagyna gidýär (2 Şam. 15:30, 32).

16 Dawut Huşaýa Iýerusalime dolanmagy tabşyrýar. Huşaý özüni Abşalomyň dosty hökmünde alyp baryp, Ahytopeliň niýetini puja çykarmalydy. Huşaý janyny howp astyna salyp, Dawudyň tabşyrygyny batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirdi. Şeýdip, ol Ýehowa wepaly boldy. Dawut onuň batyrgaý bolmagy üçin doga etdi (2 Şam. 15:31; 17:14).

17. Biz näme üçin batyrgaý bolmaly?

17 Bizem Ýehowa wepaly bolmak üçin batyrgaý bolmaly. Meselem, maşgala agzalarymyz, işdeşlerimiz ýa-da hökümet işgärleri tarapyndan garşylyk bolanda, biz Hudaýa wepaly bolmak üçin özümizi batyrgaý alyp barýarys. Ýaponiýada ýaşaýan Taro dogan çagalygyndan ata-enesine gulak asmagy we wepaly bolmagy öwrenipdi. Ol muny özüne borç hasaplap däl-de, ata-enesiniň bagtly bolmagy üçin edýärdi. Ýöne ata-enesi oňa Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşmagy gadagan edýär. Şonda oňa ýygnak duşuşyklaryndan galmajakdygyny ata-enesine aýtmak örän kyn boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Kakam bilen ejem gahardan ýaňa maňa öýe gelmegi gadagan etdiler. Bu ýagdaý birnäçe ýyl dowam etdi. Men gelen kararyma görä hereket eder ýaly batyrgaý bolmak üçin doga etdim. Häzir ata-enemiň maňa bolan garaýşy üýtgedi, indi men islendik wagty olar bilen görşüp bilýärin» (Süleýmanyň tymsallary 29:25-i okaň).

18. Siz şu makaladan näme öwrendiňiz?

18 Dawut, Ýonatan, Natan we Huşaý ýaly bizem Ýehowa wepaly bolsak, kalbymyz rahat bolar. Geliň, hiç haçan biwepalyk eden Abner bilen Abşalom ýaly bolmalyň! Hawa, biz hem Dawut ýaly Ýehowa hemişe wepaly bolmak isleýäris. Biz bikämillik sebäpli köp ýalňyşlyk goýbersek-de, Ýehowa wepaly bolmagy berk ýüregimize düwmeli.

^ 1) (7-nji abzas). Käbir atlar üýtgedildi.