Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şu günler pygamberlikdäki guşagynda «ýazuw esbaby bolan adam» halas boljaklara göçme manyda «bellik» goýjak Isa Mesihi aňladýar

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ezekiýeliň görnüşindäki ýazuw esbaply we her biriniň elinde gyrýan ýaragy bolan alty adam kimi aňladýar?

Olar Iýerusalimiň weýran edilmegine gatnaşan we Armageddonda Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok edilmegine gatnaşjak perişdelerden ybarat gökdäki goşuny aňladýar. Bu täze düşündirilişe näme üçin dogry diýse bolar?

Ezekiýel Iýerusalimde nejis işleriň ediljekdigi we şäheriň b. e. öň 607-nji ýylda weýran ediljekdigi hakda görnüş görýär. Ol görnüşde «elinde gyrýan ýaragy bolan alty adamy» we «eginbaşy zygyr matadan edilen», guşagynda «ýazuw esbaby» bolan başga bir adamy görýär (Ezek. 8:6—12; 9:2, 3). Hudaý bu adama: «Şäheriň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna bellik et» diýýär. Soňra Ol elinde gyrýan ýaragy bolan adamlara maňlaýynda bellik bolmadyklary öldürmegi tabşyrýar (Ezek. 9:4—7). Biz bu görnüşden näme öwrenýäris? Guşagynda ýazuw esbaby bolan adam kim?

Bu pygamberlik b. e. öň 612-nji ýylda aýdylypdy we şondan bäş ýyl geçensoň, wawilonlylar şäheri derbi-dagyn edende, bu pygamberlik ilkinji gezek ýerine ýetýär. Emma şäher wawilonlylar tarapyndan weýran edilen hem bolsa, olary Ýehowa ulanypdy (Ýer. 25:9, 15—18). Şeýdip, Ýehowa biwepalyk eden halkyna jeza berdi. Emma Hudaý halkynyň ählisini ýok etmeýär. Ol wepaly gullukçylarynyň erbetler bilen bilelikde ýok edilmegine ýol bermedi. Hawa, Ýehowa şäherdäki nejis işlere gatnaşmadyk ýehudylary halas edip, olary söýýändigini görkezdi.

Ezekiýel adamlara «bellik» goýmak işine-de gatnaşmady, şäheriň weýran bolanynam görmedi. Aslynda, bu iş perişdelere tabşyrylypdy. Emma bu pygamberlik bize gökde bolýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Ýehowa perişdelerine diňe bir zalym adamlary ýok etmegi däl, eýsem, dogry adamlary halas etmegi hem tabşyrdy *.

Öňler edebiýatlarymyzda bu pygamberligiň biziň günlerimizde berjaý bolýandygy we guşagynda «ýazuw esbaby» bolan adamyň mesh edilen mesihçileriň galyndysyny aňladýandygy aýdylypdy. Şeýle-de hoş habara seslenen adama şol wagt «bellik» goýulýandyr öýdýärdik. Emma soňky ýyllarda muňa täzeçe düşünip başladyk. Meselem, Matta 25:31—33-nji aýatlarda Isanyň adamlaryň üstünden höküm çykarjakdygy aýdylýar. Agyr muşakgatda olara soňky höküm çykarylar. Şonda Isa halas boljak dogry adamlary (goýunlary) ýygnar, erbetler (geçiler) bolsa ýok ediler.

Geliň, Ezekiýeliň görnüşiniň täzeçe düşündirilişiniň 5 peýdaly tarapyna seredeliň:

  1. Iýerusalim weýran edilen döwri Ezekiýel bilen Ýermeýa halka Hudaýyň habaryny duýdurýardy. Işaýa pygamber hem öň şeýle edipdi. Şu günler Ýehowa mesh edilen mesihçileriň kiçi topary arkaly halkyna ruhy iýmiti berýär we beýleki adamlara tizden agyr muşakgatyň başlanjakdygyny duýdurýar. Emma bu duýduryşa ähli «öýdäki hyzmatkärler» hem gatnaşýar (Mat. 24:45—47).

  2. Ezekiýel ýaly Hudaýyň häzirki gullukçylary hem halas boljak adamlara bellik goýmaga gatnaşmaýar. Olar perişdeleriň kömegi bilen Ýehowanyň habaryny wagyz edýärler (Ylh. 14:6).

  3. Ezekiýeliň döwründäki ýaly şu günlerem hiç bir adamyň maňlaýyna göni manyda bellik goýulmaýar. Onda adamlar göçme manydaky belligi alyp, halas bolmak üçin näme etmeli? Olar hoş habary kabul etmeli, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli, Ýehowa özüni bagyş etmeli we Isanyň doganlaryna wepaly bolmaly (Mat. 25:35—40). Bu zatlary berjaý eden adamlaryň agyr muşakgatda halas bolmaklary üçin göçme manyda bellik goýlar.

  4. Şu günler pygamberlikdäki guşagynda «ýazuw esbaby bolan adam» Isa Mesihi aňladýar. Agyr muşakgat başlanda, Isa goýunlary geçilerden saýlar we olara bellik goýar. Şeýdip, olara ýerde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berler (Mat. 25:34, 46) *.

  5. Pygamberlikdäki elinde gyrýan ýaragy bolan alty adam Isanyň ýolbaşçylygyndaky gökdäki goşuny aňladýar. Olar tizden erbet adamlary we ähli erbetligi ýok ederler (Ezek. 9:2, 6, 7; Ylh. 19:11—21).

Bu pygamberligiň täzeçe düşündirilişi Ýehowanyň dogry adamlary erbetler bilen bile ýok etmeýändigine ynamymyzy berkidýär (2 Pet. 2:9; 3:9). Şeýle-de şu günler hoş habaryň wagyz etmegiň wajypdygyny ýatladýar. Sebäbi her bir adam dünýäniň soňunyň ýetip gelýändigi baradaky duýduryşy eşitmeli (Mat. 24:14).

^ abzas 6 Meselem, maňlaýynda şeýle bellik bolmasa-da, Ýermeýanyň kätibi Baruk, efiopiýaly Ebetmelek we rekabiler halas bolupdy (Ýer. 35:1—19; 39:15—18; 45:1—5). Olara göçme manyda bellik goýlupdy.

^ abzas 12 Mesh edilen mesihçilere halas bolmak üçin bellik goýulmagy hökman däl. Olara ölmeziniň öň ýanynda ýa-da agyr muşakgat başlamazyndan öň gutarnykly möhür basylar (Ylh. 7:1, 3).