Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňiniň» soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň:

Ene-atalar ýetginjek çagalaryna Ýehowa gulluk etmegi öwretmek üçin näme etmeli?

Olar ýetginjek çagalaryna söýgi bildirmeli we kiçigöwünli bolup, görelde görkezmeli. Şeýle-de olar çagalarynyň ýagdaýyna düşünmek üçin paýhasly bolmaly (w15 15/11 sah. 9—11).

Biziň «goňşymyz» kim we olara nädip söýgi bildirmeli?

Ýanýoldaşymyz, dogan-uýalar we wagyz edýän adamlarymyz biziň «goňşymyz» hasaplanýar. Biz olara hormat goýup, ünsli diňläp we bile wagtymyzy geçirip söýgimizi bildirip bileris (w15 15/11 sah. 21—23).

Ýehowa adamlar bilen nädip gepleşýär?

Hudaý adamlaryň zerurlygyny we ýagdaýyny göz öňüne tutup, olar bilen sada dilde gepleşýär. Şol sebäpli ol adamlary Mukaddes Ýazgylary ýazmaga ylhamlandyranda, ony öz sözleri bilen beýan etmäge mümkinçilik berdi (w15 15/12 sah. 6).

Biz geplänimizde nämeleri göz öňüne tutmaly?

Biz 1) haçan geplemelidigini (Wag. 3:7), 2) näme diýmelidigini (Sül. tym. 12:18), 3) nädip geplemelidigini (Sül. tym.25:15) bilsek, dilimizi abatlyk üçin ulanyp bileris (w15 15/12 sah. 19—21).

Hudaýyň «ajaýyp sowgady» näme we oňa minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris?

Ýehowa ýeke-täk Ogluny töleg hökmünde gurban berdi. Muňa «ajaýyp sowgat» diýse bolýar. Sebäbi Hudaý ähli wadalaryny Mesihiň töleg gurbany arkaly amala aşyrar. Biz Isanyň eden işleri hakda oýlanyp, köpräk gulluk edip we dogan-uýalara söýgimizi bildirip minnetdarlygymyzy görkezip bileris (w16.01 sah. 12—15).

Biz Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlara nähili garamaly?

Mesihçiler nyşanlardan dadýanlary öwüp arşa çykarmaýarlar. Mesh edilenleriň hiç biri hem çendenaşa öwülmegini we Hudaýy razy edýändigini hemmelere mälim etmek islemeýär (Mat. 23:8—12; w16.01 sah. 23, 24).

Biz Ybraýym pygamberiň Ýehowa bilen dostlugyndan näme öwrenýäris?

Belki-de, Ybraýym pygamber hak Hudaý barada Samdan eşidendir. Şeýle-de durmuşynda bolan wakalar oňa Hudaýy has gowy tanamaga kömek etdi. Bizem ondan köp zatlary öwrenip bileris (w16.02 sah. 9, 10).

Bize Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek eder?

Ýehowanyň geçmişdäki gullukçylarynyň galdyran göreldesi bize Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Munuň üçin olaryň kiçigöwünlilik, mähirlilik we batyrgaýlyk ýaly häsiýetlerinden görelde almaly (w16.02 sah. 28—30).

Şeýtan Isany synanda, ony göni manyda ybadathana alyp gitdimi?

Matta 4:5 we Luka 4:9-da Isanyň ybadathana äkidilendigi aýdylsa-da, bu görnüş arkaly bolan bolmaly ýa-da ol Iýerusalime baryp, ybadathananyň depesine çykandyr. Emma biz muny anyk bilmeýäris (w16.03 sah. 31, 32).

Gullugymyz nädip çyg kimin bolup biler?

Çyg — Ýehowanyň berekedi (Kan. tag. 33:13). Ol jana hoş ýakýar, dynçlyk berýär we jany täzeleýär. Şonuň ýaly Hudaýyň gullukçylarynyň her biriniň wagyz işine goşýan goşandy adamlara dynçlyk berýär (w16.04 sah. 4).

Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagyň nähili peýdasy bar?

Hudaýyň Sözüne esaslanan bilim alýarys, ruhlanýarys, mukaddes ruhy alýarys we birek-birege söýgimizi bildirýäris. Şeýle-de Ýehowa iň gowy zadymyzy berip, Oňa we Ogluna has-da ýakynlaşýarys (w16.04 sah. 22).