Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ruhy taýdan ösmegiňizi dowam ediň!

Ruhy taýdan ösmegiňizi dowam ediň!

«Mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşaň». GAL. 5:16

AÝDYMLAR: 136, 10

1, 2. Bir dogan ruhy ýagdaýy barada nämä düşündi we ol näme etdi?

ROBERT ýetginjekkä suwa çümdürilýär, ýöne ol hakykata çynlakaý garamaýardy. Ol şeýle diýýär: «Men hiç haçan erbet iş etmändim. Ýöne ähli zady bolaýmaly zat hökmünde kabul edýärdim. Men daşymdan ruhy taýdan ösen ýaly bolup görünýärdim, sebäbi ýygnak duşuşyklarynyň hiç birini sypdyrmaýardym we ýylyň dowamynda käte kömekçi pioner bolup gulluk edýärdim. Emma men özüme nämedir bir zadyň ýetmeýändigini duýýardym».

2 Robert tä durmuş gurýança, näme zatlary nädogry edýändigine düşünmeýärdi. Ol aýaly bilen Mukaddes Ýazgylardan käbir temalary özleşdirmäge wagt sarp edip başlady. Aýaly ruhy taýdan berk bolandygy üçin gaty gowy jogap berýärdi. Emma Robert her gezek näme diýjegini bilmän aljyraýardy. Ol şeýle diýýär: «Men özümi hiç zat bilmeýän ýaly duýýardym. Öz-özüme „Eger maşgalabaşy boljak bolsam, men bir zatlary üýtgetmeli“ diýdim». Robert aýdyşy ýaly-da etdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge has köp wagt sarp edip, oňa çuňňur düşünip başladym. Hawa, meniň düşünjäm artdy, iň wajyby bolsa, Ýehowa has-da ýakynlaşdym».

3. a) Biz Robertiň mysalyndan näme öwrenip bileris? b) Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

3 Biz Robertiň mysalyndan wajyp zatlary öwrenip bileris. Mümkin, biz Ýazgylardaky käbir hakykatlary gowy bilýändiris we ýygnagymyzdaky dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýandyrys. Emma bu zatlar bizi öz-özünden ruhy taýdan ýetişen adam etmeýär. Ýa-da biz eýýäm ruhy taýdan ösüş edendiris. Ýöne özümizi barlasak, ruhy ýagdaýymyzy has-da gowulandyryp biljekdigimize göz ýetireris (Flp. 3:16). Biz şu makalada ruhy taýdan ösmegi dowam etmäge kömek etjek üç soraga serederis: 1) Ruhy ýagdaýymyzy barlamaga näme kömek eder? 2) Biz ruhy taýdan ösmegimizi nädip dowam edip bileris? 3) Ruhy taýdan berk bolsak, gündelik durmuşymyzda nädip kömek eder?

ÖZÜŇIZI BARLAŇ

4. Efesliler 4:23, 24-nji aýatlardaky maslahat kimlere degişli?

4 Biz Hudaýyň gullukçysy bolmak üçin köp zatlarymyzy üýtgetdik. Şeýle özgerişlik durmuşymyzyň ähli ýagdaýyna täsir etdi. Suwa çümdürilenimizden soň hem, üstümizde işlemegimizi bes etmedik. Ýazgylarda: «Pikiriňizi we garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň» diýilýär (Efes. 4:23, 24). Biz bikämil bolandygymyz üçin özgerişlik etmegimizi dowam etmeli. Hatda ençeme ýyl Ýehowa gulluk edýän mesihçilerem ruhy garaýşyny saklamak üçin tagalla etmeli (Flp. 3:12, 13).

5. Özümizi barlamaga haýsy soraglar kömek edip biler?

5 Ruhy taýdan ösmek we berk bolmak üçin biz özümizi çynlakaý barlamaly. Ýaş ýa-da gartaşandygymyza garamazdan, özümize şu soraglary berip bileris: «Men ruhy taýdan ýetişen adam bolmak üçin ýene nämäniň üstünde işlemelidigine üns berýärinmi? Meniň özümi alyp barşym Mesihden görelde alýandygymy görkezýärmi? Ýygnak duşuşyklaryna bolan garaýşym ruhy ýagdaýym barada nämäni aýan edýär? Edýän gürrüňlerimden meniň nähili isleg-arzuwlarymyň bardygy görünýär? Saýlaýan güýmenjelerim, egin-eşigim, özüme timar berşim ýa-da berlen maslahata bolan garaýşym barada näme diýse bolýar? Men synaga düşenimde özümi nähili alyp barýaryn? Men ruhy taýdan doly ýetişen adam bolmak üçin gerekli özgerişlikleri etdimmi?» (Efes. 4:13). Şu soraglar hakda çynlakaý oýlansak, ruhy ýagdaýymyzy barlamaga kömek eder.

6. Özümizi ruhy taýdan barlamak üçin nähili kömek gerek bolmagy mümkin?

6 Ruhy ýagdaýymyzy barlamak üçin käte başgalaryň kömegine mätäç bolmagymyz mümkin. Pawlus resulyň aýtmagyna görä, ten islegine görä ýaşaýan adam Hudaýyň nazarynda eden nädogry işlerini görüp bilmeýär. Emma ruhy taýdan ýetişen adam Hudaýyň garaýşyna düşünýär we ten islegine görä ýaşaýan adamyň nämeleri edýändigini bilýär (1 Kor. 2:14—16; 3:1—3). Adatça, Mesihiňki ýaly pikir edýän ýygnak ýaşululary tene degişli zatlar barada pikir edip başlanyňy derrew duýýarlar. Eger olar maslahat berseler, biz ony kabul ederismi? Berlen maslahata eýersek, ruhy taýdan ösmek isleýändigimizi görkezeris (Wag. 7:5, 9).

RUHY TAÝDAN ÖSMEGIŇIZI DOWAM EDIŇ

7. Ruhy taýdan ýetişen adam bolmak üçin Mukaddes Ýazgylardan bilim almak ýeterlikmi? Düşündiriň.

7 Ruhy taýdan ýetişen adam bolmak üçin Mukaddes Ýazgylardan ýöne bir bilim almagyň ýeterlik däldigini unutmaň. Süleýman patyşa Ýehowanyň ýollary barada köp zatlary bilýärdi. Onuň aýdan zatlary hatda Mukaddes Ýazgylara hem ýazyldy. Emma ol ömrüniň ahyrynda Ýehowa wepaly galyp bilmedi (1 Pat. 4:29, 30; 11:4—6). Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylardan ýöne bir bilim almak ýeterlikli däl. Biz ruhy taýdan ösmegimizi dowam etmeli (Kol. 2:6, 7). Ýöne muny nädip edip bileris?

8, 9. a) Ruhy taýdan berk bolmaga size näme kömek eder? b) Biz näme maksat bilen okamaly we oýlanmaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 Pawlus resul I asyrda ýaşan mesihçilere «ruhy taýdan ýetişen adam bolmagy» maslahat berdi (Ýew. 6:1). Biz Pawlusyň maslahatyna eýermek üçin nähili ädimleri ädip bileris? Iň wajyp ädimleriň biri «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaby öwrenmeli. Bu kitaby çuňňur özleşdirseňiz, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri durmuşda nädip ulanmalydygyny bilmäge kömek eder. Eger ony öwrenip gutaran bolsaňyz, onda imanyňyzy berkitmäge kömek etjek başga edebiýatlarymyzy özleşdirip bilersiňizmi? (Kol. 1:23). Öwrenen zadyňyzy durmuşda ulanmak üçin doga edip oýlanýarsyňyzmy?

9 Emma okap, oýlananyňyzda, muny Ýehowanyň göwnünden turmaga bolan islegimizi artdyrmak we kanunlaryna gulak asmagy öwrenmek niýeti bilen etmelidigini unutmaň (Zeb. 40:8; 119:97). Şeýle-de ruhy taýdan ösmäge päsgel berýän zatlary inkär etmeli (Tit. 2:11, 12).

10. Ýaşlar ruhy taýdan ösmek üçin näme edip biler?

10 Ýaşlar, siz öňüňizde nähili ruhy maksatlary goýup bilersiňiz? Häzir Beýtelde gulluk edýän bir dogan her gezek etrap kongresine baranda, suwa çümdüriljekler bilen gürrüňdeş bolýar. Olaryň köpüsi ýaş dogan-uýalar. Doganymyz olardan nähili ruhy maksatlarynyň bardygyny soraýar. Köpüsi Ýehowa köpräk, meselem, uzak wagtly gulluga başlamak ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek isleýändiklerini aýdýarlar. Ýöne käte olaryň arasynda näme jogap berjekdigini bilmeýän ýaşlar hem bolýar. Mümkin, olar heniz öňünde ruhy maksatlary goýan däldirler. Ýaşlar, özüňize şeýle soraglary beriň: «Men ruhy işlere diňe ene-atamyň muny isleýändigi üçin gatnaşýarynmy? Hudaý bilen dostlugymy berkitmäge çalyşýarynmy?» Elbetde, ruhy maksatlary goýmak babatda berilýän maslahata diňe ýaşlar däl-de, biziň hemmämiz eýermeli. Şeýle maksatlar bize Ýehowanyň ruhy taýdan ýetişen gullukçysy bolmaga kömek eder (Wag. 12:1, 13).

11. a) Biz ruhy taýdan ösmek üçin näme etmeli? b) Bu babatda kimiň göreldesine eýerip bileris?

11 Biz haýsy ugurda gowulanmalydygyny bilenimizden soň, ruhy taýdan ösmek üçin gerekli ädimleri ätmeli. Ruhy taýdan ýetişen adam bolmak örän wajyp. Muňa biziň ýaşaýşymyz bagly (Rim. 8:6—8). Ruhy taýdan ýetişen bolmak kämil bolmagy aňlatmaýar. Ýehowanyň ruhy bize ýetişen mesihçi bolmaga kömek eder. Ýöne biziň özümiz hem tagalla etmeli. Birnäçe ýyl mundan ozal Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Jon Bar dogan Luka 13:24-däki sözleri düşündirende, şeýle diýdi: «Köpler ýeterlikli derejede tagalla etmändikleri üçin ruhy taýdan heläkçilige uçradylar». Biz pata alýança, perişde bilen göreşen Ýakupdan görelde almaly (Gel. çyk. 32:26—28). Mukaddes Ýazgylary öwrenmek gyzykly bolsa-da, ony ýöne bir göwnüňi götermek üçin okamaly däl. Biz ondan kömek etjek ruhy dürdäneleri agtarmak üçin jan etmeli.

12, 13. a) Rimliler 15:5-däki maslahata eýermäge bize näme kömek eder? b) Petrus resulyň mysaly we beren maslahaty bize nädip kömek edip biler? ç) Siz nädip ruhy taýdan ösmegiňizi dowam edip bilersiňiz? (« Ruhy taýdan ösmäge kömek edýän ädimler» diýen çarçuwa serediň).

12 Biz ruhy taýdan ösmek üçin tagalla etsek, mukaddes ruh pikirimizi özgertmäge güýç berer. Onuň kömegi bilen Mesihiň pikirlenişi ýaly pikirlenip başlarys (Rim. 15:5). Şeýle-de mukaddes ruh bize ten höweslerimizi köki bilen aýyrmaga we Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (Gal. 5:16, 22, 23). Eger biz maddy zatlaryň ýa-da ten höwesleriň pikirini edýän bolsak, onda ruhdan düşmäliň. Gaýtam, Hudaýdan mukaddes ruhuny diläliň. Şonda Ýehowa pikirimizi wajyp zatlara gönükdirmäge kömek eder (Luka 11:13). Ýadymyzda bolsa, Petrus resul hem birnäçe gezek ýalňyşlyk goýberipdi. Bu onuň ruhy taýdan gowşandygyny görkezýär (Mat. 16:22, 23; Luka 22:34, 54—62; Gal. 2:11—14). Emma ol ruhdan düşmedi. Ýehowanyň kömegi bilen Petrus resul Mesihiňki ýaly pikirde bolmagy öwrendi. Bizem muny başaryp bileris.

13 Petrus biziň etmeli käbir zatlarymyzy düşündirdi (2 Petrus 1:5—8-nji aýatlary okaň). Biz özüňe erk etmek, çydamlylyk, doganlyk söýgüsi ýaly häsiýetleri ösdürmek üçin «bar güýjümizi jemlesek», mundan beýläk-de, ruhy garaýşymyzy saklamaga kömek eder. Her gün özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men ruhy taýdan ösmek üçin şu gün näme edip bilerin?»

ÝAZGYLARDAKY PRINSIPLERE HER GÜN EÝERIŇ

14. Ruhy garaýyşda bolsak, durmuşymyza nähili täsir eder?

14 Mesihiňki ýaly pikirde bolsak, bu gepleýşimize, işde ýa-da mekdepde özümizi alyp barşymyza we her gün gelýän kararlarymyza täsir eder. Şonda gelýän kararlarymyz Mesihiň yzyna eýermek isleýändigimizi görkezer. Biz ruhy taýdan ýetişen mesihçiler hökmünde gökdäki Atamyz bilen dostlugymyza hiç zadyň zyýan ýetirmegini islemeýäris. Şonuň üçin synaga düşenimizde olary dessine inkär edýäris. Karara gelenimizde bolsa, biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Maňa dogry karara gelmäge Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipi kömek eder? Şeýle ýagdaýda Isa näme ederdi? Geljek kararym Ýehowany begendirermi?» Şeýle pikirlenmegi öwrenmek üçin, geliň, birnäçe ýagdaýa seredeliň. Bu bize Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri arkaly paýhasly karara gelmegi öwrenmäge kömek eder.

15, 16. a) Mesihiňki ýaly pikirde bolsak, ýanýoldaş saýlamak babatda karara gelenimizde nädip kömek eder? b) Mesihiňki ýaly pikirde bolsak, dost saýlamak meselesinde paýhasly bolmaga nädip kömek eder?

15 Ýanýoldaş saýlamak. Bu babatda 2 Korinfliler 6:14, 15-nji aýatlarda (okaň) prinsip bar. Pawlusyň sözleri ruhy taýdan ýetişen adamyň ten islegine görä ýaşaýan adam bilen durmuş gursa, doly şatlyk alyp bilmejekdigini görkezýär. Eýsem, ýanýoldaş saýlamak barada onuň aýdanlaryna nädip eýerip bileris?

16 Dostluk. Bu babatda 1 Korinfliler 15:33-de (okaň) näme diýilýändigine üns beriň. Hudaýyň gullukçysy ruhy saglygyna zyýan ýetirýän adamlar bilen hiç hili gatnaşyk saklamaz. Bize bu meselede paýhasly bolmaga haýsy soraglar kömek eder? Meselem, bu aýat Internet arkaly gatnaşyk saklamak meselesinde nädip kömek edip biler? Eger nätanyş adam Internet arkaly wideooýunlary oýnamagy teklip etse, men näme ederin?

Geljek kararlarym maňa ruhy taýdan ösmäge kömek edermi? (17-nji abzasa serediň)

17—19. Ruhy garaýyşda bolsak, a) boş zatlara ymtylmakdan gaça durmaga, b) ruhy maksatlary goýmaga, ç) agzalalyk dörände, özümizi dogry alyp barmaga nädip kömek eder?

17 Ruhy taýdan ösmäge päsgel berýän işler. Pawlusyň mesihçilere ýazan sözünde duýduryş bar (Ýewreýler 6:1-i okaň). Eýsem, biz nähili «öli işlerden» gaça durmaly? Ruhy taýdan gowşadýan işleriň ählisi biderek we peýdasyzdyr. Bu aýatdaky prinsip bize durmuşda ýüze çykýan şuňa meňzeş köp ýagdaýlarda kömek edip biler: Bu ýagdaý ten işlerine degişlimi? Girdejili teklibi kabul etmelimi? Durmuşy gowulandyrmak üçin edilýän dünýewi işlere gatnaşmalymy?

Geljek kararlarym maňa ruhy maksatlary goýmaga kömek edermi? (18-nji abzasa serediň)

18 Ruhy maksatlar. Isanyň Dagdaky wagzynda aýdan sözleri bize ruhy maksatlar babatda aýdyň görkezme berýär (Mat. 6:33). Ruhy taýdan ýetişen adam ruhy maksatlara ymtylýar. Bu prinsipi ýatda saklasak, şeýle soraglara jogap tapmaga kömek eder: Men ýokary bilim edinmäge ymtylmalymy? Islendik teklip edilen işi kabul etmelimi?

Geljek kararlarym maňa «parahat ýaşamaga» kömek edermi? (19-njy abzasa serediň)

19 Agzalalyk. Bu babatda Pawlus resulyň Rimdäki mesihçilere beren maslahaty bize nädip kömek eder? (Rim. 12:18). Mesihiň şägirtleri hökmünde biz «ähli adamlar bilen parahat ýaşamak üçin elimizde baryny edýäris». Agzalalyk dörände, biz özümizi nähili alyp barýarys? Eglişik etmek kyn bolýarmy ýa-da biz «parahatlygy saklaýan adam» hökmünde tanalýarysmy? (Ýak. 3:18).

20. Siz näme üçin ruhy taýdan ösmegi dowam etmek isleýärsiňiz?

20 Biz Hudaýyň Sözündäki prinsipleriň kömegi bilen ruhy taýdan ýetişen adamlar hökmünde nädip dogry karara gelip biljekdigimiz barada käbir mysallara seretdik. Dogrudan-da, ruhy garaýyşda bolsak, her bir günümizi şadyýan we has manyly geçireris. Makalanyň başynda agzalan Robert dogan şeýle diýýär: «Men Ýehowa bilen hakykatdan dostlaşanymdan soň, has gowy ýanýoldaş we ata boldum. Men indi manyly we bagtly ýaşaýaryn». Bizem ruhy taýdan ösmegi maksat edinsek, şeýle bereketleriň eýesi bolup bileris. Şonda häzirden durmuşdan kanagat tapyp ýaşarys we «hakyky ýaşaýşa» gowşarys (1 Tim. 6:19).