Ýehowa oňa «dostum» diýdi
«Eý bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, sen dostum Ybraýymyň neslisiň». IŞ. 41:8
AÝDYMLAR: 51, 22
1, 2. a) Hudaý bilen dostlaşyp bolýarmy? Düşündiriň. b) Şu makalada nämä serederis?
SÖÝGI — ynsan ömrüniň tanapy. Dogrudan-da, diňe bir durmuş guranlar däl, eýsem, ähli adamlar söýgä mätäç. Bizde dostlukly gatnaşyk saklamak babatda güýçli isleg bar. Emma biz söýginiň başga bir wajyp görnüşi, ýagny Ýehowa bolan söýgi hakda gürrüň ederis. Gynansak-da, köp adamlar gökdäki Gudratygüýçli Hudaý bilen dostlaşyp bolýandygyny göz öňüne getirip bilmeýärler. Biz hem şeýle pikir edýärismi? Elbetde, ýok!
2 Mukaddes Ýazgylarda bikämil adamlaryň Hudaý bilen dostlaşyp bilýändigi barada gürrüň berilýär. Olaryň galdyran göreldesi bize durmuşda iň wajyp maksady goýmaga, ýagny Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edýär. Şeýle adamlaryň biri Ybraýym pygamberdi (Ýakup 2:23-i okaň). Ol Ýehowa bilen nädip dostlaşdy? Munuň üçin iman etmek örän wajyp. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda Ybraýym pygambere «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär (Rim. 4:11). Geliň, Ybraýymyň imanynyň Hudaý bilen dostlugyny berkitmäge nädip kömek edendigine seredeliň. Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Men imany berk bolan Ybraýym pygamberden nädip görelde alyp bilerin? Ýehowa bilen dostlugymy nädip berkidip bilerin?»
YBRAÝYM NÄDIP ÝEHOWANYŇ DOSTY BOLDY?
3, 4. a) Ybraýym pygamber nähili synaga uçrady? b) Ol Yshagy gurban getirmeli bolanda özüni nähili duýdy?
3 Aýdaly, bir goja daga çykmak üçin ýola düşýär. Ol durmuşynda iň aýgytly ädimleri ätmelidi. Emma bu onuň ýaşy bilen bagly däldi. Sebäbi ol 125 ýaşynda bolsa-da, henizem gujur-gaýratlydy. Ol Ybraýym 1 pygamberdi. Onuň ýanynda 25 ýaşly Yshak atly bir ýigit bardy. Bu ýigit arkasynda odun göterip barýardy. Ýaşuly bolsa pyçak we ot ýakmak üçin gerekli zatlary alypdy. Sebäbi Ýehowa oňa ogluny gurban getirmelidigini aýdypdy (Gel. çyk. 22:1—8).
4 Bu onuň üçin iň agyr synagdy. Käbir adamlar Ybraýymdan beýle zady talap edendigi üçin, Hudaý zalym diýip pikir edýärler. Ybraýymy bolsa Hudaýa köre-körlük bilen gulak asan we doňýürek adam hasaplaýarlar. Sebäbi olar iman babatda hiç zady bilmeýärler (1 Kor. 2:14—16). Emma Ybraýym pygamber Hudaýy iman gözi bilen görendigi üçin gulak asdy. Ol gökdäki Atasy Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan ýüregine bitmejek ýara salýan zady hiç haçan talap etmeýändigine düşünýärdi. Eger ol gulak assa, Ýehowanyň hem özüni, hem ogluny patalajakdygyny bilýärdi. Ybraýym pygamber Hudaýa näme üçin iman edýärdi? Elbetde, ol öwrenen zatlary we durmuşynda bolan wakalar esasynda iman edýärdi.
5. Ybraýym pygamber nädip Ýehowany tanady we bu oňa nähili täsir etdi?
5 Öwrenen zatlary. Ybraýym pygamber haldeýleriň Ur şäherinde önüp-ösýär. Ol ýer butlardan doludy, hatda onuň kakasy Tera hem buta sežde edýärdi. Muňa garamazdan, Ybraýym Ýehowany tanaýardy. Nädip? (Ýeş. 24:2). Mukaddes Ýazgylarda bu barada hiç zat aýdylmaýar, ýöne onuň Samyň neslinden bolandygy barada ýazylýar. Sam imany güýçli adamlaryň biri Nuh pygamberiň ogludy. Ybraýym pygamber 150 ýaşyndaka, Sam henizem diridi. Biz Ybraýym pygamberiň Ýehowa barada Samdan öwrenendigini anyk bilmeýäris. Emma Sam maşgalasyna Ýehowa barada bilýän zatlaryny gürrüň beren bolmaly. Şeýdip, Ybraýym hem Ýehowany tanady we bu onuň ýüregine täsir etdi. Netijede, ol Hudaýy söýdi we alan bilimi esasynda onuň imany berkedi.
6, 7. Ybraýymyň durmuşynda bolan wakalar imanyny nädip berkitdi?
6 Durmuşynda bolan wakalar. Ybraýymyň durmuşynda bolan wakalar Ýehowa bolan imanyny nädip berkitdi? Ol öwrenen zatlary hakda köp oýlanan bolmaly. Bu bolsa ony hereket etmäge höweslendirdi. Ybraýymyň öwrenen zatlary ýüregine täsir edip, ony Hudaýdan gorkmaga we «ýeri-gögi ýaradan Beýik Allanyň... adyna» hormat goýmaga höweslendirdi (Gel. çyk. 14:22). Mukaddes Ýazgylarda muňa «Hudaýdan gorky» diýilýär. Hawa, şeýle gorky Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edýär (Ýew. 5:7; Zeb. 25:14). «Hudaýdan gorky» Ybraýym pygambere imanyny iş ýüzünde görkezmäge höweslendirdi.
7 Ybraýym bilen aýaly Saranyň ýaşy bir çene ýetende, Hudaý olara Ur şäherinden göçüp, ýat ýurtda mesgen tutmagy tabşyrýar. Olar ömrüniň galan bölegini Gel. çyk. 12:10—20; 20:2—7, 10—12, 17, 18). Bu Ybraýymyň imanyny has-da berkitdi.
çadyrda ýaşap geçirmeli boldular. Ybraýym pygamber Ýehowa gulak asmak bilen, Onuň razylygyny gazandy. Hudaý hem ony hemişe gorady. Meselem, Ybraýym aýalynyň owadan bolany üçin özüni öldürip, Sara öýlenerler öýdüp gorkýardy. Elbetde, muňa düşünse bolýar. Emma ol gorka özüni aldyryp, Ýehowa gulak asmagyny bes etmedi. Ýehowa bolsa gudrat bilen hem ony, hem Sarany gorady (8. Biz Ýehowa bilen nädip dostlaşyp bileris?
8 Biz hem Ýehowa bilen dostlaşyp bilerismi? Elbetde! Munuň üçin Hudaý barada bilim almaly. Ybraýym Hudaýyň çuňňur akyldarlygyna doly göz ýetirip bilmeýärdi (Dan. 12:4; Rim. 11:33). Dogrudan-da, Hudaýyň Sözüne gymmatly hazyna diýse bolýar. Sebäbi ol gögi we ýeri Ýaradany tanamaga, Oňa bolan hormaty hem-de söýgini ösdürmäge kömek edýär. Biz ony okap, Hudaýa gulak asmagy öwrenýäris. Bu bolsa bize Hudaýa bil baglamaga kömek edýär. Allatagalanyň berýän görkezmeleri bizi goraýar, güýçlendirýär we Onuň razylygyny gazanmaga ýardam edýär. Ýehowa ýürekden gulluk etsek, kalbymyz rahat bolar we şatlyk taparys (Zeb. 34:8; Sül. tym. 10:22). Ýehowany has ýakyndan tanasak, imanymyz artyp, Onuň bilen dostlugymyz berkär.
OL HUDAÝ BILEN DOSTLUGYNY GYMMAT SAÝÝARDY
9, 10. a) Dostlugy berkitmek üçin näme etmeli? b) Ybraýymyň Ýehowa bilen dostlugynyň berk bolandygy nämeden görünýär?
9 Dostlugy gymmatly hazyna meňzetse bolýar (Süleýmanyň tymsallary 17:17-ni okaň). Ýöne ol satyn alyp, tozan basyp ýatmagy üçin tekjede goýulýan zat däldir. Dostlugy berkitmek üçin ony goramaly bolýar. Ybraýym Ýehowa bilen dostlugyny gymmat saýyp, ony berkitmäge jan edýärdi. Nädip?
10 Ybraýym hemişe Hudaýa gulak asyp, tabyn bolýardy. Ol bütin maşgalasy bilen Kengana göçüp gaýdanda, Ýehowanyň beren görkezmesine eýerýärdi. Ybraýym 99 ýaşyndaka, Ýehowa oňa hojalygyndaky erkekleriň hemmesini sünnetlemegi tabşyrdy. Bu babatda Ybraýymda sorag döredimi we ony ýerine ýetirmezlik üçin bahana gözledimi? Ýok. Ol Ýehowa bil baglap, beren tabşyrygyny «hut şol günüň özünde» berjaý etdi. Şondan bir ýyl geçensoň Yshak dünýä indi (Gel. çyk. 17:10—14, 23).
11. a) Ybraýym näme üçin Sodom we Gomorra babatda biynjalyk bolýardy? b) Ýehowa oňa garaýşyny düzetmäge nädip kömek etdi?
11 Ybraýym hatda ujypsyz zatlarda-da Ýehowa gulak asýardy. Şonuň üçin onuň Hudaý bilen dostlugy günsaýyn berkeýärdi. Ol Ýehowa ýüregini dökýärdi, hatda kyn meselelerde hem Ondan kömek Gel. çyk. 18:22—33).
soraýardy. Meselem, Ybraýym pygamber Ýehowanyň Sodom bilen Gomorra şäherlerini ýok etjekdigini bilende, ýagşy adamlaryň erbetler bilen bile heläk boljakdyklaryna gynandy. Belki-de, ol Sodom şäherinde ýaşaýan ýegeni Lut we onuň maşgalasy hakda alada edendir. Ybraýym pygamber «bütin Ýer ýüzüniň Kazysy» bolan Ýehowa bil baglap, pesgöwünlilik bilen Oňa sorag berýärdi. Ýehowa Ybraýym pygambere dogry adamlaryň ýüregini görýändigini we olary halas etjekdigini aýdyp, sabyrlylyk bilen onuň garaýşyny düzetdi (12, 13. a) Ybraýymyň öwrenen zatlary we durmuşynda bolan wakalar synaga döz gelmäge nädip kömek etdi? b) Ybraýymyň Ýehowa ynanandygy nämeden görünýär?
12 Ybraýymyň Hudaý barada bilen zatlary we durmuşynda bolan wakalar Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek etdi. Ýehowa Ybraýym pygambere ogly Yshagy gurban getirmelidigini aýdýar. Bu juda agyr synag bolsa-da, ol Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirse, gökdäki Dostuny has-da gowy tanajakdygy hakda oýlanandyr. Ol Ýehowa birden üýtgäp, zalym we rehimsiz boldy diýip pikir etdimi? Ybraýym pygamber asla beýle pikir etmeýärdi. Biz muny nireden bilýäris? Geliň, Ybraýym Moryýa ýurdunda ýerleşýän daga çykyp barýarka bolan waka dolanalyň.
13 Ybraýym ýany bilen barýan hyzmatkärlerine şeýle diýipdi: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» (Gel. çyk. 22:5). Ol nämäni göz öňünde tutdy? Ybraýym pygamber ogly Yshagy gurban bermelidigini bilse-de, Yshak bilen yzymyza dolanarys diýip, hyzmatkärlerine ýalan sözledimi? Ýok. Mukaddes Ýazgylarda onuň şol wagt näme hakda pikir edendigi beýan edilýär (Ýewreýler 11:19-y okaň). Ybraýym «Hudaý oglumy ölümden direldip biler — diýip pikir etdi». Hawa, Ybraýym direlişiň boljakdygyna ynanýardy. Sebäbi ol aýaly Sara bilen gartaşan çaglarynda Ýehowanyň täsin gudratyny görüpdi (Ýew. 11:11, 12, 18). Ybraýym pygamber Ýehowanyň ähli zady başarýandygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol ýalňyz ogly ölse-de, Ýehowanyň beren wadalaryny berjaý etmek üçin, Yshagy direltjekdigine ynanýardy. Ine şol sebäpli-de oňa «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär.
14. Ýehowa gulluk edeniňizde nähili kynçylyklara duş gelýärsiňiz we bu babatda Ybraýymyň göreldesi nädip kömek edip biler?
14 Biz barada näme diýse bolar? Elbetde, şu günler Ýehowa bizden şeýle zatlary talap etmeýär. Emma Onuň tabşyryklaryny berjaý etmek kyn ýaly bolup görünse-de, näme üçin talap edilýändigine düşünmesek-de, Ol biziň tabyn Müs. çyk. 23:2; 1 Sel. 2:2). Moryýa dagyna çykan Ybraýym pygamber ýaly siz hem alaçsyz ýagdaýa düşüpdiňizmi? Eger şeýle bolsa, onda batyrgaý hereket eden we berk imany bolan Ybraýym pygamberden görelde alyň. Hudaýa wepaly bolan erkekdir aýallaryň mysallary barada oýlansak, olardan görelde alyp, gadyrly Dostumyz Ýehowa has-da ýakynlaşarys (Ýew. 12:1, 2).
bolmagymyzy isleýär. Sizem Hudaýyň talaplaryny ýerine ýetirmegi kyn görýärsiňizmi? Meselem, käbir dogan-uýalara wagyz etmek kyn bolýar. Belki-de, olar çekinjeňligi sebäpli nätanyş adamlara hoş habary aýtmaga ýaýdanýandyrlar. Käbiri bolsa mekdepde ýa-da işde ýüze çykýan kynçylyklar bilen göreşýändir (HUDAÝYŇ DOSTY BOLMAK ULY HORMAT
15. Ybraýym Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý edenine ökündimi?
15 Ybraýym Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý edenine ökündimikä? Mukaddes Ýazgylarda onuň ömrüniň ahyry barada şeýle diýilýär: «Ybraýym... garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi» (Gel. çyk. 25:7). Ybraýym pygamber 175 ýaşyndaka, gujur-gaýratyny ýitirenem bolsa, yzyna ser salanda, ýagşy günleri başdan geçirendigine göz ýetirdi. Sebäbi onuň Ýehowa bilen dostlugy hemişe durmuşynda birinji orunda durýardy. Dogrudanam, ol durmuşyndan razydy. Emma biz Ybraýym «garrap, öz durmuşyndan razy boldy» diýen sözleri okanymyzda, onuň gelejege umydy bolmandyr diýip pikir etmeli däl.
16. Ybraýym Jennetde nämä begener?
16 Mukaddes Ýazgylarda: «Ybraýym gurujysy we ýaradyjysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy» diýilýär (Ýew. 11:10). Ol haçanam bolsa bir gün şol «şäheri» görjekdigine, ýagny Hudaýyň Patyşalygynyň Ýeriň üstünden höküm sürüp, niýetini amala aşyrjakdygyna ynanýardy. Siz Ybraýymyň Jennetde ýaşap, Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkitmek isleginiň güýçli bolandygyny göz öňüne getirip bilermisiňiz? Öz ölüminden müňlerçe ýyl geçensoň, iman babatda galdyran göreldesiniň Ýehowanyň gullukçylaryna kömek edendigini bilende, Ybraýym, gör, nähili begense gerek! Jennetde ol hatda ogly Yshagyň yzyna gaýdyp berilmeginiň gelejekde boljak zadyň «nusgasy» bolandygyny hem biler (Ýew. 11:19). Şeýle-de ol ogly Yshagy gurban bermek bilen Hudaýyň millionlarça wepaly gullukçylaryna Ýehowanyň öz ýalňyz ogly Isa Mesihi töleg hökmünde bermeginiň Oňa nähili agyr degendigini göz öňüne getirmäge kömek edendigini biler (Ýah. 3:16). Ybraýym pygamberiň galdyran göreldesi bizi adamzat taryhynda söýgi bilen berlen tölegi has-da gymmat saýmaga höweslendirýär.
17. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz we indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
17 Geliň, berk imany bolan Ybraýym pygamberiň göreldesine eýermegi ýüregimize düweliň! Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da Onuň bilen dostlugymyz berkär we Oňa wepaly gulluk edip, ençeme gyzykly wakalaryň şaýady bolarys (Ýewreýler 6:10—12-nji aýatlary okaň). Goý, Ýehowa biziň ebedi dostumyz bolsun! Indiki makalada biz Ýehowanyň üç sany ýakyn dosty barada gürrüň ederis.
^ 1) (3-nji abzas). Bu adamyň hakyky ady Ybram, aýalynyň ady bolsa Sarady. Emma şu makalada olaryň Ybraýym we Sarra diýen atlary ulanyldy. Bu ady olara Ýehowa beripdi.