Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa — Beýik Küýzegär

Ýehowa — Beýik Küýzegär

«Ýa Reb... Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz». IŞ. 64:8

AÝDYMLAR: 3, 26

1. Ýehowa näme üçin Beýik Küýzegär diýse bolýar?

2010-NJY ýylyň noýabrynda Angliýanyň London şäherinde Hytaýda tapylan keramika küýzesi satlyga çykarylýar. Ol XVIII asyra degişli bolup, bahasy 70 million dollara barabardy. Dogrudan-da, küýzegär ähmiýetsiz ýaly bolup görünýän toýundan owadan we gymmatly zatlary ýasaýar. Hawa, muňa hakyky sungat diýse bolýar. Emma hiç bir küýzegäri Beýik Küýzegärimiz Ýehowa bilen deňäp bolmaýar. Ýaradylyşyň altynjy güni Hudaý «ýeriň topragyndan» kämil adamy ýaradyp, oňa öz Ýaradyjysynyň häsiýetlerini görkezip biler ýaly ukyp berdi (Gel. çyk. 2:7). Bu kämil adam «ýeriň topragyndan» ýaradyldy we oňa «Hudaýyň ogly» diýen at berildi (Luka 3:38).

2, 3. Biz toba eden ysraýyllylardan nädip görelde alyp bileris?

2 Gynansak-da, Adam ata öz Ýaradyjysyna garşy pitne turzup, Onuň ogly bolmak hukugyny ýitirdi. Muňa garamazdan, adamzat taryhynyň dowamynda Adam atanyň nesline degişli bolan «uly bulut kimin» adamlar Hudaýyň Hökümdarlygyny goldadylar (Ýew. 12:1). Olar kiçigöwünlilik bilen Ýaradyjysyna tabyn bolup, Şeýtany däl-de, Ýehowany Atasy we Küýzegäri hasaplaýandyklaryny görkezdiler (Ýah. 8:44). Olaryň Hudaýa wepalylygy Işaýa pygamberiň toba eden ysraýyllylar hakda aýdan şu sözlerini ýada salýar: «Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz» (Iş. 64:8).

3 Şu günler Ýehowa «ruhda we hakykatda» sežde edýän adamlar olaryň kiçigöwünliliginden görelde alýarlar. Olar Ýehowany Atasy hasaplap, Oňa hormat bilen ýüzlenýärler we Küýzegäri hökmünde tabyn bolýarlar. Siz özüňizi Hudaýyň elindäki ýumşak toýun hasaplaýarsyňyzmy? Onuň nazarynda gymmatly gap bolar ýaly terbiýesini höwes bilen kabul edýärsiňizmi? Dogan-uýalara Hudaýyň terbiýeleýän adamlary hökmünde garaýarsyňyzmy? Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, Küýzegärimiz Ýehowanyň terbiýelemek isleýän adamlaryna nähili garaýandygyna, olary näme üçin we nädip terbiýeleýändigine seredeliň.

ÝEHOWA TERBIÝELEMEK ISLEÝÄN ADAMLARYNA NÄHILI GARAÝAR?

4. Ýehowa özüne ýakynlaşdyrmak isleýän adamlaryna nähili garaýar? Mysal getiriň.

4 Ýehowa adamlaryň daş keşbine däl-de, ýüregine seredýär (1 Şamuwel 16:7-ni okaň) *. Hudaý mesihçiler ýygnagyny döredende, bu sözleriň dogrudygy aýan boldy. Ol ynsan garaýşyna görä ähmiýetsiz hasaplanýan adamlary Özüne we Ogluna ýakynlaşdyrdy (Ýah. 6:44). Şeýle adamlaryň biri Sawuldy. Ol fariseýdi we Hudaýyň «halkyny yzarlaýan, barypýatan gödek adamdy» (1 Tim. 1:13). Emma «ýürekleri barlaýan» Hudaý Sawuly gerekmejek «toýun» hasaplamaýardy (Sül. tym. 17:3). Hudaý oňa gymmatly gap ýasap boljak toýun hökmünde garaýardy. Şol sebäpli ony «halklara, patyşalara we Ysraýyl ogullaryna» şaýatlyk etmegi üçin saýlady (Res. iş. 9:15). Hudaý hatda arakhorlara-da, ahlaksyzlyk we ogrulyk edýänlere-de «hormatlanýan» gap ýasap boljak adamlar hökmünde garaýar (Rim. 9:21; 1 Kor. 6:9—11). Şeýle adamlar Hudaýyň Sözünden dogry bilim alyp we imanyny iş ýüzünde görkezip, Ýehowanyň terbiýesini kabul etdiler.

5, 6. Ýehowany Küýzegärimiz hasaplasak wagyzda duşýan adamlara we dogan-uýalara bolan garaýşymyza nähili täsir eder?

5 Ýokarda agzalan zatlardan näme öwrenip bileris? Biz Ýehowanyň ýürekleri görýändigine iman etsek we saýlan adamlaryny özüne ýakynlaşdyrýandygyna düşünsek, wagyzda duşýan adamlarymyzy hem-de dogan-uýalary höküm etmeris. Geliň, Maýkl bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle ýatlaýar: «Men Ýehowanyň Şaýatlaryna duşanymda, özümi gaty gödek alyp barýardym, hatda olary diňlemegem islemeýärdim. Emma soňra men bir maşgala bilen tanyşdym. Olaryň ýagşy edim-gylymy maňa örän güýçli täsir etdi. Men olaryň Ýehowanyň Şaýatlarydygyny bilenimde, haýran galdym. Olaryň özlerini alyp barşy garaýşymy düýbünden özgertdi. Men olar hakda nädogry pikirde bolandygyma düşündim». Maýkl garaýşyny özgerdip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady. Wagtyň geçmegi bilen, ol suwa çümdürilip, pioner gullugyna başlady.

6 Ýehowany Küýzegärimiz hasaplasak, imandaşlarymyza bolan garaýşymyza hem täsir eder. Biz dogan-uýalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýarysmy? Hudaý adamyň ýüregini görýär we olara düzelmejek adam hökmünde garamaýar. Şeýle-de Ýehowa adamyň kemçiliklerini däl-de, gowy taraplaryny görýär (Zeb. 130:3). Bizem ondan görelde alyp bileris. Aslynda, biz olara ruhy taýdan ösmäge kömek etmek bilen, Beýik Küýzegärimiz Ýehowa bilen işleşýäris (1 Sel. 5:14, 15). Esasanam, «sowgat hökmünde» berlen ýaşulular dogan-uýalara ruhy taýdan ösmäge kömek etmeli (Efes. 4:8, 11—13).

ÝEHOWA BIZI NÄME ÜÇIN TERBIÝELEÝÄR?

7. Biz Ýehowanyň berýän terbiýesine nähili garaýarys?

7 Belki-de, siz: «Enäň gadyryny ene bolanyňda bilersiň» diýen sözleri eşidensiňiz. Dogrudan-da, biz ulaldygymyzça terbiýä başgaça, ýagny Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, onuň söýgi bilen berilýändigine düşünip başlaýarys (Ýewreýler 12:5, 6, 11-nji aýatlary okaň). Hawa, Ýehowa bizi söýýändigi üçin sabyrlylyk bilen terbiýeleýär. Ol biziň paýhasly hereket etmegimizi, bagtly bolmagymyzy we ony söýmegimizi isleýär (Sül. tym. 23:15). Ýehowa biziň horluk çekmegimizi we Adam ata ýaly «Hudaýyň gazabyna sezewar boljak çagalar» bolmagymyzy islemeýär (Efes. 2:2, 3).

8, 9. Ýehowa bize nädip tälim berýär we muny gelejekde nädip eder?

8 Öňler biz özümizi «Hudaýyň gazabyna sezewar boljak çagalar» ýaly alyp barýardyk we wagşy haýwanlara mahsus bolan Hudaýa ýaramaýan käbir häsiýetleri bildirýärdik. Emma Ýehowanyň kömegi bilen durmuşymyzy özgertdik. Biz indi özümizi guzular ýaly ýumşak alyp barýarys (Iş. 11:6—8; Kol. 3:9, 10). Hawa, Ýehowa bizi terbiýeleýändigi üçin häzirden ruhy jennetde ýaşaýarys. Biz zalym dünýäde ýaşasak-da, özümizi howpsuz we rahat duýýarys. Hatda ene-atasynyň mährini görmän ulalan adamlar hem hakyky söýginiň bardygyna göz ýetirýärler (Ýah. 13:35). Biz adamlary söýmegi öwrendik. Esasy zat bolsa, biz Ýehowa barada bilim alyp, onuň atalyk söýgüsini duýýarys (Ýak. 4:8).

9 Täze dünýäde biz has-da köp bereketleriň eýesi bolarys. Şonda häzirki ruhy jennetimiz Hudaýyň Patyşalygy astyndaky hakyky Jennete öwrüler. Dikeldiş döwründe Ýehowa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlary terbiýelemegini dowam eder. Elbetde, olara nähili tälim beriljekdigini göz öňüne getirmek kyn bolmagy mümkin (Iş. 11:9). Emma biziň aň-düşünjämiz we bedenimiz kämil bolar. Şonda Hudaýyň terbiýesine we islegine has gowy düşüneris. Şonuň üçin, geliň, mundan beýläk hem Ýehowanyň söýgi bilen berýän terbiýesini kabul edeliň (Sül. tym. 3:11, 12).

ÝEHOWA BIZI NÄDIP TERBIÝELEÝÄR?

10. Isa Beýik Küýzegär Ýehowanyň ussatlygyndan we sabyrlylygyndan nädip görelde alýardy?

10 Ökde küýzegär topragyň hilini we aýratynlygyny gowy bilýär. Şonuň ýaly Ýehowa hem her birimiziň gowşak taraplarymyzy, mümkinçiligimiziň çäklidigini we ruhy taýdan deň ösmeýändigimizi bilýär (Zebur 103:10—14-nji aýatlary okaň). Hudaý Ogly arkaly bikämil gullukçylaryna bolan garaýşyny aýan etdi. Geliň, şägirtleriniň ýalňyşlyklaryna Isanyň nähili garandygyna seredeliň. Olar kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler. Eger siz şonda olaryň arasynda bolan bolsaňyz, olary kiçigöwünli hasaplardyňyzmy? Olara ýumşak «toýun» diýse bolarmy? Elbetde, ýok! Emma Isa olara düzelmejek adam hökmünde garamaýardy. Ol wepaly resullarynyň düzedişi kabul etjekdiklerini we ýumşaklyk, sabyrlylyk, kiçigöwünlilik ýaly häsiýetlerinden görelde aljakdyklaryny bilýärdi (Mar. 9:33—37; 10:37, 41—45; Luka 22:24—27). Isa direlensoň we üstlerine mukaddes ruh inensoň, resullar abraýly wezipä kowalaşman, gaýtam, bar ünsüni özlerine ynanylan işe gönükdirdiler (Res. iş. 5:42).

11. Dawuda ýumşak «toýun» bolmaga näme kömek etdi we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

11 Ýehowa şu günlerem öz Sözi, mukaddes ruhy we ýygnak duşuşyklary arkaly gullukçylaryny terbiýeleýär. Biz Hudaýyň Sözüni yzygider okap, oýlananymyzda we öwrenen zatlarymyza eýermek üçin Ýehowadan kömek soranymyzda özümizi terbiýeleýäris. Dawut patyşa: «Düşegimde Seni ýatlap, gijäniň ähli nobatlarynda Sen barada oýlanaryn» diýdi (Zeb. 63:6). Şeýle-de ol: «Maňa akyl beren Rebbe sena ederin. Ýüregim-de gijelerine maňa öwüt berýär» diýip ýazdy (Zeb. 16:7). Hawa, Dawut Hudaýyň maslahatlaryna höwes bilen eýerýärdi we berk düzedişi hem kabul etdi. Bu oňa pikirini özgerdip, özüne erk etmegi öwrenmäge kömek etdi (2 Şam. 12:1—13). Dawut kiçigöwünlilik bilen Hudaýa boýun bolmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Sizem Hudaýyň Sözi ýüregiňize täsir eder ýaly okaýan zatlaryňyz hakda oýlanýarsyňyzmy? Ýa-da size bu babatda tagalla etmek gerekmi? (Zeb. 1:2, 3).

12, 13. Ýehowa mukaddes ruhy we ýygnak duşuşyklary arkaly bizi nädip terbiýeleýär?

12 Hudaý mukaddes ruhy arkaly bizi dürli ýollar bilen terbiýeleýär. Meselem, ol bize Isadan görelde alyp, ruhuň miwesi bolan Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Gal. 5:22, 23). Şeýle häsiýetleriň biri — söýgi. Biz Hudaýy söýýäris, Oňa gulak asmak isleýäris we terbiýesini kabul edýäris. Sebäbi onuň tabşyryklarynyň agyr däldigine düşünýäris. Şeýle-de mukaddes ruh bize şu dünýäniň täsirine garşy durar ýaly güýç berýär (Efes. 2:2). Pawlus resul hem ýehudy dini ýolbaşçylarynyň täsirine düşüpdi. Soňra ol: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zady etmäge güýjüm ýetýändir» diýýär (Flp. 4:13). Geliň, Pawlus resul ýaly Hudaýdan hemişe mukaddes ruhuny diläliň! Ýehowa gullukçylarynyň akýürekden edýän dogalaryny jogapsyz goýmaýar (Zeb. 10:17).

Ýehowa ýaşulular arkaly bize terbiýe berýär, emma özümizem tagalla etmeli (12, 13-nji abzaslara serediň)

13 Şeýle-de Ýehowa ýygnak duşuşyklary we gözegçi doganlar arkaly her birimizi terbiýeleýär. Meselem, ýaşuly doganlar bize ruhy taýdan kömek etmek üçin derrew hereket edýärler. Emma olar öz akyldarlygyna bil baglamaýar (Gal. 6:1). Gaýtam, kiçigöwünlilik bilen Hudaýdan görkezme, akyldarlyk sorap doga edýärler, Hudaýyň Sözi we edebiýatlar arkaly gözleg geçirýärler. Bu olara biziň ýagdaýymyza görä hereket etmäge ýardam edýär. Hawa, ýaşulular ýumşaklyk we söýgi bilen aladamyzy edýärler. Eýsem, biz olaryň egin-eşik babatda berýän maslahatyny Hudaýyň söýgüsi hökmünde kabul edýärismi? Eger şeýtsek, biziň peýdamyz üçin terbiýe berýän Ýehowanyň elindäki ýumşak «toýun» ýaly bolarys.

14. Beýik Küýzegär Ýehowa «toýnuň» üstünden ygtyýary bolsa-da erkinligimize hormat goýýandygyny nädip görkezýär?

14 Hudaýyň bizi nädip terbiýeleýändigine düşünmeklik imandaşlarymyz bilen gatnaşygymyza we wagyz edýän hem-de okuw geçýän adamlarymyza bolan garaýşymyza täsir edýär. Gadymy döwürde küýzegär toýna şekil bermezden öň, ilki ony daşlardan we gerekmejek zatlardan arassalaýardy. Edil şonuň ýaly Hudaý hem bize göçme manyda «şekil bermek» üçin, ilki taýýarlap, soňra terbiýeleýär. Emma ol adyl kada-kanunlaryna mejburlyk bilen däl-de, höwes bilen eýerip, durmuşymyzy meýletin özgertmegimizi isleýär.

15, 16. Okuw geçýän adamlar Ýehowanyň terbiýesini kabul etmegi isleýändigini nädip görkezip biler? Mysal getiriň.

15 Geliň, awstraliýaly Teýsi uýa bilen bolan waka seredeliň. Onuň bilen okuw geçýän uýa şeýle diýýär: «Teýsi Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty derrew kabul etdi. Emma ol ruhy taýdan ösüş etmeýärdi, hatda ýygnak duşuşyklaryna-da barmaýardy. Men Hudaýa birnäçe gezek gyzgyn doga edenimden soň, okuw geçmegi bes etmeli diýen karara geldim. Ýöne men Teýsi bilen soňky sapar okuw geçmäge baranymda ol maňa ýüregini döküp, ikiýüzli durmuş alyp barýandygyny aýtdy. Ol humarly oýunlary oýnaýardy. Emma häzir ol bu endigini taşlamagy ýüregine düwüpdi».

16 Şondan biraz wagt geçensoň, Teýsi ýygnak duşuşyklaryna barýar we joralarynyň üstünden gülýändigine garamazdan, mesihçilere mahsus häsiýetleri ösdürip başlaýar. Onuň bilen okuw geçen uýa şeýle diýýär: «Wagtyň geçmegi bilen, Teýsi suwa çümdürildi we 4 sany ýaş çagasy bolsa-da, pioner gullugyna başlady». Hawa, okuw geçýän adamlar durmuşyny özgerdende Ýehowa hem begenýär. Hudaý olary «arzyly» gap hökmünde terbiýeleýär we özüne ýakynlaşdyrýar.

17. a) Ýehowany Küýzegärimiz hasaplamaga nähili sebäpler bar? b) Biz indiki makalada nämä serederis?

17 Küýzegärleriň ussatlygyny şu günlerem görse bolýar. Käbir ýasalan zatlar küýzegäriň seresaplylyk bilen hereket edendigini görkezýär. Şonuň ýaly Küýzegärimiz Ýehowa hem bize usullyk we sabyrlylyk bilen maslahat hem-de terbiýe berýär (Zebur 32:8-i okaň). Siz Ýehowanyň aladaňyzy edýändigini duýýarsyňyzmy? Onuň sizi mähirli gollary bilen terbiýeleýändigini görýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, mundan beýläk hem Ýehowanyň öňünde ýumşak we aňsatlyk bilen şekile getirip bolýan toýun ýaly bolmaga haýsy häsiýetler kömek eder? Gaty hem-de şekil bermesi kyn toýun ýaly bolmazlyga näme kömek eder? Ene-atalar çagalaryny terbiýelände, Ýehowa bilen nädip işleşip biler? Indiki makalada şu soraglara serederis.

^ abzas 4 1 Şamuwel 16:7 Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär.